Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti senagat - kommunikasiýa toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi


20.11.2019


Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda senagat we kommunikasiýa toplumynda bar bolan çözülmeli meseleler hem-de toplumyň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen senagat we kommunikasiýa ministri T.Dürhanowa söz berdi.
Ministr döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, daşary ýurt maýa goýum serişdelerini çekmek, önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen täze önümçilikleri ýola goýmak we hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Italiýa Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda Italiýanyň iri öňdebaryjy kompaniýalary bilen ministrligiň arasynda birnäçe ylalaşyklaryň gazanylandygyny habar berildi.
Häzirki döwürde sanly ulgamy ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyny işjeňleşdirmek maksady bilen, ministrlikde we onuň garamagyndaky agentliklerde degişli meýilnamalar taýýarlanyldy hem-de tehniki şertleri işlenip düzüldi.
Hasabatyň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, Türkmenistany yklymlaýyn iri ulag-logistik merkezine, Ýewropany we Aziýany baglanyşdyrýan möhüm çatryga öwürmek ugrunda ministrlik we garamagyndaky degişli agentlikler tarapyndan giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Soňra dokma senagaty ministri R.Rejepow hasabat bilen çykyş etdi. Ministr «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde täze kuwwatly dokma toplumlarynyň gurluşygynyň ýokary depginli alnyp barylýandygyny, paýtagtymyzda we Diýarymyzyň sebitlerinde çeper halyçylyk kärhanalarynyň täze binalarynyň gurluşygynyň dowam edýändigini, ministrligiň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny giňeltmek we berkitmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Hasabatyň dowamynda milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ministrligiň kärhanalarynyň önümçiligini sanly ulgama birikdirmek işleriniň alnyp barylýandygy aýdyldy.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýew alnyp barylýan işler barada hasabat berip, pudaga döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli goldawyň berilmegi netijesinde, Mary hem-de Garabogaz şäherlerinde ammiak-karbamid zawodlarynyň, Lebap welaýatynda Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň we kükürt kislotasyny öndürýän önümhanasynyň hem-de beýleki önümçilik ähmiýetli desgalaryň gurlandygyny belledi.
Şeýle hem döwlet konserniniň ýolbaşçysy önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemek, önümçilik kuwwatyny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, önümçilikleriň kuwwatlygynyň ulanylyşyny ýokarlandyrmak babatynda «Tejenkarbamid» zawodyny taslama kuwwatyna çykarmak boýunça desgalaryň tehniki seljermesini geçirmek barada şertnama baglaşylyp, degişli işler geçirildi.
Soňra «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow hasabat bilen çykyş etdi. Ol döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde Türkmenistanyň ulaglaryň dürli görnüşleri boýunça halkara ýollarynyň möhüm çatrygyna, Ýewraziýanyň iri ulag-üstaşyr merkezine öwrülýändigini aýtdy.
Hasabatyň dowamynda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigi hem-de durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň türkmen başlangyçlaryny biragyzdan goldanylmagy hem-de kabul edilmeginiň munuň subutnamasydygy habar berildi.
Mundan başga-da, pudakda sanly ulgama geçmek, ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak ugrunda maksatnamalaýyn çärelere amala aşyrylýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewe söz berdi. Ol häzirki döwürde ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Ilatymyzyň ýokary tizlikli internet hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan degişi işler ýerine ýetirilýär. Milli Liderimiziň sanly ykdysadyýeti işjeňleşdirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Aşgabat şäherinde, welaýat we etrap merkezlerine optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlary çekilip, sanly ykdysadyýete geçmek üçin degişli düzüm taýýar edildi.
Ýurdumyzda hereket edýän optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary kommunikasiýa ulgamyna birikdirildi. Ilkinji nobatda sanly görnüşde aragatnaşyk hyzmatlarynyň töleglerini amala aşyrmak, geljekde aragatnaşygyň beýleki hyzmatlaryny hödürlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar
Soňra «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy O.Suhanow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa häzirki döwürde ulaglarda ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça işleriň depginini artdyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça düzümiň işini has-da kämilleşdirmek, sanly ulgam arkaly amala aşyrylýan hyzmatlaryň görnüşlerini we hilini artdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýändigini habar berdi.
Ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak hem-de Agentligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, yzygiderli satyn alynýan dürli görnüşli awtoulaglar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzda alnyp barylýan iri gurluşyklarda hem-de ýurdumyzda ýetişdirilýän galla hasylyny we beýleki oba hojalyk ekinlerini daşamakda we suw hojalyk ulgamynda giňden ulanylýar.
Iş maslahatynyň dowamynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburowyň hasabaty diňlenildi. Ol milli Liderimiziň pudagyň işini has-da kämilleşdirmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we ösüşiň täzeçil usulyna geçmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylma esaslanýan syýasaty netijesinde ýurdumyzda täze döwrebap derejede enjamlaşdyrylan howa menzilleri gurlup ulanmaga berildi. Bu howa menzilleri Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) talaplaryna laýyk getirilip, uçuşlaryň howpsuzlygyny doly berjaý edilmegi bilen islendik agramdaky howa gämilerini kabul etmek we ugratmak, halkara howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak, ýolagçylara ýokary derejede hyzmatlaryň berilmegi we halkara ulag üstaşyr geçelgelerini üpjün edilmeginde ähli mümkinçilikler döredilýär.
Soňra «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy A.Haýytmuradow häzirki döwürde agentligiň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, deňiz we derýa ulaglary boýunça ýük daşamagyň hem-de ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.
Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ösüşiniň täze derejesini şertlendirdi, Türkmenistanyň daşary ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, onuň möhüm üstaşyr geçelgesi hökmündäki ornuny pugtalandyrmaga ýardam berdi.
Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, deňiz ulag ulgamyny ösdürmek, pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysy şunuň bilen birlikde pudakda zähmet çekýän işgärleriň hünär derejesini halkara talaplaryna laýyk getirmek ugrunda zerur mümkinçilikleriň döredilendigini nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabat bermek üçin, «Türkmensenagat» agentliginiň başlygy R.Öwezowa söz berdi. Ol «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 - 2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamadan» ugur alyp ýurdumyzda dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy senagat düzümleri bilen hemme babatda bäsleşip bilýän önümçilik kärhanalaryň döredilendigini habar berdi.
Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek baradaky tabşyrygyna laýyklykda, zerur işler alnyp barylýar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda toplumyň öňünde goýulan wezipeleri, şeýle hem ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli senagatlaşdyrmak we sanly ykdysadyýete geçmek boýunça strategiýada kesgitlenilen çäreleriň yzygiderli amala aşyrylýandygyny belledi.
Soňky ýyllarda toplumda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri artdy. Şunlukda, ulag-logistika hyzmatynyň halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleri berkidildi.
Dokma, himiýa we beýleki senagat pudaklarynda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýerli çig mal serişdeleri ulanyp, ekologiýa taýdan arassa eksporta niýetlenen şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan kiçi we orta önümçilikleri ýola goýmak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär.
Halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ykdysadyýete geçmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Wise-premýer şeýle hem älem giňişliginden ýeriň üstüne gözegçilik edýän täze emeli hemra ulgamynyň taslamasyny düzmek, gurnamak we älem giňişligine çykarmak boýunça tehniki şertleri taýýarlanylyp, degişli işleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň amala aşyrýan işlerimiz gülläp ösýän Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha artdyrýar.
Senagat-kommunikasiýa toplumynda durmuşa geçirilip başlanan giň gerimli taslamalar hem halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, mähriban halkymyzy ýokary hilli önümler we hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär diýip milli Liderimiz belledi.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň giň gerimli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde senagat we kommunikasiýa pudaklarynyň uly orny bardyr.
Bu pudaklaryň işgärleriniň bäsleşige ukyply, dünýä bazarynda uly isleglerden peýdalanýan senagat harytlaryny öndürmekde hem-de ulag-üstaşyr geçelgelerini we transmilli kommunikasiýa ulgamlaryny gurmakda gazanýan üstünlikleri Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkidýär. Olaryň ak ýürekli, halal zähmeti ata Watanymyzy täze sepgitlere çykaryp, onuň halkara abraýyny ýokarlandyrýar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Şoňa görä-de, biz ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady syýasatda senagat pudagyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Siziň bilşiňiz ýaly, ýurdumyzy senagat taýdan ösen, dünýäniň öňdebaryjy döwletine öwürmek barada öňümizde belent wezipeleri goýduk diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Emma, biziň köp mümkinçiliklerimiziň we tebigy baýlyklarymyzyň bardygyna garamazdan, bu ugurda alnyp barylýan işler häzirlikçe kanagatlanarly däl. Sebäbi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bilen, ýerli çig mallary gaýtadan işleýän kiçi we orta kärhanalary döretmek boýunça zerur işler geçirilmeýär.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, dürli görnüşli durmuş tehnikalaryny hem-de enjamlaryny biziň ýurdumyzda öndürip boljakdygyny belledi. Munuň üçin ähli şertler bar. Munuň özi hem-ä, gyzyl pul tölenip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaldar, hemem ilatymyz üçin täze iş orunlaryny döretmäge giň mümkinçilik berer.
Gynansak-da, senagat pudagynyň ýolbaşçylary şu meselä heniz ýeterlik üns bermeýärler. Pudaga sanly tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak boýunça hem zerur işleri geçirmeýärler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Häzirki wagtda Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde 75 sany kärhana işleýär. Bulardan başga-da, Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynyň her birinde ýylda 5 000 tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işleýän täze dokma toplumlarynyň hem-de ýurdumyz boýunça jemi 7 sany haly kärhanasynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Biz ýurdumyzda öndürilýän pagtany özümizde doly gaýtadan işlemek üçin zerur işleri geçirýäris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow muňa garamazdan, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda önümçilik kuwwatlyklarynyň pes derejede ulanylýandygyny belledi.
Olaryň könelişen enjamlaryny döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça işler örän haýal alnyp barylýar. Ylmyň we iň täze tehnologiýalaryň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly ekologiýa taýdan arassa, bäsleşige ukyply önümler ýeterlik öndürilmeýär.
Beýleki döwletlere iberilýän dokma önümleriniň görnüşleri-de artdyrylmaýar. Işläp gelýän dokma kärhanalaryny häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyryp, kämilleşdirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça hem ýeterlik işler geçirilmeýär
Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň işleri barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudaga zerur bolan möçberde maliýe serişdelerini goýberilýändigini, öndürilýän gurluşyk materiallarynyň görnüşlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlaryny özümizde öndürmek hem-de olaryň eksport edilýän görnüşlerini artdyrmak üçin zerur işleriň geçirilýändigini nygtady.
Şu maksat bilen, soňky döwürde Lebap welaýatynda ýyllyk kuwwaty
1 million tonna bolan sement zawody, ýylda 7 million 200 müň inedördül metr aýna hem-de 14 müň 400 tonna dürli görnüşli çüýşe önümlerini öndürýän «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy gurlup, ulanmaga berildi. Bu kärhanalarda 1600-den gowrak iş orunlary açyldy.
Emma, bu ugurda işleriň depginini ýokarlandyrmak zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz döwletimizde alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça işleriň heniz ýeterlik derejede alnyp barylmaýandygyna ünsi çekdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda üç sany sement zawody işleýär. Emma, «Türkmensenagat» agentliginde sement öndürmegiň meýilnamasy geçen 10 aýda bary-ýogy 61,2 göterim, sozulan metal öndürmegiň meýilnamasy hem 64,4 göterim ýerine ýetirildi.
Kelete sement zawodynyň kuwwaty bary-ýogy 8,1 göterim, Lebap sement zawodynyňky 88 göterime golaý, Bäherden sement zawodynyňky 64 göterime golaý, Balkan sement zawodynyňky hem 40 göterimden sähel gowrak ulanylýar. Bu görkeziji «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda 64 göterime deňdir.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, öz zerurlyklarymyz üçin we beýleki döwletlere eksport etmek üçin ýene-de azyndan üç sany sement zawodyny gurmak gerek. Ýöne, bu barada tabşyryk berlendigine ep-esli wagt geçdi diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda işleri çaltlandyrmagy talap etdi.
Siziň bilşiňiz ýaly, biz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegi, beýleki döwletlere iberilýän önümlerimiziň möçberini artdyrmagy öňümizde wezipe edip goýduk. Şoňa görä-de, ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň görnüşlerini köpeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça-da öňde uly wezipeler durýandygyny ýatdan çykarmaly däldiris diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňky 10 ýylda «Türkmenhimiýa» döwlet konsernini ösdürmek üçin 3 milliard 300 million amerikan dollaryndan hem köp serişde goýberildi. Gysga döwrüň içinde ýurdumyzda bu pudagyň dört sany döwrebap kärhanasy, ýagny «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary, Garlyk kaliý dag-magdan toplumy we kükürt kislotasyny öndürýän önümhana gurlup, ulanmaga berildi.
Täze, döwrebap kärhanalaryň işe girizilmegi bilen, Konserniň diňe mineral dökünleri öndürmek boýunça kuwwaty 3 esse artdy. 3,5 müňden hem köp täze iş orunlary döredildi.
Emma, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny mineral dökünler bilen wagtynda, ýeterlik mukdarda üpjün etmek we ony daşary ýurtlara-da iberip, gyzyl pulda girdeji gazanmak üçin, täze gurlan zawodlar taslama kuwwatyna çykarylmady diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Könelişen himiýa kärhanalarynyň durkuny täzelemek boýunça hem zerur işler geçirilmedi. Olary iň täze tehnologiýalar bilen üpjün etmekde zerur çäreler görülmeýär.
Öndürilýän himiýa önümleriniň görnüşlerini artdyrmak üçin kiçi we orta önümçilikleri döretmek zerur bolup durýar. Munuň üçin daşary ýurt maýa goýumlary giňden çekilmeýär. Täze tehnologiýalary ornaşdyryp, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýeterlik üns berilmeýär. Şu kemçilikleriň netijesinde, Konsernde geçen on aýda mineral dökünleri öndürmegiň meýilnamasy 59 göterimden sähel gowrak ýerine ýetirildi
Ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň işinde hem köp kemçilikler bar. Demir ýol ulgamyna sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylmaýar. Ýokary tizlikli otlularyň bökdençsiz gatnamagy üçin demir ýollary elektrikleşdirmek we awtomatlaşdyrmak işi alnyp barylmaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty doly güýjünde işledilmeýär. Milli emeli hemramyzyň mümkinçilikleri hem ýeterlik ulanylmaýar. Internet-aragatnaşyk we ykjam aragatnaşyk ulgamlary giňden ornaşdyrylmaýar. Kompýuter tehnologiýalaryny öwretmek boýunça okuwlar guralmaýar. Ýokary derejeli, kompýuter programmalaryny düzmäge ukyply hünärmenler hem ýeterlik derejede taýýarlanmaýar.
Dokma senagaty ministrliginiň öňünde durýan wezipeleri öz wagtynda çözmek üçin pudagyň kärhanalarynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmeginiň zerurdyr.
Olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça degişli işler geçirilmelidir. «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgili, hiç bir babatda daşary ýurtlaryňkydan pes bolmadyk we uly isleg bildirilýän önümleri halkara derejesinde mahabatlandyrmak işine uly üns berilmelidir.
Şeýle hem marketing boýunça ýokary derejeli hünärmenleri hem taýýarlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz munuň üçin ýaşlary dünýäniň öňdebaryjy esasy institutlaryna okuwa ibermeli. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmak üçin beýleki döwletlerden hünärmenleri çagyrmaly.
Biz ýurdumyzyň dokma senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin gowaça ekilýän meýdanlary giňeltmek barada karara geldik. Şol meýdanlardan goşmaça öndüriljek pagtany hem gaýtadan işläp, şondan öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda ýerlenýän möçberlerini artdyrmaly.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer B.Öwezowa, Dokma senagaty ministrliginiň ýolbaşçylaryna, pagtany gaýtadan işleýän we dokma önümlerini öndürýän täze fabrikleriň guruljak ýerini kesgitläp, olaryň gurulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Pudagyň kärhanalaryny ykdysady taýdan döwrebap ýagdaýa getirmegi işjeň alyp barmaly. Könelişen fabrikleriň durkuny täzelemeli. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekip, täze önümçilikleri guramaly, bilelikdäki kärhanalary döretmeli.
Önümçilige sanly tehnologiýalary mundan beýläk-de giňden ornaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek we işgärler üçin amatly zähmet şertlerini üpjün etmek boýunça işler möhüm wezipe bolup durýar.
Halyçylyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, türkmen el halylarynyň milli aýratynlyklaryny gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça hem zerur işler geçirmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, himiýa pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly işläp gelýän kärhanalaryň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmalydygyny, şunda eksport üçin öndürilýän himiýa önümleriniň möçberleriniň köpedilmegine aýratyn üns berilmelidigi belledi.
Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ylmy işgärleri bilen bilelikde ýurdumyzda bar bolan çig mal serişdelerini peýdalanyp, halk hojalygynda ulanylýan himiýa önümlerini öndürmegi ýola goýmaly.
Türkmenabadyň himiýa zawodynyň düzüminde konsentirlenen fosfor dökünini öndürýän önümhanany gurmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigine aýratyn üns çekildi. Konserniň önümçilik kärhanalaryny kämilleşdirmegiň we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna bilelikdäki kärhanalary döredip, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegi ýola goýmaly.
Ýurdumyzyň uglewodorod, mineral we gidromineral serişdelerini toplumlaýyn özleşdirmek boýunça innowasion tehnologiýalar babatda iri halkara ylmy guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga gönükdirilen işleri hem dowam etmek möhümdir.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow. «Türkmensenagat» agentliginiň öňünde durýan birnäçe wezipeleri kesgitledi. Olaryň hatarynda senagat pudagynyň kärhanalaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşyny giňeltmek arkaly öndürilýän gurluşyk materiallarynyň hilini we möçberini ýokarlandyrmak işleri bar.
Pudagyň kärhanalaryny ylmy esasda dolandyrjak ýokary derejeli hünärmenleri ýeterlik taýýarlamaly. Önümçilige sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaly.
Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýerli çig mallary düýpli gaýtadan işlemeli. Şonuň netijesinde, beýleki döwletlerden getirilýän gurluşyk materiallarynyň ornuny tutýan, ekologiýa taýdan arassa senagat önümlerini öndürýän kiçi we orta kärhanalaryň işini ýola goýmaly.
Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, iň täze tehnologiýalary ulanyp, ýurdumyzyň welaýatlarynda üç sany täze sement zawodyny gurmaly. Şeýle hem könelişen senagat kärhanalarynyň durkuny täzeläp, halk hojalygy we täze iş orunlaryny açmak üçin gurluşyk harytlaryny we elektrotehniki enjamlaryny öndürýän bilelikdäki kärhanalary döretmeli diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etmek bilen, «Türkmendemirýollary» agentliginiň öňünde durýan wezipeleriň üstünde saklandy hem-de ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda «Türkmenabat-Türkmenbaşy» demir ýolunyň durkuny täzelemek we elektrikleşdirmek boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady.
Ýurdumyzyň logistik kuwwatyny kämilleşdirmeli. «Üzen – Gyzylgaýa- Bereket - Etrek - Gorgan» halkara demir ýolunyň türkmen böleginiň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanyp, üstaşyr ýük dolanyşygyny giňeltmeli.
Ylmyň iň täze gazananlaryny peýdalanmak, sanly tehnologiýalara geçmek, ýolagçylary gatnatmagy kämilleşdirmek hem-de edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etmeli.
Ýurdumyzyň içerki demir ýollarynyň durkuny täzelemek, olary elektrikleşdirmek we awtomatlaşdyrmak işleriniň depginleriniň çaltlandyrylmagy hem zerurdyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň öňünde durýan wezipeler barada aýtdy.
Transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaly. Şeýle hem, üstaşyr aragatnaşyk akymlarynyň möçberlerini artdyrmaly we täze halkara optiki-süýümli birleşmeleriň üstünde işlemeli.
Sanly ykdysadyýete we sanly elektron hyzmatlaryna geçmek, Internet we elektron hyzmatlar ulgamyny ösdürmek üçin, Türkmenistanyň Bütewi maglumatlar merkeziniň binasynyň taslamasyny işläp taýýarlamaly.
Şunuň bilen baglylykda, Agentligiň ýanyndaky Kiberhowpsuzlyk gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin zerur işleriň geçirilmelidigi hem-de bu ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň we olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.
Ýurdumyzda ykjam we internet-aragatnaşyk ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin zerur işleri geçirmeli. Ykjam aragatnaşyk ulgamynyň 5G tapgyrynyň mümkinçiliklerini öwrenip, anyk teklipleri bermeli.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi.
Ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda Agentlikde sanly ykdysadyýeti ösdürmegi üpjün etmeli. Agentligiň maddy-üpjünçilik binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek üçin, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine ilkinji nobatda üns berilmelidigi nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz ýolagçylary we ýükleri gatnatmak boýunça hyzmatlary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hyzmatdaşlyk etmek hakynda «Türkmenawtoulaglary» agentligi beýleki ýurtlar bilen gerek bolsa kysymly awtoulaglary ýurdumyza bellenen tertipde getirmeli.
Milli Liderimiz senagat-kommunikasiýa toplumyny 2019–2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek boýunça «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylaryna anyk görkezmeleri berdi. Agentlik boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylmagyny üpjün etmeli.
Şunuň bilen baglylykda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna getirilýän we ondan äkidilýän ýükleri elektron hasaba almagy hem-de awtomatiki usulda ýükläp-düşürmegi ýola goýmaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, deňiz ulaglary ulgamynyň hünärmenlerini halkara ölçeglerine laýyklykda taýýarlamak we olaryň hünärini kämilleşdirmek meseleleri boýunça halkara derejesinde ykrar edilen daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmeli. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, ýükleri daşaýjylary çekmek, üstaşyr ýükleriň, şol sanda uly göwrümli ýükleriň möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli.
Milli deňiz söwda flotuny giňeltmek hem-de onuň gämileri bilen halkara gatnawlarynyň täze ugurlaryny açmak meselelerini öwrenmeli.
Gämileri halkara talaplaryna laýyklykda gurmak we abatlamak işlerini ýerine ýetirmek üçin, Halkara Kwalifikasiýa Jemgyýetleri Guramasy tarapyndan ykrar edilendigini tassyklaýan degişli resminamalary almak boýunça işleri geçirmeli. Balkan gämi gurluşyk zawodynyň mümkinçiligini netijeli peýdalanmaly.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenhowaýollary» agentliginiň öňünde durýan wezipeleriň üstünde durup geçmek bilen, Halkara howa gatnawlary assosiasiýasyna (IATA) girmek boýunça zerur işleri geçirmeli. Halkara tejribesini öwrenip, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy dowam etmeli.
Ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny peýdalanyp, Agentligiň işine sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaly. Elektron hasaplaşyklar görnüşindäki internet-saýtyň üsti bilen howa gatnawlary üçin petekleri ýerlemegi has kämilleşdirmeli.
Howa menzilleriniň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürip, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmeli. Täze halkara ugurlary boýunça howa gatnawlaryny ýola goýmaly.
Hormatly Prezidentimiz aeronawigasiýa ulgamynyň ösdürilmegine, ýolagçylara hyzmat etmegiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga we üstaşyr ýük dolanyşygyny kämilleşdirmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi