Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky 

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy we welaýatlary ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi 


06.02.2020


Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamak, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Olar paýtagtymyzda hem-de şu sebitde işleriň ýagdaýy, amala aşyrylýan özgertmeler hem-de degişli maksatnamalar, 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynda göz öňünde tutulýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdiler.


Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işler, hususan-da, şäher düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistany 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, onuň çäklerinde paýtagtymyzda gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň sanawy, olaryň gurluşygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berildi.


Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow welaýaty ösdürmegiň baş meýilnamasy we onda kesgitlenen wezipeler, şeýle hem täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde sebitde umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, söwda merkezleriniň, saglyk öýleriniň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, olaryň depginini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berildi.


Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň, şeýle hem Türkmenistany 2030-njy ýyla çenli senagatlaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.


Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, täzeçil usullara we innowasiýalara esaslanýan ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetiň köpugurly esasda ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan sanly ulgamy ähli ugurlar boýunça özleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýär.


Munuň özi täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, paýtagtymyzyň hem-de welaýatyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmeginde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagynda wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.


Şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň işjeň gatnaşýandygy bellärliklidir. Döwlet Baştutanymyz munuň möhüm taslamalary durmuşa geçirmek, durmuş maksatly iri desgalary öz wagtynda we ýokary hilli gurmak babatda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.


Iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowyň hem-de Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň gatnaşmagynda dowam etdi. Sebitleriň ýolbaşçylary häzirki döwürde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň taýýarlanylyşy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň amala aşyrylyşy barada hasabat berdiler.


Häzirki döwürde Balkan we Lebap welaýatlarynda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, olaryň gurluşygyna hususy kompaniýalar işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi türkmen telekeçileriniň maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge ägirt uly goşant goşýandyklarynyň nobatdaky subutnamasydyr.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, welaýatlarda alnyp barylýan giň möçberli işleriň, sebitleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilýändigini belläp, bu işleriň depginini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.


Milli Liderimiz döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuş ulgamynyň ösüşinde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, welaýatlaryň häkimlikleriniň degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, aýratyn-da, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde amala aşyrýan işleriniň durnukly ösüşi üpjün etmekde has-da möhümdigini nygtady.


Şunuň bilen baglylykda, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de senagatlaşdyrmak meseleleri möhüm ähmiýete eýedir, munuň özi döwrüň talabydyr. Şunda, ylmyň gazananlarynyň, dünýäniň ösen tejribesiniň we sanly ykdysadyýetiň önümçiligiň ähli ugurlaryna işjeň ornaşdyrylmagy zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan we Lebap welaýatlarynda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna gözegçiligi güýçlendirmek, «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň bellenilen möhletlerde tabşyrylmagyny hem-de ýokary hil derejesiniň ýola goýulmagynyň üpjün edilmelidigini belledi we häkimlere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sebitleriň ösüşinde olaryň ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunlukda, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, welaýatlaryň ähli künjeklerinde tokaý zolaklarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly wezipelere hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşilmelidir. Döwlet Baştutanymyz munuň özüniň ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işleriň uzak möhletli we netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etjekdigini belläp, bu işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Soňra hormatly Prezidentimiziň geçirýän iş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow bilen Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew gatnaşdylar. Olar ýolbaşçylyk edýän sebitlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.


Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, senagatlaşdyrmak, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär. Hasabatlaryň çäklerinde 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamaga aýratyn üns berlendigi aýdyldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda köpugurly esasda ösdürilmegini üpjün edýän sanly ykdysadyýete aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine türkmen telekeçileriniň işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.


Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalary üstünlikli özleşdiren hem-de olary öz işinde işjeň ulanýan ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri ykdysady toplumyň ähli ulgamlarynda netijeli işleýärler. Munuň özi Türkmenistanda hususyýetçiligiň ösdürilmegi, maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir.


Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda hususy gurluşyk kompaniýalarynyň hünärmenleriniň ýokary hünär ussatlygynyň, takyk guramaçylyk ukyplarynyň diňe ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşynda hem bellidigini nygtady. Munuň özi türkmen telekeçileriniň toplan baý we köpugurly tejribesine hem-de olaryň ýerine ýetirýän işleriniň ýokary hiline şaýatlyk edýär.


Häzirki wagtda ýurdumyzyň gurluşykçylaryna giň gerimli we jogapkärli taslamalary durmuşa geçirmek ynanylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Milli Liderimiz bu işleriň döwlet maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin uly ähmiýete eýedigini nygtap, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.


Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.


Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmek, döwrebap ulag ýollaryny, köprüleri gurmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap ulag düzümi kemala getirilýär. Munuň özi sebitiň möhüm ulag-üstaşyr merkezi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň wajyp şerti bolup durýar.


Häkimleriň hasabatlarynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, şol welaýatlarda döwrebap awtomenzilleriň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin maglumatlar berildi.


Munuň özi ulag gatnawlarynyň kämilleşdirilmegine, iň esasy bolsa, sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, gurluşygy amala aşyryljak ýolagçy awtomenzilleri häzirki zaman aragatnaşyk ulgamy, täzeçil tehnologiýalar we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylar. Bu bolsa, awtomenzillerde alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini, ulaglaryň gatnawynyň sazlaşygyny üpjün eder.


Häzirki wagta çenli awtomenzilleriň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary taýýarlanyp, olaryň gurluşygyna gatnaşjak ýerli kompaniýalar kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça guruljak awtomenzillerde ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli amatly şertler ýola goýlar. Olarda hyzmatlar ulgamyna degişli düzümler, internet we aragatnaşyk ulgamlary ýolagçylaryň ygtyýarynda bolar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.


Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa pudagyny, şol sanda ulag düzümini ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, bu işleriň ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna şeýle-de halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine giň ýol açýandygyny nygtady.


Degişli düzümleýin desgalaryň we binalaryň gurulmagy ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda döwrebap ýolagçy awtomenzilleriniň gurulmagy bu ugurda nobatdaky möhüm ädimdir.


Hormatly Prezidentimiz şu desgalaryň gurluşygyna örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigine ünsi çekip, olaryň bina edilmeginde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.


Täze awtomenzilleriň dolandyryş düzümine iň täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Iň esasy bolsa, olarda halkymyz üçin zerur bolan ähli amatlyklar üpjün edilmelidir. Milli Liderimiz welaýatlarda döwrebap ýolagçy awtomenzillerini gurmak hakyndaky Karara gol çekip, häkimlere degişli tabşyryklary berdi.


Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde türkmen telekeçileriniň güýji bilen gurluşygy alnyp barylýan Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny we üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmekde bolşy ýaly, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň ýolagçy awtomenzilleriniň arasynda sazlaşykly gatnaşygy emele getirmekde ähmiýetlidir.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn nygtaýşy ýaly, Türkmenistan sebit boýunça ulag-logistika we üstaşyr geçelgeleriň möhüm merkezi bolmak bilen, halkara ähmiýetli ulag ýollarynyň gurluşygyna aýratyn üns berýär.


Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, welaýatlarda guruljak ýolagçy awtomenzillerini enjamlaşdyrmak meselesi barada durup geçip, bu desgalaryň häzirki döwrüň talaplaryna we dünýä ölçeglerine doly laýyk gelmelidigini nygtady.


Munuň özi sebitleriň arasynda ýolagçy ulaglarynyň sazlaşykly gatnawynyň üpjün edilmeginiň we halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgesiniň möhüm böleginiň döredilmeginiň baş şertini emele getirýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda häkimlere anyk görkezmeleri berdi.


Döwlet Baştutanymyz şeýle hem «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda gurulýan desgalary ulanmaga bermek möhletleriniň berjaý edilmegini we olaryň gurluşygynyň ýokary hiliniň üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de eziz Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi