Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi


29.03.2018


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda jemgyýetçilik-syýasy çäre - Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeş agzalarynyň ýakynda geçirilen saýlawlarynyň jemlerine seredildi. Mundan başga-da, döwlet syýasatynyň içerki möhüm meselelerine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.


Hormatly Prezidentimiz ilki bilen, mejlise çagyrylan Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. G.Myradow ýurdumyzda 25-nji martda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri barada hasabat berdi.


Bu gezekki saýlawlar bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýörelgelerinde geçip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygynyň aýdyň tassyklanmasyna öwrüldi. Onuň ähli tapgyrlary hereket edýän milli kanunçylygyň we umumy ykrar edilen halkara kadalaryň talaplaryna laýyk derejede guraldy. Saýlaw okruglarynyň çäginde ýerleşýän 2604 saýlaw uçastogynda ses bermek çäresi amala aşyryldy. Şol sanda ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 39-sy açyldy.


Saýlawçylaryň ýokary işjeňligi geçirilen saýlawlaryň häsiýetli aýratynlygy boldy. Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, umuman, 3 million 291 müň 525 saýlawçydan 3 million 19 müň 957 adam ýa-da Türkmenistanyň ses bermäge hukugy bolan ähli raýatlarynyň 91,75 göterimi ses berdi.


Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy saýlawlaryň netijelerini beýan edip, tutuş ýurdumyz boýunça 284 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlygyna 125 deputat, 3 müň 59 dalaşgärden welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlaryna 240 agza, etrap we şäher halk maslahatlaryna 1200 agza, 13 müň 215 dalaşgärden Geňeşlere 5 müň 900 agza saýlanylandygyny habar berdi.


Parlamentiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna Demokratik partiýadan 3257, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 352, Agrar partiýadan 1358, raýatlar toparlaryndan bolsa 2498 adam saýlanyldy. Merkezi saýlaw toparynyň 28-nji martda geçirilen mejlisinde olaryň garalan we tassyklanylan sanawy hereket edýän milli kanunçylygyň kadalaryna laýyklykda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär.


Şeýle hem saýlawlaryň ähli tapgyrlarynda alnyp barlan işlere gözegçiligi milli synçylaryň 4 müňden gowragynyň, hatarynda BMG-niň, GDA-nyň, ÝHHG-niň demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň, ŞHG-niň, YHG-niň we birnäçe daşary döwletleriň wekilleri bolan halkara synçylarynyň 142-siniň amala aşyrandyklary habar berildi. Olar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde hiç hili düzgün bozmasyz geçirilendigini tassykladylar.


Şeýlelikde, şu gezekki ählihalk saýlawlary Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda ýaýbaňlanan düýpli demokratik özgertmeleriň yzygiderli häsiýetlidiginiň we üstünliklidiginiň ajaýyp subutnamasyna öwrüldi.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Merkezi saýlaw toparynyň başlygyna saýlawlary taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşan ähli adamlara Ministrler Kabinetiniň adyndan minnetdarlyk bildirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem şu saýlawlar bilen bagly geçirilen ähli işleri düýpli seljerip, eger saýlawlary geçirmekde kemçilikler bar bolsa ýa-da halkara tejribesinden yza galynýan bolsa, onda saýlawlary geçirmegiň kadalaryny kämilleşdirmek we halkara ölçeglerine laýyk getirmek boýunça ýakyn wagtda teklipleri bermegi tabşyrdy. Bu teklipler öwrenilip, kanunçylyga degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky meselä garalar.


Milli Liderimiz mejlisi dowam edip, ýurdumyzyň saýlaw uçastoklaryna gelip, ses beren ähli adamlara minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, geçirilen bu saýlawlaryň netijeleri biziň ählimiz üçin, bütin jemgyýetimiz üçin möhümdir. Öz pikiriňi, döwlet derejesindäki meseleler boýunça şahsy garaýşyňy erkin beýan etmek ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilen, biziň raýatlyk hukugymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


Geçirilen saýlawlar oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin deň mümkinçilikleriň döredilendigi, bir ýere iki we şondan hem köp dalaşgäriň bäsleşik esasynda gatnaşandygy bilen tapawutlandy. Dalaşgärleri deputatlyga teklip etmek we hasaba almak deňhukuklylyk, erkinlik we aýdyňlyk esasynda, milli kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda geçirildi. Raýat jemgyýetiniň kanunçylyk binýadynyň döredilmegi, hereket edýän üç sany syýasy partiýa öz wekillerini teklip edip, saýlawlary demokratiýa esasynda geçirmäge öz goşantlaryny goşmaga mümkinçilik berdi. Bu bolsa biziň demokratiýamyzyň ösen ýokary derejesini aýdyň görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.


Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, täze saýlanan deputatlary syýasy köpdürlülik we köppartiýalylyk şertlerinde, saýlawçylaryň ynamyna mynasyp bolup, ýakyn bäş ýyl üçin halkyň wekilleri bolmak ynamyny gazanandyklary bilen gutlady. Biziň syýasy güýçlerimiziň bir maksada eýerip, ata Watanymyza gulluk etmäge, ýurdumyzyň halkynyň bähbidine işlemäge, Prezident Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge öz goşantlaryny goşmaga taýýardyklary aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Her bir syýasy partiýa maksatnamalaýyn wezipelerini we ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetini hem-de döwletini ösdürmek boýunça öz garaýyşlaryny teklip edýär. Bu bolsa iş ýüzünde hakyky demokratiýadyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.


Maksatlaryň bir bolmagy halkymyzyň durmuşyny gowulandyrmaga, kuwwatly türkmen döwletini has-da ösdürmäge çalyşmakdyr. Ata Watanymyzyň bähbidine bu maksatlara ýetmek üçin köpdürli ýollaryň bolmagy türkmen jemgyýetiniň hereketlendiriji güýjüdir, mähriban halkymyzyň gülläp ösmeginiň we öňe gitmeginiň açarydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek we täze, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini üpjün etmek üçin ähli zerur işler geçiriler. Esasy meseläni çözmek, ýagny raýatlarymyzyň abadançylygyny üpjün etmek, mähriban halkymyzyň, adamlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin, ähli işleri ederis, ähli tagallalarymyzy şu maksada gönükdireris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze çagyrylyşyň deputatlarynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylaryny saýlamaklary we ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmaga çaltrak girişmekleri üçin, ýakyn wagtda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň birinji maslahatyny geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahatyň ertir Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçiriljekdigini habar berip, Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň bolsa, gazanan üstünliklerimiziň jemlerini jemlemek üçin, adatça bolşy ýaly, baş baýramymyz bolan Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.


Soňra döwlet Baştutanymyz hökümet agzalarynyň hasabatlaryny diňledi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow söwda pudagynda işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça amala aşyrylýan çäreler, hususan-da, elektron senagatynda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän we eksport ugurly önümçilikleri giňeltmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.


Şeýle hem wise-premýer şu gün paýtagtymyzda açylan Özbegistan Respublikasynyň Milli senagat sergisiniň geçişi barada habar berdi. Sergä goňşy ýurduň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň onlarçasy gatnaşyp, olar öndürýän köp görnüşli önümlerini görkezýärler.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere türkmen harytlaryny daşarky bazarlarda öňe ilerletmek babatda halkara gatnaşyklarynyň gurallaryny we görnüşlerini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň senagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, işewürligi işjeňleşdirmek hem-de hususy başlangyçlary höweslendirmek üçin şertleri döretmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.


Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçýän özbek senagat sergisiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky we ösdürmekdäki ähmiýeti barada aýdyp, türkmen harytlarynyň şeýle sergisini hem-de işewürler maslahatyny goňşy ýurtda hem guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, wise-premýere bu mesele babatda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän maliýe-ykdysady edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, şu ulgamyň edaralaryny 2018 - 2024-nji ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasy, ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ugurda göz öňünde tutulan işleriň ählisiniň berk berjaý edilmeginiň wajypdygyny nygtady. Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek önümçilik ulgamlarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin serişdeleri çekmek üçin möhüm çäreleriň görülmelidigini nygtady. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegini üpjün etmek, önümçilik ulgamlarynyň kuwwatyny artdyrmaga maýa goýumlaryny çekmek üçin degişli serişdeleri ulanmaga aýratyn üns bermek zerur talap bolup durýar. Degişli pul gaznalaryny emele getirmegiň, paýlamagyň hem-de ulanmagyň serişdelerine gözegçilik etmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz maliýe-hojalyk işiniň kärhanalarynyň ykdysady seljermelerini geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018 - 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekip hem-de ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasyny tassyklap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň ünsüni ýurdumyzyň bank ulgamlarynyň işine çekdi. Milli Liderimiz bank edaralarynyň işleriniň talabalaýyk guralmandygyna nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýewe we «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Arabowa käýinç yglan etdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga, nebit hem-de gaz, himiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesini ilerletmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşy barada habar berildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köp şahaly ulgamyny döretmegiň, olaryň halkara ugurlarynyň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmegiň Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmäge, giň möçberli halkara energetika taslamalarynyň, şol sanda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen daşary syýasat başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar.


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” gaz känindäki işleri has-da ilerletmek, nebitgaz ulgamynda, hususan-da, bu pudagy ylmy taýdan ösdürip, işleri dünýä ölçegleriniň derejesinde kämilleşdirmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda ähmiýetli çäre bolup durýandygyny aýtdy. Munuň üçin ýurdumyzda hemme şertler döredilendir.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda utgaşykly işi dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere öňdebaryjy tejribä, tehniki hem-de tehnologik mümkinçiliklere eýe bolan esasy nebitgaz kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge birnäçe tabşyryklary berdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, şol sanda gowaça ekişiniň barşy barada hasabat berdi. Ekiş möwsümini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bellenen möhletlerde guramaçylykly geçirmek, oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işlemegini ýola goýmak, ýer eýelerini ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada habar berildi.


Şunuň bilen birlikde, bugdaýa ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere meýdan işleriniň depginlerini artdyrmak, kärendeçi-pagtaçylary maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz galla oragyna eýýäm häzirden taýýarlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow her welaýatda miwe-gök we bakja önümleriniň öndürilişiniň mukdarynyň artdyrylmagyny hem-de ýakynda bagy-bossanlyga büremek boýunça geçirilen ýowaryň barşynda ekilen agaç nahallaryna ideg edilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän senagat ulgamynda işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 - 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň balyk hojalygy pudagynda alnyp barylýan işler barada, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalary tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri 555 tonna balyk tutuldy, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe tutulan balygyň möçberinden ep-esli köpdür.


Wise-premýer şeýle hem dünýä tejribesini öwrenmek esasynda ýurdumyzyň içerki suwlarynda hem-de Hazar deňzinde balyklary ýörite torlarda emeli usulda ösdürip ýetişdirmek usulyny önümçilige ornaşdyrmak we bu torlarda balyklary iýmitlendirmek üçin ýokumly iýmleriň täze görnüşlerini ylmy esasda işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralary bilen geçirilýän işler barada habar berdi.


Şeýle hem balyklary emeli usulda ýetişdirmek babatda telekeçiligi goldamak boýunça görülýän çäreler, kärhanalaryň birnäçesine 21 sany ygtyýarnamanyň resmileşdirilendigi, telekeçilere ösdürilip ýetişdirilen sagdyn ýaş balyklaryň 25 tonnasynyň ýerlenendigi habar berildi.


Bulardan başga-da, hasabatda daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna Balkan welaýatynyň Guwlymaýak şäherçesiniň töwereginde bekre balyklary emeli usulda köpeldýän we balyk önümlerini öndürýän önümçilik toplumyny, şeýle hem “Balkanbalyk” döwlet kärhanasynda täze balyk gaplaýjy bölümi gurmak we enjamlaşdyrmak barada halkara bäsleşiginiň yglan edilendigi bellenildi.


Wise-premýer şeýle hem ýurdumyzyň senagat pudagyna degişli edaralaryň ýeten sepgitlerini wasp etmek hem-de dokma we haly önümlerini, gurluşyk harytlaryny hem-de himiýa önümlerini, balyk hojalygynda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak maksady bilen, ýöriteleşdirilen «Türkmenistanyň senagaty» žurnalyny neşir etmegiň teklip edilýändigini-de aýtdy. Žurnaly şu ýylyň iýul aýyndan başlap, çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde çap etmek göz öňünde tutulýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynda milli ykdysadyýetimiziň azyk pudagyny, şol sanda balyk senagatyny ösdürmek işine uly ähmiýet berilýändigini, bu ugra uly möçberde maýa goýumlarynyň gönükdirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda pudagyň hojalyklaryny täzelemek we enjamlaşdyrmak, innowasion tehnologiýalaryň esasynda täze iri senagat kärhanalaryny döretmek boýunça işleriň geçirilmegi netijesinde tutulýan balygyň mukdarynyň yzygiderli artýandygyny, suw howdanlarynda balyklary emeli usul bilen ösdürip ýetişdirmäge hem-de köpeltmäge, balyk önümlerini gaýtadan işlemäge gönükdirilen çäreleriň netijeliliginiň ýokarlanýandygyny belledi.


Milli Liderimiz şu maksat bilen ýurdumyzyň telekeçilerini bu işlere höweslendirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere balykçylyk pudagynyň täze desgalaryny gurmak bilen bagly meseleler boýunça teklipleri taýýarlamak barada anyk görkezmeleri berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, bu ugurda daşary ýurtly işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksadynda ýurdumyzyň senagat toplumynda gazanylýan üstünlikler hem-de ýetilen sepgitler bilen türkmen we dünýä jemgyýetçiligini, ähli gyzyklanma bildirýän taraplary hemmetaraplaýyn habarly etmegiň möhümdigini belläp, «Türkmenistanyň senagaty» atly täze ýöriteleşdirilen žurnalyň neşir edilmegini makullady.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Wise-premýeriň habar berşi ýaly, Gurbansoltan eje şaýolunyň günorta böleginde umumy meýdany 27,2 gektar ýerde täze ýaşaýyş toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Taslama laýyklykda, 480 hojalyga niýetlenen 4 gatly 24 öýli jaýlaryň 20-si, 160 orunlyk çagalar bagy, 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, her biri 240 orunlyk köp derejeli awtoduralga hem-de 7 sany 2 gatly söwda merkezlerini gurmak göz öňünde tutulýar. Bu taslama 5 ýylyň dowamynda iki tapgyrda amala aşyrylar.


Döwlet Baştutanymyza täze ýaşaýyş toplumynyň nusgasy görkezildi. Onuň gurulmagyny merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň, paýly gurluşyga gatnaşýan raýatlaryň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak meýilleşdirilýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşaýyş jaý toplumynyň hem-de beýleki degişli desgalaryň gurluşygynyň ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň gurluşygyna bildirilýän esasy talaplardygyny nygtady. Milli Liderimiz şähergurluşyk toplumynyň hem-de milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine hususy kompaniýalaryň giňden çekilmelidigini aýdyp, ýurdumyzda telekeçiligi höweslendirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.


Milli Liderimiz her bir taslamanyň öz wagtynda durmuşa geçirilmelidigini belläp, gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmelidigini nygtady hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.


Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda “Gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Karara gol çekip, onuň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag-aragatnaşyk toplumynda alnyp barylýan işler, ulaglaryň ähli görnüşleriniň kärhanalarynyň işlerini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň ünsüni ulag ulgamyny ösdürmek boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyna çekdi. Milli Liderimiz Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek, sebit we transkontinental ýollaryny döretmek boýunça başlangyçlarymyzyň howa, deňiz we derýa ulaglarynyň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýady talap edýändigini nygtady hem-de awtomobil we demir ulaglary baradaky meselä aýratyn ünsi çekdi.


Döwlet Baştutanymyz şeýle hem wise-premýere ulag-aragatnaşyk toplumyny ýokary derejede döwrebaplaşdyrmak işine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi üpjün etmegi, ýük daşalyşyny artdyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz bu pudagyň tehnologik taýdan enjamlaşdyrylmagyna döwletimiziň hemmetaraplaýyn üns berýändigini nygtap, wise-premýere ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň işiniň degişli hilini üpjün etmek boýunça gözegçiligi güýçlendirmek barada degişli görkezmeleri berdi. Bu ulgamy dünýä ölçegleriniň ýokary derejesine çykarmak üçin innowasion çemeleşmeler hem-de hereket etmegiň takyk meýilnamasyny berjaý etmek zerurdyr.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa şu ýylyň aprel aýynda birnäçe medeni çäreleri, şol sanda milli baýramlara we möhüm wakalara bagyşlanylan halkara ähmiýetli çäreleri geçirmäge hem-de bu senelere gabatlanylyp, medeni-durmuş maksatly binalary ulanmaga bermäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.


«Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli çäreleriň çäklerinde muzeýlerde, kitaphanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde, orta we ýörite okuw mekdeplerinde, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda, Döwlet sirkinde, kinokonsert merkezlerinde döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler, ylmy-amaly maslahatlar, sahnalaşdyrylan çykyşlar, sergiler hem-de konsertler geçiriler, muzeýlere we ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelençler guralar.


Bütindünýä saglyk güni köp sanly sport hem-de medeni-dynç alyş çärelerine beslener. “Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly IX milli oýunlaryň hem-de uniwersiadanyň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary, saglyk ýoluna ýörişleri, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça welosipedli ýörişleri we ylgaw ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Baýramçylyk güni - 7-nji aprelde welaýatlarda we Aşgabat şäherinde dabaralar hem-de köpçülikleýin welosipedli ýöriş guralar.


Aprel aýynyň halkara çäreleriniň hatarynda türkmen we nemes sazandalarynyň bilelikdäki konserti hem-de “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahat we festiwal bar.


Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp, iri möçberli çäreler bellenildi. Bu sene mynasybetli 25 - 29-njy aprel aralygynda atly ýöriş, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryşy, “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çeper beýan etmek boýunça yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler.


Baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda ýaryşlar, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi, her ýyl geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly X halkara ylmy maslahaty, medeniýet hem-de sungat işgärleriniň çykyşlary we at çapyşyklary bolar. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky atçylyk-sport toplumlarynda hem baýramçylyk dabaralary we at çapyşyklary geçiriler.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriniň hem-de halkara döredijilik çäreleriniň ählisiniň milli sungatymyzyň köp öwüşginliligini hem-de halkymyzyň baý medeni mirasyny görkezmelidigini, olary giňden wagyz etmäge ýardam bermelidigini nygtady.


Milli Liderimiz Bütindünýä saglyk gününe hem-de Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görmek baradaky meselä degip geçip, bu seneleriň şol möhüm ugurlarda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmelidigini, jemgyýetde sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna, milli gymmatlyklarymyzyň we ruhy genji-hazynamyzyň aýrylmaz bölegi bolan köpasyrlyk däp-dessurlarymyzyň çuňňur many-mazmunynyň we özboluşlylygynyň açylyp görkezilmegine ýardam bermelidigini belledi.


Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda milli däplere laýyklykda halkymyzy täze ajaýyp we beýik işlere ruhlandyrýan köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegini guramagyň zerurdygyny aýdyp, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny ösdürmek, ýaşlar syýasaty, bilim we ylym ulgamlarynda milli maksatnamalary, şol sanda ýurdumyzyň bilim edaralaryny ýokary tizlikli Internet bilen üpjün etmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmek babatynda döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Wise-premýer ýurdumyzda bilim edaralaryny ýokary tizlikli Internet ulgamyna birikdirmek boýunça teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary tizlikli Internet ulgamyna elýeterlilik bilimiň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin täze geljegi açjakdygyny, tutuş bilim ulgamyny informatizasiýalaşdyrmagyň derejesini, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Munuň üçin bizde hemme şertler, zerur bolan kuwwatlyklar, programma üpjünçiligi we şuňa meňzeşler bar. Milli Liderimiz hödürlenen görnüşdäki bar bolan kemçiliklere ünsi çekip, bu meseläniň üstünde ýene-de bir gezek işlemegi we degişli resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy.


Soňra mejlise çagyrylan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda işleriň alnyp barlyşy, şol sanda olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.


Şeýle hem ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, bu ugurda harby özgertmeleriň barşynda durmuşa geçirilýän anyk işler barada habar berildi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, üstünlikli durmuşa geçirilýän diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň parahatçylygyň we abadançylygyň kepili bolup durýandygyny, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmek hem-de Bitarap ýurdumyzy dünýäde öňdebaryjy orunlara çykarmak üçin hemme şertleriň döredilýändigini nygtady.


Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap derejede pugtalandyrmagyň öňde goýlan wezipeleri çözmegiň ýagdaýy bolup durýandygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi dowam etmegi tabşyrdy.


Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikler, ýurdumyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.


 


 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi