Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna


01.11.2019



Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!


Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň - manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. «Türkmenistan - rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ulgamy bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatymyzda möhüm orny eýeleýär. Sanly maliýe tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy töwekgelçilikleri we maýalary dolandyrmagyň netijeli ulgamyny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyrmak ulgamyny ösdürmegiň hem-de işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, bankyň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmagyň esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek geljek üçin möhüm wezipeleriň biridir. Bu ulgamyň durnukly işlemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyplylygynyň, depginli ösüşiniň üpjün edilmegi hem-de dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmagy üçin möhümdir. Bank işiniň netijeli we ygtybarly bolmagyna gönükdirilen uzak möhletleýin işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, milli manadymyzyň hümmetini mundan beýläk-de durnukly saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, hil taýdan halkara derejelerine çykarmak, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny, innowasion tehnologiýalary bank işine giňden ornaşdyrmak bank ulgamynyň esasy wezipeleri bolup durýar.


Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!


Häzirki döwürde ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglerine laýyk getirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan hyzmatlaryň görnüşleri artdyrylýar hem-de hili ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän okuwlar, maslahatlar arkaly yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Biz ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksporta gönükdirilen pudaklaryna maliýe goldawyny bermäge, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bank ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmäge, iň täze innowasion, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns bereris.



Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!


Sizi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW