Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Eýranyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy


28.03.2018


Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördi.


Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi. Ol iki döwletiň we halklaryň asyrlaryň dowamynda berkän, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ähli ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we işjeňleşdirmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalara ygrarlylygyny ykrar etdi.


Nobatdaky ýokary derejede bolan duşuşykda türkmen we eýran Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we onuň wajyp taraplaryny kesgitlediler. Iki goňşy halkyň dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň berkidilmegini şertlendirýän döwletara medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Bu ulgamdaky özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2018 - 2020-nji ýyllarda medeniýet, sungat, ylym we bilim boýunça hyzmatdaşlygyň maksatnamasynda öz beýanyny tapdy. Oňa şu gezekki gepleşikleriň jemleri boýunça möhüm resminamalaryň toplumynyň hatarynda gol çekildi.


Prezident Hasan Ruhani Türkmenistana bolan resmi saparynyň ikinji gününde örän baý we gadymy taryhy bolan Mary welaýatynyň edara ediş merkezi - Mary şäherine geldi. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany ýurdumyzyň resmi wekilleri garşyladylar. Dostlukly döwletiň Liderine duz-çörek hödür edildi we gül desseleri gowşuryldy.


Howa menzilinden Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ulag kerweni “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna tarap ugrady. 
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärliklerden ybarat bolan bu toplum açyk asmanyň astyndaky ägirt uly muzeý, köp sanly syýahatçylaryň has ýygy-ýygydan gelýän meşhur merkezleriň biri, zyýarat edilýän künjek, şol bir wagtyň özünde bolsa milli we dünýä taryhynda hem-de medeniýetinde ylmy barlaglary alyp barmak üçin özboluşly barlaghana bolup durýar.


“Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän şu ýylda milletiň umumadamzat gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan milli mirasyň wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunlukda, dünýäniň dürli ýurtlary, ilkinji nobatda bolsa goňşy döwletler bilen netijeli ylmy we medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy möhüm bolup durýar. Şeýle hem Türkmenistan we Eýran üçin syýahatçylyk ulgamynda tejribe alyşmak we bu ugry ösdürmek ugrunda ägirt uly mümkinçilik açylýar. Türkmenistanyň we Eýranyň ajaýyp taryhy-binagärlik we medeni ýadygärlikleri diňe bir alymlaryň däl, eýsem dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.


“Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynda bolmagyň barşynda belent mertebeli myhman birnäçe taryhy ýadygärliklere we bu künjegiň taryhdaky ösüşini, biziň halklarymyzyň gadymy gatnaşyklaryny alamatlandyrýan mukaddes künjeklere baryp gördi.


Taryhy-medeni goraghana bilen tanyşlygy tamamlap, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we Türkmenistandan ugrady.


 


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi