Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan maslahaty geçirdi


12.06.2018


Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň, şäher hem-de etrap gulluklarynyň edara ediş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň, şeýle hem ony talabalaýyk ulanyş ýagdaýynda saklamagyň meseleleri girizildi.


Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, soňky ýyllarda paýtagtmyzy ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi. Aşgabat şäherini ösdürmäge köp mukdarda maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär, şäheriň çäkleri giňeldilýär. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda gurulýan täze binalaryň arasynda durmuş maksatly desgalaryň örän köpdügini belläp, olaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň binalarynyň, muzeýleriň, hassahanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport desgalarynyň, söwda merkezleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň we başga-da köp sanly durmuş maksatly desgalaryň bardygyny aýtdy. Binagärlik taýdan özboluşly desgalar gurulýar. Olaryň käbiri Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi. Hatda Aşgabat şäheriniň özi hem dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde dünýäde gazanylanlaryň meşhur kitabynda mynasyp orny eýeledi diýip, milli Liderimiz belledi.


Soňra döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny diňledi.


Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň baş şäherini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek we durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.


Şeýle hem häkim häzirki wagtda ak mermerli Aşgabadyň ýol-ulag düzümini yzygiderli ösdürmek, köprüleri, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri, awtoduralgalary, şeýle hem köp zolakly halkalaýyn ýollary gurmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamany ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň iň ýokary standartlara laýyk gelmelidigini nygtap, şäher hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, täze tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy talap etdi. Milli Liderimiz şäheriň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.


Soňra jemagat hojalygy ministri M.Abilow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda paýtagtymyzyň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmagyň wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar.


Şeýle hem ministr häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli çäklerinde abadanlaşdyryş işleriniň depginleri, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda işlenip taýýarlanylan maksatnama hem-de ondan gelip çykýan wezipeleri geljekde hem üstünlikli berjaý etmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna we ähli degişli düzümleriň bu ugurda alyp barýan işiniň utgaşdyrylmagynyň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi hem-de bu babatda ministre degişli görkezmeleri berdi. Bu ugurda alnyp barylýan işler döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýulmalydyr we olaryň netijeleri äşgär duýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz bu işleriň durmuşa geçirilişine yzygiderli gözegçilik edilmelidigini tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew paýtagtymyzyň köçelerini abadanlaşdyrmak, yşyklandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, jemagat-ýaşaýyş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.


Şeýle hem maslahatyň dowamynda wise-premýer Aşgabatda sil suwlaryny sowmaga degişli inženerçilik-tehniki desgalaryň gurluşygy boýunça ýörite meýilnamany taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we bu ugra degişli teklipleri hödürledi.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslama bilen tanşyp, oňa birnäçe düzedişleri girizdi we degişli bellikleri aýtdy. Bu desgalara bildirilýän ähli talaplar berk berjaý edilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu meýilnamany täzeden işlemek boýunça anyk görkezmeleri berdi.


Şeýle hem maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa we maliýe-ykdysadyýet ulgamynyň ýolbaşçylaryna şäheri abadanlaşdyrmak babatda meýilleşdirilen çäreleri maliýeleşdirmek boýunça degişli tabşyryklar berildi.


Soňra döwlet Baştutanymyz Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri M.Mämmedowa paýtagtymyzda degişli arassaçylyk çäreleri bilen baglanyşykly ähli meselelere berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ilatyň arasynda bu ugurda wagyz-nesihat işleriniň geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.


Hormatly Prezidentimiz howa ýagdaýy baradaky maglumatlaryň öz wagtynda takyk berilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň girdrometerologiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Miminowa birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Milli Liderimiz şeýle hem paýtagtymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek nukdaý nazaryndan Aşgabat şäherini bagy-bossanlyga büremek 
maksady bilen, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy babatda Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazmyradowa birnäçe tabşyryklary berdi.


Döwlet Baştutanymyz senagat ministri H.Mergenowa paýtagtymyzyň demirgazygynda kemala gelýän senagat zolagyny ösdürmek hem-de Aşgabatda gurulýan desgalary ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Soňra hormatly Prezidentimiz energetika ministri Ç.Pürçekowa paýtagtymyzyň energiýa üpjünçiliginiň bökdençsizligini ýola goýmak, elektrik geçirijileriň durkuny täzelemek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, şäheri ösdürmegiň geljekki meýilnamalarynyň durmuşa geçirilişini nazara almak bilen, degişli düzüm mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmalydyr.


Şeýle hem maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik ministri S.Selimowa paýtagtymyzyň binalarynyň we desgalarynyň, inženerçilik ulgamynyň taslamalary taýýarlanylanda olary hökmany ýagdaýda seljermegi tabşyrdy. Hereket edýän gurluşyk kadalary raýat goranyş we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça talaplara laýyk getirilmelidir.


Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň şaýollarynyň we köçeleriniň, şeýle hem olaryň ugrundaky inženerçilik-tehniki ulgamlaryň hemişe abat saklanylmagynyň wajypdygyny belläp, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy A.Öwezowa degişli tabşyryklary berdi.


Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat ýurdumyzyň ýüzi we onuň belent abraýy bolup durýar. Aşgabat özygtyýarly döwletimiziň ykdysady hem-de syýasy ösüşiniň, jemgyýetiň medeni hem-de ruhy derejesiniň, ylym-bilim mümkinçilikleriniň esasy görkezijisi bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.


Hormatly Prezidentimiz şäher häkimi Ş.Durdylyýewe hem-de jemagat hojalygy ministri M.Abilowa şäheriň ähli etraplarynda, aýratyn-da, täze döredilen etraplarynda köçeleri bagy-bossanlyga öwürmek we abadanlaşdyrmak, baglary hem-de seýilgähleri tertibe salmak boýunça işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.


Häzirki döwürde Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimlikleriniň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, şäherde degişli durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň takyk işlemelidigine ünsi çekdi.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek, ulag, inženerçilik we jemagat hojalygy, aragatnaşyk hem-de energetika ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek, şäheriň önümçilik pudaklaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, gurluşyk işlerinde iň häzirki zaman innowasion tehnologiýalary ulanmak, paýtagtymyzy sebitiň örän ähmiýetli syýahatçylyk merkezine öwürmek maksady bilen, zerur bolan üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça wezipeleri kesgitledi.


Milli Liderimiz raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň merkezi gulluklarynyň degişli ministrliklerde we pudak edaralarynda döredilmegini üpjün edip, olaryň hemişe sazlaşykly işlemegini berk gözegçilikde saklamak barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewe anyk tabşyryklary berdi.


Maslahatyň ahyrynda milli Liderimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak, durmuşyň ýokary ölçeglerini üpjün etmek meselelerine Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynda möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady.


Dünýäde iň gözel we arassa, adamlar üçin amatly hem-de oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň abraýyny gorap saklamak biziň ählimiziň belent borjumyz bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


Döwlet Baştutanymyz maslahaty jemläp, oňa gatnaşyjylara mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.


 


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi