Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Ýurdumyzda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 24 ýyllygy belleniler


Şu ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 24 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçiriler.


Onda garaşsyzlyk ýyllary içinde bank ulgamynyň ösüşi, ykdysadyýetde gazanylan üsütünlikler, pul-karz syýasatynyň möhüm ugurlary, milli manadymyzyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler hakynda çykyşlar bolar.


1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda döwlet walýutasynyň ulanlyşa girizilmeginiň Türkmenistanyň Garaşsyzylygynyň ýolundaky möhüm ädime öwrülendigini we ýurdumyzyň özygtyýarly hem-de halkara bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde ykrar edilendigini aňladýar. Şu ýyllaryň içinde türkmen manady diňe bir milli buýsanjymyz bolman, eýsem, ol durmuş-ykdysady ösüşiň belent sepgitlerine ýetmekde wajyp orun eýeledi.


 


Türkmenistanyň milli puly - manadyň durnuklylygyny üpjün etmek «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda döwletimizde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.


 


Şeýle çäreleriň netijesinde dünýäniň abraýly we iri maliýe düzümleri tarapyndan Türkmenistan döwletimiziň durnuklaşdyryş we ätiýaçlyk gorlarynda uly möçberli serişdeleri toplamaklygy başarandygy barada nygtalýar. Bu ýagdaýyň öz gezeginde köp ýyllaryň dowamynda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşini ýokary depginde saklanmagyna we häzirki döwürde ýüze çykýan ýagdaýlara uýgunlaşmagyna ýardam etjekdigi barada halkara bilermenleriň beren ýokary bahasynda bellenilýär.


 


Ýurdumyzda netijeli ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny alyp barmak döwrüň möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Sebäbi milli ykdysadyýetiň sazlaşykly hereket etmegi, garaşsyz pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy, bank ulgamynyň netijeliligi milli puluň dolanyşygyna bagly bolup durýar. 


 


Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň netijesinde uzak döwrüň dowamynda milli puluň durnuklylygy üpjün edilip, nyrhlaryň ýyllyk ösüş depgini bellenilen çäklerde saklanylýar. Häzirki zaman bütindünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýlaryna garamazdan, ýurdumyzyň halkara bazarlardaky bäsdeşligi we ykdysady kuwwaty saklanylýar. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň daşary söwdasynyň düzümini kämilleşdirmek ugrunda möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Bu çäreler milli öndürijilik we eksport edijilik kuwwatlyklaryny ösdürmäge we ýurdumyzyň daşary söwda düzümini has-da kämilleşmäge gönükdirilendir. Milli ykdysadyýeti ösdürmekde alnyp barylýan işleriň ýokary netijeleri ýurdumyzyň makroykdysady ösüşiniň görkezijileri bilen doly tassyklanylýar.


 


Ýurdumyzyň ykdysadyýetini, şol sanda daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde gazanylýan şeýle üstünlikler milli pulumyzyň hümmetiniň we abraýynyň hem saklanmagyna hyzmat edip, alnyp barylýan netijeli ýeke-täk döwlet pul-karz syýasaty ýokarda agzalan bu wezipeleri amala aşyrmaga doly mümkinçilik berýär.


 


Hormatly Prezidentimiziň ylmy esasda alyp barýan ykdysady strategiýasyna halkara bilermenler we iri maliýe düzümleriniň wekilleri tarapyndan ýokary baha berilýär. Şol strategiýa laýyklykda bank ulgamynda milli manadymyzyň hümmetini mundan beýläk-de durnukly saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hil taýdan halkara derejelerine çykarmak, dünýä tejiribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalaryny bank işine ornaşdyrmak babatda giň göwrümli işler amala aşyrylýar. 


 


Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty we alnyp barylýan netijeli ýeke-täk döwlet pul-karz syýasaty ýokarda agzalan wezipeleri amala aşyrmaga doly mümkinçilik berýär.