Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi


2017-nji ýylyň 13- nji oktýabyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berildi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer Türkmenistanda Zähmet işi hakyndaky maglumatlary hasaba almagyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen işler barada habar berdi.


Türkmenistanyň zähmet kodeksine şu ýylyň awgust aýynda girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, degişli Kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Şu resminamanyň düzgünlerine laýyklykda zähmet gatnaşyklary bilen baglanyşykly meseleleri kadalaşdyrmak Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň üstüne ýüklenilýär.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hereket edýän kadalaşdyryjy- hukuk namalaryny umumy ykrar edilen halkara kadalaryna kybap getirmegiň amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň esasy ugurlaryň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz milli zähmet kanunçylygynyň düzgünlerini kadalaşdyrmagyň hem-de täze kadalary tassyklamagyň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny aýdyp, wise-premýere degişli ministrlikler bilen bilelikde şu meseläniň üstünde işlemegi tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we öňde durýan wezipelere laýyklykda, söwda toplumynyň işini halkara derejesine çykarmak, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça degişli teklipler hödürlendi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eksport-import işlerini kadalaşdyrýan baş düzüm bolan Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işiniň kämilleşdirilmegine, döwrebaplaşdyrylmagyna örän guramaçylykly çemeleşilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi umuman oňlap, onuň söwda we telekeçilik çäreleriniň işjeňleşdirilmegini şertlendirjekdigini aýtdy we Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini yzygiderli gözegçilikde saklamagy wise-premýer O.Gurbannazarowa tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Mejlisi 2017-nji ýylyň 8-9-njy noýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.


Duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň geçen ýylda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň barşynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.


Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş merkezli akwaparkyň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga hem-de ýangyç-energetika toplumynda milli we umumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.


Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere nebitgaz senagatynyň önümçilik düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, türkmen energiýa serişdeleriniň hem-de nebithimiýa önümleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça maksadalaýyk çäreleri görmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.


Döwlet Baştutanymyz Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky mejlisi barada durup geçip, häzirki wagtda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň köp ugurlarda netijeli ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz özara işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek we ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu toparyň duşuşygyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeleri berdi.


Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýangyç-energetika toplumynyň buýurmasy boýunça "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bina edilýän desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Pagta ýygymynyň depginleri ýokarlanýar. Ýygnalan hasyl kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşalýar. Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň möçberleriniň artdyrylmagyna, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, obasenagat toplumynyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň aýry-aýry ugurlarynyň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.


Şeýle hem milli Liderimiz pagta ýygymy hem-de bugdaý ekişi möwsümini öz wagtynda agrotehniki kadalara laýyk guramak, ak we beýleki ekinlere degişli idegi üpjün etmek meseleleri berk gözegçilikde saklamak barada anyk tabşyryklary berdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän senagat ulgamynyň pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan oba hojalyk önümlerini öndürijileri mineral döküni, hususan-da, 2018-nji ýylda gallanyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin zerur bolan fosfor dökünleri bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri hökmünde döwletimiziň himiýa senagatyny ösdürmäge aýratyn üns berýändigini belledi. Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň baý çig mal serişdelerinden netijeli peýdalanmak, ykdysadyýetimiziň isleglerini doly kanagatlandyrmak hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak pudagyň ileri tutulýan wezipeleri bolup durýar.


Döwlet Baştutanymyz mineral dökünleriniň önümçiliginiň depginini güýçlendirmegiň içerki bazarda bu önüme islegiň ýokarydygy bilen baglydygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.


Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda O.Işangulyýewany we W.Şyhgulyýewi Türkmenistanyň dokma senagaty ministriniň orunbasary wezipelerine bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabady abadanlaşdyrmak we şäherde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ilatyny arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy.


Hormatly Prezidentimiz Aşgabady we ýurdumyzyň beýleki ilatly ýerlerini mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleriniň ulgamlaýyn çözgüdi boýunça anyk görkezmeleri berip, abadanlaşdyryş çäreleriniň we ilatyň ähli zerur şertler bilen üpjün edilmeginiň döwlet tarapyndan öňe sürülýän möhüm wezipelerdigini belledi. Hut şu ulgamda ilatyň ýokary durmuş derejesini, oňaýlylygy, sagdyn gurşawyň üpjün edilmegini şertlendirýän mümkinçilikler döredilýär diýip, milli Liderimiz belledi we bu meseleleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşilmegini wise-premýerden talap etdi.


Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýewe we welaýatlar boýunça jogapkär edilip bellenilen wise-premýerlere Balkanabat, Daşoguz we Türkmenabat şäherlerinde Ahal hem-de Mary welaýatlaryndaky ýaly Ak öý binasynyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda girişmegi tabşyrdy. Ak öý binalarynda jemgyýetçilik- syýasy we 
medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary derejede guramak üçin ähli zerur şertler döredilmelidir.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem ulag we aragatnaşyk ulgamynyň edaralarynyň, kärhanalarynyň işini toplumlaýyn kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň aýdyşy ýaly, “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümleriniň işiniň netijeliligini ýakyn geljekde ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik ýola goýuldy.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk ulgamynyň bökdençsiz işlemegi üçin hojalygy dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmegiň, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli täzelemegiň, tehniki serişdeleri netijeli ulanmagyň, işgärlere göwnejaý hyzmat etmek üçin zerur şertleri döretmegiň wajypdygyny belledi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu pudagyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň çözgüdine ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew Özbegistan Respublikasynyň 13-15-nji noýabry aralygynda Türkmenistanda geçiriljek medeniýet günlerine, şeýle hem şu ýylyň 1-2-nji noýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara syýahatçylyk sergisini we maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.


Özbegistanyň medeni-döredijilik toparynyň hatarynda estrada artistleri, tans toparlary bolar. Mundan başga-da, özbek kinofilmleriniň görkezilişi, fotosuratlaryň sergisi we özbek wekiliýetiniň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligindäki duşuşygy göz öňünde tutuldy. Şeýle hem Aşgabatda we Daşoguzda bilelikdäki medeni çäreler geçiriler.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, beýleki ähli pudaklarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, bu ugra öňdebaryjy tejribeleriň, täzeçil pikirleriň ornaşdyrylmagy arkaly döredijilik işgärleriniň ýokary hilli sungat eserlerini döretmegi üçin zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini belledi.


Döwlet Baştutanymyz aýdym-saz sungatyna we döredijilik dünýäsine işjeň aralaşýan ýaş zehinleriň ukyplarynyň açylmagy, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi boýunça ýerine ýetirilýän işlere düýpli nägilelik bildirdi.


Milli Liderimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty mynasybetli geçirilen konsertiň ýokary derejede guralmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin 
wise-premýer A.Garajaýewe käýinç yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Hazaryň kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bina edilýän şypahananyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagyna geçen ýylyň maý aýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berildi. Ol Awazanyň çäklerinde kemala gelýän döwredap şypahana düzüminiň üstüni ýetirer.


Şeýle hem bilim, ylym we tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan mugallymlaryň çagyrylmagyny göz öňünde tutýan bu ýokary okuw mekdebiniň meseleleri hakyndaky Karary üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.


Ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň çäklerinde häzirki döwürde ýokarda agzalan uniwersitetde Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň mugallymlarynyň ikisi işleýär. Şu okuw ýylynda ýurdumyz üçin täze ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen Ýaponiýanyň bu ýokary okuw mekdebinden ýene-de birnäçe professorlary we mugallymlary çagyrmak meýilleşdirilýär. Milli Liderimiziň bu ugurda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, iki uniwersitetiň arasynda uzakmöhletleýin esasdaky netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen degişli ikitaraplaýyn Şertnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baý syýahatçylyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, wise-premýere “Awaza” şypahanasynyň gurluşygynyň ýokary hil derejesini üpjün etmek we ony bellenilen möhletlerde gurup gutarmak hem-de Türkmenistanyň şypahana ulgamynyň üstüni halkara ülňülerine laýyk gelýän düzümler bilen ýetirjek desgada iň täze enjamlary oturtmak boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Bilim we ylym ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, bu ugurlara dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we täzeçil usullary ornaşdyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, milli Liderimiz bu babatda ýurdumyzyň esasy we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýan Ýaponiýa bilen ýola goýulýan gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy.


Täzeçil ösüşi we ýerli kämil işgärler bilen üpjünçiligi nazarlaýan milli ykdysadyýetimiz üçin zerur bolan ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda we bu ugurda öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine möhüm orun degişlidir. Ýokary tehnologiýalaryň we häzirkizaman ylmynyň gazananlarynyň işjeň ulanylmagy ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň we onuň senagat taýdan kuwwatlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taýýarlanylan Şertnamanyň taslamasyny umuman oňlap, onuň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ylym-bilim bilen önümçiligiň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri hem-de hormatly Prezidentimiziň GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 11-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen mejlisinde öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.


Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň özüniň bitaraplyk derejesine daýanmak bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işine işjeň gatnaşýandygy, ileri tutulýan ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine jogapkärli çemeleşýändigi bellenildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň nobatdaky sammitinde çykyş etmek bilen, Arkalaşygyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipleri beýan etdi. Olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi degişli işleri amala aşyryp başlady.


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Arkalaşygyň giňişliginde syýasy-diplomatik gatnaşyklary kämilleşdirmek hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen orta möhletli Maksatnamany taýýarlamak baradaky başlangyjynyň giň goldawa eýe bolandygy nygtaldy.


Mälim bolşy ýaly, Soçide geçirilen sammitde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2018-nji ýylda Türkmenistanyň bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirmegi hakynda çözgüt kabul edildi. Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin Daşary işler ministrligi tarapyndan ýörite konsepsiýanyň taýýarlanylmagy göz öňünde tutulýar.


Mundan başga-da, 10-njy oktýabrda Arkalaşyga agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilendigi, onda kabul edilen degişli resminama laýyklykda, Türkmenistan üçin Ýerine ýetiriji komitetiň guramaçylyk departamentiniň direktorynyň orunbasarynyň wezipesiniň berkidilendigi bellenildi. Mejlisde şeýle hem 2020-nji ýyla çenli döwür üçin GDA-da sportuň milli görnüşlerini goldamak we ösdürmek meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2020-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy kabul edildi.


Şundan ugur alyp, türkmen milli göreşi boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek, GDA ýurtlarynda sportuň şu görnüşi boýunça milli federasiýalary döretmek boýunça işleri geçirmek, göreş boýunça türgenleri hem-de tälimçileri taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmak maksady bilen, Arkalaşyga agza ýurtlaryň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny we duşuşyklary guramak göz öňünde tutulýar.


Milli Liderimiziň GDA-nyň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky başlangyçlaryna esaslanyp, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumy bilen bilelikde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň, onuň energetika, ulag we söwda meseleleri bilen meşgullanýan düzümleýin ederalarynyň işiniň gün tertibi üçin anyk teklipleri taýýarlamak meýilleşdirilýär.


Durmuş we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek GDA-nyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Soçi şäherinde geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň maşgala institutyny we gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryny goldamak baradaky Beýannamasy kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Bilim ministrligi, Zenanlar birleşigi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we ýurdumyzyň beýleki döwlet edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde maşgala gymmatlyklary däp-dessurlaryny ösdürmek babatda Türkmenistanyň gazanan tejribesi bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň beýleki ýurtlaryny tanyşdyrmak boýunça çäreleri öz içine alýan 2018-2019-njy ýyllar üçin Hereketleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär.


Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly GDA-da “Binagärlik we şähergurluşyk ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Bu başlangyç GDA-nyň Soçide geçirilen sammitine gatnaşan döwlet Baştutanlarynyň ählisiniň goldawyna mynasyp boldy. Ony durmuşa geçirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanylar hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetine iberiler.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasyndy guralýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistanyň abraýly sebit we halkara guramalary hem-de düzümleri, şol sanda GDA bilen netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi.


Ýurdumyz Arkalaşygyň döwletleri bilen däp bolan giň möçberli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Türkmen halkyny şol döwletleriň halklary bilen asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň syýasy-diplomatik ulgamda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, GDA-nyň giňişliginde özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga mundan beýläk-de işjeň ýardam etjekdigini aýtdy.


Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklaryň birnäçesini, şol sanda ýurdumyzyň GDA-nyň Soçide geçirilen duşuşygynda beýan eden başlangyçlaryna degişli hem-de Türkmenistanyň 2018-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda bilelikde başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi.


Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa parlamentiň milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzyň ösüşine gönükdirilen durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.


Bellenilişi ýaly, täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary babatda hem-de döwlet Baştutanymyzyň deputatlaryň öňünde goýan wajyp wezipelerini nazara almak arkaly amala aşyrylýar. Kabul edilýän kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň düzgünlerine hem-de halkara kadalaryna we ölçeglerine laýyk getirmek ýaly möhüm meselä aýratyn üns berilýär.


Şeýle hem Mejlisiň ýolbaşçysy türkmen deputatlarynyň wekiliýetiniň Parlamentara Birleşiginiň 137-nji mejlisine gatnaşmak hem-de GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisleriniň birini Türkmenistanda geçirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna boljak iş sapary barada habar berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, milli kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň häzirki döwürde ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.


Döwlet Baştutanymyz kanunçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary meselelerine ünsi çekip, işiň bu ugrunyň döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi. Şol gatnaşyklar bolsa birek-birege ynanyşmak ýagdaýyny berkarar etmäge, durnukly ösüş babatda ählumumy wezipeleri çözmäge saldamly goşant goşmalydyr.


Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara bileleşiginiň 137-nji maslahatyna gatnaşmak üçin 2017-nji ýylyň 14-16-njy oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri hem-de Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi