Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

TÜRKMEN-TÜRK PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKYNYŇ 26 ÝYLLYGYNA


Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan – rowaçlygyň Watany diýlip atlandyrylan 2019-njy ýylda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän uly gerime eýe bolan işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda bank ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bank ulgamy ýurdumyzda ykdysady syýasatyň kemala gelmegine we bolup geçýän uly ykdysady özgertmelere gatnaşýar hem-de ykdysady döwlet maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirýär. Bu möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde beýleki täjirçilik banklar bilen bir hatarda Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky (Bank) hem öz işini döwrüň talabyna laýyklykda ýokary işjeňlik esasynda alyp barýar.
Bank 1993-nji ýylyň 31-nji martynda gol çekilen döwletara memorandum esasynda Türkiýe döwletinden “Ziraat” bankynyň we Türkmenistandan “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň gatnaşmagynda döredildi. Türkmenistan – rowaçlygyň Watany ýylynda döredilenine 26 ýyl bolýan bankymyz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan bäri ýurdumyzyň ykdysadyýetinde üstünlikli iş alyp barmak bilen, eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşine mynasyp goşandyny goşmagyny dowam etdirip gelýär. Bank geçen şol taryhy 26 ýylynyň dowamynda müşderileriniň sanyny ýylsaýyn artdyryp, olara ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürläp geldi. Ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda iri maýa goýum taslamalarynyň ençemesiniň maliýeleşdirilmegine gatnaşyp, eziz Diýarymyzyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň ýokary depginde saklanmagyna mynasyp goşandyny goşup gelýär.
Bank şahsy taraplaryň we telekeçileriň, edara görnüşli taraplaryň, edara görnüşli tarap bolmaýan beýleki guramalaryň hasaplaşyk, gündelik we goýum hasaplarynyň açylmagy, hasaplar boýunça pul geçirimleriniň amala aşyrylmagy, pul serişdeleriniň saklanylmagy, pul serişdeleri boýunça müşderilere we ynanylan wekiline degişli tassyknamalaryň berilmegi, töleg tabşyryklary, çekler, inkasso, akkreditiw, plastik kartlar bilen hasaplaşyklary, müşderilere töleg (POS) terminallaryň gurnalmagy, milli we daşary ýurt pulunda serişdeleriň talap edilýänçä we möhletli goýumlara kabul edilmegi, halkara töleg ulgamlarynyň üsti bilen daşary ýurtlara nagt däl görnüşde tölegleriň geçirilmegi we kabul edilmegi, “Wiza”, “Masterkard” halkara töleg kartlaryny, “Altyn asyr” töleg kartyny açmak we onuň bilen bagly amallary, şeýle-de döwür bilen aýakdaş ýagdaýda müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin bank hyzmatlarynyň beýleki görnüşleri müşderilere hödürlenýär. Bank hyzmatlaryny ilata ýokary hilli hödürlemek, müşderilere ösen derejede hyzmat etmek maksady bilen, bank tarapyndan hünärmenler ýurdumyzda we dünýäniň ösen döwletlerinde geçirilýän ýörite okuwlara yzygiderli ugradylyp durulýar. Bu bolsa müşderilere edilýän hyzmatlaryň hil taýdan kämilleşmeginde özüniň beýanyny tapýar.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-nji fewralynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” kabul edildi. Şu maksatnamada öňde duran ýedi ýylyň dowamynda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurduň bank ulgamynyň öňünde hem aýdyň wezipeler kesgitlendi. Maksatnamada ýurduň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlary bilen deň derejede bank ulgamyna hem sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, bank hyzmatlaryny sanly ulgamlaryň üsti bilen amala aşyrmak işine aýratyn üns berilýär.
Kabul edilen Prezident maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bank tarapyndan “Goýum”, “Maşgala” bank kartlaryny ilatyň arasynda giňden ýaýratmak, ulanyjy we bank üçin amatly taraplaryny düşündirmek, “internet-bank”, “mobil-bank” hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, bu hyzmatlar arkaly amal edilýän nagt däl hasaplaşyklaryň ýaýrawyny we görnüşini has-da artdyrmak boýunça uly möçberli işler durmuşa geçirilýär. Müşderileri täze bank önümlerine höweslendirmek maksady bilen häzirki günde bankymyz tarapyndan “Goýum” bank kartynyň galyndysyna ýyllyk 6% girdeji hasaplanýar. Şeýle-de, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň üstünde hem işler dowam etdirilýär. Bu bolsa müşderilerimiziň şeýle işler üçin banka gelip gitmeklige sarp edýän wagtlaryny we çykdajylaryny tygşytlamaga, hem-de nagt däl pul dolanyşynyň tizligini birnäçe esse çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Karz amallaryny yzygiderli kämilleşdirmek we gerimini giňeltmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň esasynda bankymyz diňe geçen 2018-nji ýylda karz goýumlarynyň möçberini degişli döwür bilen deňeşdirilende 3,3 esseden gowrak artdyrmagy başardy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin ýeňillikli, ýagny ýyllyk 1% bilen 3 ýyla çenli möhletli karzlary bermegi güýçli depginde dowam etdirýär. 2018-nji ýylda bankymyz tarapyndan ýaş çatynjalara berlen ýeňillikli karzlaryň möçberi degişli döwür bilen deňeşdirilende 1,05% ýokarlandy. Bankymyzyň karz bukjasynda ykdysadyýetiň hususy bölegine degişli edara görnüşli taraplara we hususy telekeçilere berlen karzlaryň ähmiýeti uly bolup durýar. Bank tarapyndan maýa goýum taslamalary, dolanyşyk serişdeleri, oba hojalyk tehnikalary, buldozerleri satyn almak üçin ýeňillikli göterim bilen karz serişdelerini berýär. Diňe geçen ýylda Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine degişli edara görnüşli taraplaryň we hususy telekeçileriň maýa goýum taslamalaryna gönükdirilen karzlaryň möçberi degişli döwür bilen deňeşdirilende 1,8 esseden gowrak artdy. Karzlar esasan hem azyk senagaty, dokma senagaty, senagat we oba-hojalyk pudaklaryna gönükdirildi. Maliýeleşdirilen şol maýa goýum taslamalarynyň eýýäm onlarçasy önümçiligi ýola goýmak bilen, öz öndüren ýokary hilli önümlerini bazarlarymyzyň üsti bilen halkymyza hödürläp, olaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda işleri güýçli depginde alyp barýarlar. Şeýle-de, bank tarapyndan maliýeleşdirilen maýa goýum taslamalarynyň netijesinde ýüzlerçe täze iş orunlary döredildi we raýatlarymyz iş bilen üpjün edildi.
Bankymyz tarapyndan müşderilere hödürlenýän karz amallarynyň içinde ipoteka karzy halkyň uly isleg bildirýän karz görnüşi bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň döwrebap jaýlardan satyn almagyna doly mümkinçilik berýär. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan 2018-nji ýylda ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin ilata berlen ipoteka karzlaryň möçberi degişli döwür bilen deňeşdirilende 2,2 essä golaý köpdür.
Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna karz goýumlarynyň yzygiderli artdyrylmagy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça”, “Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça” maksatnamalarynda, şeýle-de Türkmenistan – rowaçlygyň Watany ýylynda kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri ýokary hilli we öz wagtynda durmuşa geçirilmegine, ýokary hilli önümleriň öndürilip içerki bazarlarymyzda haryt bolçulygynyň döredilmegine, import üçin daşary ýurda gidýän gyzyl puluň azalmagyna, bahalaryň elýeterli bolmagyna, öndürijileriň bäsleşikli esasda işlemeklerine, eksportuň möçberiniň ýokarlanyp ýurda gelýän gyzyl puluň artmagynda, halkara zähmet bölünişiginde ýurdumyzyň tutýan ornunyň has-da pugtalanmagyna ýakyndan ýardam eder.
Umuman, bank ulgamynda durmuşa geçirilýän şeýle iri möçberli özgertmeler, kabul edilen maksatnamalar “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda bank ulgamynyň ösüşler ýolunda uly menzilleri geçjekdiginiň buşlukçysy bolup durýar. “Meniň ilkinji nobatda ähli aladam halkym bolar” diýip, halkynyň her bir gününi beýik rowaçlyklara besleýän, ýaşamaga, zähmet çekmäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döreden, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny belende göteren Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň elmydama janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, tutumly başlangyçlarynyň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.


 



Begmyrat Kakalyýew,
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň
Maliýe monitoring bölüminiň müdiriniň
wezipesini ýerine ýetiriji.