Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary tamamlandy


24.10.2019



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 21 - 23-nji oktýabrda Ýaponiýa bolan iş sapary iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýolunda netijeli ädim boldy, muňa saparyň baý mazmunly, öz içine möhüm duşuşyklary alýan maksatnamasy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Ykdysady ugur, şol sanda özara bähbitli işewürlik gatnaşyklarynyň giňeldilmegi türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar düýpli işjeňleşdirildi, ol iri düzümleýin taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýar.
Milli Liderimiziň şu gezekki saparyna gabatlanyp geçirilen bilelikdäki işewürler maslahaty hem-de Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň ýapon tarapynyň wekilleri bilen 21-nji oktýabrda geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklary uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň üýtgewsiz ugur edinilýändigini ýene bir gezek tassyklady. Bu çärä Ýaponiýanyň birnäçe iri kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde ýapon tarapynyň çagyrmagy boýunça 22-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň tagta geçmek dabarasyna gatnaşdy.
Ertesi gün, 23-nji oktýabrda ajaýyp taryhy künjek bolan hem-de belent mertebeli myhmanlary kabul etmäge niýetlenen «Akasaka» köşgünde hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen duşuşygy boldy.
Ýapon hökümetiniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza Tokio şäherine gelip görmek hem-de Imperator Naruhitonyň tagta geçmek dabaralaryna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin, şeýle hem döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin hoşallyk bildirdi.
Şunda Günüň dogýan ýurdunyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy, Ýaponiýa Türkmenistany özüniň möhüm we jogapkärli hyzmatdaşy hasaplaýar.
Premýer-ministr Sindzo Abe şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen bazarynda işleýän iri senagat taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan ýapon kompaniýalaryna bildirýän ynamy üçin hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz bildirilen mähirli kabul edişlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, şu gezekki iş saparynyň barşynda Ýaponiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşmaga döredilen mümkinçilige şatdygyny belledi.
Milli Liderimiz Imperator Naruhitonyň tagta geçmegi mynasybetli Premýer-ministr Sindzo Abe hem-de onuň üsti bilen tutuş ýapon halkyna gutlaglaryny beýan edip, täze Imperatoryň dolandyrmagynda Reýwa atly täze taryhy eýýamyň parahatçylyk, Ýaponiýanyň abadançylygy we rowaçlygy eýýamyna öwrüljekdigine, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategiki gatnaşyklaryň bolsa has belent sepgitlere ýetjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllaryň dowamynda däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, Premýer-ministr Sindzo Abe ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýa halkara düzümleriň çäklerinde hem hyzmatdaşlyk edýärler. Abraýly halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän ählumumy we sebit möçberli halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy hem muňa şaýatlyk edýär.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegi biziň hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, milli Liderimiz nygtady we häzirki wagtda türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň strategiki, durnukly we uzakmöhletli häsiýete eýe bolandygyny nygtady.
Nebitgaz we gazhimiýa toplumlaryny gurmak baradaky taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Golaýda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylmagy şeýle üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Bu zawodyň dünýäde deňi-taýy ýokdur. Häzirki wagtda bu täsin senagat desgasynyň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça gepleşikler alnyp barylýar.
Şunuň bilen birlikde, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Biziň ýurdumyz bu gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini goldaýar we türkmen hünärmenlerini okatmak we taýýarlamak işinde Ýaponiýanyň berýän ýardamyny minnetdarlyk bilen kabul edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, bu gatnaşyklaryň geljekde hem umumy abadançylygyň ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Premýer-ministr Sindzo Abe uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi barada pikir alyşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işine, şeýle hem maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, işewür gatnaşyklaryň netijeli usullaryny we ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýän bilelikdäki işewürler forumlaryna möhüm ähmiýet berilýär.
Şeýle hem toplanan baý tejribä esaslanýan we geljekki ösüşi oňaýly şertlere eýe bolan ikitaraplaýyn ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň uly ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Sindzo Abe Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň doly möçberli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny tassyklap, birek-birege berk jan saglyk we üstünlikler, iki ýurduň halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Milli Liderimiz saparynyň jemleýji gününde Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy Tadamori Oşima bilen hem duşuşdy.
Jenap Tadamori Oşima belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, dünýäde öz oňyn syýasaty hem-de döredijilikli halkara başlangyçlary bilen meşhur bolan ýurduň Baştutany bilen duşuşmagyň özi üçin belent mertebedigini aýtdy. Şunda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesi we parlamentara gatnaşyklaryň okgunly häsiýeti bellenildi.
Ýaponiýa Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär diýip, Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gezekki saparynyň däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen, wekiliýetimiziň ähli agzalarynyň adyndan hem-de hut öz adyndan mähirli kabul edilendigi we saparyň barşynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem mümkinçilikden peýdalanyp Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygyna onuň üsti bilen Ýaponiýanyň ähli dostlukly halkyny onuň Alyhezreti Ýaponiýanyň Imperatorynyň tagta geçmegi mynasybetli gutlady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatda ysnyşykly gatnaşyklar baglanyşdyrýar, şol gatnaşyklar özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de rowaçlyk we ösüş ugrunda umumy maksada esaslanandyr.
Soňky ýyllarda döwletara hyzmatdaşlygy ägirt uly mümkinçiligiň bolmagy we iki tarapyň özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygy netijesinde aýratyn üstünlikli ösdürilýär. Biz Ýaponiýa bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýäris. Syýasy we ykdysady özara gatnaşyklar bilen bir hatarda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny nygtamak isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Parlamentara hem-de partiýalaryň arasyndaky yzygiderli duşuşyklaryň, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň ýurtlarymyzyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam eder. Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde türkmen-ýapon parlamentara dostluk ligasynyň ähmiýetini belledi.
Häzir Türkmenistan jemgyýetçilik syýasy durmuşy tapgyrlaýyn, yzygiderli özleşdirmek ýoly bilen barýar. Iri möçberli özgertmeler babatda döwlet we kanunçykaryjy häkimiýet edaralarynyň işi kämilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzda parlamenti we halk maslahatyny wekilçilikli hem-de kanun çykaryjy häkimiýet edaralarynyň ýeke-täk ulgamyna birleşdirmek arkaly iki palataly parlamenti döretmek başlangyjynyň öňe sürlendigini belledi.
Iki palataly täze ulgama geçilmegi türkmen jemgyýetiniň hemme gatlaklarynyň bähbitlerini göz öňünde tutmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da ol ýerlerde deputatlaryň saýlawçylar bilen has-da ýakyndan gatnaşyk etmegine, kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligiň güýçlendirilmegine ýardam berer.
Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga üýtgewsiz gyzyklanýandygyny beýan edip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygyna berk jan saglyk, bagt hem-de jogapkärli wezipesinde mundan beýläkde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda ýurdumyzyň hem-de dünýä belli ýapon kompaniýalarynyň arasynda ýola goýlan işewürlik gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi anyk mysal bolup biler. Bu kompaniýalar ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda netijeli işleri alyp barýarlar. Şol bir wagtda ynsanperwer ulgamda – ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä we many-mazmuna eýe boldy.
Şeýle hem Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň, şol sanda BMG bilen köptaraplaýyn görnüşde işjeň hyzmatdaşlygy edýändigi bellenildi, iki dostlukly ýurt häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň, ozaly bilen parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de sebit we ählumumy derejelerde durnuklylygy üpjün etmek bilen bagly wezipeleriň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamakda tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýärler. «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» hyzmatdaşlygynyň çäklerinde türkmen-ýapon gatnaşyklaryna okgunly, yzygiderli häsiýet mahsusdyr.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Parlamentiň wekiller palatasynyň başlygy Tadamori Oşima döwletara gatnaşyklarynyň aýratyn ähmiýetli şerti hökmünde parlamentara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy, kanun çykaryjylyk işinde özara peýdaly tejribeleriň alşylmagyny höweslendirmek barada pikiri beýan edip, iki ýurduň hem-de halklaryň abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Döwlet Baştutanymyz saparynyň çäklerinde «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda Ýaponiýanyň iri işewürleriniň wekilleri bilen hem duşuşdy. Dünýäde giňden ýaýran iş ertirligi görnüşinde geçirilen duşuşyga «ITOСHU», «Sojitz», «Kawasaki Heavy Industries» ,»Mitsubishi», «JGС Сorporation», «Сhiyoda Сorporation» ýaly belli korporasiýalaryň we beýleki kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň agzalary gatnaşdylar.
Duşuşyga şeýle hem türkmen tarapynyň wekilleri - käbir hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda gurluşyk, maliýe, energetika ulgamlarynyň, himiýa senagatynyň, ulag pudagynyň, suw hojalygynyň ýolbaşçylary hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Milli Liderimiz işewürleriň her birini özi garşylady, olar pursatdan peýdalanyp, öz kompaniýalarynyň mümkinçilikleri barada gysgaça gürrüň berdiler, kompaniýalaryň her biriniň Türkmenistanda işlemek bilen hödürläp biljek hyzmatlaryny häsiýetlendirdiler.
Soňra türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynda ýetilen sepgitler hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geljekde göz öňünde tutulýan çäreler barada düýpli gürrüň edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenmek bilen, ýurdumyzyň ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de türkmen telekeçileriniň iri ýapon işewürliginiň wekilleri bilen düýn geçirilen işewürler maslahatynyň ähmiýetini belledi.
Milli Liderimiz Imperatoryň tagta geçmek dabarasyna gatnaşandygy barada aýdyp, onda uzak ömri arzuwlaýan däp bolan «Banzaý!» ýapon arzuwynyň türkmenleriň bähbitli işlere çagyryş hökmünde ýygy-ýygydan peýdalanýan «Öňe!» diýen şygary bilen meňzeşdigini belledi.
Biziň halklarymyz özleriniň medeni mirasy babatynda köp umumylyga eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz bu ýagdaýyň giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň dowamynda hem özara düşünişmek üçin ýene bir binýat bolup hyzmat edendigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşine kanagatlanma bildirdi we ýurtlarymyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň köp ýyllyk taryhy bar hem-de ol energetika, himiýa senagaty, ýokary tehnologiýalar ulgamy, obasenagat toplumy we beýleki ulgamlarda taslamalary durmuşa geçirmekde üstünlikli tejribä eýedir.
Diňe soňky birnäçe ýyllarda Türkmenistanda ýapon kompaniýalary tarapyndan birnäçe iri senagat desgalary guruldy we ulanmaga tabşyryldy. Bular Maryda ammiak we karbamid öndürýän zawod, Türkmenabatda kükürt kislotasyny çykarýan kärhana, Gyýanlyda polimer öndürýän zawod, Garabogazda gazhimiýa toplumy hem-de Owadandepede sintetiki benzin öndürýän zawoddyr.
Hökümet derejesinde tassyklanan hereket etmegiň maksatnamasy esasynda täze taslamalary amala aşyrmak boýunça işler geçirilýär. Duşuşygyň netijeleri boýunça degişli resminamalara gol çekiler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz şeýle hem soňky ýyllarda Aşgabatda we Tokioda Premýer-ministr Sindzo Abe bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda häzirki zaman senagat-tehnologiýa düzümini döretmek meselelerine uly üns berlendigini nygtady.
Geljekde ol iki ýurt tarapyndan hem Orta we Ýakyn Gündogar, Hazar, Gara we Ortaýer deňizleriniň ýakalaryndaky sebitler bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin ulanylyp bilner diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Şu mysallar ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki, durnukly hem-de uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. Biz şu derejä ýetip, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetine göni maýa goýumlaryny goşmagy bilen birlikde, özara hereket etmegiň geljegi uly täze görnüşlerine çykmagy maksat edinýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.
Häzir Türkmenistanda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilen iri möçberli we uzakmöhletli milli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, biz täze ykdysady strategiýany işläp taýýarladyk we ol üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şol strategiýanyň esasy mazmuny Türkmenistanda senagat jemgyýetini döretmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri gysgaça beýan etdi.
Bu bolsa dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmaga tarap ugur alan häzirki zaman ýokary tehnologiýaly we ylmy kärhanalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Şunda biz ýurdumyzyň tebigy mümkinçiligine, onuň geografiýa taýdan amatly ýerleşendigine daýanýarys. Şeýle strategiýanyň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň, ilkinji nobatda, adam, aň-düşünje serişdeleri bilen hem baglanyşyklydygyna örän oňat düşünýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, häzir ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda öňde goýlan maksatlary hem-de wezipeleri ýerine ýetirmek işinde möhüm orun eýeleýändiklerini aýratyn nygtamak isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn belledi.
«Biz nebitgaz ulgamy, elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk, suw hojalygy, dokma senagaty ýaly möhüm ugurlarda ýapon hyzmatdaşlarymyz bilen ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de artdyrmaga taýýardyrys» diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hususan-da, ulag-kommunikasiýa ulgamy barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmeginiň bir wagtlar Ýewraziýa yklymynyň Günbatar we Gündogar böleklerini birleşdiren gadymy söwda ugry - Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman görnüşinde dikeltmäge mümkinçilik berendigini belledi.
Türkmenistan häzirki wagtda hem diňe bir Günbatar - Gündogar ugry boýunça däl-de, Demirgazyk - Günorta ugry boýunça hem ulag geçelgeleriniň birikýän halkara merkezine öwrüldi, munuň özi ýurdumyzyň ulag-logistika düzümlerine maýa goýumlarynyň amatlydygyny şertlendirýär.
Biziň alyp barýan syýasatymyz munuň üçin oňyn şertleri döredýär, ol bir tarapdan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýar, beýleki tarapdan bolsa BMG-niň kararnamalary bilen goldanylan hemişelik bitarap döwletiň häzirki hukuk derejesine esaslanýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Şunuň netijesinde biz diňe bir sebit boýunça ýakyn goňşularymyz Owganystan, Eýran, Pakistan we beýlekiler bilen dostlukly gatnaşyklary saklamak bilen çäklenmän, olaryň syýasy, taglymat hem-de beýleki garaýyşlaryna garamazdan, dünýäniň köp ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary berkidýäris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Türkmenistanda innowasion taslamalary durmuşa geçirmek, elektronika ulgamynda, kompýuter we logistika hyzmatynda kärhanalary döretmek boýunça ýapon hyzmatdaşlary bilen bilelikde işlemegiň uly geljegini görýäris.
Şunda döwlet Baştutanymyz döwletimiziň ýapon kompaniýalarynyň hem-de maliýe institutlarynyň Türkmenistanyň çäklerinde öz işlerini amala aşyrmagynda zerur bolan goldawlary mundan beýläk-de üpjün etjekdigine aýratyn ünsi çekdi.
Bular barada aýtmak bilen, 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy ABŞ-nyň 12 milliard dollaryna barabar bolan maýa goýum taslamalarynyň 37-siniň hasaba alnandygyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Baryp 2015-nji ýylyň oktýabrynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri jenap Sindzo Abeniň Aşgabada bolan sapary wagtynda, ýapon işewürleri bilen geçirilen, biziň onuň bilen bilelikde gatnaşan duşuşygymyzyň barşynda biziň uzakmöhletli geljekde şeýle taslamalaryň sanynyň hem-de maliýe ölçegleriniň birnäçe esse artjakdygy barada ylalaşandygymyzy ýatlatmak isleýärin. Şunda biz ýokary tehnologiýaly taslamalara ilkinji derejede üns bereris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şu ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen, häzir Türkmenistanyň döwlet düzümleri, kompaniýalary we banklary täze taslamalary amala aşyrmagy taýýarlamak boýunça işleri işjeň alyp barýarlar. Şol taslamalaryň hatarynda men himiýa senagatyndaky, ulag we suw hojalygy ulgamyndaky taslamalary belläp geçmek isleýärin. Biz şeýle hem Ýaponiýanyň ýer gazyjy, ýolgurluşyk we awtomobil tehnikalaryny satyn almagy dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz sözüniň üstüni ýetirdi.
Meniň sanap geçen mysallarym Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da artdyrmak babatda biziň ygtyýarymyzda bar bolan ägirt uly kuwwatly mümkinçilikleriň diňe bir bölegidir. Bu wezipeleriň çözülmegine öňňin geçirilen türkmen-ýapon işewürlik forumynyň netijeleri hem köp babatda ýardam eder diýip, milli Liderimiz nygtady.
Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, bilelikdäki meýilnamalaryň iş ýüzünde ýerine ýetirilmegi Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň hem hemişe üns merkezinde bolup galmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu düzümleriň işine işjeň gatnaşýandyklary üçin bu ýere ýygnananlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz anyk ykdysady taslamalary öňe ilerletmek boýunça bilelikdäki işlerini amala aşyrmakda iki ýurduň kompaniýalaryna yzygiderli we doly goldaw berýändigi üçin «ROTOBO» Assosiasiýasynyň ýolbaşçylaryna hem minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem türkmen-ýapon taslamalaryny durmuşa geçirmäge türk kompaniýalarynyň goşandyny hem belledi, olaryň ýolbaşçylary — «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalyk hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak hem saparyň çäklerinde geçirilýän şu gezekki işewürlik çärelerine gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz olara Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid we ammiak öndürýän kärhana, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ýaly iri desgalaryň, şeýle hem ýurdumyzda köp sanly beýleki düzümleýin desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, hyzmatdaşlygyň birleşdiriji ornuny aýratyn belledi.
Şu gün sizi işewür gürrüňdeşlige çagyrmak bilen, men bu mümkinçiligi hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşmak üçin peýdalanmak, türkmen-ýapon ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge degişli siziň teklipleriňizi diňlemek isledim diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Umuman, şu duşuşyk hyzmatdaşlygymyzyň depginini berkitmäge, onuň täze ugurlaryny hem-de geljegini açmaga gönükdirilendir diýip hasaplaýaryn. Munuň üçin bizde hemme ýagdaýlar - iki döwletiň ýolbaşçylarynyň syýasy erki, serişde, tehnologiýa we maliýe mümkinçilikleri, ynanyşmak we özara düşünişmek bar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gezekki saparynyň ýapon halkynyň durmuşyndaky taryhy waka bilen baglanyşyklydygyny aýdyp, mümkinçilikden peýdalanyp, Onuň Alyhezreti Imperator Naruhitonyň tagta geçmegi bilen ähli ýapon dostlarymyzy hem-de hyzmatdaşlarymyzy gutlap, hemmelere berk jan saglyk we mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
- Goý, täze Reýwa eýýamy Ýaponiýanyň halkyna parahatçylyk, sazlaşyk we gülläp ösüş getirsin! - diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, «ITOСHU» maşyngurluşyk kompaniýasynyň dolandyryjy direktory, prezidenti Hiroýuki Subai belent mertebeli myhmana ýüzlenip, ýygnananlaryň ählisiniň adyndan türkmen Liderine hoşniýetli arzuwlary hem-de ýüzbe-ýüz duşuşmak üçin wagt tapandygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Dünýä belli korporasiýanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanynyň sözlän sözüne haýran galyp, bu çykyşyň ýygnananlaryň ruhuny göterendigini hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň iň ýakyn wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenilen ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ädimlerini kesgitlemek üçin mejlisi geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
- Şu günki duşuşyk, hakykatdan-da, üstünlikli ösdürilýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynda täze eýýamy açdy - diýip, Hiroýuki Subai belledi.
Ol şeýle hem Türkmenistan bilen birnäçe ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalaryň bu ýere ýygnanan wekilleri üçin Ýer ýüzünde özüniň oňyn halkara başlangyçlary bilen örän belent abraýa eýe bolan döwlet Baştutanymyzy ýapon topragynda garşylamagyň uly mertebedigini we şatlykdygyny aýtdy.
Soňra çykyş eden ýapon işewürleri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiň ähli mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak, ägirt uly tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň hem-de ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna önümçilik pudaklarynyň ösüşini yzygiderli höweslendirmek bilen, Günüň dogýan ýurdunyň işewürler toparlarynyň ünsüni özüne çekýändigini bellediler.
Ýapon kompaniýalary özleriniň iň täze işläp taýýarlamalaryny, baý iş tejribelerini hem-de bilimlerini bu işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin paýlaşmaga, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan giň gerimli milli wezipeleriň çözgüdine ýardam bermäge taýýardyrlar. Şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklaryň ösmegine güýçli itergi berendigi gürrüňsizdir.Ol şeýle hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeldip, ony täze derejä çykarar.
Iri korporasiýalaryň ýolbaşçylarynyň belleýişleri ýaly, olar Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmelere ägirt uly gyzyklanma bilen syn edýärler, milli Liderimiziň gujur-gaýratly şahsy işlerini hem-de ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň, barha ösýän telekeçiler gatlagynyň hasabyna içerki maýa goýumlaryny höweslendirmegiň has amatly şertlerini we netijeli, çeýe gurallaryny döretmek ugrundaky täzeçillik ýörelgelerini goldaýarlar.
Türkmenistanda işleýän ýurduň ozaldan gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşlary bolan kompaniýalary geljegi uly türkmen bazarlarynda orunlaryny berkitmäge çalyşýarlar, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar. Mysal üçin sanly tehnologiýalar, emeli aň ulgamynda we beýleki ugurlarda işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýan holdingler Türkmenistanda öndürilen önümleriň goşmaça bahasynyň usulyýetini döretmek boýunça teklipler bilen bu bazara çykmak isleýärler.
Şeýlelikde, işjeň hem-de açyk pikir alyşmak ýagdaýynda geçen iş ertirliginiň dowamynda ýangyç-energetika, söwda-ykdysady ulgamlarda, himiýa senagatynda, ulag, oba we suw hojalygy, bilelikdäki tagallalaryň birleşdirilmegini talap edýän beýleki möhüm ulgamlarda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri hem-de ony işjeňleşdirmegiň ýollary barada pikir alşyldy.
Bu söhbetdeşlik şol bir wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özboluşly jemlenmesi, ony çuňlaşdyrmagyň ýollaryny we usullaryny ara alyp maslahatlaşmaga, bilelikdäki taslamalar we önümçilikleri döretmek üçin täze teklipleri we gyzykly başlangyçlary alyşmagyň, hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullaryny gözlemegiň dowamy boldy, bular barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin gürrüň berdi.
Duşuşykda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ylmy-tehnologiýa ugruna aýratyn üns berildi. Şunda gürrüň diňe bir öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ýokary takykly enjamlary, iň täze elektron serişdelerini we programma ulgamlaryny satyn almak barada däl-de, bilelikdäki amaly barlaglary guramak, iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän tehnologiýa, inženerçilik işläp taýýarlamalarda ylmy taýdan goşulyşmak barada boldy.
Söhbetdeşlige gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, şeýle hyzmatdaşlyk iki ýurduň gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynyň işjeňleşdirilmegine oňyn täsirini ýetirer.
Iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň tejribelerini, hususan-da, işewürligi guramak hem-de dolandyrmak, ýokary düşewüntli önümçilikleri döretmek, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda olaryň baý tejribesini işjeň ornaşdyrmak mümkinçilikleri pikir alyşmalaryň aýratyn meselesi boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hoşlaşanlarynda iki dostlukly halkyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna özara ynam bildirdiler.
Şeýle hem şol gün Tokioda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminamalar taraplaryň anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiklerini berkitdi.
Olaryň hatarynda: Ýer gazyjy tehnikasyny satmak we satyn almak boýunça Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda Baş ylalaşyk, Awtoulag serişdeleri satyn almak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda Baş ylalaşyk, Gazy gaýtadan işläp benzin öndürýän häzirki zawodynyň netijeleriniň esasynda ikinji toplumynyň taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak barada «Türkmengaz» döwlet konserni we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa) we «Sojitz Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmenhimiýa» Döwlet konserni bilen «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) we «Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanda ammiak we karbamid öndürýän täze zawodyň gurluşygynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky Çarçuwaly Ylalaşyga 2 belgili Goşmaça, «Türkmenhimiýa» Döwlet konserni we «Sojitz Corporation», «TTCL Public Company Limited», «Rönesans Endüstri Tesisleri inşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi» kompaniýalaryň konsorsiumy arasynda Türkmenabatdaky himiýa zawodynda konsentrirlenen fosfor dökünini öndürýän önümhananyň taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak boýunça Şertnamanyň esasy hakynda Ylalaşyk bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça 23-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde geçen ikitaraplaýyn duşuşygyň gün tertibine dürli ulgamlarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri hem-de geljekki mümkinçilikleri girizildi.
Onuň çäklerinde Infrastruktura babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda Ähtnama (ýol kartasy bilen), Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda täzelenen we resmileşdirilen 4-nji Ylalaşyk taraplaryň gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge tizden-tiz girişmäge taýýardyklaryny tassyklaýan resminamalar toplumynyň üstüni ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa diňe bir Ýaponiýada däl, eýsem, dünýäde-de iň iri hem-de abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri — Hirosaki uniwersitetiniň «Hormatly doktory» diýen adyň dakylmagy iki ýurduň halklaryny birleşdirýän mizemez dostluk gatnaşyklarynyň alamatyna, milli Liderimiziň netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan uly goşandynyň ykrarnamasyna, şeýle hem Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynda gazananlarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Dabarada döwlet Baştutanymyza degişli diplomy bu ýokary okuw mekdebiň rektory Kei Sato gowşurdy. Milli Liderimiz jogap sözünde muny Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany, ylym we bilim ulgamynda biziň gazananlarymyzyň ykrar edilmesi, dostlugyň hem-de iki ýurduň halkalarynyň berkeýän gatnaşyklarynyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi.
Bilim derejesiniň we hiliniň ýokarlanmagyna ilkinji derejeli ähmiýet berip, adamlaryň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň häzirki zaman dünýä ylmynyň ösmegine goşulyşmagyna we ýakynlaşmagyna ýardam bermek bilen, medeni hem-de ynsanperwer gatnaşyklary höweslendirip, döwletimiz maýa goýumlaryň ähli görnüşlerinden geljegi has uly görnüşi bolan adama, onuň mümkinçilikleriniň açylmagyna maýa goýumlaryny amala aşyrýar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň geljegine goýulýan maýa goýumlardyr diýip, döwlet Baştutanymyz dabarada çykyş edende nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara derejesinde giň ylym we bilim hyzmatdaşlygy babatda Ýaponiýa aýratyn orun berilýändigini aýtdy. Türkmenistan bu ýurda ylym-tehnologiýa ulgamynda möhüm we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, innowasion serişdeleri döretmekde, nou-haulary ulanmakda, dürli ugurlarda häzirki zamanyň dolandyryş häsiýetli çözgütlerini işläp taýýarlamak we kabul etmekde ýapon tejribesiniň üstünde işlemegiň maksat edinilýändigi tassyklanyldy.
Şeýle hem ynsanperwer ylymlary ulgamynda, hususan-da, Gündogary öwreniş, taryh we arheologiýa, dil bilimi we medeniýetşynaslyk boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky mesele gozgaldy.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Günüň dogýan ýurdunda Türkmenistandan talyplaryň ýigrimiden gowragynyň bilim alýandygyny belläp, geljekde bu sanyň diňe artjakdygyna umyt bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýaponiýanyň bilim merkezlerinde türkmen talyplaryny okatmagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi öňe sürdi. Bu bolsa ykdysadyýetiň hem-de durmuş ulgamynyň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, olary geljekde yzygiderli esasda ibermäge mümkinçilik berer. Biz hem özümizde ýapon talyplaryny kabul etmäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistan hemme zatlara, ösüşlere beslenen işlere, öňe tarap alyp barýan herekete açyk ýurtdyr. Biziň häzirki zaman dünýäsiniň iri möçberli işlerine has ýakynlaşmaga, beýleki ýurtlarda üstünlikli ulanylýan bilimleri we tejribeleri ele almaga bolan maksadymyz şunuň bilen şertlenendir.
Bilimi ösdürmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berýän milli Liderimiziň iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşmagy buýsançly ýagdaýdyr.
Olar bilen söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýaş türkmenistanlylara häzirki zaman bilimlerini hemmetaraplaýyn özleşdirmegi hem-de saýlap alan kärleriniň inçe tilsimlerini ele almagy maslahat berdi, olar okuwlaryny tamamlanlaryndan soňra eziz Watanymyzyň okgunly ösüşine mynasyp goşant goşarlar.
Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tokionyň Haneda halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.
Şeýlelikde, milli Liderimiziň Ýaponiýa şu gezekki sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhyna nobatdaky möhüm sahypany ýazyp, deňhukuklylyk, strategiki esasda guralýan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyndan iş ýüzünde netijeli peýdalanmaga uly mümkinçilik döretdi.
Tokioda geçirilen duşuşyklar we bilelikdäki işewürler maslahaty Ýaponiýanyň iri işewürler düzüminiň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çalyşýandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň artýandygyna, özara bähbitli maýa goýum we tutuş işewürlik hyzmatdaşlygy üçin özüneçekijiliginiň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk
edýär.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi