Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna ugrady


30.04.2018


Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sa­pa­ry bi­len Bal­kan we­la­ýa­ty­na ug­ra­dy.


Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy res­mi adam­lar gar­şy­la­dy­lar.


Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar duz-çö­rek hö­dür et­di­ler. Din iş­gär­le­ri Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ni we mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny di­leg edip, do­ga oka­dy­lar.


Ýa­şu­lu­lar türk­me­nis­tan­ly­la­ryň hal-ýag­da­ýy­ny hem-de dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky ýa­daw­syz ala­da­la­ry üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, berk jan sag­lyk we mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan örän uly iş­le­rin­de tä­ze aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di­ler. Ýa­şu­lu­lar şeý­le hem mil­li Li­de­ri­mi­zi Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de ägirt uly tä­ze gur­lu­şyk bo­lan Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň öň­de bol­jak açy­ly­şy bi­len gut­lap, bu ta­ry­hy wa­ka­nyň Wa­ta­ny­my­zyň se­ne­na­ma­sy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­jak­dy­gy­ny bel­le­di­ler.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki wagt­da di­ňe bir ýur­du­my­zyň için­de däl, eý­sem, dün­ýä­de iri möç­ber­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Biz “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty­ny alyp ba­ryp, türk­men mil­le­ti­ne mah­sus bo­lan hem-de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň bi­ze goň­şu­lar bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry sak­la­ma­gy wes­ýet eden pa­ra­sat­ly ýö­rel­ge­le­rin­den ugur al­ýa­rys. Şu ýy­lyň şy­ga­ry­ny biz “Türk­me­nis­tan - Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýip yg­lan et­dik. Biz ulag-üs­ta­şyr ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek üçin ýur­du­myz­da uly iş­le­ri ge­çir­dik - ho­wa men­zil­le­ri­ni gur­duk, aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny we de­mir ýol­la­ry çek­ýä­ris. Ol ýol­lar di­ňe bir ýur­du­my­zyň içi­ne däl, eý­sem, beý­le­ki do­gan­lyk ýurt­la­ra hem çe­kil­di. Bu bol­sa gel­jek­de öz oňyn tä­si­ri­ni ýe­ti­rer di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.


Bu ýer­de, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da, biz Ha­za­ryň ke­na­ryn­da hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän de­ňiz por­tu­ny gur­duk di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di hem-de Ha­za­ry pa­ra­hat­çy­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň deň­zi di­ýip at­lan­dyr­ýa­rys di­ýip nyg­ta­dy. Bu dog­ru­dan hem şeý­le­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy, çün­ki bu de­ňiz por­ty di­ňe bi­ziň ýur­du­my­zyň däl, eý­sem, beý­le­ki döw­let­le­riň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­ma­gy­na hem tä­sir eder.


Biz ýur­du­myz­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny giň möç­ber­de di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga gi­riş­dik, äh­li we­la­ýat­lar­da mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýä­ris. Bal­kan we­la­ýa­ty­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, bu ýer­de me­de­ni äh­mi­ýet­li des­ga­la­ryň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, mek­dep­le­riň, has­sa­ha­na­la­ryň köp­ san­ly­sy gur­lar, şu ýyl bol­sa Awa­za­da-da tä­ze şy­pa­ha­na ulan­ma­ga ber­ler.


El­bet­de, bu­la­ryň hem­me­si bi­zi has-da gu­wan­dyr­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy, ýö­ne öň­de bi­ti­ril­me­li ze­rur iş­ler has-da köp. Ýur­du­my­zy ös­dür­mä­ge de­giş­li mö­hüm me­se­le­le­ri biz si­ziň bi­len Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň baý­ram edil­me­gi­niň öň ýa­nyn­da ge­çir­jek Halk mas­la­ha­ty­myz­da ara alyp mas­la­hat­la­şa­rys.


“Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­gar as­tyn­da ama­la aşy­ryl­ýan iri möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­ry­my­zyň äh­li­si mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­na we gül­läp ös­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di hem-de ak­sa­kgal­la­ra jem­gy­ýet­de ag­zy­bir­li­giň we je­bis­li­giň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, aý­ra­tyn-da, ösüp gel­ýän nes­li wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek işi­ne goş­ýan go­şan­dy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.


Soň­ra mil­li Li­de­ri­mi­zi şa­dy­ýan ça­ga­lar joş­gun­ly goş­gu­la­ry we aý­dym­la­ry bi­len mü­bä­rek­le­di­ler.


Şeý­le hem şu ýer­de dö­re­di­ji­lik to­par­la­ryň çy­kyş­la­ry bol­dy. Olar aja­ýyp aý­dym-saz­ly kom­po­zi­si­ýa­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler, ol küşt­dep­di tan­sy­na ut­gaş­dy.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow joş­gun­ly sun­ga­ty üçin ar­tist­le­re min­net­dar­lyk bil­di­rip, Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky ka­bul­ha­na­sy­na ta­rap ug­ra­dy.


 


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi