Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy


06.10.2019


Şu gün Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň heläkçilikli Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär.


Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


Hakyda milletimiziň ýaşaýyşynyň aýrylmaz ruhy bölegidir. Ol nesilleri birikdirýän berk ýörelge bolmak bilen diňe bir gözbaşlarymyzy we däp-dessurlarymyzy gorap saklamak däl, eýsem, taryhy tejribäniň esasynda milletiň täze ykbalyny, ýagty geljegini gurmaga mümkinçilik berýär. Hatyra güni milleti birleşdirýär we jebisleşdirýär.


Türkmen halkymyz häzirki wagtda hem nesillerden-nesillere geçirilýän ýokary ahlak ýörelgelerine ygrarlydyr.


Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny, ahlak kämilligini üpjün etmek milli mirasa hormat goýmak, milli däp-dessurlary mynasyp dowam etmek biziň baş maksadymyzdyr. Türkmenleriň ynsanperwerlik, jebislik, sahawatlylyk, asylly işlere ygrarlylyk, ýaşululara hormat goýmak ýaly ajaýyp häsiýetleri we binýatlaýyn ýaşaýyş ýörelgeleri durmuşymyza berk kök urdy. Türkmenistanda döwlet derejesinde mirasy öwrenmäge we gorap saklamaga, jemgyýetiň we ýurdumyzyň sazlaşykly ösdürilmegine mähriban Watanymyzyň özgerdilmegine uly ähmiýet berilýär.


…Wagt bizi şol gazaply günlerden barha daşlaşdyrýar, emma geljekki nesilleriň nurana geljegi üçin janyny gurban eden Watan goragçylarynyň asylly işleri hem-de olar hakyndaky hakyda hemişelik galýar.


«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Bu toplum merdana ata-babalarymyzyň baky şöhratynyň we edermenliginiň aýdyň alamaty bolup durýar. Türkmenistanlylaryň biziň parahat we bagtyýar durmuşymyz ugrunda janyny gurban edenleri sarpalamagy belent ruhly nesillerimiziň dowamatlylygyny baglanyşdyrýan ýörelge bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Ýurdumyzyň gahrymanlarynyň ýadygärligini hatyralamak köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelge bolup, türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir.


Biziň gün-günden gülleýän Diýarymyzyň häzirki wagtda ýeten derejeleri, ösüş ýolunda ýeten belent sepgitleri, halkymyzyň abadançylygy Watanymyzyň iň gowy ogullaryna mynasyp ýadygärlikdir, olar döwletimiziň kuwwatly, azat we garaşsyz bolmagyny arzuw etdiler.


Şu gün biz çuňňur hasrat bilen Aşgabat ýertitremesiniň ýüz müňlerçe şehitlerini, Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýjylary hem-de 1941 —1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryny ýatlaýarys.


Ir säher bilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň ýadygärliklerine gül desselerini goýmak üçin ýürek emri bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi geldi. Hormatly Prezidentimiziň ulagy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada saklandy, bu ýerde Hormat garawuly düzüldi.


Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Onuň owazyny «Keçpelek» sazy çalyşýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärlikleriniň etegine gül desselerini goýdy.


Adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriň biri, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde pida bolanlar baradaky hasratly ýatlamalar olaryň ýakynlarynyň we dogan-garyndaşlarynyň kalplarynda, halk hakydasynda hemişelik saklanýar.


5-nji oktýabrdan 6-njy oktýabra geçilen şol pajygaly gije diri galanlara bu heläkçilik uly hasrat getirdi, göz açyp-ýumasy salymda türkmen paýtagtyny doly weýran etdi, diri galanlar çäksiz edermenlik, durnuklylyk, gaýduwsyzlyk görkezdiler. Umumy heläkçilik adamlary jebisleşdirdi. Olary ruhy taýdan birleşdirdi.


Çuňňur hasratyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyz baş egýär. Çünki adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly tebigy heläkçilikleriň biri bolan şol aýylganç gijede milli Liderimiziň atasy, 1941-1945-nji ýyllaryň uruş weterany, öz ömrüni ýaş nesli terbiýelemek ýaly asylly işe bagyş eden mugallym Berdimuhamet Annaýew hem wepat boldy.


Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçil syýasaty netijesinde paýtagtymyz Ýer ýüzüniň owadan şäherleriniň birine, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezine, iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.


Türkmen paýtagtynyň ençeme binalary abraýly binagärlik bäsleşikleriniň sylaglaryna mynasyp boldy. Bularyň hemmesi Aşgabadyň ösüşinde gazanylan ägirt uly üstünlikleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Dünýäniň gurluşyk tehnologiýalarynda bar bolan täze öňdebaryjy tejribeleriň hemmesi öz çäklerini barha giňeldýän ýurdumyzyň baş şäherinde mynasyp ulanyşyny tapýar.


Her bir türkmenistanly şeýle gysga döwrüň dowamynda gözümiziň alnynda bolup geçen beýik özgerişliklere buýsanýar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuna şatlanýar. Giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, gözel paýtagtymyz Aşgabat sebitiň ykrar edilen merjen şäherine öwrüldi.


Ýurdumyzyň baş şäheri bagy-bossanlyga bürenip, köşkleriniň altyn gümmezleri hem-de köp sanly suw çüwdürimleri bilen haýran galdyrýar, paýtagtymyzyň belent binalarynyň we desgalarynyň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.


Paýtagtymyz tutuş ýurdumyzy gurşap alan ägirt uly özgertmeleriň öň hatarynda bolmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem alamaty bolup durýar.


Ýagty geljege ynamly barýan halkymyzyň şeýle döredijilikli gujur-gaýratynda hemişe geçmiş baradaky hakyda jemlenýär.


...Gül desseleri “Milletiň ogullary” binasynyň etegine goýulýar. Bu bina tutuş ömrüni Garaşsyz Watanymyzyň azatlygy ugrundaky göreşe bagyş eden ene topragyň goragçylaryna halkymyzyň belent sarpasyny alamatlandyrýar.


Güýz gülleri «Baky şöhrat» ýadygärliginiň mermer daşlaryny haly kimin örtýär, bu bina adamzadyň taryhynda iň gan döküşikli uruş bolan 1941—1945-nji ýyllaryň söweşlerine gatnaşan hem-de batyrlygyň, harby borja wepalylygyň, ata Watanymyza çäksiz söýginiň ajaýyp nusgasyny görkezip, duşmanlar bilen söweşde wepat bolan türkmenistanlylaryň hormatyna guruldy.


1418 günläp dowam eden şol gazaply ýyllarda türkmenistanlylar doganlyk milletleriň wekilleri bilen egin-egne berip, geljek nesilleriň bagtyýar durmuşy, tutuş adamzadyň azatlygy ugrunda barlyşyksyz söweşlere gatnaşdy. Biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi uruş ýollaryny geçip, edermenligiň we watançylygyň, gaýduwsyzlygyň, arassa ruhy-ahlak ýörelgeleriniň ajaýyp nusgasyny görkezdiler, halkymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini mynasyp dowam etdiler.


Beýik watançylyk uruş ýyllarynda watançylyk borjuny berjaý etmekde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagyna-«Edermenligi üçin» diýen medala mynasyp boldy.


Häzirki wagtda, onlarça ýyllar geçenden soňra şol ýyllarda ildeşlerimiziň görkezen gahrymançylykly taryhy biziň kalplarymyzda baky saklanýar. Biz olara çäksiz buýsanmak bilen, gahrymanlaryň öçmejek ýagty ýadygärlikleriniň öňünde tagzym edýäris.


Mejlisiň ýolbaşçysy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, ýaşlar, köp sanly aşgabatlylar ýadygärliklere gül desselerini goýdular.


Şu gün bolan ýatlama çäresi Watanymyzyň edermen ogullarynyň deňsiz-taýsyz gahrymançylyklarynyň öňünde minnetdar nesillerimiziň çuňňur hormatyny we tagzymyny aňladýar.


Hormatly Prezidentimiz ýadygärlikler toplumynyň diwarynyň şu ýerinde taryhda öçmejek yz goýan we halkymyz hem-de ýurdumyz üçin bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bitiren meşhur şahsyýetleriň şekillerini synlady. Milli Liderimiz bu diwaryň ýüzünde geljek nesilleriň bagtyýar durmuşy, mähriban topragymyzyň asudalygy ugrunda janlaryny aýaman gahrymançylyk görkezen gerçekleriň şekillerini oturtmak işleriniň yzygiderli dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, halk gahrymanlaryny hatyralamak ýörelgeleri häzirki döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilmedidir.


Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ýygnananlar «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda sadaka berilýän ýere ugradylar.


Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, milli däp-dessurlarymyza eýerip, öten-geçenlerimizi, uruşda wepat bolan gahrymanlarymyzy, Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan ildeşlerimiz ýatlaýarys. Olaryň ruhlaryna bagyşlap sadaka berýäris, aýat-töwür edýäris diýip belledi.


Siziň Hatyra gününde berýän sadakalaryňyz, halkymyzyň abadançylygy, Watanymyzyň asudalygy we rowaçlygy üçin edýän doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! - diýip, milli Liderimiz aýtdy.


Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň müftüsine söz berdi, ol tebärek çykdy.


Tebärek çykylandan soňra, tagam çekildi. Soňra aýat-töwir okaldy.


Döwlet Baştutanymyz Beýik Alladan biwagt wepat bolanlaryň sarpasyna berlen sadakalarynyň we doga-dilegleriniň kabul bolmagyny ýene-de bir gezek dileg etdi, gadymy türkmen topragynda bolsa hemişe parahatçylygyň we agzybirligiň hem-de asudalygyň höküm sürmegini arzuw edip, ýatlama çäresine gatnaşyjylar bilen hoşlaşdy.


Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň heýkeliniň oturdylan ýerine geldi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň müftisi bilen bilelikde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň heýkelini hatyralap gül dessesini goýdy. Bu ýerde merhumyň ruhy ýatlanyp aýat-töwir okaldy.


Ýurt Garaşsyzlygyny goramakda, Türkmenistanyň dünýä ýüzünde ykrar edilmegi ugrunda beýik işleri bitiren S.A.Nyýazowyň bitiren işleriniň nusgalykdygy barada aýdyp, milli Liderimiz bu işleriň unudylmaly däldigine ünsi çekdi.


Munuň özi tutuş adamzat üçin ähmiýetli bolan ynsanperwerlikli dessurlaryň häzirki zamanda döwrebap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz bu işleriň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän oňyn ýörelgelerine we ýagşy dessurlaryna laýyk derejede ösdüriljekdigini belledi.


Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çärä gatnaşyjylar bilen bilelikde seýilgäh toplumynyň içi bilen ýöräp ugrady. Ýolugra milli Liderimiz paýtagtymyzyň seýilgählerini abadanlaşdyrmak, olarda dynç almak üçin zerur şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Munuň özi şäheriň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.


Milli Liderimiz seýilgähiň içi bilen ýöräp gelşine ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen baglanyşykly gürrüňini dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylda Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň doglan gününe 80 ýyl dolýandygyny aýtdy. Halkymyzyň asylly däbine eýerip, merhum Saparmyrat Türkmenbaşynyň aşy berilmelidir. Munuň özi parz hasaplanýan ýörelge bolmak bilen, ol Türkmenistanyň ilkinji Prezidentine bildirilýän hormat-sarpanyň nyşanydyr. Şeýle hem ol milletiň ynsanperwer däpleriniň mynasyp dowam edýändigini aňladýar.


Türkmenistanyň müftisi soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, raýatlardan haýyr-sahabat serişdeleriniň gelip gowuşýandygyny aýan etdi.
Milli Liderimiz halkymyzyň oňyn ýörelgelerine laýyklykda berilýän haýyr-sahawatlaryň metjitler we täze metjitleriň gurluşygy üçin ulanylmalydygyny belledi. Munuň özi halk tarapyndan berilýän haýyr-sahawatyň degişli maksatlar üçin ulanylmagynda aýratyn ähmiýetli bolup durýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkymyz häzir bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Döwletimiziň berkararlygy, onuň ykdysady kuwwaty adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda amala aşyrylýan asylly işleriň baş maksady halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.


* * *


Şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem hatyra çäreleri geçirildi.


Goý, Beýik Biribaryň dergähinde şu günki edilen doga-dilegler kabul bolsun!


Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk höküm sürsün!


 


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi