Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy


24.04.201


Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy. Ikinji günüň maksatnamasy Ürgenç şäherindäki Türkmen-özbek dostluk öýüniň açylyş dabarasyny, şeýle hem Hywa şäherindäki taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna barlyp görülmegini öz içine aldy.


Ozal habar berlişi ýaly, düýn Daşkentde ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikler uly üstünlige beslenip, olar iki goňşy ýurduň we iki halkyň gadymdan gözbaş alýan dostluk we doganlyk däplerine üýtgewsiz ygrarlydygyny, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar munuň aýdyň subutnamasy bolup, olar netijeli döwletara gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam berer.


Şeýle hem düýn iki döwletiň Liderleriniň gatnaşmagynda “Aşgabat” seýilgähi dabaraly ýagdaýda açylyp, ol türkmen paýtagtynyň keşbiniň Daşkentdäki beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gowşurylan sowgatlar täze seýilgähe gelen körpeler üçin ýakymly waka boldy. Şadyýan çagalar muňa jogap hökmünde türkmen Lideriniň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


Şu gün irden hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni sapar mahaly bellenilen kabulhanadan çykyp, Islam Karimow adyndaky Halkara howa menziline tarap ugrady.


Hormatly Prezidentimiziň uçary özbek paýtagtynyň howa menzilinden meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanalýan Ürgenje-Horezm oblastynyň dolandyryş merkezine tarap ugur alýar.


Beýik Ýüpek ýolunyň dowamly we esasy bölegi Orta Aziýanyň içinden, şol sanda Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäklerinden geçipdir. Hytaýdan ýüpekli, Hindistandan hoşboý we dürli reňkli zatlar, Eýrandan kümüş önümleri, wizantiýa matalary, afrosiab keramikasy we beýleki harytlar ýüklenen kerwenler Garagum çöli boýunça Merw hem-de Horezm ýaýlalarynyň üsti bilen ýol söküp, Murgap derýasyndan we Amyderýadan geçipdir. Bu gadymy ýol Ýewraziýa giňişliginde söwdanyň we ykdysadyýetiň ösmegine hyzmat edip, köp halklaryň arasynda medeni we ylmy gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam beripdir. Biziň ýurtlarymyz bu wakada esasy orny eýeläpdir.


Häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde gadymy taryhy we medeniýeti bolan, dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan Türkmenistanda baý milli mirasy goramak, dikeltmek we dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunda geçmişiň ajaýyp binagärlik ýadygärliklerini öwrenmek we dikeltmek, goraghana ýerlerini aýawly saklamak boýunça maksatnamalaryň we taslamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.


Horezme we Hywa baryp görmegiň döwlet Baştutanymyzyň saparynyň maksatnamasyna girizilmeginiň aýratyn manysy bar. Bu gün doganlyk halklaryň medeniýetleriniň we milli däpleriniň umumylygy, gadymdan gözbaş alýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.


Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ürgenjiň howa menzilinde Türkmenistanyň Baştutanyny Özbegistanyň Prezidenti mähirli garşylaýar.


Çagalaryň ýerine ýetirmeginde türkmen we özbek dillerinde halklarymyzyň arasyndaky dostlugy wasp edýän goşgular ýaňlanýar.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gyzlar gül gowşurýarlar. Myhmansöýerligiň asylly däplerine görä, Horezm oblastynyň ýaşululary belent mertebeli türkmen myhmanyna duz-çörek hödür edýärler.


Döwlet Baştutanlarynyň öňünde Özbegistanyň iri oblastlarynyň biriniň aýdym-saz we tans toparlarynyň agzalary öz ussatlygyny görkezýärler. Bu şanly waka mynasybetli taýýarlanan dürli öwüşginli çykyşlarda milli däp-dessurlarymyzyň köpdürlüligi, taryhy geçmişiň we häzirki döwrüň sazlaşygy öz beýanyny tapdy.


Soňra iki ýurduň Prezidentleriniň bilelikdäki awtoulag kerweni Türkmen-özbek dostluk öýüniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ürgenç şäheriniň “Turkmanlar mahallasi” etrabyna tarap ugraýar.


Ýoluň tutuş ugry boýunça döwlet Baştutanlaryny Ürgenjiň ýaşaýjylary hem-de Horezm oblastynda kowçum ýaşaýan türkmenler mähirli garşyladylar.


Dostluk öýüniň resmi taýdan açylyş dabarasyndan öň beýik türkmen şahyry, çeper söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desseleri goýuldy. Gündogaryň beýik akyldarynyň heýkeli biziň ata-babalarymyzyň röwşen ýadygärligine çuňňur hormatyň nyşany bolup, iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyny alamatlandyrýar.


Döredijilik mirasy dünýäniň ruhy-genji hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine sarpa goýmak bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew onuň etegine ajaýyp gül çemenlerini goýdular.


Gündogar binagärliginiň nusgasynda gurlan ak mermerli Türkmen-özbek dostluk öýi özünde uzak geçmişiň we häzirki döwrüň binagärlik däplerini utgaşdyrýar. Bu möhüm jemgyýetçilik desgasyny gurmagyň esasy maksady - iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlugy berkitmek bolup durýar.


Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan baý ruhy we taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak we giňden wagyz etmek - bu maksatlar özbek we türkmen halklaryny parahatçylygyň we agzybirligiň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine dostlukly gatnaşyklary we hoşniýetli goňşuçylygy berkitmek isleginde birleşdirýär we ýakynlaşdyrýar.


Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew kitaphana bardylar, bu ýerde edebiýat ýygyndysy bilen tanyşdylar. Bu ýerde okyjylara hyzmat etmek üçin ähli şertler döredildi. Diňe Horezm döwletiniň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň taryhynyň dürli döwürlerine degişli monografiýalar gaznanyň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Baştutanynyň ylmy işlerine we çeper eserlerine aýratyn orun berildi.


Milli Liderimiz bu ýerde saklanylýan kitaplar bilen gyzyklanyp, halklarymyzyň gelip çykyşy boýunça ýakyn bolup, özara medeni täsiri, goňşuçylygyň müňýyllyk taryhy, dilleriň, däp-dessurlaryň ýakynlygy bilen özara baglydygyny belledi. Bu ýagdaý ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek işinde esasy şert bolup hyzmat edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň ylmy merkezleriniň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy ugrunda pikirini beýan etdi.


Soňra sergi zalynyň ekspozisiýasy bilen tanyşlyk dowam etdi, ol Türkmenistanyň we Özbegistanyň şöhratly geçmişi we şu güni barada gürrüň berýän suratlardan, amaly-haşam sungatynyň eserlerinden ybarat bolup durýar. Bu ýerde türki taýpalaryň medeniýetiniň ösmeginde möhüm orun eýelän Horezmiň taryhyna bagyşlanan, milli senetçilige, halk çeper senetlerine degişli dürli gymmatlyklar, suratlar görkezilýär.


Görkezilýän gymmatlyklar türkmen we özbek halklaryny köp ugurlarda senetleriniň meňzeşliginiň birleşdirýändigini aýdyň tassyklaýar. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky agzybirligiň, jebisligiň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň uzak geçmişden gaýdýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.


Döwlet Baştutanymyz Dostluk öýüniň işgärleri tarapyndan ýygnalan muzeý gymmatlyklary, täsin dokumental çeşmeler bilen tanşyp, maddy gymmatlyklaryň köp asyrlyk taryhy öwrenmekde ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz halklarymyzyň medeniýetleriniň özara baýlaşyp, ählumumy bähbitlere, gatnaşyklaryň berkemegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz


Gurbanguly Berdimuhamedow düýn ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen, şol sanda iki ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň möhümdigini belläp, gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy bu ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge kuwwatly itergi berer diýip nygtady. Ata-babalarymyzyň medeni mirasyny dikeltmek we dünýä ýaýmak işinde biziň ýurtlarymyzyň ylym-bilim merkezleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berilýär.


Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwletara hyzmatdaşlygyň çäkleriniň giňelmegi, ylym, bilim, çeper döredijilik babatda gatnaşyklary kadalaşdyrýan hukuk binýady — şu günki duşuşygyň aýratyn ähmiýetliliginiň nobatdaky subutnamasydyr. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň geljekde hem ähli ugurlarda üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynanýaryn diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň ýaşlar guramalarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak boýunça ýörite maksatnamalaryň düzülmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi bu ugurda hyzmatdaşlygy netijeli giňeltmäge mümkinçilik berer.


Dürli forumlary geçirmek üçin köp orunlyk maslahatlar zaly hem göz öňünde tutulypdyr. Dostluk öýüniň iki doganlyk halkyň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmekde ähmiýetini bellemek bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň giňeljekdigine ynam bildirdiler.


Täze bina bilen tanyşlygy tamamlap, döwlet Baştutanlary taryhy “Uly howly” galasyna tarap ugraýarlar.


Merkezi derwezäniň öňünde belent mertebeli myhmanlary Horezm welaýatynyň türkmen-özbek dostluk jemgyýetiniň başlygy D.Rajabow mähirli garşylaýar. Ýaşulular Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Şawkat Mirziýoýewe duz-çörek hödür edýärler hem-de iki doganlyk ýurduň gülläp ösmegini, halklaryň bagtyýarlygyny we abadançylygyny Beýik Biribardan dileg edýärler. Türkmenistanyň Baştutany olaryň her biri bilen gadyrly salamlaşýar.


Döwlet Baştutanlary belli şahyrlaryň goşgularyny türkmen we özbek dillerinde joşgunly aýdan çagalaryň çykyşlaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler. Çagalaryň haýyşy boýunça belent mertebeli myhmanlar olar bilen ýadygärlik surata düşdüler.


Ini bir ýarym metre we beýikligi sekiz metre deň bolan galanyň üç asyrdan gowrak taryhy bar. Rejeleýjileriň we taryhçylaryň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün gala Ürgenç etrabynyň syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrülip, geçen asyrlaryň hakyky durmuşyna aralaşmak isleýän jahankeşdeleri özüne çekýär. “Uly howlynyň” myhmanlary atlara atlanyp, degirmen daşynda unuň üwelişini görüp, Gündogar aşpezliginiň dürli tagamlaryndan dadyp bilýärler. Şeýle hem bu syýahatçylyk toplumynda milli oýunlar, kuraş göreşi boýunça ýaryşlar we artistleriň çykyşlary guralýar.


Desga bilen tanyşlygyň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri bu ýerde ýerleşen athana baryp gördüler.


At türkmen üçin asyrlarboýy keramatly hasaplanyp geldi. Ýelden ýüwrük behişdi bedewler baryp gadymy döwürlerde ýurdumyzy şöhratlandyrdylar. Behişdi bedewler baradaky ganatly setirler biziň günlerimize gelip ýeten taryhy senenamalarda, köp sanly rowaýatlarda duş gelip, hut türkmen topragynyň münülýän atyň gadymy tohumlarynyň biriniň mekany bolup durýandygyny tassyklaýar.


Ata-babalarymyz ençeme asyr mundan öň atlary eldekileşdirip, olara yhlasyny siňdirip, ahalteke bedewlerini ygtybarly kömekçilerine we wepaly dostlaryna öwrüpdirler. Bu barada türkmenler düzde ýele ýetdirmez, kyn günüňde ýeke goýmaz diýip aýdýarlar. Türkmenler behişdi bedewlerine aýawly garaýşyny müňýyllyklaryň içinden alyp geldiler. Bu gün, täze taryhy döwürde olar aýratyn buýsanjyň we ylham-joşgunyň, halkymyzyň kalbynyň ganaty, milli baýlygy bolup durýar. Gözelligi we ýyndamlygy bilen deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri daşary ýurtlarda geçirilýän köp sanly halkara ýaryşlaryň çempionlary bolýarlar we baýrakly orunlary eýeleýärler.


Bedewleriň hakyky muşdagy we janköýeri, ussat çapyksuwar hökmünde tanalýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns bermegi netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap atçylyk sport toplumlary we aýlawlar guruldy, zehinli seýisleri we çapyksuwarlary taýýarlamak boýunça ýöriteleşdirilen okuw merkezleri döredilýär. Behişdi bedewleriň tohumynyň täze ugurlaryny döretmek, ähli döwürlerde gözelligiň we kämilligiň nusgasy hasaplanan ahalteke bedewleriniň genofonduny gorap saklamak we baş sanyny artdyrmak boýunça ylmy-seçgi işleri geçirilýär.


Belent mertebeli myhmanlara ahalteke bedewleri, şol sanda dürli ýaryşlara we bäsleşiklere gatnaşan bedewler görkezildi. Ýeri gelende aýtsak, gadymy däpleri dowam edýän ýerli atşynaslar - Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary bolup durýarlar.


Ýakynda bu guramanyň Aşgabatda nobatdaky maslahatynyň geçiriljekdigini, şeýle hem ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramynyň giňden belleniljekdigini aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz olary öňde boljak çärelere gatnaşmaga çagyrdy.


Şeýle hem iki ýurduň Prezidentleri senetkärleriň ussahanalaryny synladylar.


Arheologik gazuw-agtaryş işlerine laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde durmuşda ulanylýan önümleri elde ýasamak işleri siwilizasiýanyň ösmegi bilen bir wagtda kämilleşipdir. Baryp daş asyrynda dörän senet bürünç eýýamynda ekerançylykdan kem-kemden bölünip aýrylypdyr, biziň eramyzyň başyna çenli bolsa eýýäm Parfiýada, Marguşda we beýleki ýerlerde ýokary ösen senetçilik merkezleri bolupdyr.


IX - X asyrlarda tutuş Orta Aziýada nah (Köneürgenç) we ýüpek (Merw) matalarynyň, mis önümleriniň, gylyçlaryň, tuwalgalaryň, pyçaklaryň, eýerleriň, ýaýlaryň we ok gaplarynyň hem-de haly önümleriniň önümçiligi giňden ýaýrapdyr. Ähli ýerde diýen ýaly, gap-gaçlar, şol sanda şekillendiriş sungatynyň belent nusgalary hasaplanýan syrçaly, nagyşly we suratly gap-gaçlar taýýarlanypdyr.


Galanyň baýlyklary türkmen halkynyň durmuşy barada gürrüň berýär. Binagärlik toplumyň howlusynda däbe öwrülen türkmen ak öýleri dikilipdir. Ata-babalarymyzyň ak öýlerde ýaşamagy dürli taryhy şertler: uruş howpy abanan ýagdaýynda dessine göçmek, beýleki tarapdan, hojalykda maldarçylygyň eýelän orny bilen düşündirilipdir. Ak öýleriň gurluşy, onuň içerki bezelişi özboluşlylygy, gözelligi we dürli öwüşginliligi bilen akylyňy haýran edýär. Şeýle hem bu ýerde asyrlaryň dowamynda dünýä tanalan türkmen halylary görkezilýär. Içerki howluda Türkmen-özbek dostluk öýüniň döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde gadymy däp-dessurlar, halk aýdymlary we tanslary janlandy. Folklor toparynyň joşgunly çykyşy türkmenleriň küştdepdi tans sungatynyň täsirli öwüşginlerini beýan etdi. ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizilen bu tans sungaty maşgala dabaralarynyň we milli baýramçylyklaryň aýrylmaz bölegine öwrüldi.


Gadymy tansyň kuwwatly täsiri ony ýerine ýetirijileriň aýdýan gazallary bilen baýlaşdyrylýar. Onuň aýdyň öwüşginli sazlaşygy, ýerine ýetirijileriň täsin milli lybaslary adaty bolmadyk ruhy ýagdaý döretdi, medeniýetiň we sungatyň köpdürlüligini alamatlandyrýan täsirini açyp görkezdi. Döredijilik toparlarynyň çykyşlary türkmen-özbek dostlugyny wasp edýän aýdym bilen jemlenildi.


Taryhy “Uly howly” galasy bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew bilelikde Merkezi Aziýanyň ähmiýetli şäherleriniň biri, Amyderýanyň çep kenarynda, Horezm oblastynyň günorta böleginde ýerleşýän Hywa tarap ugradylar.


Bu ajaýyp ýadygärlik-şäher öz sebitiniň medeni nusgasyny doly saklap galan ýer hasaplanýar. Ol 1967-nji ýylda goraghana şäher derejesine eýe boldy, 1990-njy ýylda bolsa Hywanyň bir etraby - Içan-Kala ÝUNESKO tarapyndan dünýä ähmiýetli taryhy ýadygärlik diýlip yglan edildi. Hywanyň ençeme medreseleriniň, metjitleriniň, minaralarynyň we köşkleriniň gözelligi we binagärlik keşbi boýunça ajaýyp binalary Hywa hanlygynyň döwrüne, ýagny XVII - XX asyrlara degişlidir. Bu şäheriň esasy gözellikleri gadymy Içan-Kala galanyň içinde ýerleşýär.


Birnäçe wagtdan Prezidentleriň awtoulag kerweni döwlet taryhy-arheologik goraghanasynyň esasy girelgesiniň öňüne gelip saklanýar. Häzir Içan-kala - bu açyk asmanyň astyndaky muzeý bolup, bu ýerde, 26 gektar meýdana deň bolan ägirt uly çäkde gündogar şäheriniň täsin keşbi saklanyp galypdyr. Ýöne esasy zat toplumyň bu böleginde 300-e golaý maşgala ýaşap, olaryň esasan, dürli senetler bilen meşgullanmagy bolup durýar.


Uzynlygy 2 kilometrden gowrak, beýikligi 10 metre çenli we galyňlygy 5 - 6 metr bolan toýun diwaryň dört derwezesi bolup, ol şäheri gurşap alýar, onuň dört tarapynda - dünýäniň çar künjüne misli ak ýol arzuw edýän derwezeler ýerleşýär. Günbatar derwezeler - Ata derwezesi, Bagça derwezesi Ürgenç şäherine - Horezmiň ozalky paýtagtyna alyp barýar, Pälwan derwezesi Amyderýa tarap ýol açýar hem-de gündogar tarapa uzalyp gidýär, “Taş” derwezesi bolsa günorta tarapa garaýar.


Içan-kalanyň düzümine taryhy desgalaryň 60-a golaýy girýär. Bu ýerde Köne Ark gala, Uly Howly köşgi, 213 sany dik sütüni bolan meşhur Juma metjidi, Hywanyň nyşany - Islam Hoja minarasy we ençeme beýleki täsin taryhy ýadygärlikleri görmek bolýar.


Esasy gözellikleriň biri Muhammet Emin han medresesidir. Bu medrese Hywa hanynyň buýurmasy boýunça 1851 - 1854-nji ýyllarda tutuş Merkezi Aziýanyň çäklerinde gurlan iri medresedir. Iki gatly bina 260 talyba niýetlenendir.


Binanyň depesinde gümmezleriň 5-si hem-de burçdaky diňler belende galýar. Onuň öň ýüzi syrçalanan kerpiçden ajaýyp bezelipdir, agaç gapylar ýüzüne çekilen nagyşlar bilen gözüňi dokundyrýar, çeper keramikaly bezeg serişdeleri owadan nagyşlar bilen ünsüňi çekýär, girelgäniň depesinde bolsa arap dilinde “Bu ajaýyp bina nesilleriň şatlygy üçin baky durar” diýen ýazgy görünýär. Köp sanly wakuf ýerlerine eýe bolup, ozallar iň baý okuw binalarynyň biri bolan desga taryhy keşbini saklapdyr we ýüzýyllyklar geçenden soň hem Hywanyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar.


Medresäniň öň ýanynda şäheriň esasy nyşanlarynyň biri bolan Kelte minara ör-boýuna galýar. Onuň gurluşygyna hem Muhammet Emin han ýolbaşçylyk edipdir. Desganyň binýady 15 metr çuňluga gidýär, binýadynyň diametri 14,5 metre, beýikligi bolsa 29 metre barabardyr. Ýöne bu uly diň öz taslama beýikliginiň diňe üçden bir bölegine laýyk derejede belende galýar. Kelte minaranyň täsin bezelişi bir ýarym asyrdan soň hem ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar: ol dolulygyna syrçalanan gurluşyk serişdeleri we maýoliko bilen bezelip, 1855-nji ýylda hem bolşy ýaly, häzir hem täzeligini we owadanlygyny saklaýar. Şeýle diňler dünýäde başga ýokdur.


1871-nji ýylda Muhammet Rahym han II-niň maliýe ministri Muhammet Nyýaz tarapyndan gurlan Mätniýaz Dowanbegi medresesi hem binagärlik aýratynlygy taýyndan tapawutlanýar. Desga günbatardan gündogara tarap uzalýan gönüburçluk görnüşindedir. Onuň öň tarapy Muhammet Rahym han medresesine tarap bakýar, merkezinde bäşburçly tagçasy hem-de burçlarynda diňleri bolan belent geçelgesi bardyr.


Toplumyň düzüminde on hüjre, dershanalar, gyşky we tomusky metjitler bar. Esasy bezegler medresäniň merkezi girelgesinde, girelge böleginde “islim” diýen ösümlikler şekillendirilen nagyşlary bolan maýolik plitalaryň görnüşinde ýerine ýetirilipdir, şeýle nagyşlar, diňe oýulyp haşamlanyp çekilen nagyşlar girilýän goşa gapyda bar.


“Kozi Kalon” medresesiniň binasy hem owadan bolup, ol Salimiň baş kazysy Ahun han tarapyndan gurlupdyr. Bu ýerde dini derslerden başga-da kanunçylygyň we salgyt salmagyň esaslaryny okadypdyrlar. Gurluşyga Horezmiň meşhur ussalary gatnaşypdyrlar. Häzirki wagtda medresäniň otaglarynda “Horezmiň aýdym-saz sungaty” muzeýi ýerleşip, ol ýerde bu ulgamda gadymy döwürlerden şu günlerimize çenli aýdym-sazyň ösüşiniň taryhyny beýan edýän serişdeleriň 352-si goýlupdyr.


Taryhy gözellikleri synlamagyň barşynda türkmen Lideri bilelikdäki türkmen-özbek filmini surata düşürmek hakynda pikirini beýan etdi. Filmi surata düşürmek üçin şu şäheri saýlap bolar, sebäbi biziň halklarymyzyň baý mazmunly durmuş ýolunda umumy sahypalary az däl diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.


Döwlet Baştutanlary Içan-kalanyň merkezinde ýerleşen Şirgazy medresesine baryp gördüler.


Ol 1718-nji ýylda Şirgazy han tarapyndan gurlupdyr we Hywanyň gadymy we uly binalarynyň biridir. Diňe öňki bölegi iki gatly bolan bu bir gatly bina dört eýwany bolan içerki howludan hem-de okuw üçin otaglardan ybarat bolupdyr. Bu ýerde soňra uly meşhurlyga eýe bolan alymlar we şahyrlar bilim alypdyrlar. Olaryň hatarynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragy bar. Ol şeýle şahyrana setirleri bagyşlapdyr: “Daýym unutmaz men tylla gapysyn... Kutbda saý gözläp, gümana duşdum... Neýsan guýdy, umman - gaýnadym-joşdum... Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!”.


Şahyryň üç ýyl ýaşan otagy, beýik akyldaryň golýazmalary, durmuşda ulanan zatlary aýawly saklanylýar.


Iki ýurduň Liderlerine gadymy kitaplar, şol sanda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlary Keminäniň, Seýdiniň, Zeliliniň we beýleki şahyrlaryň eserleri görkezildi. Olar milli medeniýetiň diňe bir bölegi bolup, şu ýerde saklanyp galan hem-de öwrenilmegine garaşylýar.


Döwlet Baştutanymyz hökümet wekiliýetiniň degişli ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Içan-kalada saklanyp galan gymmatly golýazmalary öwrenmek boýunça işleri guramagy tabşyrdy, olar halkymyzyň taryhy barada köp zatlary gürrüň berip biler.


Medresäniň howlusynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Şawkat Mirziýoýewe Magtymgulynyň döredijilik ýolunyň bir sahypasyna bagyşlanan sahna görkezildi, türkmen topragynyň şöhratly oglunyň ganatly setirleri ýaňlandy.


Şahyryň durmuşy hakynda köp zatlary onuň edebi mirasyndan öwrenmek bolýar. Medresäni tamamlandan soň, Magtymguly dogduk obasyna dolanýar hem-de mekdepde bilim berip başlaýar. Halk bilen, onuň durmuşy bilen üznüksiz arabaglanyşyk asylly binýat bolup, hut şonuň esasynda şahyryň şygryýeti kemala gelýär. Pyragy ömrüniň köp bölegini öz sowat-bilimine sarp edip, Gündogar ýurtlarynyň taryhyny, sungatyny öwrenýär. Ol tanymal şahyr bolandan soň hem Eýran, Owganystan hem-de Gündogaryň beýleki ýurtlary boýunça syýahat edýär.


Öz ömrüni halkyna bagyşlan Magtymgulynyň döredijilik dünýäsi baý mazmunly we köpöwüşginlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, nusgawy şahyryň goşgularynda dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň biri bolan-Şekspiriň duýgulary, mähriban halkyna bolan söýgüsi, Puşkiniňki ýaly pelsepewi wesýetleriň şygryýet çuňlugy, Omar Haýýamda bolşy ýaly, ynsan kalbynda döreýän duýgular öz beýanyny tapdy.


Ol - diňe türkmeniň däl-de, eýsem, türki dilli edebiýatyň taryhyna uly goşant goşan şahyrdyr. Belli akademik B.B.Bartold, alym-gündogarşynas Ý.E.Bertels we beýleki alymlar Magtymgulynyň döredijiligine ýokary baha berdiler. Beýik şahyryň geljekki nesillere galdyran baý edebi mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň alymlarynyň öňünde beýik akyldar Pyragynyň durmuşyny we döredijiligini, baý ruhy mirasyny öwrenmekde hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar.


Mahmyt Pälwanyň kümmetinde belent mertebeli myhmanlary mawzoleýiň ymamy garşylap, bu täsin binanyň taryhy barada gürrüň berýär.


Teýmiriň döwrüne çenli Horezm binagärçiliginiň däplerinde ýerine ýetirilen bu toplum XIX asyryň ortalarynyň Hywa binagärliginiň iň oňat eserleriniň biri hasaplanylýar. Eger mawy gümmezler Gündogar binagärliginiň nyşany bolup, Samarkantda we Buharada häli-şindi duşýan bolsa, onda Hywada, hususan-da, Içan-kalada mawy gümmez ýeke-täkdir. Ol XIV asyryň şahyry we pälwany bolan Mahmyt Pälwanyň baky aram tapan ýerini bezeýär.


Mahmyt Pälwan ýönekeý senetçileriň biri bolup, pälwanyň egsilmejek uly güýji hem-de adamlary bejermäge bolan ukyby bilen şöhratlanypdyr. Onuň aramgähi Juma metjidiniň arka tarapynda, öwlüýäde ýerleşipdir. Ýerli halkda dilden-dile geçip, Mahmyt Pälwanyň ömri we gahrymançylykly hereketleri bilen baglanyşykly ençeme rowaýatlar saklanýar. Gadymy döwürden bäri bu ýerde oňa pir hökmünde, ýagny şäheriň mukaddes goragçysy hökmünde sarpa goýupdyrlar.


Hywa şahyry öz rubagylaryny we poemalaryny arap hem-de gadymy horezm dillerinde ýazypdyr. Ol eserlerinde özüniň sopuçylyk pikirlerini we maksatlaryny beýan edipdir. Onuň iň meşhur eserleriniň biri “Kanzul hakoýik” (“Hakykatlaryň ýygyndysy”) eseri hasaplanylýar. Mahmyt Pälwanyň ençeme golýazmalary biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir we häzir Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynda saklanylýar. Mahmyt Pälwan 1326-njy ýylda aradan çykypdyr we öz ussahanasynyň howlusynda jaýlanypdyr. Ol aradan çykanyndan soň, musulmanlar ony keramatlylaryň derejesine belende galdyrypdyrlar.


1701-nji ýylda onuň jaýlanan ýeriniň üstünde mawzoleý gurlupdyr. Tiz wagtda bu ýer mukaddes ýere öwrülip, onuň töwereginde gurluşyklaryň giden toplumy peýda bolupdyr, Mahmyt Pälwanyň gubrunyň üsti we mawzoleýiň özi bolsa, hanlaryň baky aram tapan ýerlerine mahsus bolan, däbe öwrülen ak-mawy maýoliko bilen bezelipdir. XIX asyryň birinji ýarymynda bu ýadygärlik oňa ýanaşyk Gündogar galereýasynyň gurulmagy bilen giňeldilipdir. Soňlugy bilen bu ýerde Muhammet Rahym han I, Abdulgazy han we Elbars II, şeýle hem hanlaryň maşgalalarynyň agzalary jaýlanypdyr. Mahmyt Pälwanyň aramgähi Hywa hanlarynyň baky aram tapan ýerine öwrülipdir.


XIX asyryň ahyrlarynda toplumda metjit, medrese hem-de sadaka berilýän binalaryň dördüsi - karihona gurlupdyr. Bu ýere zyýaratçylar köp gelipdir. Kem-kemden aramgäh belent desga öwrülipdir. Allaguly hanyň hökümdarlyk edýän döwründe bina maýoliko bezeg serişdesi bilen bezelipdir.


1810-njy ýylda gurluşyga Hozaraspdan ussa Adina Muhammet Myrat ýolbaşçylyk edipdir. Maýoliko bezeg serişdesiniň ulanylyşy 1825-nji ýyl senesi bilen bellenilýär. Ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti haşamlanan sütünleri bolan eýwanlaryň gurulmagy bilen ýetirilýär. XX asyryň başlarynda aramgähiň öňünde iki gatly bina gurlup, onuň otaglarynyň biri Isfandiýar hanyň owadan bezelen baky aram tapan ýerine berlipdir.


Bu täsin ýadygärlik hem-de beýik Mahmyt Pälwanyň taryhy bilen tanyşdyranyndan soň, mawzoleýiň ymamy Gurhandan aýat okady.


Soňra döwlet Baştutanlarynyň awtoulag kerweni Hywanyň daşky şäherinde Dişan-kalada ýerleşýän «Nurullaboý» taryhy köşkler toplumyna tarap ugrady. Muhammet Rahym hanyň öz ogly we mirasdüşeri Isfendiýar han üçin 1906 - 1912-nji ýyllarda guran bu köşgi şunuň ýaly binalardan ajaýyplygy, özüne çekijiligi, gözelligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.


Toplumyň binagärligine Ýewropa we milli usullaryň garyşmagy häsiýetlidir. Bu bolsa şol döwrüň şäher gurluşygyna mahsus bolan alamatlar bilen düşündirilýär. Binanyň bezelmegine nemes ussalary hem gatnaşypdyr. Bezeg keramiki gurluşyk serişdeleri Sankt-Peterburgda taýýarlanypdyr. Hanyň kabulhanasynyň bezelişi aýratyn gyzyklanma döredýär. Altyn çaýylan we dürli reňkler bilen ýazgy ýazylan, haşamlanan bezegler meşhur Hywa bezeg usullaryna öwrülipdir. Diwarlarda asylgy duran dürli reňkli suratlar hem jaýyň içki giňişliginiň ajaýyplygyny artdyrýar.


Bu köşk dört howludan, ýüzden gowrak jaýdan, dalanhanalardan, garawullar üçin, hyzmatkärleriň hem-de zenanlaryň bolýan otaglaryndan, athanalardan ybaratdyr. Köşkler toplumynyň merkezi girelgesi onuň günorta tarapyndaky ýörite derwezäniň üstünden geçýär. Howlynyň içinde hanyň edara ediş otagy, diwanhana, şahsy goragçylary üçin jaýlar ýerleşipdir. Kabulhananyň jaýlarynyň içerki bezegi biri-birinden tapawutlanýar.


Köşgüň diwarlaryndaky we üçeklerindäki nagyşlary özbek ussalary tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Binanyň bezegindäki gülleriň we perişdeleriň şekillerini rus suratkeşleri Ýewropa äheňinde ýerine ýetiripdirler. Myhman jaýynyň ikinji zaly ilçileriň hem-de ýokary wezipeli myhmanlaryň hormatyna guralýan dabaralar üçin niýetlenipdir. Onuň ölçegleri 8 x 14 metre, beýikligi 6 metre deňdir.


Sekiz gyraňly diýlip atlandyrylýan tegelek dördünji zalda hanyň kabulhanasy ýerleşýär, bu ýerde döwlet ähmiýetli dürli şertnamalara gol çekilipdir. Hanyň hökümdarlyk eden döwründe bu zalyň her burçunda 1,5 x 3 metr ölçegdäki aýnalaryň biri goýlupdyr. Bu otagyň üçegi agaçdan ýasalypdyr, şunda nepis geometriki şekiller ýerine ýetirilipdir hem-de ýukajyk altynsow gatlak çaýylypdyr.


Üçegiň astynda gurnalan tolkunly germewaçlar Russiýadan getirilipdir. Altynjy zalyň üçeginiň merkezinde agaç ýonujy ussalar tarapyndan musulman nagyşlary şekillendirilipdir, bu ýerde şeýle hem üçegiň dört tarapy boýunça ýagly reňkler bilen perişdeler suratlandyrylypdyr.


Ýedinji myhman otagynyň üçeginde tawusyň ýelekleri görnüşindäki nagyşlar çekilipdir hem-de, dürli öwüşginli gymmatbahaly daşlar bilen bezelipdir. Diwarlardaky ýonulyp çekilen nagyşlar örän nepis bolup, olara bürünç reňk çaýylypdyr. Gyş paslynda köşgi ýylatmak üçin Russiýadan ýedi sany faýans (farfor) peçler getirilipdir, ýangyç hökmünde sazak ýakylypdyr. Hywa myhman jaýy üçin elektrik lýustralaryň getirilmegi Hywa hanlygynyň ýene bir tehniki täzeligidir.


Häzirki wagtda rejeleýiş işleri geçirilenden soň, köşk öz başky keşbine eýe boldy. Bu ýerde täsin amaly-haşam we şekillendiriş sungaty, fotosuratlar sergisi guraldy.


Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew orta asyrlarda Gündogarda ylmyň we bilimiň ösen ýokary derejesine, sebitiň halklarynyň örän baý taryhy-medeni mirasyna şaýatlyk edýän täsin muzeý gymmatlyklaryny uly üns bilen synladylar.


Öz gezeginde milli Liderimiz Türkmenistanyň taryhy barada gürrüň bermek bilen, halkymyzyň milli mirasynyň köpdürlüdigini belledi. Ol ýurdumyzyň döwlet muzeýlerinde toplanan we aýawly saklanylýan köp sanly gymmatlyklary öz içine alýar. Türkmenistan dünýä medeniýetiniň dünýäniň ylmy bileleşigi tarapyndan ykrar edilen, öz gadymy taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen meşhur bolan 5-nji merkezi hasap edilýär.


Merw, Köneürgenç, Nusaý, Abiwerd, Dehistan, Sarahs, Kerki ýaly, türkmen halkynyň şöhratly geçmişi baradaky hakydany özünde saklaýan döwlet taryhy-medeni goraghanalary häzirki wagtda hem ylmy bileleşigiň wekillerinde, alymlarda we syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär.


Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän ýadygärlikleriň her biri ýerli gurluşyk serişdeleriniň beýany bolup, binagärlik äheňlerini, olaryň howa şertlerine uýgunlaşmagyny, ýaşaýyş gurşawyny guramak taglymlaryny, şeýle hem dürli medeni ýörelgeleri alamatlandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda geljekki nesiller üçin ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça iri möçberli işler alnyp barylýar, olar umumadamzat mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.


Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýadygärlikleri arheologlaryň özlerini açmagyna garaşýar, olarda ençeme asyr mundan ozal medeniýet gülläp ösüpdir, söwda we senetkärlik şäherleri emele gelipdir. Müňýyllyklaryň dowamynda ruhy gujur we bilim baýlygy toplanypdyr. Bu örän uly ylmy işdir hem-de ony dowam etmek häzirki we geljekki arheologik toparlaryň wezipesidir diýip, milli Liderimiz nygtamak bilen, bilelikdäki barlag işleriniň meýilnamalaryny bilelikde ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem özüniň ýanyndaky özbek hünärmenlerini ýurdumyza gelip görmäge hem-de öz gözleri bilen ýurdumyzyň ajaýyp künjeklerini synlamaga çagyrdy.


Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri welaýatyň sazly-drama teatryna geldiler, bu ýerde iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti boldy.


Horezm oblastynyň şu günki medeni çäräniň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy tötänden däldir. Ürgenç - özboluşly taryhy-binagärlik ýadygärliklerinde we muzeý gymmatlyklarynda taryhyň uzakda galan sahypalaryny saklap galan Orta Aziýanyň gadymy şäherleriniň biri bolup, şol döwürde biziň halklarymyzy Beýik Ýüpek ýoly birleşdiripdir.


“Ýurdumyza hoş gelipsiňiz” diýen çykyş konsert maksatnamasyny açyp, ony özbek we türkmen artistleri ýerine ýetirdiler. Artistler bu gün dünýäde ylalaşdyryjy we dörediji, dostlar üçin açyk ýurt bolan Türkmenistany aýdym-sazlar bilen wasp etdiler.


“Beýik türkmen milletiniň ýüregi Siz, Arkadagym” atly aýdym ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ynamly öňe barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň maksatlaryny wasp edip, “Dokmaçylar” döredijilik-tans toparynyň artistleriniň ussatlygyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşy alan tomaşaçylarda uly seslenme döretdi.


“Meňli” we “Näzli” tans toparlary, belli halk bagşylary, meşhur sazandalar we aýdymçylar, opera we estrada aýdymçylary belent mertebeli myhmanlara öz ussatlyklaryny görkezdiler. Milli söýgi sazlary, türkmen tanslarynyň joşgunly depginleri tomaşaçylarda uly täsir galdyryp, olaryň zehinlerine mynasyp baha berildi.


Özbegistan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň we tans toparlarynyň çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bu ýere ýygnananlar ýurdumyzda ýygy-ýygydan myhman bolýan – Özbegistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Ozodbek Nazarbekowy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Leýlisaç barada rowaýat” atly aýdymyny ýerine ýetirdi. Özbegistanyň halk artisti Farruh Zakirowyň çykyşy hem-de belli “Ýalla” toparynyň “Garagum” atly aýdymy tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy.


Sahnada iki ýurduň döredijilik toparlary bilelikde “Küştdepdi” tansyny ýerine ýetirende, tomaşaçylaryň el çarpyşmalary uzak wagtlap dowam etdi.


“Dostluk bagy” atly aýdym dabaranyň jemleýji pursady bolup, ol iki doganlyk halkyň dostluk senasyna, olaryň barha berkeýän gatnaşyklarynyň alamatyna öwrüldi.


Döredijilik baýramçylygy taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň ýakynlygynyň häzirki şertlerde iki ýurduň we iki halkyň has-da ýakynlaşmagyna, olaryň özara düşünişmeginiň berkemegine, döredijilik gatnaşyklarynyň giňelmegine ýardam edýän möhüm şert bolup durýandygyny aýdyň görkezdi.


Konsert tamamlanandan soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Ürgenç şäheriniň Halkara howa menziline bardylar.


Iki döwletiň Liderleri düýn geçirilen gepleşikleriň jemlerine çuňňur kanagatlanma bildirip, özara bähbitlilik hem-de deňhukuklylyk esasynda guralýan doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge üýtgewsiz özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. Soňra Türkmenistanyň Baştutany özbek topragynda bildirilen myhmansöýerlik we mähirli kabul edilendigi üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirdi we onuň bilen mähirli hoşlaşdy.


Soňra hormatly Prezidentimiziň “Boingi” asmana galýar we Aşgabada tarap ugur alýar.


Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi