Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Hyzmatlarymyz


 -  Milli manatda:


 -şahsy taraplaryň we telekeçileriň, ýuridiki taraplaryň we ýuridiki tarap bolmaýan beýleki guramalaryň gündelik we goýum hasaplarynyň açylmagy


-hasaplary boýunça pul geçirimleriniň amala aşyrylmagy


 -hasaplarynda pul serişdeleriniň saklanylmagy


 -hasaplaryndaky pul serişdeleri boýunça müşderilere we ynanylan wekiline degişli tassyknamalaryň berilmegi


 


Bankymyz müşderileri bolan telekeçileriň, ýuridiki taraplaryň we ýuridiki tarap bolmaýan beýleki guramalaryň Türkmenistanyň çäginde beýleki müşderiler we karz guramalary bilen hasaplaşyklaryny: 


  -Töleg tabşyryklary bilen hasaplaşyklary


  -Çekler bilen hasaplaşyklary


  -Inkasso boýunça hasaplaşyklary


  -Akkreditiw boýunça hasaplaşyklary


  -Plastik kartlar bilen hasaplaşyklary


  -Töleg talapnamalary tabşyryklary bilen hasaplaşyklary


 


 - Daşary ýurt pulunda:


  -gündelik we goýum hasaplarynyň açylmagy


  -Türkmenistanyň çägine we çäginden daşarky ýurtlara hasaplary boýunça pul geçirimleriniň SWIFT ulgamy arkaly amala aşyrylmagy


  -WESTERN UNION pul  geçirimleri


  -Akkrediitw boýunça hasaplaşyklaryň geçirilmegi we kabul edilmegi


  -Milli manady daşary ýurt puluna we daşady ýurt puluny milli manada konwertasiýa we konwersiýa hyzmatlaryny


  -hasaplarynda pul serişdeleriniň saklanylmagy


  -hasaplaryndaky pul serişdeleri boýunça müşderilere we ynanylan wekiline degişli tassyknamalaryň berilmegi


  -Daşary ýurt pulyny alyş-çalyş işleri


 

Töleg(POS)terminallaryny goýdurmak üçin gerekli resminamalar:


1.Döwlet kärhanasyna:


- Ýüz tutma haty


- Türkmenistanyň Edaralaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme kopiýasy


- Düzgünnamanyň göçürmesi


2.Hojalyk jemgyýetine we hususy kärhanasyna:


- Ýüz tutma haty 


- Döwlet hasaba alyş şahadatnamanyň göçürmesi


- Türkmenistanyň Edaralaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme kopiýasy


- Şahsy tarapyň salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürmrsi


- Düzgünnamanyň göçürmesi 


- Terminal goýuljak ýeriň (dükan,restoran,ammar we ş.m)hakyky ýerleşýän


ýeriniň kärendä berilendigi baradaky şertnamanyň nusgasy 


3.Edara görnüşli tarapy döretmeýän telekeçilere:


- Yüz tutma haty 


- Patentiň nusgasy


- Pasportyň nusgasy


- Döwlet hasaba alyş şahadatnamanyň nusgasy


- Şahsy tarapyň salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürmesi 


- Terminal goýuljak ýeriň(dükan, restoran,ammar we ş,m) hakyky


ýerleşýän ýeriniň kärendä berilendigi baradaky şertnamanyň nusgasy