Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi


Paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.


Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Aşgabatda RECCA VII iş toparynyň duşuşygy geçirildi. Ol Owganystany işjeň çekmek bilen netijeli özara hereket etmäge, umuman, ýakynlaşmak işlerini höweslendirmäge we ösdürmäge, sebitde bar bolan uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň gyzyklanma bildirilip ara alyp maslahatlaşma öwrüldi.


Maslahat daşary ýurtlardan, şol sanda Owganystandan, Azerbaýjandan, Awstraliýadan, Braziliýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Müsürden, Hindistandan, Indoneziýadan, Yrakdan, Eýrandan, Ispaniýadan, Italiýadan, Gazagystandan, Kanadadan, Katardan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Norwegiýadan, BAE-den, Pakistandan, Russiýadan, Saud Arabystanyndan, ABŞ-dan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Şweýsariýadan, Şwesiýadan, Ýaponiýadan wekiliýetleriň onlarçasyny Aşgabatda ýygnady.


Maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň iri ýöriteleşdirilen düzümleriniň-BMG-niň öwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD), BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP), BMGÖM-niň, ÝUNESKO-nyň, BMG-niň Owganystana ýardam etmek boýunça missiýasynyň (UNAMA), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA), Birleşen Milletler Guramasynyň senagat ösüşi boýunça edarasynyň (UNIDO), BMG-niň Ýewropa ykdysaly toparynyň (UNECE), ЕB, ÝHHG, YHG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, ŞHG-niň, Halkara zähmet guramasynyň (ILO), Günorta Aziýanyň sebit hyzmatdaşlygy assosiasiýasynyň (SAARC), ТRASEKA-nyň, Arap ykdysady ösüşiniň Kuweýt gaznasynyň, Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak ölçegleri boýunça maslahatynyň (CICA), Aga Hanyň ösüş boýunça guramasynyň (AKDN) hem-de beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.


Maslahata iri bank we maliýe düzümleri, şol sanda Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Halkara maliýe korporasiýasy (IFS), Halkara ösüş gaznasy OPEK (OFID) öz wekillerini iberdiler.


Aşgabat duşuşygynda şeýle hem ýurdumyzda resmi taýdan işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary çagyryldy.


Maslahata türkmen tarapyndan Hökümet agzalary, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.


Forum Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygyň Konferensiýasy (RECCA VII ) hakynda ýörite taýýarlanan wideofilmi görkezmekden başlandy.


Maslahatyň resmi açylyş dabarasynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan dünýä döwletleriniň we halkara guramalarynyň duşuşyga şeýle giň hem-de wekilçilikli gatnaşmagyna hormat nyşany, duşuşygyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň möhümdigine düşünmegiň subutnamasy hökmünde garaýar. Bu duşuşyk Owganystana durnuklylygyň we ösüşiň bähbidine bilelikdäki hereketleri has-da birleşdirmek babatda uly ähmiýete eýe bolup durýar.


Biziň ýurdumyz goňşy döwlet bilen gatnaşyklara aýratyn üns berip, onuň durnukly ösmegine, sebit hem-de dünýä işlerine doly goşulyşmagyna, owgan topragynda parahatçylygyň we ylalaşygyň ýola goýulmagyna ýardam edýär. Owganystanda syýasy durnuklylygy diňe parahatçylyk, diplomatik serişdeleri bilen gazanmak mümkinçiligine bolan ynam türkmen tarapynyň garaýşynyň esasy pursady bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jogapkär owgan güýçleriniň, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasyndaky giň milli gatnaşyklary BMG-niň howandarlygynda ýola goýmak üçin Türkmenistanyň syýasy giňişligini hödürleýär.


Ýurdumyz bu ugurda halkara guramalarynyň syýasy mümkinçiliklerini peýdalanyp işlemäge taýýardygyny tassyklamak bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hem-de BMG-niň Owganystana ýardam etmek boýunça missiýasy (UNAMA) bilen özara gatnaşyk saklaýar. Türkmenistan öňde goýlan maksatlary gazanmak boýunça dünýä bileleşiginiň hem-de sebit boýunça goňşy ýurtlaryň tagallalaryna işjeň gatnaşýar we olary hemişe goldaýar.


Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek onuň üçin esasy mesele bolup durýar. Türkmenistan ykdysady ösüşiň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, giň gerimli durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmagyň, adamlaryň maddy hal-ýagdaýyny, bilim derejesini ýokarlandyrmagyň ýurtdaky ýagdaýa oňyn täsir edip, bu ýerde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkemegine ýardam edýändigine ynanýar. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli belleýşi ýaly, halkara kömegi täsirli, gönükdirilen we anyk bolmalydyr.


Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyz Owganystana kömek bermek boýunça köptaraplaýyn tagallalaryň işjeň tarapdary hem-de ençeme ýyl bäri olara gatnaşyjy bolup durýar, dünýä bileleşiginiň bu ugurda hereketlerini amala aşyrmaga bolan erk-islegini we aýgytlylygyny görkezmegine ýokary baha berýär. RESSA-nyň çäklerinde başy başlanan sebit hyzmatdaşlygynyň häzir Owganystanyň özündäki onuň çäklerinden daşardaky ýagdaýa düýpli täsir etmäge ukyply bolan netijeli gural bolup çykyş edýändigi şübhesizdir.


Owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzüm taslamalarynyň amala aşyrylmagy, hususan-da, energetika we ulag ýaly möhüm ugurlarda durmuşa geçirilmegi bu ýurduň syýasy durnuklylygynyň, ykdysady hem-de durmuş taýdan galkynmagynyň, sebit we dünýä hojalyk işlerine üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Hut şeýle ýagdaýda Owganystan giň özara gatnaşyklara doly hukukly gatnaşyjy we hyzmatdaş bolmaga ukyplydyr. Şunda Owganystan üçin strategik mümkinçilik bolup, onuň sebit hem-de dünýä işlerindäki orny owgan halkynyň gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň girewi bolup durýar.


Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tarapyndan başy başlanan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Deslapky hasaplamalara görä, TOPH taslamasy Owganystana gazyň göni iberilmeginden başga-da, diňe “mawy ýangyjyň” üstaşyr geçirilmegi üçin her ýylda ýurduň býujetine ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna golaý serişdäniň gelip gowuşmagyny üpjün eder. Mundan başga-da, bu ýerde täze iş orunlarynyň 12 müňden gowragyny döretmek üçin şert dörär. Häzir Türkmenistan gaz geçirijiniň öz çägindäki böleginiň gurluşygyny amala aşyrýar. Şeýle hem taraplar gaz geçirijini owgan çäginden geçirmek bilen bagly tehniki meseleleri çözmek boýunça bilelikde iş alyp barýarlar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ýene-de beýleki ähmiýetli taslama – Türkmenistandan Owganystana demir ýoluny çekmek bolup, onuň birinji nobatdakysynyň – Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň gurluşygy geçen ýylyň güýzünde tamamlandy. Häzir taraplar Owganystanyň çäginde polat ýolunyň gurluşygyny dowam etmek meselesi boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Geljekde bu demir ýoluny Täjigistan bilen serhede çenli dowam edip, ony Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň bölegine öwürmek göz öňünde tutulýar.


Bu taslama Owganystany halkara ulag düzüminiň esasy bölegi hökmünde Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine çykmak mümkinçiligi bilen umumy işlere goşmaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, bu ýurduň Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegine öwrülmek mümkinçiligi döreýär.


Şeýle hem şol babatda Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesini döretmegiň geljegi uly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli bäştaraplaýyn ylalaşygyň eýýäm gol çekilmäge taýýardygy habar berildi.


Biziň ýurdumyz döredilen goşmaça kuwwatlyklary nazara almak bilen, Owganystana iberýän elektrik energiýasynyň möçberini birnäçe esse artdyrmaga taýýar bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan taslamasynyň çäklerinde ony eksport etmek boýunça täze halkara taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barýar. Türkmen tarapy Owganystany, onuň üsti bilen owgan ulgamlary boýunça Pakistany elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça hem taslamanyň başyny başlady. Şeýlelikde, bu taslamalaryň amala aşyrylmagy Owganystanyň elektrik energiýasyny alýan ýurtdan ony üstaşyr geçirýän hem-de sebitiň energetika ulgamyna gös-göni gatnaşýan ýurda öwrülmegini aňladar.


Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan bu taslamalara syýasy-diplomatik we maliýe-ykdysady ýardam edilmegine Owganystanyň ösüşinde täze sepgitlere çykmaga çalyşmagyna gös-göni goldaw berilmegi bolup durýandygyna ynanýar. Ýurduň geljegi köp babatda olara halkara gatnaşygynyň derejesine we möçberine baglydyr.


Söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak Owganystany üstünlikli dikeltmäge uly goşant bolup durýar. Şu maksatlar bilen, sebitiň döwletleriniň, beýleki ýurtlaryň diňe iri däl-de, eýsem, orta we kiçi işewürligi owgan bazaryna işjeň girip, serhetýaka söwdasyny ösdürmeli. Senagat harytlarynyň önümçiligi, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlarda bilelikde işlemegiň dürli görnüşleri ýola goýulmaly.


Owganlylaryň goňşulary bilen telekeçilik işlerini alyp barmakda köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bolup, olar öz hyzmatdaşlaryna köp zat teklip edip biler. Owgan işewürligine özara bähbitli we uzakmöhletleýin esasynda sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryna doly aralaşmaga ýardam etmeli.


RECCA VII maslahatynyň düýn geçirilen iki sany çäresi—işewürler maslahaty we zenanlaryň işewür duşuşygy şol meselelere bagyşlandy. Aşgabatda açylan bilelikdäki sergi bolsa işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň aýdyň beýany boldy. Oňa owgan we türkmen işewürleri, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalary gatnaşýarlar.


Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyz ençeme ýyl bäri Owganystana goldaw bermek bilen onuň çäginde saglygy goraýyş we bilim edaralaryny gurýar, goňşy döwlete ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasyny iberýär, ynsanperwer ýüklerini yzygiderli ugratmak bilen, milli işgärleri taýýarlamakda kömek edýär. Şunuň ýaly yzygiderli goldaw geljekde hem Owganystanda durmuş desgalaryny gurmak boýunça Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça işlenip taýýarlanylan ýörite maksatnama laýyklykda amala aşyrylar.


Elbetde, Owganystana kömek etmek boýunça anyk çäreleriň görülmegi öňde goýlan wezipeleri çözmäge umumy ymtylmanyň hem-de ahyrynda üstünlige bolan ynamyň bardygyny tutuş dünýä äşgär eder. Erk-islege we özara ynanyşmaga, Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen tutuş dünýä bileleşiginiň, beýleki iri hem-de abraýly halkara we sebit düzümleriniň goldawyna esaslanan tagallalaryň birleşdirilmegi bu ýurduň yzygiderli ösmegi üçin möhüm şert bolup durýar.


Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň geljekde hem doganlyk Owganystany ösdürmegiň, tutuş sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we rowaçlygyň bähbidine zerur başlangyçlara işjeň gatnaşmaga taýýardygy tassyklanyldy.


Owganystan Yslam Respublikasynyň ikinji wise-prezidenti Sarwar Daniş bu ýere ýygnananlary owgan tarapynyň adyndan mübärekledi. Ol RECCA VII maslahatyna gatnaşmak mümkinçiligine özüniň örän şatdygyny nygtap, mähirli kabul edilendigi hem-de Aşgabatdaky forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Hökümetine tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdy.


Nygtalyşy ýaly, türkmen paýtagtynda şu duşuşygyň geçirilmegi sebit ykdysady hyzmatdaşlykda, sebiti ählumumy ýakynlaşmak işlerine goşmakda oňyn Bitaraplyk syýasatyny amala aşyrýan Türkmenistanyň tutýan ähmiýetli we işjeň ornunyň ajaýyp subutnamasydyr. Hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça depginli ösdürilýän türkmen-owgan gatnaşyklary dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň nusgasydyr. Jenap Sarwar Daniş sentýabrda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň örän uly üstünligini ýakynlaşmak babatda möhüm ädimdigini hormat bilen belläp, ýurdumyzy bu ajaýyp üstünlik bilen mähirli gutlady.


Owganystan Yslam Respublikasynyň ikinji wise-prezidenti pursatdan peýdalanyp, döwletara hyzmatdaşlygyna uly üns berýändgi hem-de parasatly ýolbaşçylyk edýändigi üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdi hem-de taraplaryň yzygiderli hoşniýetli erkine daýanýan däp bolan bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


Jenap Sarwar Daniş Owganystanyň halkynyň, Prezidentiniň we Hökümetiniň adyndan RECCA VII maslahatyna gatnaşandyklary üçin wekiliýetleriň ählisine hoşallyk bildirdi hem-de munuň sebitdäki netijeli hyzmatdaşlyga bar bolan ähli mümkinçilikleri ulanyp, has-da ýokary netijelilik bermegiň umumy maksat edinilýändiginiň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.


Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň ösüşiniň taryhynyň aýrylmaz bölegi bolan, Owganystan ykdysady hyzmatdaşlygyň ýakynlaşdyrylmagynyň güýçlendirilmegine gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, RECCA dürli ulgamlarda—energetika, ulag, söwda, telekommunikasiýa ulgamlarynda, işewür düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikleri hödürläp biler.


Aşgabat duşuşygyna gatnaşyjylaryň şeýle uly wekilçilikli düzümde bolmagy bu ugurdaky işleriň örän işjeňleşendiginiň görkezijisidir. Bu baradaky gürrüňiňi dowamynda Owganystan Yslam Respublikasynyň ikinji wise-prezidenti 2015-nji ýylyň sentýabrynda 6-njy RECCA maslahatynyň geçirilen wagtyndan bäri sebitde ileri tutulýan taslamalaryň ýerine ýetirilişiniň nukdaýnazaryndan uly geljegi bolan ösüşleriň gazanylandygyny nygtady.


Lýapis Lazuli ugry boýunça täze halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda ylalaşyga gol çekilmegi sebitde bilelikdäki tagallalaryň ajaýyp netijesidir. Bu möhüm resminamanyň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa giňişliginde ygtybarly üstaşyr-ulag ulgamynyň kemala getirilmegine ýardam eder.


Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, elektroenergiýany ibermek boýunça täze taslamalaryň uly ähmiýeti bardyr. Olar sebitde netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň subutnamasy bolup, bu babatda häzirki döwürde göze görnüp duran öňegidişlikler gazanylýar. Sebitde özara hereketleri öňe ilerletmekde gazanylan ýene bir üstünlik sanly Ýüpek ýoly taslamasydyr. Ol bu taryhy ýoluň täze hilde gaýtadan dikeldilmegine gönükdirilendir.


Şunuň bilen birlikde, söwda-ulag düzümlerine maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, hususy ulgamy höweslendirmek, iş orunlaryny döretmek, RECCA-nyň hem netijeli orun tutup biljek ugry bolan gyzyklanma bildirýän täze hyzmatdaşlary gatnaşyk etmäge çekmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygy bellenildi.


Nygtalyşy ýaly, Owganystan öz tarapyndan umumy maksatlara ýetmäge işjeň gatnaşmaga, Merkezi we Günorta Aziýa hem-de Ýakyn Gündogar ýurtlary üçin sebitleýin ýakynlaşmagyň baglanyşdyryjy halkasy we merkezi hökmünde hyzmat etmäge taýýardygyny beýan edýär. Umumy jogapkärçilige esaslanan özara ylalaşykly çemeleşme we ýardam bermek sebit hem-de sebitara möçberde netijeli ykdysady hyzmatdaşlygyň we ýakynlaşmagyň girewi bolup durýar.


Şunuň bilen baglylykda, sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagy möhüm ýagdaý hökmünde atlandyryldy. Bu bolsa umumy ykdysady ösüşler, halklaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.


Şeýle hem Owganystanyň halkara jemgyýetçiligine, sebitiň ähli ýurtlaryna parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde, owgan meselesini syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmekde, terrorçylyga we beýleki howplara garşy hereket etmekde hoşallyk bildirýändigi hem-de bu ugurda mundan beýläk-de ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge we ýardam berilmegine umyt bildirýändigi bellenildi.


Soňra Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Salahuddin Rabbanä söz berildi. Ol öz çykyşynda özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça umumy tagallalary netijeli birleşdirmek hem-de anyk gurallary döretmek boýunça RECCA-nyň mümkinçiliginiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Şol gatnaşyklar hoşniýetli gatnaşyklaryň göreldelik nusgasy bolup, diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, has giň möçberlerde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýär.


Goňşy döwletiň DIM-niň ýolbaşçysy Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmek hem-de ol ýerlerdäki ýagdaýlary parahatçylyk ýol bilen düzgünleşdirmek, onuň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagynyň, RECCA hem-de “Aziýanyň ýüregi” işleriniň öňe ilerlemegi baradaky meselelerde uly goşandy we ähmiýetli orun tutýandygy üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şu babatda ýangyç-energetika toplumynda, elektroenergetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan iri düzümleýin taslamalaryň wajypdygy nygtaldy. Olar sebit we dünýä möçberinde gatnşyklaryň umumy maksatlaryna hyzmat etmäge gönükdirilendir.


Bellenilişi ýaly, häzirki zamanyň ýagdaýlarynda bu duşuşyk ileri tutulýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga, öz tarapyndan Owganystanyň uly gyzyklanma bildirýän sebit ykdysady ýakynlaşmany çuňlaşdyrmak boýunça anyk çäreleri kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şu maksatlar bilen, 2005-nji ýylda Kabulda RECCA-nyň çäklerinde ilkinji duşuşygyň geçirileninden bäri sebitiň söwda, üstaşyr hem-de ulag-aragatnaşyk halkasy hökmünde Owganystanyň tutýan ornuny üpjün etmekde görnükli ösüş gazanmak üçin uly tagalla edildi.


Bu çäreler serhetdeş ýurtlar hem-de Ýewropa bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebit, sebitara we yklymlaýyn söwdany hem-de üstaşyr geçirmegi artdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Munuň özi hemmeler üçin gülläp ösüşi üpjün eder. Öz nobatynda, ykdysady rowaçlyk durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýan ählmumumy howpsuzlygyň we durnuklylygyň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.


Owganystan Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek taslamasyny goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin tagallalary netijeli jemlemegiň zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda bolsa, Aşgabat duşuşygy özara gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak boýunça gurallary işläp taýýarlamak, olary täze mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikleri döredýär.


Owganystanyň DIM-niň baştutany bu baradaky gürrüňiniň dowamynda maýa goýumlary çekmek hem-de ylalaşylan degişli strategiýalary durmuşa geçirmek arkaly ulag düzümlerini depginli ösdürmegiň we söwdany giňeltmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu ugurda owgan tarapy hem anyk çäreleri görýär. RECCA-nyň utgaşdyryjy meýdança öwrülmegi hem-de has giň görnüşde Ýewraziýada netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermegi üçin oňat orun tutýandygyna ynam bildirildi.


Jenap Salahuddin Rabbani umumy ykdysady üstünligiň hem sebit durnuklylygy hem-de halkara parahatçylygy üçin uzakmöhletleýin bähbitleri üpjün etjekdigini nygtap, maslahatyň ajaýyp derejede guralandygy üçin Türkmenistana, bu ýere ýygnananlaryň ählisine bolsa RECCA-nyň gün tertibine girizilen möhüm meseleleriň çözülmegine netijeli gatnaşyp, uly goşant goşandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.


Soňra duşuşyga gatnaşyjylara söz berildi. Olar öz çykyşlarynda netijeli özara gatnaşyk etmek, sebitde we dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegi bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak boýunça tagallalary birleşdirmek üçin açyk meýdança hökmünde RECCA-nyň tutýan ornuny pugtalandyrmakda Aşgabat maslahatynyň ähmiýetini bellediler.


Şunda Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeldilmegine, onuň sebit hyzmatdaşlygyna goşulyşmagyna hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklaryna yzygiderli ýakynlaşmagyna ýardam bermäge gönükdirilip, Türkmenistan tarapyndan başy başlanan iri möçberli düzümleýin taslamalaryň ähmiýetli orny nygtaldy. Hususan-da, Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sun Weýdun parahatçylygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine hem-de dostlukly goňşy döwletiň ösmegine, şeýle hem umuman, sebit hyzmatdaşlygynyň öňe ilerlemegine Türkmenistanyň köp ýyllyk möhüm goşandyny belledi.


Şeýle hem forumyň işiniň çäklerinde Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyk) gol çekmek dabarasy boldy. Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge Aşgabat forumy anyk goşanda öwrülen bu resminamanyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ykdysady ýakynlaşmagyny ýokarlandyrmaga hem-de söwdanyň möçberini görnetin artdyrmaga gönükdirilendir.


Maslahata gatnaşyjylar onuň jemini jemlemek bilen, Aşgabat duşuşygynyň gün tertibiniň çäklerinde garalan meseleleriň möhümdigini belläp, anyk oňyn netijeleri berýän RECCA görnüşindäki netijeli gepleşikleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, forum häzirki döwrüň ýagdaýlaryna kybap gelýän hem-de öňde goýlan maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara ylalyşykly çemeleşmeleri we täsirli gurallary işläp taýýarlamak bilen bagly wezipeleriň toparyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.


Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa myhmansöýerlik hem-de sebitde bilelikdäki işleri giňeltmek boýunça özara gatnaşyklara hem-de möhüm owgan meselelerini çözmäge täze itergi beren şu günki duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.


Taraplaryň sebitde hem-de sebitara giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we giňeltmäge taýýardygy Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça 7-nji maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen jemleýji resminamada - Jarnamada anyk beýanyny tapdy.


RECCA VII forumynyň jemleri metbugat maslahatynda beýan edildi, onuň barşynda türkmen tarapynyň adyndan ähli wekiliýetlere Aşgabat duşuşygynyň işine işjeň gatnaşandyklary üçin, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine bolsa bu duşuşygyň ussatlarça beýan edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.


Bellenilişi ýaly, maslahatyň çäklerinde iki günüň dowamynda ahyrky netijäni ugur edinen duşuşyklar we çäreler geçirildi, Owganystanyň ykdysady taýdan ösmegine, onuň durmuş ulgamyny dikeltmäge, sebit we halkara düzüm taslamalaryna netijeli goşulmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň ugurlary kesgitlenildi.


Forum ähli gatnaşyjylaryň jogapkärçiliçigini we netijeli çemeleşmesini, geçirilýän işleri dowam etmäge, ony anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydygyny görkezdi. Munuň özi geljege ruhubelent garamaga, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine esasly seretmäge, Owganystany dikeltmek, doganlyk ýurtda parahatçylygy, ylalaşygy we abadançylygy gazanmak işine dolanuwsyz häsiýet bermäge gönükdirilen mýeilnamalary we taslamalary düzmäge esas berýär.


Şu güni mejlis RECCA-nyň yglan edilen maksatlarynyň çäklerinde onuň günüň talaplaryna laýyk gelýän möhüm, biziň sebitimiziň we onuň aýrylmaz bölegi bolan Owganystanyň duçar bolýan wehimlere hem-de wezipelere baha bermäge we täsir etmäge ukyply halkara görnüş bolup durýandygyny görkezdi. RECCA gatnaşýan ýurtlaryň we guramalaryň öz gatnaşyklaryny umumy çemeleşmelere, umumy maksatlara hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine esaslanyp guramagy bilelikdäki işiň möhüm ugry bolup durýar.


Maslahatyň barşynda Owganystanyň gatnaşmagynda ulag we energetika taslamalarynyň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi. Hut şonuň üsti bilen ýurduň sebit we halkara ykdysady, söwda gatnaşyklaryna doly hukukly hyzmatdaş hökmünde goşulmagy, iri maýalaryň çekilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi hakykata öwrülýär.


Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakisitan-Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluny gurmagyň, sebitde Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça döwrebap ulag-aragatnaşyk düzümini döretmäge gönükdirilen beýleki birnäçe taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigi tassyklanyldy.


RECCA VII maslahatynyň işiniň çäklerinde Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe “Lýapis Lazuli” tähe halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilendigi aýratyn bellenildi. Bu ýol gökezilen ugur boýunça ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu ulag geçelgesi şol bir wagtyň özünde Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam eder.


Owganystanyň gatnaşmagynda sebit söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak, kiçi we orta telekeçiligiň işine ýardam etmek meselesi maslahatyň gün tertibinde degişli orny eýeledi.


Türkmenistan maslahatyň işiniň netijelerine ýokary baha bermek bilen, onuň RECCA-nyň strategiki maksatlaryny amala aşyrmaga mynasyp goşant goşjakdygyna, hyzmatdaşlygyň gurallaryny kämilleşdirmäge, oňa uly netijeliligi çaýmaga ýardam etjekdigine ynanýar.


Metbugat maslahatynda çykyş eden Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Salahuddin Rabbani öz ýurdunyň hökümetiniň adyndan ajaýyp Aşgabat şäherinde mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.


Nygtalyşy ýaly, Owganystan hoşniýetli goňşusy hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bolup, şol hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýän Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna çäksiz buýsanýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň RECCA-ny we “Aziýanyň ýüregi” işlerini nazara almak bilen, owgan başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy bellenildi.


Jenap Salahuddin Rabbani forumyň jemleýji Jarnamasynyň biragyzdan goldanylandygy hem-de kabul edilendigi barada habar berip, Maslahatyň gün tertibiniň giň gerimli we netijeli bolandygyny belledi. Onuň barşynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bilelikdäki işewürler maslahaty guralyp, oňa gabatlanyp aýratyn çäre geçirildi. Zenanlaryň telekeçilige gatnaşmagynyň giňeldilmegi onuň esasy meselesi boldy.


Şu babatda owgan tarapynyň ykdysady başlangyçlaryna Türkmenistan tarapyndan hemişe berilýän uly goldawa Owganystanyň ýokary baha berýändigi nygtaldy.


Lapis Lazuli ulag geçelgesi boýunça ylalaşyga gol çekilmegi, gürrüňsiz suratda, Aşgabat duşugynyň möhüm wakasy boldy. Jenap Salahuddin Rabbani bular barada aýtmak bilen, bu ugruň Owganystany Ýewropa we beýleki dostlukly döwletler bilen diňe bir baglanyşdyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem, biziň ýurtlarymyzy birek-birege ýakyn edip, söwdanyň, üstaşyr geçirmegiň we maýa goýumlaryň has-da ösdürilmegi üçin mümkinçilikleri döretjekdigini belledi.


Owganystanyň Daşary işler ministri şeýle hem hyzmatdaş ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň adyndan RECCA-nyň işleriniň çäklerinde ileri tutulýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi babatda yzygiderli goldawyň beýan edilendigini kanagatlanma bilen nygtady.


Şeýlelik bilen, Aşgabatda RЕCCA VII maslahatynyň geçirilmegi bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek, sebit ykdysady hyzmatdaşlygyny onuň köptaraply kuwwatyna hem-de döredijilikli maksatlaryna kybap gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak ýolunda nobatdaky anyk ädime öwrüldi.