Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky 

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi


27.02.2020


Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Ol milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky Buýrugyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Milli Liderimiz resminama gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de baýramçylygyň hormatyna meýilleşdirilen dabaralary degişli derejede guramagyň zerurdygyny belledi. Pul sowgatlary çagalar edaralarynda terbiýelenýän, orta mekdeplerde bilim alýan gyzlara, Döwlet gullugy akademiýasynda, aspiranturada, doktoranturalarda we kliniki ordinaturalarda, ýokary okuw we ýörite hünärment mekdeplerinde okaýan gelin-gyzlara, şeýle hem býujet edaralarynda zähmet çekýän hem-de pensiýa we döwlet kömek pullaryny alýan aýal-gyzlara gowşurylmalydyr diýip, milli Liderimiz resminamanyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak barada degişli tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň meseleleri hakyndaky Kararyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi. Degişli kanunçylyk namasynyň düzgünlerini nazara almak bilen taýýarlanylan resminama laýyklykda, bu edaranyň wezipeleri kesgitlenildi hem-de onuň düzümine üýtgetmeler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmegiň usullaryny kämilleşdirmegiň soňky ýyllarda aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda edilýän hyzmatlara sarp edijileriň gyzyklanmasyny artdyrmak, edaranyň işine döwlet gözegçiliginiň netijeli ulgamyny döretmek, ätiýaçlandyryş bazarynda bäsdeşligi guramak we goramak boýunça anyk çäreleri görmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi.
Döwlet Baştutanymyz ätiýaçlandyryş bazarynyň düzümini hem-de ätiýaçlandyryjylaryň öz serişdelerini maliýeleşdirmegi üçin amatly şertleriň döredilmegini, bu ugurda işgärleriň taýýarlanylmagyny, ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň ösen bazaryny kemala getirmäge ýardam edýän salgyt syýasatynyň amala aşyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň meseleleri hakynda» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Şeýle hem wise-premýere şu ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini serjermek hem-de bu barada Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçiriljek giňişleýin mejlisinde hasabat bermek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän edara-kärhanalarda işleriň ýagdaýy hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny» amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.
Wise-premýer «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň gurluşyk işleriniň tamamlanandygy barada hasabat berdi.
Bu orta hünär okuw mekdebinde geljekde nebitgaz toplumynda zähmet çekjek hünärmenleriň 1900-si bilim alýar. Okuw mekdebine her ýylda ýaşlaryň 700-si kabul edilip, nebitgaz hünäri hem-de sanly ulgam bilen bagly bilim berilýär.
Mekdebiň binasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň sanawyna goşuldy.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi göz öňünde tutýan resminamalaryň taslamalary hem hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ykdysadyýetinde esasy orny eýeleýändigini belledi. Bu ugurda ýurdumyz pudagy toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek, energiýa serişdelerini daşary bazarlara ugratmagyň köpugurly ulgamyny döretmek, nebitiň we gazyň çykarylýan, şol sanda täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmegiň hasabyna olaryň mukdaryny artdyrmak boýunça strategiýany amala aşyrýar.
Şonuň bilen bir hatarda, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge we halkara ölçeglerine kybap gelýän hem-de içeri we daşary bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri çykarmaga ýöriteleşdirilen döwrebap önümçilikleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, Ahal welaýatynda gurlan zawody mysal hökmünde görkezdi. Şol ýerde dünýäde ilkinji tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki benziniň önümçiligi senagat möçberinde ýola goýuldy.
Döwlet Baştutanymyz ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ulanylmagynyň pudagyň innowasion taýdan ösdürilmegini üpjün edip, dünýäniň energetika döwleti hökmünde ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrýandygyny belledi.
Umuman, bularyň hemmesi energetika ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda kanunçylygyň halkara kadalaryna kybap gelýän amatly maýa goýum ýagdaýynyň bolmagy Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklarynyň esasyny düzýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini belläp, munuň öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary we täze ylmy-tehniki işleri özleşdirmäge ýardam edýändigini aýtdy.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň açylmagy hem-de onda okuwlaryň guralmagy babatda degişli görkezmeler berildi.
Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi. Milli Liderimiz şol resminamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Şu günler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bugdaý meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär, ak ekinler mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär, olara ösüş suwy tutulýar.
Şunuň bilen birlikde, ýaz ekişine taýýarlyk görmek işi dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, gowaça tohumlaryny hem-de oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan önüm öndürijilere berlen ýeňillikleriň öwezini dolmak üçin harajatlary maliýeleşdirmek hakyndaky çözgüdiň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda amala aşyrylýan obasenagat toplumynyň özgertmeleriniň möhüm ugry hökmünde ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy maksadynyň oba hojalyk pudagyny döwrüň talabyna laýyk gelýän täze sepgitlere çykarmakdan ybaratdygyny aýtdy.
Wise-premýere bugdaýa ideg etmek hem-de öňümizdäki möwsümleýin işlere, şol sanda gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine hem-de köpçülikleýin bag ekmek çäresine taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminama gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi hem-de degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, täze önümçilikleri ýola goýmak, hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak hem-de ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek boýunça degişli çäreleriň görülýändigi bellenildi.
Öňde goýlan wezipeler bilen baglylykda, şäher düzümini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ony döwrebaplaşdyrmak boýunça gaýragoýulmasyz çäreler kesgitlenildi. Ýol-ulag hereketini kadalaşdyrmaga ýardam edýän awtomobil ýollarynyň hem-de köprüleriň gurluşygyna, gurluşyk we energetika düzümleriniň, jemagat gulluklarynyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmäge uly üns berilýär. Paýtagtymyzyň ähli ýollaryny we seýilgählerini bagy-bossanlyga öwürmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler berk gözegçilikde saklanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini, ýurdumyzyň şäherlerinde hem-de obalarynda senagat, durmuş we medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmagyň hem-de bu ulgamda maýa goýum işjeňligini höweslendirmek boýunça çäreleriň görülmeginiň wajypdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň işi barada aýdyp, pudaga zerur möçberde maýa serişdeleriniň goýulýandygyny, çykarylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşleriniň köpeldilýändigini we hiliniň ýokarlandyrylýandygyny, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan gurluşyk serişdeleriniň özümizde öndürilýän mukdarynyň artdyrylýandygyny, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň görnüşleriniň giňeldilýändigini belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň, şol sanda senagat önümçiligi boýunça gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz elektrik energetikasyny ösdürmek we sanly ulgama geçmek, goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dürli maksatly ençeme desgalary ulanmaga bermek dabaralarynyň boljakdygyny belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynyň özüniň ýokary derejesine laýyklykda, ähli babatda nusgalyk görelde bolmalydygyny, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak işinde görelde bolmalydygyny nygtap, wise-premýere bu şanly senä gabatlanylyp ulanylmaga beriljek desgalaryň ýokary hilli gurulmagyny hem-de öz möhletinde ulanmaga berilmegini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen işlenilip taýýarlanylan hem-de 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmak we ylmy işläp taýýarlamalary döwrüň talaplaryna laýyk önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 - 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda «bir penjire» ulgamynyň kesgitlenendigini nygtady. Bu ulgam halkara tejribesinde resminamalary taýýarlamak hem-de daşary ykdysady işlerine gatnaşyjylaryň maglumatlaryny bermek, şolaryň bir nokatda maglumat taýdan üpjünçiliginiň elýeterliligi babatda ulanylýar.
Şu babatda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan işe girizilen e.gov.tm diýen bir bitewi Döwlet hyzmatlar hem-de işler portaly uly waka boldy. Bu portal raýatlar we işewürlik üçin elektron görnüşde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge niýetlenen «bir penjire» diýen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, elektron senagatyny ösdürmek üçin 2019-njy ýyldan başlap ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň orta möhletli konsepsiýasynyň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz IT-hyzmatlarynyň ählumumy elýeterliligini üpjün etmegiň onuň möhüm wezipeleriniň biridigini aýtdy.
Milli Liderimiz «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sanly ulgama geçmek işini öňe ilerletmek boýunça işleriň möhüm bölegini ýerine ýetirýändigini hem-de intellektual ulgamlaryň işlemegini, şol sanda milli tor giňişligini, internet hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça kanunçylyk taýdan goldanylmagynyň üstünde işlenilmegini üpjün edýändigini nygtady. Özümiziň sanly nusgamyzy döretmekden ugur alyp, öňdebaryjy tejribäni hem-de ösüşlere beslenen işleri öwrenmek we özleşdirmek zerurdyr. Munuň özi diňe bir daşary ýurtlaryň taýýar çözgütlerine we nou-haularyna esaslanman, eýsem, Diýarymyzyň ylmy-tehnologiki kuwwatyna daýanmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmalydygyna hem-de bu ugur boýunça hünärmenleriň taýýarlanylmagyna we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminama gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-preýmere iberdi hem-de onuň ýerine ýetirilmegi boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda hem-de daşary ykdysady aragatnaşyklar pudaklarynyň düzümlerindäki işler, ýurdumyzda kiçi we orta işewürligi, şol sanda hususy oba hojalyk önüm öndürijilerini döwlet tarapyndan goldamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Şu maksat bilen, harytlaryň käbir görnüşleriniň eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça teklipler taýýarlanyldy. Wise-premýer şol teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürläp, miwe-gök hem-de senagat önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän mukdarynyň artýandygy barada habar berdi. Bu teklipler ýurdumyzda önümçilikleri höweslendirmäge, Diýarymyzda öndürilýän önümleriň hasabyna içerki sarp edijileriň isleglerini has doly kanagatlandyrmak hem-de şol önümleri daşarky bazarlarda öňe ilerletmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän mukdaryny hem-de döwletimiziň eksport kuwwatyny artdyrmakda, bäsdeşlige ukyply önümçilikleri ösdürmekde telekeçilige esasy ornuň berilýändigini belledi. Munuň üçin döwletimiz tarapyndan hemme zerur şertler we mümkinçilikler döredilýär.
Milli Liderimiz hödürlenen teklipleri makullap, şolaryň üstünde işlemegi hem-de bellenen tertipde resmi taýdan taýýarlamagy tabşyrmak bilen, içerki bazaryň we daşarky düzümleriň ýagdaýyna hemişe seljerme geçirmegiň, döwrüň talaplaryna hem-de ýurdumyzyň we daşary ýurtly sarp edijileriň isleglerine laýyk gelýän çeýe bazar strategiýalaryny döretmegiň möhümdigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, baýramçylyklara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Döwrüň talaplaryna laýyklykda medeniýet edaralarynyň işi kämilleşdirilýär, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, täze tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar.
Şeýle hem medeniýet ulgamyndaky täzelikleriň ählisi Medeniýet ministrliginiň internet sahypasynda yzygiderli beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we döwrüň talaplaryna laýyklykda hem-de bu ulgamda dünýäniň gazananlaryny nazara almak bilen, medeniýet ulgamyny hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini nygtady we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna meýilleşdirilen medeni çäreleriň ählisiniň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek we umuman, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça degişli görkezmeleri berdi. Ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler milli sungatyň we halkymyzyň baý medeni mirasynyň köpöwüşginliligini görkezmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleriniň esasynda taýýarlanylan Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 - 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Bu milli maksatnamanyň esasy maksady ilatyň saglygyny pugtalandyrmakdan, keselleriň öňüni almakdan, raýatlarymyzyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyny gazanmakdan ybaratdyr.
Jemgyýetimizde sagdyn iýmitlenmek meseleleri boýunça aň-bilim hem-de wagyz-nesihat çärelerini işjeň geçirmek, ýaramaz endikleriň garşysyna göreşmek maksatnamanyň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, iýmit ulgamynda yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, ylmy-barlaglary geçirmek we tejribä ornaşdyrmak hem-de hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Milli Liderimiz bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmekde toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny belledi. Şeýle çemeleşme adamlaryň, her bir raýatyň saglygyny pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreleri birleşdirýär. Şu babatda jemgyýetimizde işjeň we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek hem-de pugtalandyrmak, dogry iýmitlenmegiň kadalaryny berjaý etmek möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Döwlet Baştutanymyz sagdyn iýmitlenmegiň usullaryny we görnüşlerini ösdürmek ulgamynda ylmy barlaglary höweslendirmäge, maslahatlary işläp taýýarlamaga, ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga ýardam etmäge gönükdirilen bu Maksatnamany tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar» we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Şunda Daşary işler ministrliginiň we diplomatik edaralaryň ugry boýunça özara gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Şol ugurda yzygiderli geçirilýän geňeşmeler we duşuşyklar bu işiň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýär.
Milli Liderimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna hem-de ykrarnamasyna eýe boldy. Häzirki wagtda şol başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.
Arap dünýäsiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherine boljak gulluk iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Onuň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň sebit hem-de dünýä derejesinde abadançylygyň we ösüşiň bähbidine köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak meselelerinde işjeň hereket etmek ýörelgesine ygrarlydygyny nygtady. Milli Liderimiz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän netijeli daşary syýasy ugruň aýdyň netijeleri berýändigini belledi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ýylsaýyn pugtalandyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz türkmen-katar gatnaşyklary meselesine degip geçip, olaryň dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglyklykda, milli Liderimiz uzakmöhletleýin esasda netijeli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň paýtagtyna gulluk iş saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlanmagyň üpjün edilmegini tabşyryp, degişli Buýruga gol çekdi. Milli Liderimiz resminamany wise-premýere, daşary işler ministrine elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberip, Kataryň Emirine halkara derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak baradaky çakylygy gowşurmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň netijelerini jemläp, Hökümetiň agzalarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän halkara we milli baýramçylyklara bagyşlanan çäreleriň degişli derejede guralmagyna ünsi çekip, şolaryň tutuş ýurdumyz boýunça ýokary derejede, ählumumy ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmegini üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz halkara gatnaşyklaryny giňeltmek barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2017 - 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda meýilleşdirilen ähli çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa abadançylygy, bag ekmek çäresine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek, täze gök zolaklary döretmek we umuman, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi .
Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek işini çaltlandyrmagy öňde duran wezipeleriň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.
Döwlet Baştutanymyz şu gün tassyklanan ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 - 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany üstünlikli amala aşyrmagyň ähmiýetini bellemek bilen, bu ugurda giň wagyz-nesihat işlerini geçirmegiň zerurdygyny belledi.
Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, jemgyýetiň medeni we ruhy kämilliginiň möhüm şerti bolan ylym-bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak ýakyn geljek üçin esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşyk işleriniň depginini çaltlandyrmak hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ulanmak bilen, gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak bilen bagly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi