Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi


17-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipelere garaldy, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Milli Liderimiz mejlisi açyp, 18-nji maýda ýurdumyzyň uly baýramy - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi ilkinji gezek döwlet derejesinde giňden belleýändigini aýtdy.


Berkarar Watanymyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy halkymyzyň mizemez agzybirligini, bitewüligini alamatlandyrýar, parahatçylyk we döredijilik ýörelgesine üýtgewsiz ygrarlydygyny aýdyň görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.


Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän Konstitusiýamyz, Ýer ýüzünde belentden pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli buýsanjymyzdyr.


Esasy Kanunymyzda jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamlaryň hukuklary we azatlyklary kepillendirilýär. Biz şundan ugur alyp, milli guwanjymyza öwrülen ýaşyl Tugumyzyň astynda Türkmenistanyň iň täze taryhyny döredýäris.


Eziz Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary we özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdirdi.


Ösen ykdysadyýeti, kämil syýasy ulgamy bolan, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň binýadyny barha berkidýäris. Biz Esasy Kanunymyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplyk ýörelgesinden ugur alyp, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýarys.


Abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary yzygiderli giňeldýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


Geljekde hem biziň iň beýik maksadymyz ösen demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň - berkarar Watanymyzyň dünýäde eýeleýän ornuny has-da berkitmekden ybarat bolar diýip, milli Liderimiz belledi.


Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny, ýurdumyzyň halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.


Soňra hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer DIM-niň işi hakynda aýdyp, Türkmenistanyň wekiliýetiniň 12 - 13-nji maýda Eýran Yslam Respublikasyna bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.


Saparyň çäklerinde Tähranda EYR-nyň pudaklaýyn ministrliklerinde we birnäçe düzümlerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi. Şolaryň dowamynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, energetika we ulag ulgamy ýaly möhüm pudaklardaky türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň wekiliýetini Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti kabul etdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň hem-de Eýranyň gadymy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýe bolmagynyň häzirki zaman ýagdaýlaryny hem-de mümkinçiliklerini nazara almak bilen, özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge ikitaraplaýyn taýýarlygyny äşgär edýändigini belledi.


Döwlet Baştutanymyz ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde yzygiderli durmuşa geçirmegiň, dürli pudaklardaky netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri herekete girizmegiň türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny kesgitlemegiň hem-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.


Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän çäreler barada habar berdi.


Ýurdumyzyň Esasy Kanunyndan we halkara hukukdan gelip çykýan düzgünleri nazara almak bilen, Mejlisiň komitetlerinde hereket edýän kanunlary seljermek, milli Liderimiziň taryhy başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işleriň dowam edýändigi bellenildi. Şol başlangyçlar bolsa halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, hususy telekeçiligi, ulag ulgamyny, senagat pudaklaryny, oba hojalygyny we beýleki ulgamlary ösdürmäge gönükdirilendir.


Deputatlar halkymyzyň ruhy hem-de demokratik tejribesini, milli bitewüligi we jebisligi alamatlandyrýan ählihalk baýramy - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralýan dabaralara, maslahatlara hem-de duşuşyklara işjeň gatnaşýarlar.


Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň Konstitusiýasy: täze taryhy eýýam we ösüşiň milli tejribesi” atly ylmy-amaly maslahatyň döwletimiziň konstitusion gurluşynyň, döwleti netijeli dolandyrmagyň tejribesini, ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri wagyz etmekde we dünýä ýaýmakda uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalaryny hem-de taslamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmekde milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işiniň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz umumy ykrar edilen halkara hukuk resminamalary bilen içgin tanyşmagyň, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen birlikde, olary milli kanunçykaryjylyk tejribesinde nazara almagyň möhümdigini nygtady.


Döwlet Baştutanymyz halkyň saýlanlarynyň ýerlerde alyp barýan işleriniň, saýlawçylaryň sargytlaryny, adamlaryň ýaşaýyş we zähmet şertlerini öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, nobatdaky okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.


Ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde “Soňky jaň” dabaralary “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçiriler.


Uçurymlar üçin paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençler hem guralar. “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde uly dabara bolar. Dabara gatnaşýan göreldeli uçurymlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlar gowşurylar. Baýramçylyk sungat ussatlarynyň konserti bilen jemlener. Okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli çäreler ähli welaýatlaryň merkezlerinde hem geçiriler.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, mekdebi tamamlaýan ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesi üçin “Soňky jaň” dabarasynyň özbaşdak durmuşa gadam basylmagyny alamatlandyrýan aýratyn wakadygyny belledi. Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzda ýaşlaryň öz ukyplaryny we zehinlerini görkezmegi, ýokary hilli bilim hem-de saýlan hünärini almagy, gözýetimini yzygiderli giňeltmegi, döwrebap bilimleri ele almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini aýtdy.


Uçurymlar üçin bu günüň olary durmuşyň täze möhüm tapgyryna ruhlandyrýan ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrülmegi üçin öňümizdäki dabaralara taýýarlyk görmäge hem-de geçirmäge döredijilikli çemeleşmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere okuw ýylynyň tamamlanmagyna gabatlanylan çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek çäreler hem-de “Ýüpek ýoly - ýürek ýoly” atly teatr festiwalynyň taslamasy barada hasabat berdi.


Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsert maksatnamasyna Watanymyzy, ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýeten derejesini, özboluşly milli däp-dessurlarymyzy wasp edýän aýdym-sazly we folklor çykyşlary giriziler.


Festiwal aralygynda Aşgabatda guramak meýilleşdirilýär. Teatr toparlary ýurdumyzyň taryhyna we görnükli şahsyýetlerine bagyşlanan sahna oýunlaryny, milli Liderimiziň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda beýan edilýän rowaýatlar esasynda sahnalaşdyrylan çykyşlaryny görkezerler.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň, görnüşlerini artdyrmagyň, täze zehinleri ýüze çykarmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz milletiň ahlak we medeni taýdan kämilleşmegine ýardam edýän döredijilik toparlarynyň goşandynyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň özenidigini nygtady.


Milli Liderimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.


Hormatly Prezidentimiz iýul aýynyň başynda geçiriljek teatr festiwalyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, milli medeniýetimizi wagyz etmekde, ýurdumyzyň sahna sungatyny kämilleşdirmekde, teatrlaryň repertuarlaryny baýlaşdyrmakda, umuman, giň jemgyýetçiligiň ünsüni teatr sungatyna çekmekde onuň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere “Ýüpek ýoly - ýürek ýoly” teatr festiwalynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de maliýe-ykdysady ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


Milli Liderimiz hasabaty diňläp, baş maliýe meýilnamasynyň serişdelerini, öňi bilen saglygy goraýşa, ylma we bilime, durmuş üpjünçiligine, jemagat hojalygy hyzmatlaryna gönükdirilýän serişdeleri netijeli paýlamagyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz milli özgertmeler maksatnamalarynda bellenilen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere ähli pudaklaryň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek, maýa goýumlary netijeli peýdalanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.


Adalat ministri B.Muhamedow häzirki döwrüň belent maksatlaryna ýetmek üçin ygtybarly binýat bolan ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň çäklerinde geçirilýän işler barada hasabat berdi. Ministrligiň ýolbaşçysy salgyt salmak hem-de ýygymlar meseleleri boýunça hukuk resminamalaryna geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hem habar berdi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada teklipleri öz wagtynda taýýarlamagyň, olary Mejlisiň garamagyna hödürlemegiň möhümdigini nygtady. Täzelenen, döwrüň talap edýän kadalaşdyryjy - hukuk namalary ýurdumyzy geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek wezipeleriniň üstünlikli çözülmegini üpjün etmäge ýardam bermelidir diýip, milli Liderimiz ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde, raýatlara jemgyýetçilik kabul edişlikleriň çäklerinde ýokary derejeli hukuk kömegini bermek işini dowam etmegi-de tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda ak ekinlere edilýän ideg bilen bir hatarda, galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.


Galla oragy möwsümini ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk çäreleri görülýär. Galla möwsüminde işleýän mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin ähli durmuş şertleri dörediler. Medeniýet işgärleriniň çykyşlary, göçme söwda guralar.


Hormatly Prezidentimiz galla oragyny öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri üpjün etmegi, ýygnalan hasyly ýokary derejede saklamak babatda öňünden alada etmegi wise-premýerden berk talap etdi.


Milli Liderimiz galla oragynda işlediljek kombaýnlara tehniki hyzmat etmek meselelerine, ýygnalan hasyly ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak, gallaçylar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek bilen baglanyşykly wezipelere üns bermegi tabşyryp, bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 24 - 25-nji maýda “Ak şäherim Aşgabat” ХVII köpugurly halkara sergisini we baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.


Wise-premýeriň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda geçirilýän wekilçilikli foruma dünýäniň dürli döwletlerinden birnäçe toparlar geler. Daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň, öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň wekilleri, şol sanda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň toparlary, telekeçiler halk hojalyk toplumynyň pudaklary boýunça öz önümlerini görkezerler.


Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň birnäçe seýilgählerinde artistleriň we döredijilik toparlarynyň çykyşlary guralar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara gatnaşyklaryny, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmekde we berkitmekde, ýurdumyzyň baş şäheri bolan ak mermerli Aşgabady dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwürmek maksady bilen, maýa goýumlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary çekmekde iri möçberli gözden geçirilişiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu işewür çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Forumyň işi diňe bir halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, täze tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeleri iş ýüzünde ulanmak babatda has-da ähmiýetlidir.


Döwlet Baştutanymyz öňde boljak baýramçylyk çärelerine ünsi çekip, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralýan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Soňra mejlise çagyrylan Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň baş şäherinde döwrüň talabyna laýyk gelýän abadanlaşdyryş işlerini alyp barmak, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda amala aşyrylýan işleriň hiliniň we derejesiniň nusgalyk bolmalydygyny belläp, şäher düzüminiň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, täze tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy talap etdi we häkime bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.


Soňra jemagat hojalygy ministri M.Abilow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ministrligiň ýolbaşçysy hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň degişli gulluklaryň işini kämilleşdirmek, ilata edilýän jemagat hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.


Milli Liderimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň ýaşaýyş-durmuş düzümini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, pudaga oňyn usullary we täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz täze ýaşaýyş toplumlaryny abadanlaşdyrmak hem-de gök zolaklary döretmek meselelerini, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki durmuş maksatly desgalaryň suw we energiýa üpjünçiligi ulgamlarynyň bökdençsiz işini ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Lebap welaýatynyň Kerki hem-de Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherlerinde howa menzilleriniň gurluşygynyň barşy hem-de Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, raýat awiasiýasynyň döwletimiziň ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny, onuň sebitleri birleşdirijidigini, halkara giňişlige goşulyşdyrýandygyny belledi.


Milli Liderimiz ähli welaýatlarda ýolagçylara degişli hyzmatlaryň tutuş toplumyny hödürleýän hem-de uçarlaryň islendik görnüşlerini kabul etmäge ukyply uçuş-gonuş zolakly häzirki zaman howa menzilleriniň gurulmagynyň ýurdumyzyň howa ulagynyň ösen düzümini döretmek, olaryň howpsuzlyk we ygtybarlylyk maksady bilen iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi boýunça umumy strategiýanyň bölegi bolup durýandygyny nygtady.


Döwlet Baştutanymyz bu meseläni dowam edip, wise-premýerden howa menzilleriniň gurluşygyna degişli guramaçylyk, utgaşdyryş hem-de işleriň hili bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz wise-premýere Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň şu ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen çäreleri geçirmegi tabşyrdy.


Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz O.Suhanowy awtomobil ulaglary ministri wezipesine belledi. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, ol Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy wezipesinden boşadyldy.


Soňra döwlet Baştutanymyz bar bolan kemçilikler barada durup geçip, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary — Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy podpolkownik R.Orazmämedowyň işini tankyt etdi hem-de ony eýeleýän wezipesinden boşadýandygyny aýtdy.


Beýleki birnäçe ýolbaşçylaryň adyna hem bellikler aýdyldy. Milli Liderimiz olardan ýolbaşçylyk edýän düzümlerine gözegçiligi güýçlendirmegi hem-de işi has netijeli ýola goýmagy talap etdi. Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýewe, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowa, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe, jemagat hojalygy ministri M.Abilowa, «Türkmenhowaýollary» gullugynyň başlygy D.Saburowa berk käýinç yglan etdi.


Wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, tabynlygyndaky şahsy düzümiň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, goranmak ministri Ý.Berdiýewe berk käýinç yglan edildi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda dünýä tejribesinde üstünlikli ulanylýan döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzda çykarylýan nebitiň möçberini artdyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.


Wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit we gaz guýularynyň önümliligini ýokarlandyrmak boýunça göz öňünde tutulan maýa goýum taslamasy barada-da habar berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumyny okgunly ösdürmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.


Milli Liderimiz işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýän ýurdumyzyň bu ugurda anyk ädimleri ädýändigini, munuň bolsa dünýäniň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanmasyny artdyrýandygyny aýtdy hem-de Türkmenistanyň özara bähbitlilik esasynda gatnaşyklary giňeltmek üçin hemişe açykdygyny nygtady.


Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işi we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynyň öňünde möhüm we jogapkärli wezipeleriň durýandygyny, olaryň çözülmeginiň ýurdumyzyň okgunly ösmegine we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýdyp, Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysyna dürli pudaklarda işleriň ýagdaýy hem-de ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi babatda degişli barlaglary geçirmegi dowam etmegi tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda pudagyny ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurtlaryň bazarlarynda ýerlemegiň hasabyna daşarky haryt dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berip, milli Liderimiziň garamagyna Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan guruljak desgalaryň sanawyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklipleri hödürledi.


Türkmenistanda önümçilik kuwwaty we haryt üpjünçiligi yzygiderli artýar, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň mukdary köpelýär we daşyndan getirilýän önümleriň mukdary azalýar. Önümleriň görnüşlerini giňeldýän hem-de harytlaryň täze görnüşleriniň önümçiligini özleşdirýän ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň täze kärhanalarynyň işe girizilmegi hem muňa ýardam edýär.


Bu ulgamda geçirilen seljermeleriň netijesinde, önümleriň aýry-aýry görnüşleri boýunça önümçilik kuwwatlyklarynyň ýeterlik derejede gurlup, işe girizilmegi we hereket edýändigi bilen baglylykda, häzirki wagtda içerki bazarlarda emele gelen isleg-teklipleri nazara alyp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça meýilnamany üýtgetmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, sanawa goşmaça önümçilik desgalaryny goşmak, käbirlerini ondan aýyrmak, beýlekilerine bolsa üýtgetmeleri girizmek teklip edilýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga ýardam edýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bazary harytlar we hyzmatlar bilen üpjün etmekde, ýerli serişdeleri netijeli özleşdirmekde, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmakda telekeçilige möhüm ornuň degişlidigini belläp, wise-premýere hödürlenen teklipler boýunça anyk tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek, Türkmen halysynyň we dokma senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli guraljak dabaraly çärelere taýýarlyk görmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.


Ýurdumyzyň ýeňil senagaty işgärleriniň hormatyna guralýan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň çäklerinde, 27 — 28-nji maýda dokma we haly önümleriniň halkara sergisini geçirmek meýilleşdirildi. Bu giň möçberli forum ýurdumyzyň dokma senagatynyň ýeten derejesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХVIII maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.


Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň eksport edýän harytlarynyň möçberleriniň we görnüşleriniň artmagy bilen, Senagat ministrliginde gaplaýjy serişdeleriň, hususan-da, polipropilen haltalaryň önümçiligini giňeltmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Şu maksat bilen, “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni bilen TSTB agzalary bolan hususy telekeçileriň gatnaşmagynda “Rysgally horjun” hojalyk jemgyýetini döretmek meýilleşdirilýär.


Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda täze tehnologiýalar esasynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän pagtadan hem-de ýüpekden taýýarlanylýan ýokary hilli dokma önümleriniň, şeýle hem el halylaryň köp görnüşleriniň öndürilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň milli däplerini we medeni mirasyny döwrebap ösdürmegiň we aýawly saklamagyň wajypdygyny belläp, dokma senagatynyň işgärleriniň, ýurdumyzyň halyçylarynyň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligini artdyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýan önümleri täzeçil tehnologiýalaryň esasynda öndürýän gaýtadan işleýän toplumlaryň ulanmaga berilmegi bilen bu ulgamda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyryljakdygyny belledi.


Döwlet Baştutanymyz täze senagat önümçilikleriniň, şol sanda döwlet-hususyýetçilik esasda döredilýän bilelikdäki kärhanalaryň işe girizilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmeginiň ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň maýa goýum mümkinçiligini işjeňleşdirmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew Watanymyzyň goranyş kuwwatyny berkitmek, goşunlaryň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň wezipeleriniň birkemsiz ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Munuň özi strategik esaslary kesgitlemek bilen, ýurdumyzyň mukaddes çäkleriniň howpsuzlygyny we eldegrilmesizligini üpjün edýän hem-de tutuş dünýäde parahatçylygyň we dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň esasyny düzýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýän gulluklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde jemgyýetçilik-hukuk tertibini üpjün etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdiler.


Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy türkmen döwletiniň dolulygyna parahatçylyk we goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna üýtgewsiz ygrarlydygyny belläp, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli düzümleriň işiniň utgaşykly ýola goýulmagynyň zerurdygyny aýtdy. Türkmen topragynda asudalygy we durnuklylygy saklamakda, ýurdumyzda kanunçylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmekde möhüm orun degişli bolan harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini yzygiderli kämilleşdirmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.


Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow gözegçilik edýän düzümleriniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi.


Milli Liderimiz bu düzümiň sazlaşykly işiniň daşary döwletler bilen ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde, umuman, milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagynda uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow milli Liderimiziň migrasiýa işlerini kämilleşdirmek, hususan-da, daşary ýurtly raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlary bellige almagyň hem-de giriş we çykyş wizalaryny resmileşdirmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamanyň täze redaksiýasyny taýýarlamak barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda yzygiderli durmuşa geçirilýän parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde, dünýäniň syýasy hem-de işewür toparlarynyň wekilleriniň, daşary ýurt raýatlarynyň Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistana gyzyklanmasy artýar diýip belledi. Munuň özi Döwlet migrasiýa gullugynyň işiniň ugurlaryny giňeltmekde öz beýanyny tapýar. Şol iş bolsa daşary ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz migrasiýa meselelerini kadalaşdyrýan hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.


Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Hudaýkulyýew ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilen seljermäniň netijeleri barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu gullugyň guramaçylyk, usulyýet, hukuk hem-de işgärler üpjünçiligini kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz ykdysady jenaýatlaryň öňüniň alynmagyna gönükdirilen degişli meýilnamalary, ýörite çäreleri işläp taýýarlamagyň möhümdigini belläp, bu ulgamda öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmegi hem-de peýdalanmagy tabşyrdy.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň barşynda başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini jemläp, bu ýere ýygnananlara eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan möhüm we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


 


 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi