Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden


2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň geçen ýylda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi hem-de ýerine ýetirilen degişli işlere baha berildi, şu ýylda halk hojalygynyň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.


Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine ýurdumyzyň Mejlisiniň, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.


Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere garamaga geçdi.


Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Aýdogdyýewe ýüzlenip, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň baş direktory wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy.


Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, golaýda gurlup, ulanmaga berlen bu kärhana tejribeli ýolbaşçy zerur bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde başarjaň ýolbaşçy işgärleri saýlap almagy, kärhananyň ähli bölümlerinde işleri talabalaýyk ýola goýmagy, ýokary hilli dökünleri öndürip, ony taslamada göz öňünde tutulan kuwwatlygyna ýetirmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezip, täze bellenen ýolbaşça täze iş ýerinde üstünlikleri arzuw etdi.


Hormatly Prezidentimiz K.Durdymyradowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine belläp, ony senagat ministri wezipesinden boşatdy hem-de ýakyn wagtda bu ministrligiň ýolbaşçysy wezipesine sowatly we iş başarjaň ýolbaşçyny hödürlemegi tabşyrdy.


Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary wezipesine P.Agamyradowy belläp, ony bilim ministri wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli Permana hem-de ony Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.


Döwlet Baştutanymyz bilim ministri wezipesine häzirki döwürde Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy bolup işleýän M.Geldinyýazowy belledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek, umumymilli hem-de halkara derejelerinde dürli sport-sagaldyş çärelerini geçirmek berkarar döwletimiziň içeri syýasatynyň strategik ugurlaryndan biri bolup durýar. Şoňa görä-de, sport toplumlaryny, stadionlary, işjeň dynç alyş merkezlerini gurmak ýaly adam üçin «goýulýan maýa goýumlary» özüni daşýany bilen ödeýär. Sebäbi sagdyn durmuş kadalary milletiň gülläp ösmeginiň, dokuzy düzüw maşgalanyň kemala gelmeginiň, adamyň aň-bilim başarnygyny amala aşyrmagynyň we şahsy üstünliginiň, netijede bolsa, tutuş ýurduň üstünliginiň esasy bolup durýar.


Geçen ýyl Garaşsyz döwletimizde geçirilen V Aziýa oýunlary muny aýdyň subut etdi. Bu oýunlarda ýurdumyzyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş edip, 1-nji orny eýelemegi başardy.


Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzda sporty mundan beýläk-de ösdürmegiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligini döretmek hem-de onuň ýolbaşçysy wezipesine D.Gulgeldiýewi bellemek barada çözgüdiň kabul edilendigini aýtdy.


Milli Liderimiz wise-premýer P.Agamyradowa hem-de onuň gözegçilik edýän ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň ählisine ýüzlenip, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly özgertmeleriň başlanandygyny belledi. Döwletimizi senagat taýdan ösdürmek, elektron senagatyny döretmek, sanly ykdysadyýete geçmek, gymmatly kagyzlaryň bazarlaryny emele getirmek, bazar ykdysadyýeti we telekeçilik hem-de hukuk ulgamy häzirden bu ugurlar boýunça köp sanly hünärmenleri talap edýär.


Şoňa görä-de, döwürden yza galmazlyk üçin, biz häzir ýurdumyza örän zerur bolan ugurlar, ýagny maliýe, oba hojalygy, senagat we elektron senagaty boýunça täze okuw maksatnamalaryny hem-de meýilnamalaryny taýýarlamaga uly üns bermelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Halkara hukukçylary taýýarlamak barada-ha men aýdybam durjak däl.


Bu maksatnamalar häzirki zaman okuw sapaklarynyňdyr tejribe okuwlarynyň we önümçilik tejribesiniň usulyýetini işläp taýýarlamagy öz içine hökman almalydyr. Ýokary okuw mekdepleriniň esasy maksatnamalaryna çekilen mugallymlar üçin daşary ýurtlarda tejribe geçmegi hem göz öňünde tutmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.


Şu maksat bilen, bilim ulgamynyň, iş berijiniň we zähmet bazarynyň sazlaşykly işlemegi üçin zerur bolan öňdebaryjy milli we halkara tejribäni hemişe öwrenmek hem-de birleşdirmek zerurdyr.


Şeýle hem milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmegi dowam etmek, lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny işe giňden ornaşdyrmak, dürli keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň iň täze usullaryny öwrenmek hem-de işde ulanmak, bu ugurda netijeli tejribe alyşmak üçin, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak boýunça işi dowam etmek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.


Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara bilim ulgamyny özgertmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyryp, bu ugurda edilen işleriň netijeleri barada ýakyn wagtda hasabat bermegiň zerurdygyny belledi.


Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz A.Garajaýewi başga işe geçýändigi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, onuň kinematografiýa boýunça baý iş tejribesiniň we biliminiň bardygyny nazarda tutup, oňa türkmen kinematografiýasynyň öňki şan-şöhratyny dikeltmegi tabşyrdy.


Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine B.Abdyýewany belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Medeniýet bölüminiň müdiri wezipesinden boşatdy.


Döwlet Baştutanymyz wezipä täze bellenen wise-premýere hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, aýdylanlardan degişli netije çykarmagy we bu ugurda alnyp barylýan işleri gowulandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, köplenç, jemgyýetde we döwletde bolup geçýän oňyn ýagdaýlary kesgitleýän hem-de olara ýardam berýän kuwwatly güýçdügini hemmeler bilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri döwlet syýasatynyň örän möhüm ynsanperwer düzümi hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guraly bolup durýar. Şoňa görä-de, onuň işini hemişe kämilleşdirmek zerur bolup durýar.


Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda köp sanly dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hereket edýär. Olar eýeçiliginiň görnüşi, alyp barýan iş ugry, maglumatlary bermegiň usuly boýunça bir-birinden tapawutlanýar. Elbetde, olaryň ählisi üçin hem ýokary derejeli hünärmenler zerur bolup durýar. Emma, gynansak-da, häzire çenli ýurdumyzda bu giň gerimli wezipeleri ýokary derejede merkezleşdirip çözýän, degişli binýady bolan ýokary okuw mekdebi ýok. Şoňa görä-de, belki, žurnalistika we köpçülikleýin kommunikasiýalar institutyny döretsek, maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de bu barada oýlanyşyp görmegiň möhümdigini aýtdy.


Soňky ýyllarda bu ugurda Türkmenistanda ep-esli we örän netijeli tejribe toplandy. Bu tejribe bolsa merdana halkymyzyň örän baý ruhy mirasyny öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda öz netijelerini bermelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we wise-premýer B.Abdyýewa işinde üstünlikleri arzuw etdi.


Döwlet Baştutanymyz guramaçylyk meseleleriniň başga-da birnäçesine garap, M.Kakabaýewi «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy wezipesine, S.Selimowy gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine belläp, ony şu ministrligiň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Ö.Enermyradowy oba we suw hojalyk ministri wezipesine belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Oba hojalyk pudaklary bölüminiň müdiri wezipesinden boşatdy.


Milli Liderimiz şeýle hem M.Sylapowy zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri wezipesine, A.Atamyradowy demir ýol ulaglary ministri wezipesine bellemek we olary bu ministrlikleriň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi.


Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara söz berdi, olar gün tertibiniň meseleleri boýunça hasabatlar bilen çykyş etdiler.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow 2017-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde, geçen ýylyň netijeleri boýunça ähli pudaklarda okgunly ösüşiň üpjün edilendigini we halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanýandygyny aýtdy.


Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,5 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 5,5 göterim, gurluşykda 1,3 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterim, söwdada 9,4 göterim, oba hojalygynda 5 göterim we hyzmatlar ulgamynda 9 göterim ýokarlandy.


2016-njy ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,4 göterim artdy.


2017-nji ýylyň netijeleri boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy 2016-njy ýyla garanyňda, 19 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi durnukly saklanyldy.


Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2016-njy ýylyň degişli döwrüne görä, 8,8 göterim ýokarlandy.


Degişli maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 49,8 milliard manada deň boldy.


Hasabatyň çäklerinde wise-premýer şeýle hem Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň meseleleri hakyndaky kararyň taslamasy barada hasabat berdi.


Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem garamagyndaky düzümde 2017-nji ýylda geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Geçen ýylyň jemleri boýunça baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 101,8 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,4 göterim derejesinde ýerine ýetirildi.


Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirildi.


Döwlet Baştutanymyzyň “Balans toparynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.


2017-nji ýylyň dowamynda köp sanly desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy, olaryň 48,5 göterimi önümçilik, 51,5 göterimi durmuş-medeni maksatly binalardyr.


Ministr “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen seredilýän döwür üçin maglumatlara laýyklykda, durmuş maksatly desgalaryň 10-synyň, inženerçilik ulgamlarynyň 623,6 kilometriniň, 1214,3 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurlandygyny habar berdi. Häzirki wagtda suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 31-siniň, durmuş maksatly desgalaryň 59-synyň, 352 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri dowam edýär.


Soňra Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarow ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen senagat we düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maýa goýumlarynyň çekilmeginiň Türkmenistany ösdürmegiň konsepsiýasynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýandygyny belledi. Munuň özi halk hojalyk toplumynyň okgunly ösdürilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy hem-de diwersifikasiýalaşdyrylmagy üçin örän möhüm we zerur şertdir, şeýle hem türkmen ykdysadyýetiniň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm binýadydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy.


Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew 2017-nji ýylda pul-karz syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Harytlaryň eksporty hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasaplaryna daşary ýurt pulunyň gelip gowuşmagy baradaky meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.


Şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna daşary ýurt pul serişdeleriniň gelmegini artdyrmak maksady bilen geçirilen işler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurt pulunda girdejileri almak boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegi hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberleriniň artdyrylmagy üçin netijeli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyna mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.


Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Öräýewa 2017-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan bellenen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hem-de ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, häzir toplumlaýyn çäreler geçirilip, olar dolandyryş ulgamyny hem-de resmi statistika ulgamynyň hilini gowulandyrmak, statistika görkezijilerini we hasaba alyş sanawlaryny taýýarlamak, statistika maglumatlaryny ýaýratmak ýaly möhüm meseleleri gurşap alýar. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, Komitetiň bellenen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Çolukowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.


Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradowa ýüzlenip, umuman, geçen ýylyň görkezijileriniň tutuş ýurdumyz boýunça kanagatlanarly bolandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz heniz üstünde işlemeli, şol sanda köp sanly çözülmedik meseleleriň hem bardygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz maliýe we ykdysadyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça işi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Töleg kartlaryny giňden ornaşdyrmak meseleleri, aýratyn-da, oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen bagly meseleler ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ministrlikleri we pudak edaralaryny dolandyrmagyň gurluşyny, hususan-da, bazar gatnaşyklaryna geçmek boýunça işleri güýçlendirmek bilen bagly kämilleşdirmegi talap etdi.


Milli Liderimiz Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzüminde häzire çenli hem ozalky alyjylar birleşikleriniň ulgamynyň işläp gelýändigine ünsi çekip, bu kärhanalary hususylaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilýän maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegiň wajypdygyny aýdyp, göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa geçirmek üçin keseden maýa goýumlaryny çekmegiň zerurdygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde telekeçilerimize köpräk erkinlik bermek hem-de döwlet kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek we hususylaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmek möhümdir. Milli Liderimiz wise-premýere telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamasyny taýýarlap, ýakyn wagtda Hökümetiň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň meseleleri hakyndaky» Karara gol çekip, Hökümetiň Baştutanynyň orunbasaryna anyk tabşyryklary berdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň 2017-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


Şunuň bilen baglylykda, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, ýangyç-çig malyny gaýtadan işlemek, önümleriň esasy görnüşlerini öndürmek ulgamynda gazanylan görkezijiler barada habar berildi.


Benzinleriň öndürilişiniň meýilnamasy 101,4 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişi 100,3 göterim, polipropileniň öndürilişi 101,9 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişiniň meýilnamasy 111,2 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 108,2 göterim ýerine ýetirildi.


2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 102 göterime, daşary ýurtlara iberilen “mawy ýangyjyň” ösüş depgini 101,1 göterime, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini 107 göterime deň boldy.


Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudaklaýyn edaralaryň 2017-nji ýylda alyp baran işine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe düýpli bellikleri aýdyp, wise-premýerden we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryndan ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, düýpli çäreleri görmegi talap etdi. Milli Liderimiz bu meselelere birinji çärýegiň jemlerine seredileninde ýene-de gaýdyp gelinjekdigini we şonda pudak ýolbaşçylarynyň öz işlerini alyp baryşlary boýunça degişli netije çykaryljakdygyny aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň netijesinde alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky meselä aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Şeýle hem ýurdumyza maýa goýumlaryny çekmek işlerini güýçlendirmek, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we beýleki gaz geçirijileriň gurluşygyna aýratyn üns bermek zerurdyr.


Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynda heniz ulanylman duran mümkinçilikleriň köpdügine wise-premýeriň ünsüni çekip, pudak boýunça döwlete degişli emlägi hususylaşdyrmagy dowam etmegi hem-de häzirki zaman halkara standartlaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna ýangyç-energetika toplumyny dolandyrmagyň ulgamyny düýpli üýtgetmegi tabşyrdy.


Umuman, munuň özi pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, içerki bazaryň energiýa serişdelerine bolan artýan islegi kanagatlandyrmaga ýardam etmelidir.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew geçen 2017-nji ýylda gurluşyk, energetika toplumlarynda hem-de jemagat hojalygynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.


Aşgabat şäher häkimligi boýunça 2017-nji ýylyň meýilnamasy 103 göterim berjaý edildi, 108,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça önümçilik meýilnamasy 105,4 göterim möçberinde berjaý edilip, ösüş depgini 100,6 göterime barabar boldy. Energetika ministrligi boýunça meýilnama 108,7 göterim ýerine ýetirilip, 101,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.


2017-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda 23 milliard 848 million 595 müň kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürildi, ösüş depgini 100,5 göterime ýetdi.


Jemagat hojalygy ministrligi boýunça meýilnama 110,2 göterim berjaý edilip, 112,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.


“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan meýilnama 100,3 göterim berjaý edildi, 102,7 göterim ösüş depgini üpjün edildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl desgalary gurmagyň we ulanmaga bermegiň uly maksatnamasynyň bardygyny aýtdy. Öňde täze wezipeler goýuldy, olaryň üstünlikli çözülmegi berkarar Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de depginli ösdürmäge ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Göz öňünde tutulan işleriň ählisi ýerine ýetirilende, döwrebap tehnikalaryň hem-de täze tehnologiýalaryň ulanylmagyna, innowasion önümçilik düzümleriň döredilmegine aýratyn üns bermek zerur diýip, milli Liderimiz aýtdy.


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz senagat we durmuş ähmiýetli desgalary gurmak boýunça işlere gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýerlere, aýratyn-da, ýurdumyzyň ak mermerden paýtagty Aşgabat şäherinde gurulýan desgalar bina edilende, ýokary hiliň berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda 2017-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de “Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.


Umuman, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça meýilnama 103 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 105 göterime deň boldy.


Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ösüş depgini ýük dolanyşygy babatda 106 göterime, ýolagçy dolanyşygynda 100,1 göterime barabar boldy.


Içerki demir ýollary, şol sanda demir ýol köprüleri hem-de demir ýol geçelgeleri, şeýle hem pudagyň tehniki binýadyny işjeň döwrebaplaşdyrmagyň alnyp barylýandygy habar berildi. Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça on iki aýda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda meýilnama 125 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 100 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda 101 göterime barabar boldy.


“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça garalýan döwürde awiahyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüş depgini 136 göterime ýetdi. Bu görkeziji ýük we ýolagçy dolanyşygy boýunça degişlilikde 122 göterime we 101 göterime deň boldy.


Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe amala aşyrylan işler babatda gazanylan ösüş depgini 105 göterime deň boldy. Ýük daşamak boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 152 göterime ýetdi, ýolagçy dolanyşygy boýunça ösüş depgini 154,3 göterime barabar boldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ulag ulgamynyň ösdürilmegine uly goldaw berýändigini, emma häzire çenli onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň kanagatlanarsyz alnyp barylýandygyny nygtady. Demir ýollary döwrebaplaşdyrmak, ilata ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek boýunça meseleler haýal çözülýär. Pudagyň guramalaryny we kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça işler gerekli derejede amala aşyrylmaýar diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere zähmet düzgün-nyzamyny berkitmek boýunça çäreleri görmegi hem-de ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagy gazanmagy tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän pudaklarynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň görkezijileri barada hasabat berip, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň 4 milliard 891,4 million manada barabar bolandygyny habar berdi. 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş 12,8 göterime deň boldy.


Hasabat döwründe Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasy 247 sany birža söwdalaryny geçirip, olarda umumy bahasy 23 milliard 412,1 million manada deň bolan şertnamalaryň 2015-si hasaba alyndy.


Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2017-nji ýylda meýilnama 119,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe sergileriň 25-si hem-de maslahatlaryň 23-si geçirildi.


Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan tutuş geçen ýylda 903,1 million manatlyk senagat önümleri, 2 milliard 287,2 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürildi, 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş degişlilikde 24,2 göterime hem-de 73,7 göterime deň boldy. 6 milliard 585,7 million manat möçberde gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. TSTB boýunça söwda-haryt dolanyşygy 11 milliard 685 million manada barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,3 göterim artdy, hyzmatlar ulgamynda 995 million manatlyk işler ýerine ýetirilip, onuň möçberi 9,2 göterim artdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň eksport-import syýasatynyň kemala gelmeginde ylmy çemeleşmäniň zerurdygyny aýtdy hem-de onuň içerki bazara täsirini seljermek babatda bilermenler jemgyýetçiligini çekmegiň wajypdygyny belledi. Ýurdumyzyň önümleriniň daşary ýurtlara iberilişini öňe ilerletmegiň hem-de onuň möçberlerini artdyrmagyň has netijeli ýollaryny gözlemek gerek.


Milli Liderimiz söwda ulgamyndaky ykdysady özgertmeleriň baş maksadynyň söwda kärhanalarynyň işlerini düýpli gowulandyrmakdan, bölek-satuw ulgamyny ösdürmekden hem-de has amatly nyrh şertlerini, harytlaryň giň görnüşlerini we ýokary hilini üpjün etmekden ybaratdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.


Hormatly Prezidentimiz daşary ykdysady aragatnaşyklary has-da ösdürmegiň, eksport kuwwaty, şol sanda sarp ediş bazaryny giňeltmegiň, içerki önümçiligi höweslendirmegiň anyk ugurlaryny kesgitledi.


Telekeçileriň goşandyny artdyrmazdan, türkmen ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna geçmegi mümkin däldir, şoňa görä-de, döwletimiz milli ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge, ähmiýetli durmuş, senagat we beýleki taslamalary amala aşyrmaga ýurdumyzyň işewür düzümleriniň gatnaşmagyny mundan beýläk-de höweslendirer hem-de goldar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrliginiň geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Hasabat döwründe milli Liderimiziň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň hem-de abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, şol sanda BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr.


2017-nji ýylyň dowamynda Daşary işler ministrligi arkaly ýurdumyza dürli derejedäki wekiliýetleriň 584-si sapar bilen geldi. Şol döwürde Türkmenistandan daşary ýurtlara 624 wekiliýet gitdi. Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden daşarda 235 çäre — maslahatlar, duşuşyklar we beýleki çäreler guraldy.


Geçen ýylyň dowamynda bilelikdäki hökümetara toparlaryň 18 mejlisi hem-de işewür maslahatlarynyň 14-si geçirildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary, netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda olara möhüm orun degişlidir.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasata ygrarlydygyny belläp, ileri tutulýan ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan kuwwatdan we mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmak maksadynda yzygiderli işleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.


Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebit we ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamaga ýardam edýän oňyn başlangyçlary öňe sürmek bilen, mundan beýläk hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara tagallalara anyk goşant goşjakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine ministrligiň hem-de ýurdumyzyň diplomatlarynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge, şol sanda öňümizdäki ýokary derejedäki daşary ýurt saparlaryna içgin taýýarlyk görmek we guramak boýunça degişli anyk tabşyryklary berdi.


Soňra giňişleýin mejlis welaýatlaryň hem-de ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary bilen dowam etdi.


Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijeleri barada, döwlet Baştutanymyzyň obasenagat toplumyny düýpli özgertmek hem-de onuň girdejililigini artdyrmak, ýer we suw serişdelerini, oba hojalyk tehnikalaryny we mineral dökünleri netijeli peýdalanmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem senagat pudagynyň görkezijileri barada hasabat berdi.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligini, ilatyň durmuş derejesiniň we ýaşaýyş hiliniň ýokarlandyrylmagyna we umuman, öňde goýlan ähli wezipeleriň öz wagtynda çözülmegine gönükdirilen Milli özgertmeler maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, häkime birnäçe görkezmeleri, şol sanda degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegine degişli tabşyryklary berdi.


Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow 2017-nji ýylda welaýatda alnyp barlan işleriň netijeleri, özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy, iri taslamalaryň amala aşyrylyşynyň depginleri hem-de welaýatyň meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.


Hususan-da, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler, bina edilýän desgalarda işleriň ýagdaýy, göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça çäreler barada habar berildi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylynyň düýbüni tutýan ýazky meýdan işlerini öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz senagat we durmuş-medeni ähmiýetli täze döwrebap desgalaryň gurulmagyna ilkinji derejeli ähmiýet berilmelidigini aýtdy hem-de adamlaryň zähmet çekmegi, durmuşy we dynç almagy üçin mynasyp şertleriň döredilmeginiň amala aşyrylýan iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň baş maksady bolup durýandygyny nygtady.


Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew 2017-nji ýylda ýurdumyzyň demirgazyk sebitini ösdürmegiň görkezijileri hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň oba hojalyk düzümlerinde öndürijiligi artdyrmagyň, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, möhüm meselelerini öz wagtynda çözmek bilen bagly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatda gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, durmuş we ykdysady görkezijileriň maksadalaýyk ýokarlandyrylyşy barada hasabat berdi.


Döwlet Baştutanymyz häkime oba hojalyk işleriniň netijeliligi, ýer-suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, ekerançylygy ösdürmäge öňdebaryjy ylmy çemeleşmeleri işjeň ornaşdyrmak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.


Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleýji görkezijileri boýunça hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli çözmegiň meseleleri barada durup geçmek bilen, bu ugurda işleriň degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň üns merkezinde bolmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz sebitiň çäklerinde gurulýan desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmagyň, ýaşaýyş jaýlarynda we durmuş maksatly desgalarda ýyladyş, energiýa we gaz üpjünçilik ulgamlarynyň takyk işiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.


Döwlet Baştutanymyz bereketli hasylyň düýbüni tutýan möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmegiň möhümdigini belläp, şol işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalara doly laýyk gelmegini talap etdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2017-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Tutuş oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini 103,8 göterime deň boldy.


Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg etmek işleriniň, şol sanda suw tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ýerler hem-de oba hojalyk tehnikalary ýaz ekişine taýýarlanylýar.


Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek hakynda”, “Welaýatlar boýunça 2018-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda” hem-de “Türkmenistanda 2018-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda” Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.


Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we etraplarynyň suwdan peýdalanyjylary üçin suw serişdelerini tassyklamak baradaky buýrugynyň taslamasy hödürlenildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe, Oba we suw hojalyk ministrliginiň ýolbaşçylaryna, häkimlere ýüzlenip, olaryň öňünde durýan wezipeler barada aýtdy. Häzirki döwürdäki esasy wezipäňiz işiňizde bar bolan kemçilikleri düzetmekden, ýer kadastryny taýýarlamakdan we ýerleri daýhanlara hususy eýeçilige bermekden hem-de daýhan birleşiklerini guramagyň täze görnüşini gözlemekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu işler häzir ýaramaz alnyp barylýar. Şoňa görä-de, bu meseleler üns merkezinde bolmalydyr.


Şeýle hem häzirki döwürde şu ýylyň hasylynyň, ýagny bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gök-bakja ekinleriniň we miwe hasylynyň düýbi tutulýar. Siziň işiňiziň netijelerine biz oba hojalyk ekinlerinden alnan hasyla görä baha bereris diýip, milli Liderimiz nygtady.


Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýerlerde ähli agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişini, aýratyn-da, akabalaryň we ýaplaryň arassalanyşyny berk gözegçilikde saklamak wajypdyr. Oba we suw hojalyk ministrliginiň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri etraplarda ýygy-ýygydan bolup, bu işleriň geçirilişine gözegçilik etmelidirler, bar bolan meseleleri çözmekde ýerli ýolbaşçylara kömek bermelidirler.


Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminamalara gol çekip, wise-premýere olary ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.


Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, Agrar partiýanyň ýolbaşçysy B.Annagurbanowa partiýa agzalarynyň ýerlerde ýygy-ýygydan bolup, daýhanlaryň alyp barýan işleri bilen yzygiderli tanşyp durmaklaryny ýola goýmagy maslahat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Agrar partiýanyň agzalarynyň daýhan hojalyklarynda häzirki zaman iş usullaryny ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çärelere işjeň gatnaşmagynyň we bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.


Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün etmek we bu ugurda ýüze çykýan bökdençlikleri aradan aýyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň örän möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz jemgyýetimizde korrupsiýa we parahorluk ýaly ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça hemmetaraplaýyn işleriň yzygiderli alnyp baryljakdygyny belledi.


Soňra döwlet Baştutanymyz Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýewe söz berdi, ol milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ykdysady ulgamda kanun bozmalaryň öňüni almak boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, korrupsiýa we parahorluga garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak hem-de käbir döwlet işgärleriniň kanunçylyga garşy amala aşyrýan hereketleriniň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde degişli seljermeler geçirilýär.


Şeýlelikde, oba we suw hojalyk ministri wezipesinde işlän N.Sapardurdyýewiň betnebislik niýeti bilen gulluk wezipesini hyýanatly peýdalanyp, garamagyndaky kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we telekeçileriň kanuny bähbitlerine zyýan ýetirip, olardan aýratyn uly möçberde para alandygy ýüze çykaryldy. N.Sapardurdyýewiň jenaýatçylykly ýol bilen gazanan pul serişdeleri, ähli amatlyklary bolan öýleri, dürli kysymdaky awtoulaglary we altyndan ýasalan şaý-sepleri hem-de öý goşlary gozgalmasyz edildi.


Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň Jemagat hojalygy ministrliginiň “Balkanwelaýatagyzsuw” birleşiginiň başlygy wezipesinde 2010-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri işlän A.Derýaýewiň işine geçirilen barlagyň netijeleri barada aýdyldy, ol Bereket suw ýygnaýjy-paýlaýjy desga gullugynyň başlygy J.Hallakgaýew bilen deslapdan dilleşip, birleşigiň Bereket, Serdar, Magtymguly, Etrek etrap birleşikleriniň garamagyndaky bölümlere işe kabul etmekde 52 raýatdan para alypdyrlar. Şol maliýe serişdelerine hem döwrebap ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, uly möçberde altyn şaý-sepler satyn alnypdyr. Olaryň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, jenaýatçylykly ýol bilen edinen emläkleri we gymmatlyklary gozgalmasyz edildi. Häzirki döwürde “Balkanwelaýatagyzsuw” birleşiginiň maliýe-hojalyk düzümlerinde barlag işleri dowam edýär.


Şeýle hem gullugyň ýolbaşçysy Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyndaky Daşoguz ösümlik-ýag kärhanasynda geçirilen derňew işleriniň netijeleri barada habar berdi. Barlagyň dowamynda ady agzalan kärhananyň taýýar önümler bölüminiň başlygy D.Kazakowyň, şol kärhananyň pagta ýagyny gaplaýan sehiniň başlygy T.Täçmädowyň, Köneürgenç etrap daýhan bazarynyň başlygy M.Söýünowyň, şeýle hem şol bazaryň dolandyryjysy B.Käbäýewiň deslapdan dilleşip, wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanyp, Daşoguz ösümlik-ýag kärhanasyndan 1500 tonna arassalanan pagta ýagyny ogurlap satyp, öz haýyrlaryna harçlandyklaryny aýtdy.


Olar eden jenaýatçylykly etmişlerini ýaşyrmak maksady bilen, Türkmenistanda öndürilen 2 million 304 müň 360 manatlyk 1800 top brezentiň bahasyny ýokarlandyryp, 5 million 60 müň manada daşary ýurtdan satyn alnan hökmünde görkezipdirler. Mundan başga-da, olar iým ýetmezçiligini döredip, resminamalara galp maglumatlary girizip, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetiripdirler.


Netijede, D.Kazakowyň, T.Täçmädowyň, M.Söýünowyň we B.Käbäýewiň garşysyna jenaýat işi gozgalyp, döwlete ýetirilen zyýanyň öwezi doly ýerinde goýuldy. Deslapky derňew işleri dowam edýär.


Soňra Aşgabat şäher häkimliginiň garamagyndaky “Arkaçgurluşyk” önümçilik birleşiginde geçirilen barlag-derňew işleriniň dowamynda ýüze çykarylan kanun bozmalar barada aýdyldy. Habar berlişi ýaly, birleşigiň iş alypbaryjysy wezipesinde işlän B.Karaýew, birleşigiň 2-nji abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň iş alypbaryjylary J.Saparow, R.Ataýew, şol müdirligiň topar ýolbaşçysy H.Hudaýlyýew hem-de “Santehgurnama” gurluşyk müdirliginiň iş alypbaryjysy B.Hojaýew deslapdan dilleşip, wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanmak bilen, garamagynda duran gurluşyk serişdelerini ogurlapdyrlar, bu bolsa maddy ýetmezçiligi döredipdir. Şeýle hem dürli wagtyň dowamynda hakykat ýüzünde işlemedik ýa-da gyssagly işler üçin resmileşdirilen 243 raýata zähmet haklarynyň ýazylandygy ýüze çykaryldy. Netijede, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirildi.


Ady agzalan adamlaryň her biriniň garşysyna jenaýat işleri gozgaldy, parahorlaryň döwlete ýetiren zyýany nagt pul görnüşinde ýerinde goýduryldy. Häzirki wagtda derňew işleri dowam edýär. Gullugyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, korrupsiýanyň we parahorlugyň soňuna çykmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny birkemsiz berjaý etmek ugrunda geljekde hem ähli çäreler görler.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu mejlise ähli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşýandygyny nazara almak bilen, korrupsiýa we parahorluk üçin döwlet gullukçylaryna, eýeleýän wezipesine garamazdan, berk temmi beriljekdigini ýatlatdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, korrupsiýa we parahorluk üçin jeza çärelerini berkitmek üçin kanunlara täzeden garaldy, şol adamlar babatda günä geçiş ýatyryldy, zerur bolan halatynda, biz şeýle jenaýatlar üçin jeza çärelerini kanun esasynda berkideris.


Hiç kime halkyň puluny ogurlamaga, onuň hasabyna baýamaga ýol berilmez diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we zerur bolan halatynda Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň ygtyýarlyklarynyň giňeldiljekdigini we onuň işgärleriniň sanynyň artdyryljakdygyny, ýöne döwlet serişdelerini ogurlamak ýaly ýaramaz ýagdaýyň soňuna çykyljakdygyny nygtady.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda 2017-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen, bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Ýakynda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi diýip, döwlet Baştutanymyz Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy G.Baýramowa hasabat bermek üçin söz berdi.


Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň beren maglumatlarynyň seljerilmegini, şeýle hem bilermenleriň bahalaryny nazara almak bilen, ilki bilen, her welaýatda iň ýokary netijeleri gazanan etrap ýa-da etrap hukukly şäher kesgitlenildi, soňra welaýat tapgyrynyň ýeňijileriniň arasynda 2017-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby saýlanyp alyndy. Netijede, Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby ýeňiji boldy.


Türkmenistanyň Prezidenti habary diňläp hem-de bäsleşigiň ýeňijilerini gutlap, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak baradaky Buýruga gol çekdi.


Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylda bu bäsleşigi yglan etmek hakynda resminama gol çekdi.


Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, 2017-nji ýylyň netijelerini häsiýetlendirdi hem-de 2018-nji ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi.


Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmegi, ýüze çykýan meseleleri parahatçylykly gepleşikler arkaly we Birleşen Milletler Guramasynyň kabul edýän çözgütleriniň çäklerinde çözmek boýunça alnyp barylýan syýasatyň netijesinde Garaşsyz Watanymyz häzirki döwürde bütin dünýäde barha giňden meşhurlyga we hormata eýe bolýar.


Biz geljekde hem bütin dünýäniň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek syýasatymyzy alyp bararys. Milli bähbitlerimizi goramak üçin, ähli tagallalary ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu syýasatyň sebitde özara ynanyşmak, dostluk we hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmäge ýardam berýändigini nygtady.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylda gazanylan üstünlikler barada aýdyp, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,5 göterim boldy. Häzir hem ykdysadyýetimize uly mukdarda, ýagny 50 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýumlaryny goýýarys. Hasabat döwründe daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 6,6 göterim köpeldi. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti şol bir derejede, durnukly saklanýar. Hümmetsizlik hem bellenilen kadalaryň çäklerinde dur. Şol bir wagtyň özünde zähmet haklarynyň möçberi artdyryldy.


Ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Gurluşyk, senagat we beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Oba hojalygyny özgertmek boýunça görýän çärelerimiz hem netije berip başlaýar.


Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 42 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän iri desgalaryň 1700-e golaýy gurulýar. Geçirýän özgertmelerimize laýyklykda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Esasy gaz geçirijiler giň gerim bilen gurulýar. Has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, ýokary derejeli myhmanhanalar we ýaşaýyş-durmuş maksatly beýleki desgalar bina edilýär we ulanylmaga berilýär.


Raýatlarymyzyň pensiýalarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberleri artdyryldy. Ilatyň ähli gatlaklarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandy.


Bu zatlaryň ählisi biziň alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň berýän netijesidir, merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmetiniň miwesidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.


Milli Liderimiz ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynyň esasy meselelerine ýygnananlaryň ünsüni çekip, şu ýyl hem gülläp ösýän Türkmenistan Watanymyzy kemala getirýän özgertmeler ýolunyň dowam etdiriljekdigini belledi.


Ýurdumyzy durnukly ösdürmek üçin, biziň öňümizde bar bolan ähli serişdelerimizi we mümkinçiliklerimizi has doly hem-de netijeli ulanmak wezipesi durýar. Şu wezipelerden ugur alyp, bazar gatnaşyklaryna geçmek, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny çalt depginler bilen ösdürmek, işjeň telekeçiligi, innowasion başlangyçlary we tehnologiýalary goldamak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, maliýe we bank ulgamlarynda geçirilýän özgertmeleri dowam etmek, gazna biržasyny hem-de gymmatly kagyzlaryň bazaryny döretmek möhümdir.


Prezident maksatnamasynda bellenen tabşyryklara laýyklykda, ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak göz öňünde tutulýar. Täze, döwrebap iri desgalary gurmak, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek bellenilýär.


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa we beýleki wise-premýerlere, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýyl ähli tagallalary işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmaga gönükdirmegiň, Prezident Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin gowy binýat döretmegiň wajypdygyny belledi.


Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge esas hökmünde maýa goýumlaryny doly möçberde gönükdirmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, hususan-da, ipoteka karzlary boýunça ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meseleleriniň ýurdumyzyň Hökümetiniň üns merkezinde bolmalydygyny belläp, ýaş maşgalalary ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek üçin, olara karz serişdeleri we ýer böleklerini bermek ulgamyny yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyny aýtdy hem-de G.Myradowa ministrlikleriň we pudak edaralarynyň bu ugurda alyp barýan işlerini güýçlendirmegi tabşyrdy.


Häzir her bir ministrligiň hem-de pudak edarasynyň şu ýyl üçin anyk maksatnamasy bar. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bu maksatnamalaryň, aýratyn-da, Prezident maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.


Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2018-nji ýylyň dowamynda birnäçe halkara saparlary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, beýleki ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylarynyň baştutanlygyndaky wekiliýetler hem kabul ediler, şeýle hem birnäçe halkara maslahatlar geçiriler.


Ýakyn wagtda, ýagny 7-nji fewralda Aşgabat şäheriniň «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyry dabaraly ýagdaýda açylar. 14-nji fewralda telekeçileriň täze edara merkezi, şeýle hem Ahal welaýatynda aýna önümlerini öndürýän kärhanalar ulanylmaga berler.


Fewral aýynyň 23-ine Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň düýbi tutular.


Fewral aýynyň 25-ine Türkmenabat şäherinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçiriler, aýyň 26-syna bolsa birbada üç sany sport ýaryşyna, ýagny «Amul — Hazar 2018» atly halkara awtorallä, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga berler. Eýýäm bellenip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz awtomobil ýaryşynyň geçjek ugruny «Beýik Ýüpek ýoly» diýip atlandyrmagy teklip etdi.


Şol gün Türkmenabat şäherinde täze gurlan halkara howa menzili hem işe giriziler.


Mart aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary bolar. Aprel aýynda bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisi geçiriler.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, häkimlere Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň hem-de Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.


Nygtalyşy ýaly, mart aýynyň 25-inde geçiriljek saýlawlar ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň täze tapgyry hökmünde jemgyýetimiziň durmuşyna halk häkimiýetiniň ýörelgelerini ornaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolmalydyr. Şu saýlawlara laýyklykda, biz aprel aýynyň başynda ýurdumyzyň täze düzümdäki Halk Maslahatynyň ilkinji guramaçylyk mejlisini geçirmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.


Sentýabr aýynyň 15-inde Türkmenbaşy şäherinde halkara awtoralli we ylgaw ýaryşlary tamamlanar.


Mundan başga-da, «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragy almak ugrundaky jemleýji bäsleşik geçiriler.


Sentýabr aýynyň 20 — 23-inde Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşar.


Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyny 27-nji sentýabrda, Halkara Bitaraplyk gününi bolsa 12-nji dekabrda uly dabaralara besläp, giňden belläp geçeris.


Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, göz öňünde tutulýan bu çäreler örän möhüm çärelerdir. Şoňa görä-de, olaryň ählisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin häzirden hemmeler düýpli taýýarlyk görmelidir.


“Men ählimiziň el-ele berip, halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2018-nji ýyl üçin kesgitlän täze sepgitlerimize ýetjekdigimize berk ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz aýtdy.


Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.


Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ertir, 27-nji ýanwarda ýurdumyzda ajaýyp senäniň — Watan goragçylarynyň gününiň belleniljekdigini aýdyp, esgerleri, serkerdeleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny bu baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady we olara jogapkärli işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.


 


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi