Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň duşuşygynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi


31.01.2018


Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Hazaryň kenaryndaky şähere gelen Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Magerram ogly Mamedýarowy, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOСAR) maýa goýumlar we marketing boýunça wise-prezidenti Elşad Nasirowy kabul etdi.


Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edenligi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Milli Liderimize Azerbaýjanyň umumy bähbitlere gabat gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge azerbaýjan tarapynyň gyzyklanýandygyny tassyklaýan Prezident Ilham Alyýewiň mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzy gadymyýetden bäri dostlukly, hoşniýetli goňşyçylyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini belledi. Munuň özi iki halkyň asyrlar boýy emele gelen taryhy-medeni we ruhy umumylygy bilen şertlendirilendir. Milli Liderimiz Azerbaýjanyň baştutanyna gyzgyn salam ýollap, häzirki döwürde türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykýandygyny we many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, şeýle hem azerbaýjan tarapyna Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny yzygiderdi goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.


Duşuşygyň barşynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça, şeýle hem ähli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmak üçin bar bolan uly mümkinçilikler barada pikir alşyldy. Şunda Hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň işine, şeýle hem işewür düzümleriň ugry boýunça işjeň gatnaşyklara uly orun berilýär.


Özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika ulgamy görkezildi. Türkmenistan we Azerbaýjan bu ugurda dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ibermegiň deňeçer, köpgörnüşli ulgamynyň döredilmegi babatda köpugurly tagalla edýärler. Iki döwletiň çäk taýdan ýerleşişi hem Aziýany we Ýewropany birikdirýän we ýükleri daşamakda amatly ugurlary üpjün edýän ähli zerur logistika düzümleri bolan halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döredilýär. Bu ugurdaky bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şertini emele getirýär.


Şunuň bilen birlikde däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň, bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda, türkmen-azerbaýjan dostlugyny berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmegiň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.


Döwletara syýasy-diplomatik gatnaşyklar üýtgewsiz okgunly häsiýete eýedir. Yzygiderli ýagdaýda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şeýle hem Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň abraýly halkara guramalarynyň – BMG-niň, EHHG-nyň, YHG-nyň we beýlekileriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen umumy tagallalara uly goşant goşýandyklary bellenildi. Hazar sebtinde goňşy bolan iki ýurduň bu sebitiň Ýewraziýada durnuklylygyň ygtybarly merkezine, uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňişligine öwrülmeginiň tarapdarlary hökmünde çykyş edýär.


Duşuşygyň ahyrynda Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy netijeli söhbetdeşlik hem-de döwlet Baştutanymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe uly üns berýändigi üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Türkmenistanyň Baştutanynyň geçen ýylyň awgust aýynda Baku şäherine amala aşyran taryhy resmi sapary bu gatnaşyklarda täze sahypany açdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhmanlar döwletara gatnaşyklarynyň geljekde hem deňhukukly we oňyn esaslarda üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.


Duşuşyga şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtýarly ilçisi Hasan Sultan ogly Zeýnalow gatnaşdy.


 


 


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi