Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­si


2018-nji ýylyň 21-nji fewralynda Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sa­pa­ry bi­len Ma­ry we­la­ýa­ty­na ug­ra­dy, bu ýer­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di.


Ma­ry şä­he­ri­niň ho­wa men­zi­lin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy res­mi adam­lar gar­şy­la­dy­lar.


Ýo­la goý­lan asyl­ly dä­be gö­rä, mil­li Li­de­ri­mi­ze aja­ýyp gül des­se­le­ri gow­şu­ryl­dy.


Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar duz-çö­rek hö­dür ed­ýär­ler. Din we­kil­le­ri eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy ba­ra­da do­ga-di­leg ed­ýär­ler.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­lar bi­len sa­lam­la­şyp, ýa­şu­lu­lar bi­len gür­rüň­deş bol­dy, ola­ryň gün­de­lik alada­la­ry, is­leg-ar­zuw­la­ry bi­len gy­zyk­lan­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ma­ry welaýa­ty­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­tan­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň mak­sat­la­ry­na we we­zi­pe­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­di.


Mil­li Li­de­ri­miz 23-nji few­ral­da en­çe­me mö­hüm çä­re­le­riň - Türk­me­nis­tan - Ow­ga­nys­tan - Pa­kis­tan  Hindistan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň no­bat­da­ky tap­gy­ry­nyň, Türk­me­nis­tan - Ow­ga­nys­tan - Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my­nyň hem-de op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň düý­bü­ni tut­mak, şeý­le hem Ser­he­ta­bat - Turgun­dy tä­ze de­mir ýo­lu­ny aç­mak my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ryň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni bel­läp, ýa­şu­lu­la­ry öň­de bol­jak ta­ry­hy wa­ka­lar bi­len gut­la­dy. Bu wa­ka­lar eziz Wa­ta­ny­my­zyň ýyl ýaz­gy­sy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lar.


Bu­la­ryň hem­me­si hal­ka­ra sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň üs­tün­lik­li ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, öza­ra we köp­ta­rap­la­ýyn bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­rin­de go­şu­lyş­mak iş­le­ri­niň mö­hüm şer­ti bo­lup hyz­mat ed­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy hem-de hä­zir­ki wa­ka­la­ryň ga­dy­my türk­men top­ra­gyn­da - Ma­ry we­la­ýa­tyn­da bo­lup geç­ýän­di­gi­niň öz­bo­luş­ly ma­na eýedigini bel­le­di. Bu ýer­den, or­ta asyr­lar­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mer­ke­zi, ta­ryh­da meş­hur bo­lan Ma­ru-Şa­hu Jahan şä­he­ri­niň üs­tün­den onuň esa­sy ugur­la­ry ge­çip­dir. Biz ony hä­zir tä­ze hil­de gaý­ta­dan di­keld­ýä­ris.


Bi­ziň ga­za­nan­la­ry­myz mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny we ro­waç­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gönükdirilen­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýa­şu­lu­la­ra jem­gy­ýe­tiň ag­zy­bir­li­gi­ni we je­bis­li­gi­ni ber­kit­mä­ge, aý­ra­tyn-da, ösüp gel­ýän nes­li wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek işi­ne goş­ýan go­şant­la­ry üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.


Ýa­şu­lu­lar Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za berk jan sag­ly­gy­ny ar­zuw edip, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ra­da ed­ýän ýa­daw­syz ala­da­sy üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler hem-de eziz Wa­ta­ny­my­zyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan ägirt uly iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di­ler.


Şeý­le hem bu ýer­de dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aja­ýyp çy­kyş­la­ry üçin ar­tist­le­re min­net­dar­lyk bildirip, ho­wa men­zi­lin­den aw­tou­lag­da Ru­hy­ýet köş­gü­ne ta­rap ug­ra­dy. Bu ýer­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di. Oňa Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk goraýjy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, şeý­le hem kä­bir we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri  gat­naş­dy­lar.


Mej­li­siň bar­şyn­da hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len döw­le­ti­mi­ziň içe­ri syýasatynyň mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Baba­ýe­we söz ber­di. Wi­se-prem­ýer “Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li döwür üçin Mak­sat­na­ma­sy­ny” ama­la aşyr­ma­gyň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.


Şeý­le hem Türk­me­nis­tan - Ow­ga­nys­tan - Pa­kis­tan - Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy bo­ýun­ça Ýol­baş­çy ko­mi­te­tiň Ma­ry şä­he­rin­de ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len 25-nji mej­li­si­niň gün ter­ti­bi ha­kyn­da ha­sa­bat ber­di.


Tas­la­ma gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň hem-de Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň we­ki­li­ýet­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­jek mejlis­de hyz­mat­daş­ly­gyň teh­ni­ki, hu­kuk we ma­li­ýe ugur­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly bir­nä­çe me­se­le­le­ri ara alyp maslahat­laş­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, TOPH hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, bu gaz­ ge­çi­ri­ji hä­zir­ki za­man gaz-ulag dü­zü­mi­niň mö­hüm bö­le­gi bo­lar, Türk­me­nis­tan bu dü­züm­le­ri mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry­nyň bar­ha art­ýan is­leg­le­ri­ni, şeý­le hem dün­ýä ba­za­ryn­da ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne is­leg­le­ri ha­sa­ba al­mak bi­len döwrebaplaş­dyr­ýar we ös­dür­ýär.


Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny ok­gun­ly ös­dür­mek wezi­pe­le­ri­ne ün­si çek­di. Bu me­se­le­le­riň oňyn çö­zül­me­gi ýur­du­my­zyň top­lum­la­ýyn se­na­gat­laş­dy­ryl­ma­gy­na halkara ba­zar­la­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­çi­lik­le­riň möç­ber­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­na, ne­ti­je­de, Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, ila­tyň aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam be­rer. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ne­bit­gaz se­na­ga­ty­nyň önüm­çi­lik dü­züm­le­ri­niň mun­dan beý­läk-de döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy, ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy, şol san­da hä­zir­ki za­man gaz­hi­mi­ýa kär­ha­na­la­ry­ny gur­ma­gyň ha­sa­by­na ös­dür­mek bo­ýun­ça wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.


Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry D.Aman­gel­di­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da geçi­ril­ýän iş­ler hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şol san­da elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­ny ös­dür­mek bi­len bag­ly gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­tan bu ul­gam­da di­ňe saz­la­şyk­ly ös­ýän yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň is­leg­le­ri­ni üp­jün et­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, se­bit­de elekt­roe­ner­gi­ýa­ny eksport ed­ýän esa­sy döw­let­le­riň bi­ri bol­mak müm­kin­çi­li­gi­ne eýe­dir. Pu­dak­da düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­mak iş­le­ri ge­çi­ril­ýär, önüm­çi­lik we dur­muş ul­gam­la­ry­ny ös­dür­me­giň mä­käm bin­ýa­dy dö­re­dil­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň gol­daw berme­gi bi­len, giň ge­rim­li tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­lar çe­kil­ýär, elekt­rik to­gu­ny paý­laý­jy kö­mek­çi stan­si­ýa­lar gu­rul­ýar, paý­tag­ty­my­zyň, ýur­du­my­zyň beý­le­ki şä­her­le­ri­niň we ilat­ly ýer­le­ri­niň ener­gi­ýa üpjün­çi­lik ul­ga­my tä­ze­len­ýär.


Mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­tan üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lan ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy ba­ra­da­ky mesele­le­re ün­si çe­kip, ener­gi­ýa akym­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­gyň ile­ri tu­tul­ýan stra­te­gi­k ugur bo­lup durýan­dy­gy­ny bel­le­di. Hä­zir­ki wagt­da ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne we ola­ry iber­me­giň se­riş­de­le­ri­ne deň­hu­kuk­ly, bökdenç­siz we ke­pil­len­di­ri­len el­ýe­ter­li­li­giň me­se­le­le­ri­niň äh­lu­mu­my ge­ri­me eýe bo­lan­dy­gy­ny aý­dyp, döw­let Baştu­ta­ny­myz äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­ra­da ýur­du­my­zyň ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň şol mak­sa­dy ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow eziz Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy ýyl ­ýaz­gy­sy­na gir­jek, öňde bol­jak çä­re­le­riň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, ola­ry de­giş­li de­re­je­de ge­çir­mek ba­ra­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.


Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.An­na­me­re­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da, şol san­da ýur­du­my­zyň te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.


Mil­li Li­de­ri­miz yk­dy­sa­dy­ýe­tiň beý­le­ki pu­dak­la­ry­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek­de ulag we ara­gat­na­şyk pudagynyň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, tä­ze de­mir ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na hem-de bar bo­lan po­lat ýol­la­ryň dur­ku­ny tä­ze­le­mek iş­le­ri­ne ün­si çek­di.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ara­gat­na­şy­gyň döw­re­bap gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­mek me­se­le­le­ri­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz üçin, şeý­le hem ýur­du­my­zyň ila­ty üçin äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­ny bel­läp, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we döw­re­bap en­jam­la­ryň esa­syn­da bu ul­ga­my ös­dür­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň se­bit bo­ýun­ça goň­şy döw­let­ler bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň pugtalan­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn üns ber­ýän­di­gi­ni bel­läp, bu ýurt­lar bi­len bi­zi di­ňe bir çuň­ňur ta­ry­hy kök­ler, medeniýe­tiň we däp-des­sur­la­ryň umu­my­ly­gy däl-de, öza­ra bäh­bit­li yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar bir­leş­dir­ýär di­ýip, wiseprem­ýe­re da­ba­ra­nyň ge­çi­ril­me­gi­niň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça äh­li çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.


Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry P.Aga­my­ra­dow döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gör­kez­me­le­ri­ne laýyk­lyk­da, bi­lim we ylym, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň we­zi­pe­le­ri­ni durmu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow wi­se-prem­ýe­re akyl-paý­has, be­den, ru­hy taý­dan ösen nes­li ke­ma­la ge­tir­mek, ýo­ka­ry dep­gin­de di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga hem-de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dur­nuk­ly ösü­şi­ne yl­myň iş ýü­zün­de go­şant goş­ma­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça gör­kez­me­le­ri be­rip, dur­muş ulgamyna de­giş­li pu­dak­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­niň adam müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­ma­gyň hem-de türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýaşa­ýyş-dur­mu­şy­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň esa­sy gu­ra­ly bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.


Mil­li Li­de­ri­miz şeý­le hem ener­gi­ýa­ny tyg­şyt­la­ma­gyň 2018 - 2024-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­lap, de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra onuň yl­my esas­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça gör­kez­me­le­ri ber­di.


Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry O.Gur­ban­na­za­row gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ra ugradylýan önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni gi­ňelt­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te de­giş­li däl pu­da­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hem-de mil­li ösüş mak­sat­na­ma­la­ry­nyň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mä­ge go­şan­dy­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça de­giş­li edarala­ryň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bi­len bi­le­lik­de alyp bar­ýan iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.


Şeý­le hem Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si­ni hem-de onuň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn işewür­lik mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow wi­se-prem­ýe­re söw­da we te­le­ke­çi­lik iş­le­ri­ni kämilleş­dir­mek, işe­wür­li­gi iş­jeň­leş­dir­mek hem-de ýur­du­my­zyň bäs­le­şi­ge ukyp­ly se­na­gat top­lu­my­ny ke­ma­la getirmek­de hu­su­sy baş­lan­gyç­la­ry hö­wes­len­dir­mek, bu ugur­da öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ba­ra­da gör­kez­me­le­ri ber­di.


Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň dür­li ugurlaryndaky iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de pu­dak eda­ra­la­ry­nyň Ma­ry we Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da ge­çi­ril­jek çä­re­le­re taý­ýar­ly­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan obase­na­gat top­lu­my­nyň düýp­li öz­ger­dil­me­gi­niň mö­hüm ýag­daý hök­mün­de eke­ran­çy­ly­gyň me­de­ni­ýe­ti­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na has uly üns berme­gi tab­şyr­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň baş mak­sa­dy oba ho­ja­lyk pudagy­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän tä­ze sep­gi­de çy­kar­mak­dan yba­rat­dyr.


Bug­da­ýa ideg et­mä­ge hem-de ge­çi­ril­jek ýaz­ky meý­dan iş­le­ri­ne, şol san­da go­wa­ça­nyň we beý­le­ki oba hojalyk ekin­le­ri­niň eki­şi­ne, şeý­le hem köp­çü­lik­le­ýin bag ek­mek çä­re­le­ri­ne taý­ýar­lyk gör­mek ba­bat­da wisepremýere anyk gör­kez­me­ler be­ril­di.


Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ab­dy­ýe­wa me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­re gö­rül­ýän taý­ýar­lyk, şeý­le hem mart aýyn­da ge­çi­ril­jek me­de­ni çä­re­le­riň we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ry açyp, ulan­ma­ga ber­me­giň ter­ti­bi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.


Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, “Türk­me­nis­tan - Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­lyn­da ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän ynsanperwer çä­re­ler aý­ra­tyn ma­ny-maz­mun bi­len baý­la­şyp, olar türk­men hal­ky­nyň ge­çen ta­ry­hy ýo­lu­nyň, onuň baý ru­hy we mad­dy mi­ra­sy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni açyp gör­kez­ýär.


Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nü­ne, Mil­li ba­har baý­ra­my­na hem-de beý­le­ki şan­ly se­ne­le­re ba­gyş­la­nan baý maz­mun­ly me­de­ni mak­sat­na­ma me­ýil­leş­di­ril­di. Ola­ra ba­gyş­la­nyp mas­la­hat­lar, kon­sert­ler, teatr­laş­dy­ry­lan çy­kyş­lar, duşuşyklar, şe­kil­len­di­riş hem-de ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň ser­gi­le­ri, bäs­le­şik­ler we beý­le­ki­ler ge­çi­ri­ler.


Göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan Mil­li ba­har baý­ra­my­na ba­gyş­la­nyp, 21 - 22-nji mart­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Now­ruz ýaý­la­syn­da we “Now­ruz ýaý­la­sy­nyň ak öýi” bi­na­syn­da baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti­ni we toý-da­ba­ra­la­ry­ny ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, me­de­ni ul­gam­da­ky sy­ýa­sa­tyň ýurdu­my­zy dur­nuk­ly ös­dür­mek stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ila­tyň mil­li gym­mat­lyk­la­ra giň­den go­şu­lyş­ma­gy­nyň, şah­sy­ýe­tiň ru­hy we ah­lak taý­dan ös­me­gi­niň, dur­muş we yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler­de me­de­ni­ýe­tiň or­nu­ny güýç­len­dir­me­giň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni, Mil­li ba­har baý­ra­my my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra taý­ýar­lyk görmek ba­ra­da­ky me­se­le­le­re de­gip ge­çip, olar pa­ra­hat­çy­ly­gy, yla­la­şy­gy, gö­zel­li­gi ala­mat­lan­dyr­ýan şol röw­şen baý­ram­çy­lyk­la­ryň ru­hu­na ky­bap gel­me­li­dir di­ýip bel­le­di. Paý­tag­ty­myz­da, ýur­du­my­zyň şä­her­le­rin­de we obalarynda mil­li däp­le­ri­mi­ze la­ýyk­lyk­da, köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi ze­rur bo­lup, olar hal­ky­my­zy tä­ze aja­ýyp iş­le­re we be­ýik öz­gert­me­le­re ruh­lan­dyr­ma­ly­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­re anyk tabşyrykla­ry ber­di.


Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.My­ra­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­ga­myn­da iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de mil­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­niň bar­şy­na gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.


Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň yzy­gi­der­li ösü­şi­ni üp­jün etme­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy top­lu­myň edarala­ry­nyň öňün­de dur­ýan il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­re ün­si çek­di. Wi­se-prem­ýe­riň gö­zeg­çi­lik ed­ýän ulgamynyň işi­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­le­riň top­lum­la­ýyn hä­si­ýe­te eýe bol­ma­ly­dy­gy­ny nyg­tap, hormatly Pre­zi­den­ti­miz bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.


Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Dur­dy­my­ra­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň se­na­ga­ty­nyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny hem-de önümçi­lik kuw­wa­ty­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň se­na­ga­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni üp­jün et­me­giň, onuň äh­li bäs­deş­lik ar­tyk­maç­lyk­la­ry­nyň da­şar­ky we içer­ki ba­zar­lar­da peý­da­lan­ma­gy­nyň döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň baş we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu mak­sat­lar bi­len döwle­ti­miz se­na­gat pu­da­gy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na, kär­ha­na­la­ryň tä­ze­den en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­na önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi üçin ul­gam­la­ýyn uzak ­möh­let­le­ýin hö­wes­len­di­riş bin­ýa­dy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne hem-de ýur­du­my­zy se­na­gat taý­dan ös­dür­me­giň tä­ze ugur­la­ry­nyň öz­leş­di­ril­me­gi­ne iri ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gönükdir­ýär.


Mil­li Li­de­ri­miz tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, ýur­du­my­zyň te­bi­gy we mi­ne­ral çig-mal se­riş­de­le­ri­niň tyg­şyt­ly hemde ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­nyň, bu ul­gam­da dün­ýä mak­royk­dy­sa­dy me­ýil­le­ri­ni öw­ren­me­giň bin­ýa­dyn­da ösdüril­ýän önüm­çi­lik­le­ri di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak çä­re­le­ri­niň çalt­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­kip, strate­gik taý­dan äh­mi­ýet­li se­na­gat des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gyň hi­li­ni we bel­le­ni­len möh­let­le­ri­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça äh­li ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.


Soň­ra Mej­li­siň Baş­ly­gy A.Nur­ber­di­ýe­wa Türk­me­nis­ta­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň esa­sy maksat­la­ry­ny we we­zi­pe­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len, mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça Mej­li­siň alyp barýan iş­le­ri ba­ra­da ha­bar ber­di.


Mart aýyn­da Mej­li­siň al­tyn­jy ça­gy­ry­ly­şy­nyň de­pu­tat­la­ry­nyň, we­la­ýat, et­rap, şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry­ny ge­çir­mek, saý­law möw­sü­mi­niň açyk­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça gurama­çy­lyk iş­le­ri do­wam ed­ýär. De­pu­tat­lar tä­ze ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň düz­gün­le­ri­ni dü­şün­dir­ýär­ler.


Şu ýy­lyň ap­re­lin­de Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji gu­ra­ma­çy­lyk mej­li­si­ni ge­çir­mek ha­kyn­da döw­let Baştutanymy­zyň be­ren tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, de­giş­li res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.


Mil­li Li­de­ri­miz ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk bin­ýa­dy­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­niň hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm ta­la­by bolup dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­me­giň, he­re­ket ed­ýän mil­li ka­nun­la­ra ornaş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, iň go­wy dün­ýä tej­ri­be­si­ni öw­ren­me­giň we düýp­li sel­jer­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öň­de bol­jak saý­law­la­ra ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­mek ba­ra­da du­rup geç­mek bi­len, bu jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy möw­süm bi­len bag­ly bo­lan äh­li me­se­le­le­ri düýp­li iş­le­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy.


Soň­ra Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi B.An­na­ber­di­ýew we­la­ýa­tyň çä­gin­de tu­tuş se­bit üçin ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti bo­lan şan­ly wa­ka­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­ne gör­len taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.


Türk­me­nis­ta­nyň öza­ra peý­da­ly we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­ny bel­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hä­ki­me me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mek üçin hem­me ze­rur iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.


Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi B.Ata­hal­ly­ýew we­la­ýa­ty dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça maksatna­ma­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, şeý­le hem meýilleş­di­ri­len da­ba­ra­la­ra gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.


Giň möç­ber­li çä­re­le­riň “Türk­me­nis­tan - Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýy­lyň ta­ry­hy se­ne­na­ma­sy­na gir­jek­di­gi­ni nyg­tap, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we­la­ýa­tyň ýol­baş­çy­syn­dan ola­ryň gu­ra­ma­çy­ly­gy­na örän jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­gi ta­lap et­di hem-de bu ba­bat­da bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.


Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wa söz be­ril­di. Ol Bita­rap Türk­me­nis­ta­nyň 2017 - 2023-nji ýyl­lar üçin da­şa­ry sy­ýa­sat ýö­rel­ge­si­niň mak­sat­na­ma­sy­nyň yzy­gi­der­li durmu­şa ge­çi­ri­li­şi ba­bat­da DIM-niň alyp bar­ýan iş­le­ri, şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýa­kyn gün­ler­de ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len hal­ka­ra äh­mi­ýet­li çä­re­le­re taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň umu­my bäh­bit­le­re ky­bap gel­ýän giň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk stra­te­gi­ýa­sy­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­rip, özü­niň pa­ra­hat­çy­lyk ugur­ly we dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny bü­tin adam­za­dyň hyz­ma­ty­na goý­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny iş ýü­zün­de gör­kez­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan iri möç­ber­li dü­züm­le­ýin tas­la­ma­lar hem şu mak­sat­la­ra ýet­mä­ge gönükdiri­len­dir. Bu tas­la­ma mö­hüm yk­dy­sa­dy we dur­muş we­zi­pe­le­ri­ni goş­mak bi­len özüniň gö­nü­den-gö­ni ähmiýe­tin­den baş­ga-da, se­bit we dün­ýä möç­be­rin­de dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we öza­ra bäh­bit­li hyzmatdaşlyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.


Mil­li Li­de­ri­miz bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, wi­se-prem­ýe­re, DIM-niň ýol­baş­çy­sy­na öň­de bol­jak çä­re­le­riň ýokary gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­me­gi hem-de ýur­du­my­zyň dür­li pu­dak­lar­da ne­ti­je­li hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len anyk baş­lan­gyç­la­ry­ny öňe iler­let­mek we dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­le­ri dowam et­me­gi tab­şyr­dy.


Göç­me mej­lis­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­si­ni jem­läp, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­ly­gy­ny, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny hem-de şy­ga­ry “Türk­me­nis­tan - Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diýlip atlandyrylan 2018-nji ýyl­da ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň has-da gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.


Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ma­ry we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry do­wam ed­ýär.


 


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi