Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz milli baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşdy


28.04.2018


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde halypa çapyksuwarlaryň at çapyşyklary, ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik ugruna degişli hünärleriň wekilleriniň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ýeňijilerini we baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy boldy.


Her ýyl geçirilýän bäsleşik türkmen atlarynyň şöhratyna bagyşlanan esasy baýramçylyk çäreleriniň biridir. Ol atçylyk däpleriniň ösdürilmegini höweslendirmäge, köptaraply medeni miras, kämil derejedäki täsin ýüze çykma hökmünde ahalteke tohum atlaryna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilendir, bäsdeşlik ruhy bolsa wakalaryň şowhunyny hem-de täsirli duýgulary güýçlendirýär.


Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň baştutanlary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri şu gün irden Ahalteke atçylyk toplumyna geldiler. Bu ýere ýurdumyzyň dürli künjeklerinden baýramçylyga gatnaşyjylar, şol sanda tutuş ömründe saýlap alan işinde ajaýyp üstünlikleri gazanan, şu günler sarpalanýan abraýly atşynaslar, atlaryň täsin dünýäsi bilen ol ýa-da beýleki ýagdaýda gatnaşygy bolan beýleki pudaklaryň hakyky ussatlary hem ýygnandylar.


Köpetdagyň eteklerindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy köp sanly myhmanlary owadan bezelen görnüşde garşylady. Saýlama bedewleri ýetişdirmek we seýislemek üçin ajaýyp şertler döredilen bu atçylyk merkezi dünýä atçylygynda öňdäki orny eýeläp, jahanyň ähli ýerlerinden pudaga degişli hünärmenleriň hem-de bilermenleriň ünsüni özüne çekýär.


Çünki türkmen halkynyň milli gymmatlygy we buýsanjy bolan ahalteke atlary ynsanyň döredijilik paýhasynyň tebigaty bilen utgaşyklykda döredilen gözelligiň hem-de sazlaşygyň iň ýokary derejesini alamatlandyrýar. Hut şoňa görä-de, bu gün ynsan gylykly bedewler Türkmenistanyň häzirki döwrüniň nyşany — taryhy tejribäniň nesilden-nesle geçijiliginiň, belent maksatlaryň dabaralanmagynyň, joşgunly zähmetiň hem-de ösüşlere tarap kuwwatly maksada okgunlylygyň nusgasy bolup durýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Ahalteke atçylyk toplumyna gelýär. Bu ýerde baýramçylyk aýdym-sazlary ýaňlanyp, ruhubelentlik höküm sürýär. Uly türkmen toýunyň hemişe bolluk bilen bagyş edýän ýatdan çykmajak ajaýyp täsirleri hemmeleri şatlykly ýagdaýda birleşdirýär.


Milli Liderimize gül desseleri gowşurylyp, dabaralara badalga bermäge hem-de ählumumy baýramçylyk şatlygyny paýlaşmaga çagyrylýar. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary mübärekläp, baýramçylyk nyşanlary bilen bezelen atçylyk toplumynyň çäklerine geçýär. Meşhur artistler we halk döredijilik toparlary milli Liderimizi ajaýyp çykyşlar bilen garşylaýarlar. Şu pursatlarda türkmen bedewiniň hormatyna geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah döwlet Baştutanymyzyň ýanynda boldy.


Hormatly Prezidentimiz özi üçin bellenen ýere geçende, ýaňlanyp duran aýdym-sazlar aýlawa ýygnanan tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna utgaşdy.


Hormatly Prezidentimiziň hemme asylly başlangyçlary hem-de milli atçylyk pudagyny ösdürmäge, arassa ganly gymmatly ahalteke tohum atlarynyň baş sanyny gorap saklamak we köpeltmek, olary dünýäde wagyz etmek baradaky aýratyn ünsünedir aladasyna gönükdirilen deňsiz-taýsyz tagallalary halkymyzyň giň goldawyna eýe bolýar.


Ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan özleriniň işine berýän uly ünsüne hoşallygyň alamaty hökmünde, şeýle hem şanly waka mynasybetli döwlet Baştutanymyza saýlama ahalteke atlaryny sowgat hökmünde kabul etmegi haýyş edýärler.


Ýurdumyzyň her welaýatyndan hem-de paýtagtymyzdan bedewleri biri-biriniň yzyndan meýdança çykarýarlar. Olar bilen birlikde gezekli-gezegine ähli sebitleriň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular hem-de ýaş nesilleriň wekilleri çykýarlar. Olar milli Liderimize atyň pasportyny gowşuryp, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.


Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bedew sowgat berilýär.


Ýene-de bir sowgat ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan berildi. Syn ediş meýdançasyna ajaýyp bedew çykarylyp görkezilýär hem-de dabaraly ýagdaýda onuň pasporty gowşurylýar, soňra bolsa sandyk çykarylyp, onuň içinden milli egin-eşigi hem-de türkmen halkynyň buýsanjy hasaplanýan alabaý itiniň güjügini alýarlar.


Bu owadanja güjük Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili bolan Wepala örän çalymdaş. Wepaly geçen ýylyň sentýabrynda uly sport baýramçylygyna gatnaşmaga ýurdumyza gelen köp sanly myhmanlary garşylady, olaryň ýanynda boldy hem-de ugratdy, ajaýyp ýeňişleri gazanmaklary üçin türgenleri ruhlandyrdy we goldady. Ol hemişe türkmenistanlylaryň hem-de “Aşgabat 2017” oýunlarynyň daşary ýurtly myhmanlarynyň hakydasynda türkmen topragynda dürli ýurtlardan müňlerçe adamlaryň ýüreklerini birleşdiren hakyky dostlugyň nyşany bolup galar.


Alabaý we ahalteke bedewi hem Aziada - 2017-niň resmi nyşanlarynyň biri boldy. Olar milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir, türkmen halkynyň mirasynyň janly gymmatlygydyr, köpasyrlyk taryhyň dowamynda gadymy döwürlerden biziň şu günlerimize çenli halkymyzyň ynamly hemrasydyr hem-de dostlarydyr.


Hünärmenler olaryň Ýer ýüzünde biziň günlerimize çenli üýtgemedik görnüşde diýen ýaly ýeten itleriň we atlaryň iň gadymy tohumlarydyklaryny doly esasly çaklaýarlar. Türkmen seçgiçileri olarda iň oňat tebigy häsiýetlerini saklamagy hem-de ajaýyp gymmatlyklaryny ösdürmegi başardylar. Şol häsiýetleriň we gymmatlyklaryň esasylary mertlik we wepadarlyk, duýgurlyk we dostanalyk bolup durýar. Ynsanyň mähirli gatnaşyklaryna hem olar şeýle häsiýetleri bilen jogap berýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sowgatlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şol wagt döwlet Baştutanymyza at çapmaga niýetlenen baýramçylyk milli egin-eşiklerini getirdiler.


Milli Liderimiz häzirki dabaralaryň barşynda welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň atşynaslary, wekilleri bilen ýadygärlik surata düşdi.


Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň düýnki mejlisinde häzirki bellenilýän baýramçylygy Türkmen bedewiniň milli baýramy hökmünde yglan etmek kararyna gelnendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze derejä eýe bolan dabara bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.


Biziň ajaýyp halylarymyz, behişdi atlarymyz, keşpleri Wepalyda öz beýanyny tapan alabaýlarymyz - bularyň ählisi biziň gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, biz bulara guwanmaga we buýsanmaga haklydyrys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.


Hormatly Prezidentimiz baýramçylyga gatnaşýan welaýatlaryň hormatly ýaşulularyna, behişdi bedewleriň şöhratly taryhyny dowam etmäge uly goşant goşýan atşynaslaryň ählisine minnetdarlyk bildirip, olaryň sözlerine görä, atşynaslaryň sowgat beren Ak ýol diýen atynyň “küştdepdi” tansyny hem ýerine ýetirip bilýändigini aýtdy hem-de muny barlap görmegi teklip etdi.


Aýdym-sazlar ýaňlanýar, dabaralar barha gyzyşyp, adamlary ýokary ruhubelentlige besleýär hem-de olaryň agzybirligini has-da güýçlendirip, jebisligi, döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny duýmaga atarýar. Sebäbi uly we agzybir maşgala bolup bellenilýän ählumumy baýramçylykdan başga özge hiç zat ynsan joşgunyny ýagşylygyň we päkligiň kuwwatly güýjüne jemläp bilmeýär.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çapyksuwaryň däp bolan egin-eşigine beslenip, ak reňkli Ak ýol bedewine atlandy hem-de eline Alabaýyň güjügini alyp, ony ýokary galdyrmak bilen şowhunly el çarpyşmalar astynda köpçülige görkezdi.


Ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýýan hem-de milli atçylyk pudagyny täze belentliklere tarap alyp barýan hormatly Prezidentimiz ajaýyp atda çapuw meýdançasyna tarap ýöneldi.


Milli Liderimiz ata erk etmegiň ajaýyp ussatlygyny görkezdi. Üstünde oturan tejribeli çapyksuwary duýup, özüni göýä tutuş boýuna, şonuň bilen birlikde hem öz ähli güýji möwç urýan hyjuwyny okgunly görkezýän ýaly, dikligine çarpaýa galdy, beýle ýagdaýlara diňe ussat çapyksuwar erk edip bilýär.


Ak ýol atynyň adynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ruhy, 2018-nji ýylyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygary bilen örän sazlaşýandygyny bellemek gerek.


Ak reňk arassalygyň we kämilligiň, aýdyňlygyň we belentligiň öwüşginleridir. Gadymy asyrlardan bäri oňa türkmenlerde mukaddeslik hökmünde garalýar.


Ak reňk ruhubelentligi, dogruçyllygy, adalatlylygy we gündiziň manysy bilen utgaşyp, açyklygy alamatlandyrýar. Şeýle hem ol, parasatly ýaşulularyň nygtaýşy ýaly, süýt bilen ýumurtgada öz beýanyny tapan öndüriji güýç diýen mana eýedir. Halk içinde bu reňkiň manysyny kesgitleýän birnäçe durnukly söz düzümleri: ak ýol, ak öý we şuňa meňzeşler ýörgünlidir.


Hemmämiziň bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri känleriniň ählisini birleşdiren Gündogar — Günbatar gaz geçirijisiniň ulanmaga tabşyrylyş dabarasynyň barşynda gaz geçirijiniň ýüzüne “Ak ýol” diýen ýazgyny ýazyp, ak ýol arzuw etdi.


Türkmenlerde alnan täze, uly zatlara ak un sepmek däbi häzirki günlere çenli saklanypdyr. Mysal üçin, uly ýaşly zenanlarymyz Türkmenistan tarapyndan alnan iň täze Boingleri, sebitde deňi-taýy bolmadyk RO-PAX paromlaryny we şuňa meňzeşleri garşyladylar.


Ýakynda ýurdumyzda medeni-aň-düşünje ähmiýetli binalar açylyp, olar “Ak öý” - arassa, ýagty, ygtybarly öý diýlip atlandyryldy.


Ahalteke bedewine göni utgaşykly bolan ýene-de bir many ol hem edermen Göroglynyň hemişelik hemrasy bolan Gyrat bilen baglanyşyklydyr. Gahrymançylykly türkmen şadessanynda “ganatly bedewiň” dogruçyl taryhy parasatly pederlerimiziň nesihatlary hem-de Göroglyny terbiýelän onuň atasy, tejribeli seýis Jygalybegiň ady bilen baglanyşyklydyr.


Görogly “ganatly” Gyratynda Watany gorap, duşmanlaryň peýkamyna we gylyçlaryna elýetmez boldy. Öz ak bedewinde uçýan halk gahrymanynyň ýitmez keşbi asyrlardan aşyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetdi. Köp nesiller şu şadessan esasynda ösüp ýetişdi. Şoňa görä-de bu gün ol türkmen ýaşlaryny watançylyk taýdan terbiýelemek babatda öz ähmiýetini ýitirmedi. Gyrat bolsa türkmen halkynyň buýsanjy we gymmatlygy bolup, dünýäde iň oňat ahalteke bedewini alamatlandyrýar.


Behişdi bedewlerimiz biz üçin dünýäde deňi-taýy bolmadyk bahasyz gymmatlyk bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň iň oňat atşynaslyk däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegi we kämilleşdirilmegi, ahalteke tohumlaryny köpeltmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň atçylygynyň bu ugurda halkara pudagyna ýakynlaşmagy barada örän uly alada edýär. Tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylyp, ähli welaýatlarda gurlan atçylyk toplumlary munuň aýdyň subutnamalarydyr.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda baş edarasy Aşgabatda bolan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işi behişdi bedewleriň bütin dünýäde mundan beýläk-de ýaýramagyna ýardam edip, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Dürli döwletlerden bolan alymlaryň, ippologlaryň, atşynaslaryň, genetikaçylaryň, seçgiçileriň, çapyksuwarlaryň, seýisleriň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilýän halkara sergiler we maslahatlar, şeýle hem geçirilýän “ganatly” bedewleriň milli gözellik bäsleşigi şu maksatlara hyzmat edýär.


Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ajaýyp çapyksuwar, behişdi bedewleriň gadryny bilip we olara uly sarpa goýup, işiniň örän köplügine garamazdan, bedewlere, at üstünde çapmagyň ussatlygyny kämilleşdirmäge yzygiderli üns berýär. Biziň ählimiz şu pursatlara ençeme gezek haýran galmak bilen şaýat bolduk. Türkmen atlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi döredijiliginde hem aýratyn orun tutýar. Häzirki zaman resminamalary we taryhy, ylmy maglumatlary hem-de çeşmeleri yhlasly öwrenmegiň esasynda ýazylan deňsiz-taýsyz ahalteke bedewleri baradaky ajaýyp kitaplar döwlet Baştutanymyzyň galamyna degişlidir.


Döwlet Baştutanymyzyň behişdi bedewiň hakyky senasyna öwrülen “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly ilkinji kitabynyň 2008-nji ýylda çapdan çykandygyny ýatlamak ýerlikli bolar. Daşary ýurt dillerine terjime edilmegi bilen bu täsin kitap Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden bolan ahalteke bedewleriniň köp sanly janköýerlerine bu atlaryň halkymyzyň diňe bir buýsanjy we şöhraty bolman, eýsem-de, dünýä siwilizasiýasynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydygy barada doly maglumat almaga mümkinçilik berdi.


2011-nji ýylda “Ganatly bedewler” diýen kitap hem giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda türkmen halkyň baý medeni mirasyny täzeden dikeltmek we gorap saklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan uly işleri öz beýanyny tapdy.


2016-njy ýylda “Gadamy batly bedew” diýen at bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke atlaryna bagyşlanan ýene-de bir kitaby çapdan çykdy. Döwlet Baştutanymyzyň ahalteke bedewi türkmen tebigatynyň we adam yhlasynyň döreden täsinligidir diýen sözleri täze eseriň özenine öwrüldi. Onuň esasy maksady ahalteke bedewini ruhy-taryhy mazmun bilen baglylykda görkezmekde jemlenýär.


Hawa, ahalteke bedewleriniň egsilmez abraýy baradaky rowaýatlar asyrlar aşyp, şu güne geldi we häzir parasatly we gadymy halk hem-de onuň gahrymanlary baradaky gürrüňleri dünýä ýetirýär. Çünki şu gymmatlyklarda milli ruh, kämillige tarap ymtylyş, gözellik, güýç hem-de dostluk, wepalylyk, gaýduwsyzlyk, ynsaplylyk, mertebe, Watana söýgi ýaly düşünjeler baradaky garaýyş öz beýanyny tapdy.


Ahalteke bedewi ýaly duýgur aty tapmak juda kyn bolar. Her näçe buýsançly gylyk-häsiýetli bolsalar-da, olar diýen edijidir, eger-de olara söýgi bilen çyn ýürekden garasaň, onda olara baş öwretmek hem kyn däldir. Şonuň üçin hem ahalteke bedewleri atçylyk sportunda üstünlik gazanýarlar, kinofilmlere surata düşýärler, sirk sungatynda ajaýyp çykyş edýärler.


Şu gün Ahalteke atçylyk toplumyndaky baýramçylykda alabaýyň güjüginiň peýda bolmagyny ýagşylyga ýorup bolar, çünki Gündogar senenamasy boýunça 2018-nji ýyly alamatlandyrýan batyr ite bedew bady baryp ýeter, bu bolsa biziň üstünliklerimiziň nyşany, arzuw-isleglerimiziň, ýeňşe tarap okgunlylygyň hem-de erkiň şöhlelenmesi bolup, bu ýyl hem buýsançly ýörişini dowam eder.


Çünki hut ahalteke bedewi işjeň, döredijilikli güýçleriň, ylhamyň, ruhy ýokary göterilişiň hem-de döredijiligiň täze eýýamynyň ruhy joşgunyny özünde jemleýän ajaýyp keşp boldy, ýüregi Türkmenistan bolan Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlarynda öz döwründe aragatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun tutdy. Häzir bolsa ýurdumyz medeniýetleriň hem-de söwda akymlarynyň çatrygy bolmak bilen, öz taryhy wezipesini täzeden dikeldýär.


Türkmen halky ähli döwürlerde, hemme eýýamlarda ata-babalarymyzyň beýik maksatlara ýetmeginde deňsiz-taýsyz kömekçileri bolup, biziň milli buýsanjymyza hem-de tutuş adamzadyň gazanan genji-hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirýän ençeme ganatly jümleleri aýawly saklap biziň günlerimize çenli getiripdir.


Türkmenleriň arasynda atyň we adamyň haýran galaýmaly arabaglanyşygynyň öz ähmiýetini häzirki wagtda, ylmy-tehniki öňegidişlik döwründe hem ýitirmändigi bellärliklidir. Şu sebäpli hem durmuşymyzda bolup geçýän oňyn özgerişlikleriň batly depginini suratlandyrmak üçin biz köplenç halatda adata öwrülip giden «bedew bady bilen» diýen sözleri gaýtalaýarys. Şu sözler hakykatdanam, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň ruhuny hem-de döwletimiziň, jemgyýetimiziň, ykdysadyýetimiziň ösüşiniň ýokary depginlerini dürs hem has aýdyň şöhlelendirýär.


Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz bagtyýarlyga tarap barýan röwşen ýolda ynamly öňe gitmek bilen beýik işleri amala aşyrýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çapuw ýodasy boýunça at üstünde gezim edip, dürli usullarda — gorgunlap, öňürdikläp we ýüzin salyp bedewi synap gördi. At dessine halypa çapyksuwaryň buýruklaryna tabyn bolup, baş öwretmegiň emellerini gürrüňsiz ýerine ýetirmek bilen, mynasyp ýagdaýda tomaşaçylara öz gözelligi, akgynlylygy we timarlanan hereketleri bilen lezzet almaga mümkinçilik berdi. Ol türkmen halkynyň söýgüli “küştdepdisiniň” ýaňlanýan owazyna sazlaşykly aýak urup, tansy ýerine ýetirende aýratyn täsirli göründi.


Haýran galan tomaşaçylaryň bu pursatlary halandygyny duýan buýsanjaň at bu hereketlerini ýene-de gaýtalady hem-de olaryň joşgunyna jogap edip, öň aýagyny ýere depjäp, çylşyrymly emelleri hem aňsatlyk bilen ýerine ýetirdi. Bu bolsa onuň ajaýyp taýýarlyk derejesinden hem-de çapyksuwar bilen dessine özara düşünişendiginden habar berýär.


Şowhunly elçarpyşmalar astynda döwlet Baştutanymyz özi üçin bellenen ýere bardy. Bu ýerde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa gören zatlaryna örän haýran galandygyny aýtdy hem-de baýramçylyk bilen baglanyşykly özünde galan täsirlerini paýlaşdy.


Soňra halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary geçirildi. Ilkibaşdan we tejribeli ussatlaryň ýaryşlarynyň dartgynly tomaşasynyň tä ahyryna çenli ýeňiş gazanjagy öňünden kesgitlemek kyn boldy, güýçler deň derejededi.


Ýelden ýüwrük atlar baş bermez ýaly görünse-de, öz çapyksuwary bilen bir jan, bir ten bolup barýardylar. Öz demir aty bilen şeýle doly sazlaşygy ýokary tizlikli uçaryň uçarmany hem gazanyp bilmez. Çapyşyklarda bolsa diňe bir tehniki hasaplamalar we tizlik oýna goşulman, eýsem, çapyksuwaryň we bedewiň gatnaşygy, birek-birege özara ynamy ýaly ýagdaýlar hem-de gapdaldan synlap duranlaryň düşünip bilmejek ýagdaýlary hem möhüm orun tutýar. Bu ýagdaýlar bolsa okgunly öňe barýan adam we jandar bolan bu jübüti özleri erk edýän kuwwatly güýje öwürýär.


Ýaryşlar türkmen bedewleriniň çydamlylygyna, tutanýerliligine we ýyndamlygyna ýene-de bir gezek göz ýetirmäge hem-de çapyksuwarlaryň atyň fiziki mümkinçiliklerini dogry hasaplap bilişlerini ýüze çykarmaga, ýurdumyzyň seýisleriniň üstünliklerini aýdyň görkezmäge mümkinçilik berdi. Hakyky bedewi seýislemek — ýeňil bolmadyk hysyrdyly iş. Biziň başarjaň ata-babalarymyzyň bu ylmyny ösüp gelýän neslimiz uly gyzyklanma bilen özleşdirýär. Täze ugra gadam basan ilkinji ädimlerinden başlap, ýaş jigitlere ata düşünmegi, onuň hakyky dosty bolmak üçin umumy dil tapmagy öwredýärler. Diňe şondan soň at üstünde çapmak bilen meşgullanmaga girişýärler.


1200 metr aralyga geçirilen çapyşykda halypa çapyksuwarlaryň ýedisi dört we ondan uly ýaşar atlarda ýaryşa goşuldylar. Olaryň arasyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Armangala diýen dor bedew pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary Nurmuhammet Hojanepesow ýeňiji boldy we oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan dabaraly ýagdaýda baýrak gowşuryldy.


Soňra alypbaryjy ahalteke atlarynyň arasynda halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň başlanýandygyny yglan edýär.


Şeýle bäsleşikler Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giň gerimli maksatnamasyna berk ornaşdy, ýöne her gezek bu deňsiz-taýsyz şüweleň atlary söýüjileri hem, köpügören janköýerleri hem täzeden geň galdyrýar. Bu gezek hem şeýle boldy.


Deslapky tapgyrlarda Aşgabadyň, Ahal, Balkan, Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň ahalteke tohum atlarynyň arasyndan iň oňat wekilleriniň saýlanyp alnan onusyny syn ediş meýdançasyna çykarýarlar.


Her bir at ady, ýaşy, gelip çykyşynyň maglumatlary, eýesi bilen tanyşdyrylyp, eminlere we köpçülige görkezilýär. Jemleýji tapgyra düşen atlaryň hemmesi meşhur ata-babalaryndan gaýdýan ol ýa-da beýleki nesil ugruny dowam edýär. Behişdi bedewleriň köp sanly janköýerleri arassa ganly atlary seçgiçilik taýdan ýetişdirmekde esasy şahalaryň düýbüni tutan ajaýyp ahalteke bedewleriniň nesilleriniň üýtgeşik beden gurluşlaryna baha berip bildiler.


Täsin bedewler bulutlaryň aňyrsyndan öwşün atýan belentliklerden inip düşýän ýaly, gözüňi gamaşdyryjy ajaýyp keşbinde peýda boldular. Hakyky sazlaşygy bozmazlyk üçin şunuň ýaly tebigy gözelligiň haýsydyr bir zat bilen üstüni ýetirmek kyndyr, ýöne türkmenler bu işi inçelik bilen etmegi öwrenip, kümüş, altyn we gymmat bahaly tebigy daşlary, zergärleriň yhlasly zähmetini gaýgyrman, öz atlaryny hakyky gymmat baha bezegler bilen bezeýärler.


Atlar mertebeli kaddy-kamaty bilen öz daşky sypatlaryny we okgunly ukybyny saklap bilýän başarnygyny görkezip, beden gurluşlarynyň nepisligi hem-de deňsiz-taýsyz ölçegleri bilen haýran galdyrdylar. Dogrudan-da, arassa ganly at iň oňat seýisleriň tagallalary bilen taraşlanan hakyky genji-hazynadyr, ajaýyplykdyr, gözüňi gamaşdyrýan göwherdir.


Ýaryşlaryň netijelerini jemlemegiň we düzümine ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bilermenleri hem-de atşynaslary giren abraýly eminleriň çözgüdini yglan etmegiň wagty geldi.


Halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşýan 10 atyň arasyndan eminlere iň owadanyny kesgitlemek başartdy. Şeýlelikde, 2018-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi diýlip, Bezegdag we Gülýaýlanyň nesli bolan dört ýaşar Berkararlyk diýen gurt mele at yglan edildi. Onuň eýesi Aşgabat şäherinden hususy atşynas Begmyrat Hojalyýew.


Soňra şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde täsin tebigy gözelligi çeper beýan etmek ugrundaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.


Iň oňat işler haly eserini döretmek, zergärçilik eseri, iň oňat surat we heýkel eserleri, şeýle hem neşir önümleri we teleoperatorçylyk işi diýen ugurlar boýunça saýlanyp alyndy. Bu bäsleşigiň baş maksady türkmen halkynyň durmuşynda bu owadan we akylly jandaryň tutýan ornuny görkezmekden ybaratdyr.


Ahalteke bedewiniň gaýtalanmajak keşbi, häsiýeti, duýgurlygy we täsin zehini eserleriň awtorlaryny şahyrana mazmuna hem-de päkize güýç-kuwwata beslenen dürli keşpleri döretmäge ruhlandyrdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan baş baýraklar aşakdaky ýeňijilere: haly suratkeşi, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewe - “Ahalteke bedewiniň on ýedi ugry” atly haly eseri üçin; Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Myrat Sähedowa - “At şaý-sep toplumy” zergär eseri üçin; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň grafika kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Gyzylgül Hudaýberdiýewa - “Badalgada” atly nakgaş eseri üçin; Türkmenistanyň çeperçilik fondy döredijilik-önümçilik birleşiginiň direktory Amandurdy Jumaýewe - “Kejebäňi çekmäge ak maýa gerek” atly heýkel eseri üçin; Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň garamagyndaky Metbugat merkeziniň kompýuter operatory Annageldi Nurýagdyýewe - “2018-nji ýylyň senenamasy” atly neşir işi üçin; Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan: Sport” teleýaýlymynyň teleoperatory Öwezmyrat Baýlyýewe - “Türkmen bedewi” atly wideoşekil işi üçin gowşuryldy.


Meşhur ýerine ýetirijileriň aýdym-sazly çykyşlary dabaralaryň jemleýji bölegine öwrüldi. Olar döredijilik çykyşlarynda türkmenistanlylaryň başdan geçirýän belent buýsanç we bagtyýarlyk duýgularyny wasp etdiler.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyga gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.


Türkmenleriň ata-babalary beýik atşynaslyk medeniýetiniň gözbaşlarynda durupdyrlar. Olar baradaky şan-şöhrat bütin dünýä ýaýrapdyr. Taýçanagy düýpli saýlamak bilen, ony beýleki tohumlar bilen çaknyşdyrmakdan gorap, biziň ata-babalarymyz ajaýyp atlaryň aýratyn görnüşini döredipdirler. Bereketli türkmen topragy bolsa ähli döwürleriň hem-de halklaryň iň oňat bedewleriniň “sallançagy” bolup, dünýäde iň meşhur tohum atlarynyň birnäçesiniň kemala gelmegine uly täsir edipdir. Şoňa görä-de, bu gözellige sarpa goýýanlary her ýyl örän üýtgeşik dabaralara ýygnap, bir ýere jemleýän ahalteke bedewleriniň taryhy watany örän uly ünsi çekýär.


Şu gün Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň we Türkmen halysynyň milli muzeýiniň sergi gymmatlyklary bilen tanyşdylar hem-de Aşgabadyň gözel ýerlerine baryp gördüler.


 


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi