Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Töleg terminallarynyň hem-de nagt däl hasaplaşyklaryň amatlyklary


Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, Türkmenistan döwletimizi dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen möhüm özgertmeler durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmelerde ýurdumyzyň bank ulgamy aýratyn ähmiýete eýedir.


Hormatly Prezidentimiziň 2011-nji ýylyň 28-nji ýanwaryndaky karary esasynda “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy“ tassyklanyldy. Maksatnamanyň ikinji tapgyrynda bank kartlarynyň işini kämilleşdirmek, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini bank kartlarynyň we hasaplaşygyň beýleki görnüşleriniň üsti bilen giňeltmek, halkara töleg ulgamlary bilen hyzmatdaşlygy artdyrmak, bankomatlaryň, töleg we maglumat amal terminallarynyň sanyny köpeltmek bilen bagly wezipeler bellendi. Bu möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde Türkmen - Türk Paýdarlar täjirçilik banky hem öz işini döwrüň talabyna laýyklykda ýokary işjeňlik esasynda alyp barýar.


         Bank ulgamy tarapyndan alnyp barylýan işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýagny, bank kartlary bilen nagt däl hasaplaşyklary ösdürip, pul serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyryp, töleg ulgamynyň netijeliligini artdyrmak işleriniň durmuşa geçirilmegi we ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmaklyga, milli puluň hümmetini berkitmeklige, müşderileriň pul serişdelerini berk gorap saklamaklyga, pul serişdeleriň kadaly dolanyşygyny üpjün etmeklige, şeýle hem halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaklyga oňyn täsirini ýetirýär.


          Söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda satyn alnan harytlar, hyzmat edilýän nokatlarda edilen hyzmatlara tölegleri amala aşyrmak üçin degişli töleg terminallaryň  üsti bilen, çalt hasaplaşmaga mümkinçilik berýär. Ýagny, söwda we hyzmat ediş nokatlaryna kartlar bilen hasaplaşyklary geçirýän müşderileriň sanyny artdyrmak , hasaba alyşy kämilleşdirmek, nagt pullary daşamak, saklamak we sanamak üçin çykdajylary azaltmak ýaly mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem, bank kartlarynyň eýelerine nagt puly ýitirmek bilen bagly töwelgelçiligi peseltmek, hasaplaşykdaky ýalňyşlygy aradan aýyrmak, pul serişdesini goýum hökmünde saklamak bilen goşmaça göterim girdejisini gazanmak, islendik görnüşli söwda we hyzmat üçin tölegleri amal etmek, kart boýunça edilýän maliýe amallaryna gözegçilik etmek (SMS habar bermek, göçürme, balans we.ş.m.) ýaly amatlyklar hödürleýär.


          Nagt däl hasaplaşyklaryň häzirki zaman modelleriniň biri hem “Internet-bank”, şol sanda “Mobil-bank” hyzmaty bolup durýar. Bu bolsa öz gezeginde bankyň müşderileriniň pul serişdelerini şeýle hem gymmatly wagtlaryny tygşytlamaga ýardam berýär.


“Altyn-Asyr”  bank kartyňyza «Internet bank» hyzmatyny birikdirip, şu aşakdaky hyzmatlaryň töleglerini ýurdumyzyň çäginde internet arkaly amala aşyryp bilersiňiz:


         - bank hasaplarynyň galyndylaryny we hereketlerini görmek;


         - ipoteka we beýleki bank karzlaryny hem-de olaryň göterimlerini tölemek;


         - “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlaryny tölemek;


         - şäher telefon ulgamynyň hyzmatlaryny tölemek;


         - Ip-TV (AŞTU) hyzmatlaryny tölemek;


         - internet (AŞTU) hyzmatlaryny tölemek;


         - bank kart amallarynyň göçürmesini almak;


         “Internet-bank” hyzmatyna birikmek üçin bankymyza ýüz tutup bilersiňiz. Şeýle-de şu hyzmatdan peýdalanýan müşderiler üçin bankymyz “Mobil-bank” hyzmatyny hödürläp, ýokarda agzalan bank amallaryny ýörite programma üpjünçiligi arkaly has amatly we döwrebap görnüşinde ýerine ýetirip bilersiňiz. Bu hyzmatlary birikdirmek üçin ýanyňyzda pasportyňyz (nusgasy) we el telefonyňyzyň bolmagy ýeterlikdir.


         Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Pre­zi­den­timiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ähli karz edaralarynyň hödürleýän hyzmatlaryny has-da ýokary derejä çykarmaga, hasaplaşyklaryň döwrebap we ygtybarly usullaryny ornaşdyrmaga, bank ulgamynyň maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmaga amatly mümkinçilikleri döredýär.


Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, Watanymyzyň gülläp ösmegi, özgermegi, abraýynyň mundan beýläk hem arşa göterilmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!


 


 


Begençmyrat Ilamanow


Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň


Maliýe hasabatlary we ylmy-önümçilik bölüminiň müdiriniň orunbasary