Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si


Şu gün “Now­ruz ýaý­la­sy­nyň ak öýi” bi­na­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da mö­hüm wa­ka bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty öz işi­ne baş­la­dy. Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­lyk şan­ly baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň wa­jyp we­zi­pe­le­ri, Türk­me­nis­tan­da tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan oňyn dur­muş-yk­dy­sa­dy we de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­ri yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler gi­ri­zil­di.


Türk­men jem­gy­ýe­ti­niň gur­lu­şy­nyň ga­dy­my esas­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny, hal­ky­my­zyň pe­der­le­ri­mi­ziň paý­has­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne we kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy bo­lan de­mok­ra­tik esas­la­ra üýt­gew­siz yg­rar­ly­ly­gy­ny özün­de jem­le­ýär. Ýa­şu­ly ne­sil­le­re hor­mat goý­mak, ýa­şu­lu­la­ryň, ak gy­ňaç­ly ene­le­riň baý dur­muş tej­ri­be­si­ne da­ýan­mak türk­men hal­ky­nyň asyr­lar aşyp gel­ýän mil­li ýö­rel­ge­le­ri bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýär we ol äh­mi­ýet­li ut­gaş­dy­ry­jy müm­kin­çi­li­gi eme­le ge­tir­ýär. Hut şo­nuň üçin hem ge­çi­ril­ýän mas­la­hat umu­mymil­li möç­be­re eýe bo­lup, onuň do­wa­myn­da Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň saz­la­şyk­ly ösü­şi, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy we bag­ty­ýar­ly­gy üçin mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan wa­jyp me­se­le­le­re ga­ral­ýar we anyk çöz­güt­ler ka­bul edil­ýär.


Ir bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “Now­ruz ýaý­la­sy­nyň ak öýi” bi­na­sy­na gel­di.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne baş­la­maz­dan öňür­ti bu ýer­de Mej­li­siň Baş­ly­gy­nyň, ýur­du­my­zyň Hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da gi­ňiş­le­ýin mas­la­hat ge­çir­di.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öňi bi­len hal­ky­myz we ýur­du­myz üçin bäh­bit­li çöz­güt­le­riň ka­bul edil­ýän Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň işe gi­riş­me­gi bi­len mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ry gut­la­dy we bu umu­my­mil­li çä­rä­niň üs­tün­lik­le­re bes­len­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra özü­niň tä­ze dö­re­den “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­by­ny sow­gat ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Be­ýik Ýü­pek ýo­ly ägirt uly ta­ry­hy mi­ras bo­lup, onuň mer­ke­zi lo­gis­ti­ka dü­zü­mi bi­ziň Wa­ta­ny­myz­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýär, halk­la­ryň we ýurt­la­ryň öza­ra ýa­kyn­laş­ma­gy üçin kuw­wat­ly iter­gi bo­lup hyz­mat ed­ýär, ola­ryň ara­syn­da sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na, ýurt­la­ryň, se­bit­le­riň we tu­tuş yk­lym­la­ryň ara­syn­da öza­ra dü­şü­ni­şil­me­gi­ne hem-de hyz­mat­daş­ly­ga, öza­ra gat­na­şyk­la­ryň yg­ty­bar­ly bin­ýat­la­ry­nyň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.


Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar aja­ýyp sow­gat üçin mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ho­şal­lyk bil­di­rip, mu­nuň äh­li­halk da­ba­ra­sy­nyň öňü­sy­ra­syn­da­ky ýa­kym­ly wa­ka öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di­ler.


Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi T.Ata­hal­ly­ýe­wiň we­la­ýa­tyň çä­gin­de ýer­leş­ýän “Now­ruz ýaý­la­sy­nyň ak öýi” bi­na­syn­da ge­çi­ril­ýän Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ne gör­len taý­ýar­lyk iş­le­ri, mas­la­ha­tyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan mak­sat­na­ma we ony üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin gör­len çä­re­ler ba­ra­da­ky ha­sa­ba­ty diň­le­nil­di.


Iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de hä­zir­ki dö­wür­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, şeý­le hem Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne gör­len taý­ýar­lyk iş­le­ri we onuň gün ter­ti­bi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.


Ýur­du­myz­da her ýyl­da ge­çi­ril­ýän we hal­ky­my­zyň asyr­lar aşyp gel­ýän asyl­ly mil­li ýö­rel­ge­le­re yg­rar­ly­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi, on­da öňe sü­rül­ýän tek­lip­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak we de­giş­li çöz­güt­le­ri ka­bul et­mek üçin äh­li ze­rur müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi şu gü­nüň der­wa­ýys we­zi­pe­si­di­gi­ni bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu iş­le­ri berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.


Soň­ra ýur­du­my­zyň Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri Ý.Ber­di­ýew Türk­me­nis­ta­nyň Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň şu gün bel­le­nil­ýän gü­ni my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler we şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan mak­sat­na­ma ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň ser­ker­de­le­ri­ni, de­ňiz­çi es­ger­le­ri we bu ug­ra de­giş­li beý­le­ki iş­gär­le­ri her ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da bel­le­nil­ýän hü­när baý­ram­çy­ly­gy bi­len gut­la­dy. Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na­sy­na la­ýyk­lyk­da howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek döw­le­ti­mi­ziň ama­la aşyr­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dy­gy­ny bel­le­di. Ha­zar deň­zi­ni dost­lu­gyň we yla­la­şy­gyň deň­zi­ne öwür­mek­de har­by de­ňiz­çi­le­riň ägirt uly hyz­ma­ty­nyň bar­dy­gy­ny bel­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu iş­le­ri döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de ös­dür­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy.


Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow ýur­du­my­zyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ama­la aşyr­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň esa­sy ugur­la­ry we oňa la­ýyk­lyk­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň ös­dür­mek bo­ýun­ça gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän äh­li da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.


Dün­ýä­niň gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän äh­li ýurt­la­ry bi­len bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­mak we hor­mat goý­mak esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň Türk­me­nis­ta­nyň dur­mu­şa ge­çir­ýän “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur­da yzy­gi­der­li iş­le­riň do­wam et­di­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy.


Mil­li Li­de­ri­miz mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da şeý­le hem ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan iş­le­riň dep­gin­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň güý­jün­den do­ly peý­da­lan­mak we oba­se­na­gat top­lu­my­na hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry­ny, tä­ze­çil usul­la­ry giň­den or­naş­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re top­lum­la­ýyn esas­da çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam et­mek bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň Bal­kan, Da­şo­guz we Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­le­ri­ne Ma­ry hem-de Ahal we­la­ýat­la­ryn­da bar bo­lan Ak öý bi­na­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­dy. Mu­nuň özi asyr­lar aşyp gel­ýän mil­li ýö­rel­ge­le­riň da­ba­ra­lan­ma­gyn­da we türk­men hal­ky­nyň bi­na­gär­lik usul­la­ry bi­len hä­zir­ki za­man tej­ri­be­le­ri­niň ut­gaş­dy­ryl­ma­gyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bar­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.


Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de oba ho­ja­lyk iş­le­ri bi­len bir ha­tar­da, se­bi­tiň se­na­gat dü­zü­mi­ni ös­dür­mek, dur­muş üp­jün­çi­li­gi­ni mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­lan­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di we bu ba­bat­da hä­kim­le­re bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň gu­ra­ma­çy­lyk­ly we ýo­ka­ry hil de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­li­di­gi­ni, onuň üs­tün­lik­li jem­len­me­gi­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz üçin bäh­bit­li bol­şy ýa­ly, gel­jek­ki bol ha­sy­lyň gi­re­wi­di­gi­ni bel­le­di.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň döw­rüň ta­la­by­na we ru­hu­na la­ýyk de­re­je­de ös­dü­ril­me­li­di­gi­ni, ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­niň äh­li gör­ke­zi­ji­ler ba­bat­da nus­ga­lyk bol­ma­ly­dy­gy­ny aý­dyp, bu iş­le­riň hem­me­ta­rap­la­ýyn esas­da do­wam et­di­ril­me­gi ba­bat­da hä­ki­me bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.


Aý­ra­tyn-da, şan­ly se­ne­ler my­na­sy­bet­li gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­lar­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy­na ün­si çe­kip, dür­li mak­sat­ly bi­na­la­ryň bel­le­ni­len möh­let­ler­de gur­lup ulan­ma­ga be­ril­me­gi­niň we olar­da ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi­niň mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.


Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da we mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li ýag­daý­da ös­dü­ril­me­li­di­gi­ni, ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li çä­re­le­riň mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ril­me­li­di­gi­ni bel­läp, bu ba­bat­da mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu gün açyl­ýan Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de öň­ki umu­my­mil­li fo­rum­lar­da bol­şy ýa­ly, mö­hüm çöz­güt­le­riň ka­bul edil­ýän­di­gi­ni bel­läp, bu ge­zek­ki umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da hem ili­miz, ýur­du­myz üçin bäh­bit­li oňyn ka­rar­la­ryň ka­bul edil­jek­di­gi­ni, ola­ryň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti­niň bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di we mas­la­ha­tyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne ta­rap ug­ra­dy.


...Aja­ýyp bi­na­nyň için­de aý­ra­tyn da­ba­ra­ly ýag­daý, ag­zy­bir­lik we ru­hu­be­lent­lik de­re­je­si eme­le gel­di. Bu ýe­re Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­den we­kil­ler ýyg­nan­dy­lar.


Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör tu­rup, şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz za­lyň sah­na­sy­na geç­di we türk­men jem­gy­ýe­ti­niň halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi esas­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lan köp san­ly mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ry we myh­man­la­ry gut­la­dy.


Mil­li Li­de­ri­miz bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­nyň giň­den we da­ba­ra­ly ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýan gün­le­rin­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li mö­hüm me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin Ahal we­la­ýa­ty­nyň Now­ruz ýaý­la­syn­da bi­na edi­len ak öý­de Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ne jem­len­dik di­ýip, sö­ze baş­la­dy.


Bu ge­zek­ki mej­li­se halk ara­syn­da uly hor­mat­dan peý­da­lan­ýan ýa­şu­lu­lar, Hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň ýol­baş­çy­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­riň, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, we­la­ýat­la­ryň, et­rap­la­ryň we şä­her­le­riň hä­kim­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry döw­let­ler­dä­ki il­çi­le­ri, da­şa­ry ýurt­la­ryň bi­ziň ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­ýar­lar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da dür­li pu­dak­la­ryň eda­ra­la­ry­nyň we kär­ha­na­la­ry­nyň köp san­ly iş­gär­le­ri, ak gy­ňaç­ly ene­ler bar.


Da­ba­ra­ly pur­sat ge­lip ýet­di. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni açyk di­ýip yg­lan ed­ýär.


Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­ýar. Umu­my­mil­li fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň hem­me­si oňa ru­hu­be­lent­lik bi­len go­şul­ýar­lar.


Mil­li Li­de­ri­miz Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň pre­zi­diu­my­na saý­la­nan ag­za­la­ry­ny öz ýer­le­ri­ne ge­çip otur­ma­ga ça­gyr­ýar.


Mej­li­siň ba­şyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ry we äh­li wa­tan­daş­la­ry­my­zy Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy we berk jan sag­lyk, uly üs­tün­lik­ler, eder­men türk­men hal­ky­na bol­sa bagt hem-de aba­dan­çy­lyk ar­zuw et­di. Goý, ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len öňe bar­ýan mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz he­mi­şe gül­le­sin! Goý, mäh­ri­ban hal­ky­myz Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň baý­ram­çy­lyk­la­ry­ny we da­ba­ra­la­ry­ny aja­ýyp zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len gar­şy­la­syn! — di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy.


Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň mej­li­siň gün ter­ti­bi bi­len ta­nyş­mak­la­ry üçin müm­kin­çi­li­giň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­läp, şu gün ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak me­se­le­ler bo­ýun­ça tek­lip­le­riň ýa-da bel­lik­le­riň bar­dy­gy bi­len gy­zyk­lan­dy.


Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gy ne­ti­je­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­niň tas­syk­lan­ýan­dy­gy­ny yg­lan ed­ýär.


Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň öňün­de mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şy bol­dy.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýyg­na­nan­la­ry mü­bä­rek­läp we hem­me­le­ri Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly­nyň şan­ly wa­ka­sy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­nyň açyl­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ra, myh­man­la­ra hem-de il­deş­le­ri­mi­ze iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.


Şu gün­ki umu­my­mil­li fo­rum ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň giň­den we da­ba­ra­ly baý­ram edil­ýän 26 ýyl­lyk se­ne­si­niň öň ýa­nyn­da ge­çi­ril­ýär. Döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­myz bol­sa, bi­ziň be­lent buý­san­jy­myz­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy.


Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji döw­let. Biz dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry­my­zy bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da alyp bar­ma­ga ça­lyş­ýa­rys. Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da oňyn bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny gy­şar­nyk­syz ber­jaý ed­ýä­ris.


Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy, il­ki bi­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­di. Soň­ra bol­sa onuň de­giş­li Re­zol­ýu­si­ýa­la­ry bi­len gol­da­nyl­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň bu Re­zol­ýu­si­ýa­sy­ny öz Esa­sy Ka­nu­nyn­da be­ýan eden ýe­ke-täk döw­let­dir. Şo­ňa gö­rä-de, biz bu ta­ry­hy Re­zol­ýu­si­ýa aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rip, ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ni Kons­ti­tu­si­ýa­myz­da anyk be­ýan et­dik. Dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len he­mi­şe­lik bi­ta­rap­ly­gyň Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ýö­rel­ge­si bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­läp geç­dik di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di.


Türk­me­nis­tan oňyn bi­ta­rap­ly­gyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ni gol­dan­mak bi­len, di­ňe bir mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň bäh­bit­le­ri­ne däl-de, eý­sem, tu­tuş Ýer ýü­zü­niň halk­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri üçin hem iş­jeň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.


Biz Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2017—2023-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy ýa­ly ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len, şeý­le hem dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry bi­len ýo­la goý­lan sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge we yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.


Şo­nuň ýa­ly-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len we dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bo­lan Ösüş Mak­sat­na­ma­sy­nyň, ÝU­NES­KO-nyň, Ilat Gaz­na­sy­nyň, Ça­ga­lar Gaz­na­sy­nyň, Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň, Ne­şe­le­re we je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Mü­dir­li­gi­niň ýur­du­myz­da ýer­leş­ýän we­kil­ha­na­la­ry bi­len alyp bar­ýan hyz­mat­daş­ly­gy­my­zy yzy­gi­der­li ös­dür­ýä­ris we tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ýa­rys. Şeý­le hem bu ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýä­ris — di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.


Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy 12-nji de­kab­ry Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni di­ýip yg­lan et­di. 2017-nji ýy­lyň 19-njy ap­re­lin­de bol­sa, bi­ziň Bi­ta­rap döw­le­ti­miz bu gu­ra­ma­nyň Ça­ga­lar Gaz­na­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ge­ňe­şi­niň 2018—2020-nji ýyl­lar üçin ag­za­ly­gy­na we Ze­nan­la­ryň hu­kuk ýag­da­ýy bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­nyň 2018—2022-nji ýyl­lar üçin ag­za­ly­gy­na saý­lan­dy di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.


Mö­hüm wa­ka­la­ryň ha­ta­ryn­da şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­niň Ko­mis­si­ýa­sy­nyň mej­li­sin­de bu gu­ra­ma­nyň ösü­şiň bäh­bit­le­ri­ne Ylym we teh­ni­ka bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­na 2017—2020-nji ýyl­lar, Ilat hem-de ösüş bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­na 2016—2020-nji ýyl­lar, şeý­le hem Dur­muş ösü­şi bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­na 2017—2021-nji ýyl­lar üçin saý­lan­ma­gy­ny bel­le­mek bo­lar.


Ga­raş­syz döw­le­ti­miz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji mej­li­sin­de äh­lu­mu­my ki­ber howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek me­se­le­si­ne düýp­li çe­me­leş­me­gi tek­lip et­di.


«Azia­da — 2017: Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň ha­ty­ra­sy­na hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy» at­ly hal­ka­ra sport kong­re­si­niň jem­leý­ji Jar­na­ma­sy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji mej­li­si­niň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de ýaý­ra­dyl­dy. Bu res­mi­na­ma esas­la­nyp, Türk­me­nis­tan ÝU­NES­KO-nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da be­den­ter­bi­ýe hem-de sport bo­ýun­ça jo­gap­kär mi­nistr­le­riň we ýol­baş­çy­la­ryň ýe­din­ji hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ny ge­çir­me­gi göz öňün­de tut­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.


Şu ýyl bi­ziň ýur­du­myz Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň Hal­ka­ra Kon­fe­ren­si­ýa­sy­na baş­lyk­lyk ed­ýän döw­le­tiň borç­la­ry­ny hem ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Bi­ziň ýur­du­my­zyň şeý­le ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­na saý­lan­ma­gy Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň bü­tin adam­za­dyň bäh­bit­le­ri üçin hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji sy­ýa­sa­ty­na hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.


Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da ka­nun­çy­lyk taý­dan ber­ki­di­len bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne üýt­gew­siz yg­rar­ly bo­lup gal­mak bi­len, biz gel­jek­de hem ak­gö­wün­li­lik, dost­luk we giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­ny alyp ba­ra­rys. Bu sy­ýa­sat bol­sa, di­ňe bir mil­li bäh­bit­le­ri­mi­ze däl-de, eý­sem, dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň bäh­bit­le­ri­ne-de, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň mak­sat­la­ry­na hem do­ly la­ýyk gel­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, biz Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de tut­ýan or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak üçin gel­jek­de hem hem­me­ta­rap­la­ýyn ta­gal­la­la­ry ede­ris.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri­ne şu ýy­lyň 9 aýy­nyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp, ýa­ňy-ýa­kyn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de se­re­di­len­di­gi­ni aý­dyp, fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň ün­sü­ni ama­la aşy­ryl­ýan döw­let stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy me­se­le­le­ri­ne çek­di.


Biz yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­gi, onuň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýä­ris. Şu we­zi­pe­ler­den ugur alyp, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri çy­kar­mak we özü­miz­de ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň beý­le­ki ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça Döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çi­rip baş­la­dyk.


Şeý­le hem elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny ama­la aşyr­ma­ga gi­riş­dik di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.


Bu mak­sat­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de eý­ýäm go­wy ne­ti­je­le­ri hem ga­zan­dyk. Ýur­du­my­za beý­le­ki döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň möç­be­ri azal­dy. Da­şa­ry ýurt­la­ra iber­ýän önüm­le­ri­mi­ziň möç­be­ri bol­sa art­dy di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.


Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2007-nji ýyl­da ka­bul edi­len «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň» dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da dur­muş mak­sat­ly we in­že­ner üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň müň­ler­çe des­ga­la­ry­nyň gur­lup, ulan­ma­ga ber­len­di­gi, şeý­le hem «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2012—2016-njy ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň» çäk­le­rin­de ägirt uly hal­ka­ra äh­mi­ýe­ti bo­lan on­lar­ça tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ry­lan­dy­gy bel­le­nil­di.


Hä­zir­ki dö­wür­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da öz­gert­me­ler ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň mö­hüm çeş­me­le­ri­niň on­lar­ça­sy üçin düýp­li esas­lar go­ýul­dy. Bu iş­le­riň yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­jek kuw­wat­ly önüm­çi­lik, dur­muş we in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň berk esas­la­ry­ny dö­ret­mek do­wam ed­ýär.


Trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­le­riň, şol san­da Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň, de­mir ýol­la­ryň, ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň, uly köp­rü­le­riň, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky on­lar­ça bi­na­la­ryň we beý­le­ki iri des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy mu­nuň aý­dyň my­sal­la­ry­dyr.


Mej­li­siň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ila­tyň jan ba­şy­na düş­ýän je­mi içer­ki önü­miň or­ta­ça möç­be­ri­ni göz öňün­de tu­ta­nyň­da, Türk­me­nis­tan in­di dur­muş-yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri bo­ýun­ça gir­de­ji de­re­je­si ýo­ka­ry bo­lan ýurt­la­ry hä­si­ýet­len­dir­ýän umu­my ka­bul edi­len sep­git­den geç­di di­ýip nyg­ta­dy.


Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Yk­dy­sa­dy we dur­muş me­se­le­le­ri bo­ýun­ça de­par­ta­men­ti, Söw­da we ösüş bo­ýun­ça ge­ňe­şi, Hal­ka­ra pul gaz­na­sy, Bü­tin­dün­ýä ban­ky hem-de beý­le­ki ab­raý­ly gu­ra­ma­lar hem Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da pul-karz, sal­gyt-býu­jet, nyrh, ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar­lar.


Ab­raý­ly hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­nyň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, ýur­du­myz­da 2017-nji we 2018-nji ýyl­lar­da hem je­mi içer­ki önü­miň ýo­ka­ry dep­gin bi­len, ýag­ny 6,4 gö­te­rim de­re­je­de ös­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bu bol­sa, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2015-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da bo­lup ge­çen 70-nji mej­li­sin­de yg­lan edi­len Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­nyň kö­pü­si­niň 2007-nji ýyl­dan bä­ri ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi­ni aý­dyň tas­syk­la­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nyg­taý­şy ýa­ly, ama­la aşy­ryl­ýan yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler we ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi do­lan­dyr­ma­gyň hem-de döw­let ta­ra­pyn­dan düz­gün­leş­dir­me­giň usul­la­ry­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi, hal­ky­my­zyň do­ly gol­da­ma­gy ne­ti­je­sin­de müm­kin bol­dy.


“Hä­zir­ki dö­wür­de biz ýur­du­myz­da dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len kuw­wat­ly hä­zir­ki za­man yk­dy­sa­dy ul­ga­myň ýo­ka­ry ösü­şe eýe bo­lan­dy­gy­ny do­ly tas­syk­lap bi­le­ris. Bu ul­gam eýe­çi­li­giň dür­li gör­nüş­le­ri­ne esas­lan­ýar hem-de ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na tap­gyr­ma-tap­gyr geç­me­gi göz öňün­de tut­ýar” di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.


Mil­li Li­de­ri­miz çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň şu ýy­lyň hal­ka­ra äh­mi­ýet­li mö­hüm wa­ka­sy bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Bi­ziň ýur­du­myz V Azi­ýa oýun­la­ry­na örän jo­gap­kär­çi­lik­li taý­ýar­lan­dy. Aş­ga­bat­da 2010-njy ýyl­da Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň düý­bi tu­tul­dy. Onuň gur­lu­şy­gy­na köp möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­di. Bu ýer­de gur­lan des­ga­lar Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti­niň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da en­jam­laş­dy­ryl­dy di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di.


Olim­pi­ýa sta­dio­ny­nyň mün­be­ri­ni çe­per keş­bi bi­len be­ze­ýän ahal­te­ke be­de­wi­niň heý­ke­li­niň, şeý­le hem ýo­ka­ry dün­ýä ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa se­riş­de­ler­den gur­lan Spor­tuň suw gör­nüş­le­ri mer­ke­zi­niň Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­me­gi hem ýur­du­myz­da sport des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na düýp­li we örän jo­gap­kär­li ga­ral­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy.


Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň sport des­ga­la­ryn­da spor­tuň 21 gör­nü­şi bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­di. Bu ýa­ryş­la­ra 65 ýy­gyn­dy to­pa­ryň tür­gen­le­ri gat­naş­dy­lar.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň tür­gen­le­ri­niň bu oýun­lar­da umu­my to­par ha­sa­byn­da has köp me­dal alyp, bi­rin­ji or­na çyk­ma­gy bi­zi örän be­gen­dir­ýär di­ýip bel­le­di. “Sport­da ga­za­nan bu aja­ýyp ýe­ňiş­le­ri­mi­ziň mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­ny, eziz Di­ýa­ry­my­za bo­lan buý­san­jy­ny has art­dy­ran­dy­gy­ny aýt­ma­ga bi­ziň do­ly hu­ku­gy­myz bar­dyr.


Bu oýun­la­ryň örän ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi dün­ýä­niň Olim­pi­ýa he­re­ke­tin­de ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny öň­kü­den-de ber­kit­di. Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä de­re­je­li sport mer­ke­zi hök­mün­de yk­rar et­di” di­ýip hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy.


Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýa­kyn ýyl­lar­da ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry ba­ra­da du­rup geç­di.


Mä­lim bol­şy ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­de bo­lup ge­çen kä­bir yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy wa­ka­lar ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne bel­li bir de­re­je­de ýa­ra­maz tä­si­ri­ni ýe­tir­di. Şol ýyl­lar­da, il­kin­ji no­bat­da, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösüş dep­gi­ni pe­se düş­di. Bu bol­sa, geo­sy­ýa­sy ýag­daý­lar, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň ba­ha­sy­nyň pe­sel­me­gi, Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­la­ry bo­lan ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dur­nuk­syz ös­me­gi, er­kin ýör­gün­li da­şa­ry ýurt pu­lu­nyň hüm­me­ti­niň üýt­ge­me­gi, gaz­na ba­zar­la­ryn­da gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň dur­nuk­syz ýag­da­ýy hem-de beý­le­ki se­bäp­ler bi­len bag­ly­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.


Dün­ýä ýurt­la­ryn­da bo­lup geç­ýän bu ha­dy­sa­la­ryň düýp­li öw­re­nil­me­gi Türk­me­nis­ta­ny 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň anyk mak­sat­la­ry­na we we­zi­pe­le­ri­ne dü­ze­diş­le­ri gi­riz­mek üçin aý­ra­tyn ün­si jem­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy.


Şo­ňa gö­rä-de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi dur­nuk­ly ös­dür­mek üçin äh­li se­riş­de­le­ri­mi­zi we müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­zi do­ly peý­da­lan­mak we­zi­pe­si öň­de go­ýul­dy. Ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­gi çalt­lan­dyr­mak, hu­su­san-da, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te da­hyl­syz pu­da­gy­ny çalt dep­gin­ler bi­len ös­dür­mek bel­le­nil­di. Bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry we paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ni dö­ret­mek, gaz­na bir­ža­la­ry­nyň we gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň ba­za­ry­nyň işi­ni güýç­len­dir­mek göz öňün­de tu­tul­dy.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, şu­nuň esa­syn­da «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» tas­la­ma­sy iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Bu tas­la­ma ta­nyş­mak üçin mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra be­ril­di.


Mil­li Li­de­ri­miz bu res­mi­na­ma­nyň esa­sy ugur­la­ry ba­ra­da du­rup ge­çip, mak­sat­na­ma­da Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy ýo­kar­da gör­ke­zi­len dö­wür­de dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­la­ry­nyň kes­git­le­nen­di­gi­ni, öň­de du­ran we­zi­pe­le­riň, esa­sy ýö­rel­ge­le­riň, ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň we ga­ra­şyl­ýan ne­ti­je­le­riň be­ýan edi­len­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem bel­le­nen şu mak­sat­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça çä­re­ler, şol san­da yk­dy­sa­dy eda­ra­la­ryň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­dy. Döw­let ta­ra­pyn­dan düz­gün­leş­dir­me­giň ul­ga­my­ny we döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň ýol­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­ler bel­le­nil­di.


Dün­ýä ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy çök­gün­li­gi şert­le­rin­de mak­royk­dy­sa­dy do­lan­dy­ry­şy go­wu­lan­dyr­mak üçin äh­li ze­rur çä­re­le­ri gör­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu gör­ke­zi­ji­le­riň ba­ra­bar­ly­gy­ny ga­zan­mak, ma­li­ýe we bank ul­ga­myn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri do­wam et­mek bel­le­nil­ýär.


Mak­sat­na­ma­da kes­git­le­ni­şi­ne la­ýyk­lyk­da, gel­jek 7 ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­mi­niň ýyl­lyk ösüş dep­gi­ni­ni ýo­ka­ry (6,2—8,2 gö­te­rim) de­re­je­de sak­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şu dö­wür­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dü­zü­min­de se­na­ga­tyň pa­ýy or­ta­ça 33 gö­te­ri­me, gur­lu­şy­gyň­ky 14, oba ho­ja­ly­gy­nyň pa­ýy 10,9 gö­te­ri­me ýe­ter. Bu gör­ke­zi­ji ulag we ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ry bo­ýun­ça 9,1, söw­da ul­ga­my bo­ýun­ça 2 gö­te­ri­me, dür­li ugur­ly hyz­mat­lar ul­ga­my bo­ýun­ça hem 21 gö­te­ri­me ba­ra­bar bo­lar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.


Se­na­gat taý­dan ösen yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esas­la­ry­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, ile­ri tu­tul­ýan mil­li ugur­la­ry dö­ret­mek we üp­jün et­mek hem-de yl­my-teh­ni­ki baş­lan­gyç­la­ry gol­da­mak bo­ýun­ça iş­ler do­wam et­di­ri­ler. Umu­man, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge döw­let gol­da­wy yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­ly çä­re­le­riň ul­ga­my­ny ama­la aşyr­mak ar­ka­ly äh­lu­mu­my we se­bit de­re­je­le­rin­de be­ril­ýär.


Bu iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­zi ep-es­li art­dyr­ma­ga do­ly şert dö­re­der. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de beý­le­ki döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­ýän kuw­wat­lyk­la­ry dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.


Mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­rün­de iş­jeň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty al­nyp bar­lar. Ýur­du­my­zy 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek ul­ga­my­na esa­sy ma­ýa go­ýu­my hök­mün­de 240 mil­liard ma­nat­dan gow­rak se­riş­de goý­be­ri­ler. Şu dö­wür­de ne­bit­gaz top­lu­my­na 159,9 mil­liard ma­nat möç­ber­de düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ri­ler we 6 müň 900-den gow­rak tä­ze iş orun­la­ry dö­re­di­ler.


Ahal we­la­ýa­ty­nyň Owa­dan­de­pe şä­her­çe­sin­de gu­rul­ýan za­wod­da 2024-nji ýyl­da te­bi­gy gaz­dan eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa 600 müň ton­na A-92 ky­sym­ly ben­zin ön­dü­rip baş­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Şol dö­wür­de «Ma­laý» kä­nin­de Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si üçin gaz gy­sy­jy be­ke­diň gur­lu­şy­gy hem ta­mam­la­nar. Özi hem bu­la­ryň hem­me­si bi­ziň öz güý­jü­miz bi­len ama­la aşy­ry­lar. Bu uly zat­dyr!


Ýur­du­myz­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ön­dü­ril­ýän umu­my möç­be­ri 2024-nji ýy­la çen­li 33 mil­liard ki­lo­wat/sa­ga­da ýe­ti­ri­ler. Bu bol­sa, 2018-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 27,2 gö­te­rim köp bo­lar.


Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de 2018—2024-nji ýyl­lar­da po­lip­ro­pi­len, po­li­wi­nilh­lo­rid, kaus­tik so­da, duz kis­lo­ta­sy­ny we su­wuk hlor ön­dür­ýän gaz­him­ýa top­lu­my­ny gur­mak, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de ýyl­da 1 mil­lion 155 müň ton­na kar­ba­mid ön­dür­ýän za­wo­dy işe gi­riz­mek, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýod-brom suw­la­ry­ny gaý­ta­dan iş­le­me­giň esa­syn­da ýod-brom ön­dür­mek bo­ýun­ça kär­ha­na­la­ryň kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di.


Mak­sat­na­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ýan döw­rün­de ýur­du­my­zyň ulag üp­jün­çi­lik ul­ga­my­nyň iri mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lan Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­ty dö­re­di­ler.


Bu­lar­dan baş­ga-da, 2022-nji ýyl­da Ma­ry şä­he­rin­de 300 müň ton­na am­miak se­lit­ra­sy­ny we 450 müň ton­na kar­ba­mid ön­dür­ýän top­lu­myň gur­lu­şy­gy­na gi­ri­şi­ler. 2021-nji ýyl­da Türk­me­na­ba­dyň hi­mi­ýa za­wo­dy­nyň se­na­gat meý­dan­ça­syn­da her ýyl­da 300 müň ton­na kon­sent­rir­le­nen fos­for dö­kün­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­ny işe gi­riz­mek üçin düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry­ny öz­leş­dir­mek bel­le­nil­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da mi­ne­ral dö­kün­le­riň ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri 2018-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 2024-nji ýyl­da 1,6 es­se ar­tar we 3 mil­lion 825 müň ton­na ýe­ti­ri­ler. Bu önüm­le­riň 74,5 gö­te­ri­mi da­şar­ky ba­zar­la­ra ibe­ri­ler.


Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ata­my­rat şä­he­rin­de we Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de her bi­ri sa­gat­da 100 ýo­lag­ça hyz­mat ed­ýän hä­zir­ki za­man ho­wa men­zil­le­ri­ni gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.


Kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýän eme­li hem­ra­my­zyň älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­le­te öw­rü­len­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Mil­li kos­mos ul­ga­my­my­zy kä­mil­leş­dir­mek we ös­dür­mek üçin, 2018—2024-nji ýyl­lar­da 1 mil­liard 300 mil­lion ma­na­da go­laý düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­mek bel­le­nil­ýär. Şol dö­wür­de ýe­rüs­ti gö­zeg­çi­li­gi ge­çir­mä­ge ni­ýet­le­nen ýe­ne-de bir eme­li hem­ra­ny dö­ret­mek we älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­kar­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu bol­sa oba ho­ja­ly­gyn­da, ne­bit se­na­ga­tyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re we daş­ky gur­şa­wa gö­zeg­çi­lik et­mä­ge şert dö­re­der di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.


Ýur­du­myz­da In­ter­net ul­ga­my­nyň hem­me­le­re el­ýe­ter­li bol­ma­gy yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ni çalt­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Iň ýö­ne­keý ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, 2045-nji ýy­la çen­li bü­tin dün­ýä bo­ýun­ça 100 mil­liard­dan gow­rak en­jam In­ter­net ul­ga­my­na bi­rik­di­ri­ler. Mu­ňa yk­jam we gö­te­ril­ýän en­jam­lar, ab­zal­lar, luk­man­çy­lyk hem-de se­na­gat gu­ral­la­ry, howp­suz­lyk en­jam­la­ry, aw­to­mo­bil­ler, egin­baş­lar we beý­le­ki teh­no­lo­gi­ýa­lar hem de­giş­li­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow oý­la­ny­şyk­ly çöz­güt­le­ri ka­bul et­mek we daş-tö­we­rek­de bo­lup geç­ýän wa­ka­la­ra has düýp­li dü­şün­mek üçin mag­lu­mat­lar teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ul­ga­myn­da soň­ky ýyl­lar­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň ägirt uly äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çe­kip, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­na, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ne, Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­na In­ter­net ul­ga­my­ny ös­dür­mek, elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ýö­ri­te mak­sat­na­ma taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­dy.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ýa­kyn wagt­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hem köp möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry­ny öz­leş­dir­mek we hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Dur­muş me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni çalt­lan­dyr­mak Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ka­bul eden Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ry­lar.


Ýur­du­myz­da 2018—2024-nji ýyl­lar­da or­ta­ça zäh­met ha­ky her ýyl 10 gö­te­rim ar­tar.


Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek we ony hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­ny gur­mak, düýp­li abat­la­mak hem-de ola­ryň dur­ku­ny tä­ze­le­mek iş­le­ri do­wam et­di­ri­ler, tä­ze gur­lu­şyk­la­ryň ha­sa­by­na be­den­ter­bi­ýe we sport des­ga­la­ry­nyň hem-de bi­na­la­ry­nyň ul­ga­my­ny gi­ňelt­mek bo­ýun­ça çä­re­ler hem dur­mu­şa ge­çi­ri­ler.


Ýur­du­myz­da bel­le­ni­len dö­wür­de bi­lim ul­ga­my­nyň äh­li bas­gan­çak­la­ry­ny döw­re­bap ýag­da­ýa ge­tir­mek bo­ýun­ça iş­ler do­wam et­di­ri­ler. Ho­ja­ly­gy ýö­ret­me­giň döw­le­te da­hyl­syz we ga­ry­şyk pu­da­gy­nyň bin­ýa­dyn­da or­ta hem-de ýo­ka­ry hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ul­ga­my­ny gi­ňelt­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, tö­leg­li bi­lim al­mak ul­ga­my hem ös­dü­ri­ler.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da­ky ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler ba­ra­da aý­dyp, me­de­ni­ýet we çe­per dö­re­di­ji­lik ul­gam­la­ry­ny döw­let ta­ra­pyn­dan mag­lu­mat bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň gö­rül­jek­di­gi­ni, in­no­wa­sion ösüş, me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň ila­ta el­ýe­ter­li bol­ma­gy­ny gi­ňelt­mek we dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ga­za­nan­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­mak üçin şert­le­riň dö­re­dil­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.


Mak­sat­na­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ýan döw­rün­de ila­tyň hal-ýag­da­ýy­ny has go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li çä­re­ler ama­la aşy­ry­lar. Hu­su­san-da, ýa­şa­ýyş-je­ma­gat hyz­mat­la­ry top­lu­my we aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün edi­len ýa­şa­ýyş jaý­la­ry gur­lar, dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň müň­ler­çe­si­ni, meý­da­ny mil­lion­lar­ça ine­dör­dül metr bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny bi­na et­mek, hä­zir­ki za­man in­že­ner­çi­lik kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry­ny çek­mek bel­le­nil­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.


Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, karz se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na gu­rul­ýan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň möç­be­ri ar­tar. Ýaş maş­ga­la­la­ry ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bi­len üp­jün et­mek üçin, karz se­riş­de­le­ri­ni we ýer bö­lek­le­ri­ni ber­me­giň ul­ga­my yzy­gi­der­li ös­dü­ri­ler.


Mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, ýa­kyn ýyl­la­ryň do­wa­myn­da hu­su­sy te­le­ke­çi­lik ul­ga­myn­da ki­çi we iri se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň ýüz­ler­çe­si­ni dö­ret­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şol dö­wür­de da­şa­ry ýurt we bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek bo­ýun­ça hem düýp­li öz­gert­me­ler ge­çi­ri­ler.


Ýur­du­myz­da ýö­ri­te yk­dy­sa­dy zo­lak­lar dö­re­di­ler. Iş­läp gel­ýän döw­let kär­ha­na­la­ry hu­su­sy­laş­dy­ry­lar hem-de paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri gu­ra­lar. Ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­giň do­wa­myn­da düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ry­lar. Giň ge­rim­li şeý­le iş­le­ri ge­çir­me­giň ne­ti­je­sin­de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de döw­le­te da­hyl­syz pu­da­gyň pa­ýy yzy­gi­der­li ar­tar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.


Ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, elekt­ro­mo­bil­le­ri ýyg­na­ýan bi­le­lik­dä­ki za­wo­dy gur­mak hem göz öňün­de tu­tul­ýar.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zy ýa­kyn 7 ýy­lyň do­wa­myn­da ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­na ün­si çe­kip, bu me­se­lä­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin mag­lu­mat­la­ryň ber­len­di­gi­ni aýt­dy hem-de Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň bu ba­ra­da öz pi­kir­le­ri­ni aýt­mak­la­ry­ny ha­ýyş et­di.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam edip, fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne ýe­ne-de bir örän mö­hüm me­se­lä­niň gi­ri­zi­len­di­gi­ni bel­le­di.


Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň 2018-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň tas­la­ma­syn­da Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­ny taý­ýar­la­mak iş­jeň al­nyp ba­ryl­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy we onuň di­ňe aý­ry-aý­ry ugur­la­ry ba­ra­da du­rup geç­di.


Bu me­se­le­de pu­dak­la­ry çalt we yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň ha­sa­by­na ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi ga­zan­mak bi­ziň esa­sy mak­sa­dy­myz bo­lar di­ýip pi­kir ed­ýä­rin.


Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len we top­lum­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça öz­gert­me­ler do­wam et­di­ril­me­li­dir. Bu öz­gert­me­ler hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li giň ge­rim­li, aý­ra­tyn mö­hüm ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy.


Ra­ýat­la­ry­my­zyň dur­muş aba­dan­çy­ly­gy­ny, hu­kuk­la­ry­nyň we bäh­bit­le­ri­niň go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mek Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy we ge­çen ýyl­lar­da bol­şy ýa­ly, 2018-nji ýyl­da hem bi­ziň alyp bar­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­my­zyň ila­ty­my­zyň ýa­şaý­şy­nyň hi­li­ni we de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim, me­de­ni­ýet ul­gam­la­ry­nyň we hyz­mat­lar ul­ga­my­na de­giş­li beý­le­ki gör­nüş­dä­ki iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak esa­syn­da adam müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­mak üçin şert­le­ri dö­ret­me­li­dir.


Şo­ňa gö­rä-de, gel­jek ýyl­da dur­muş ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­me­giň muk­da­ry ýur­du­my­zyň Döw­let býu­je­ti­niň çyk­da­jy­la­ry­nyň umu­my möç­be­ri­niň 75—80 gö­te­ri­min­den az bol­ma­ly däl­dir. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň yg­ty­bar­ly ösü­şi­ne, ma­li­ýe we dur­muş dur­nuk­ly­ly­gy­na esas­lan­ýan ila­tyň gir­de­ji­le­ri­niň art­ma­gy we ýa­şa­ýyş jaý şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy üp­jün edil­me­li­dir. Şeý­le hem döw­let ta­ra­pyn­dan ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak bo­ýun­ça çä­re­ler gö­rül­me­li­dir.


Zäh­met se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li do­lan­dyr­mak we zäh­met ba­za­ryn­da­ky me­se­le­le­ri çöz­mek, ra­ýat­la­ry­my­zyň zäh­met çek­mä­ge bo­lan kons­ti­tu­sion hu­kuk­la­ry­ny ama­la aşyr­mak üçin şert­le­ri dö­ret­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça çä­re­le­ri ma­li­ýe­leş­dir­mek Döw­let býu­je­tin­de uly or­ny eýe­le­me­li­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy we äh­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­na, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ne gel­jek ýy­lyň Döw­let býu­je­ti­ni taý­ýar­la­ma­ga örän jo­gap­kär­li ga­rap, ony ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ka­bul et­me­gi tab­şyr­dy.


Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz Ga­raş­syz­ly­gy­ny alan il­kin­ji dö­wür­ler­de hal­ky­my­za gaz, agyz su­wy, elekt­rik ener­gi­ýa­sy we na­har du­zy mugt be­ril­di. Je­ma­gat hyz­mat­la­ry üçin hem ujyp­syz tö­leg bel­len­di. Şol çyl­şy­rym­ly dö­wür­de bu çä­re­ler ra­ýat­la­ry­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş ýag­da­ýy­ny ýe­ňil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­lip­di di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy we esa­sy se­bäp­le­riň ha­ta­ryn­da ma­li­ýe kyn­çy­lyk­la­ry­ny, şol san­da zäh­met hak­la­ry­ny tö­le­mek, ze­rur bo­lan der­man­la­ry sa­tyn al­mak, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry sak­la­mak üçin se­riş­de­le­riň ýe­ter­lik däl­di­gi­ni gör­kez­di. Bu bol­sa, ra­ýat­la­ry­my­zyň ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň şert­le­ri­ne uý­gun­laş­ma­gy üçin amat­syz ýag­da­ýy dö­red­ýär­di. Mu­nuň özi şeý­le aý­gyt­ly çä­re­le­riň gö­rül­me­gi­ne ge­tir­di.


Hal­ky­myz köp se­riş­de­le­ri mugt ulan­dy we dün­ýä­niň baş­ga hiç bir döw­le­tin­de bol­ma­dyk dur­muş ýe­ňil­lik­le­rin­den peý­da­lan­dy. Bu çyk­da­jy­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let býu­je­tin­den ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin ägirt köp ma­li­ýe se­riş­de­le­ri goý­be­ril­ýär. Ýö­ne, hä­zir­ki dö­wür­de bu ýe­ňil­lik­le­ri ýa­tyr­ma­gyň wag­ty gel­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy.


Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na düýp­li go­şul­ma­gy mil­li baý­lyk­la­ry­my­zy aýaw­ly, re­je­li, tyg­şyt­ly we ýo­ka­ry ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gy ta­lap ed­ýär. Ila­tyň gir­de­ji­le­ri­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ozal mugt ber­len dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri üçin in­di bel­li bir de­re­je­de tö­leg­le­ri gi­riz­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu bol­sa, öň dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri bi­len bag­ly bo­lan pu­dak­la­ryň dü­şe­wünt­li iş­le­me­gi­ni ýo­la goý­mak üçin äh­li şert­le­ri dö­re­der di­ýip pi­kir ed­ýä­rin di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­my­zyň bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri te­bi­gy se­riş­de­le­ri­mi­zi sarp et­mek üçin tö­leg­le­ri bel­le­me­gi hem-de bar bo­lan ýe­ňil­lik­le­ri ýa­tyr­ma­gy yzy­gi­der­li mas­la­hat ber­ýän­dik­le­rin­den hem ugur alyn­sa, dog­ry bo­lar.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gel­jek­de hyz­mat­lar, te­bi­gy gaz, elekt­rik ener­gi­ýa­sy, agyz su­wy we na­har du­zy üçin ka­da­ly tö­leg­le­riň tap­gyr­ma-tap­gyr gi­ri­zil­me­gi­niň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny aý­dyp, bu tek­li­biň gol­da­nyl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.


Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz ýe­ne-de bir mö­hüm me­se­le ba­ra­da du­rup geç­di. Adat­ça, ra­ýat­lar­dan ge­lip go­wuş­ýan ýüz­tut­ma­lar he­mi­şe de­giş­li eda­ra­lar ta­ra­pyn­dan sel­je­ril­ýär. Bu ýüz­tut­ma­la­ryň äh­li­si jik­me-jik öw­re­nil­ýär we olar bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Soň­ky dö­wür­de ra­ýat­la­ry­myz­dan Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­nyň hu­kuk ýag­da­ýy­ny üýt­get­mek we alyp bar­ýan işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça en­çe­me tek­lip­ler ge­lip go­wuş­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.


Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­ty 2008-nji ýyl­dan bä­ri he­re­ket edip, ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm or­ny eýe­läp gel­ýär. Hal­ky­my­zyň däp-des­su­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýa­şu­lu­lar bi­len mas­la­hat­laş­man, hiç bir mö­hüm ka­nun ýa-da res­mi­na­ma ka­bul edil­me­ýär. Ge­çen dö­wür­de Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­tyn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mek hem-de ra­ýat­la­ry­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak bi­len bag­ly köp san­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy we örän mö­hüm çöz­güt­ler ka­bul edil­di.


El­bet­de, bu res­mi­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zy ös­dür­mek­de hem, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy üçin hem oňyn ne­ti­je­le­ri ber­di.


Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­nyň döw­le­ti­miz­de eýe­le­ýän or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz onuň hu­kuk ýag­da­ýy­ny üýt­get­me­gi we gur­lu­şy­ny öz­gert­me­gi tek­lip et­di. Bu mas­la­ha­ty Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty di­ýip at­lan­dyr­sak, şeý­le hem onuň işi­ne hal­ky­my­zyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mek üçin, dü­zü­mi­ni gi­ňelt­sek, mak­sa­da­la­ýyk bo­lar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy.


Şeý­le hem, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ýer­li eda­ra­la­ry­ny dö­ret­mek ze­rur bo­lup dur­ýar. Bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, men hä­zir­ki wagt­da he­re­ket ed­ýän et­rap, şä­her hem-de we­la­ýat halk mas­la­hat­la­ry­ny göz öňün­de tut­ýa­ryn. We­kil­çi­lik­li bu eda­ra­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ýer­li eda­ra­la­ry hök­mün­de res­mi­leş­dir­sek, biz ola­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin şert­le­ri dö­re­de­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di.


Bu we­zi­pe­le­ri ama­la aşyr­mak üçin, de­giş­li ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­ny ka­bul et­mek ze­rur­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di we Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ne, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­na we Ada­lat mi­nistr­li­gi­ne de­giş­li res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça tek­lip­le­ri ber­me­gi tab­şyr­dy.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow çy­ky­şy­ny jem­läp, şu mej­lis­de ga­ra­mak üçin ýo­kar­da ag­za­lyp ge­çi­len res­mi­na­ma­la­ryň hö­dür­le­nen­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ola­ry Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty ma­kul­lan­dan soň ka­bul et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu işi gaý­ra goý­man, ýe­ri­ne ýe­tir­me­li. Se­bä­bi, wagt ga­raş­ma­ýar. Öň­de bi­ze uly we jo­gap­kär­li we­zi­pe­ler ga­raş­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy hem-de bu tek­lip­le­ri do­ly öw­ren­me­giň hem-de umu­my­mil­li fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň öz pi­kir­le­ri­ni aýt­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di.


Eger ze­rur di­ýip ha­sap et­sek, on­da bu tek­lip­le­re de­giş­li üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­ri­ze­ris. Ýa­şu­lu­la­ryň şu mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­sin­den öz mas­la­ha­ty­ny ge­çir­me­gi hem-de de­giş­li res­mi­na­ma­la­ra se­ret­me­gi we ola­ry ka­bul et­me­gi ha­ýyş ede­ris di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow saý­law­lar ha­kyn­da­ky me­se­lä ün­si çe­kip, 2018-nji ýyl­da biz Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň, we­la­ýat, et­rap we şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň, şeý­le hem Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry­ny ge­çi­re­ris di­ýip, bu saý­law­la­ra hä­zir­den taý­ýar­lyk gö­rüp baş­la­ma­gy tab­şyr­dy.


Sö­zü­niň ahy­ryn­da mil­li Li­de­ri­miz bi­ziň uzak möh­let­li örän mö­hüm mak­sat­la­ry­my­zyň, da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­my­zyň mun­dan beý­läk hem üýt­gew­siz gal­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.”Se­bä­bi, biz de­mok­ra­tik döw­le­ti­mi­ziň, ada­lat­ly ra­ýat jem­gy­ýe­ti­mi­ziň hu­kuk bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mek hem-de kä­mil­leş­dir­mek üçin, dö­re­di­ji­lik we pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji ýö­rel­ge­le­re eýer­ýän Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň Ýer ýü­zün­dä­ki at-ab­ra­ýy­ny mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we ynam­ly öňe git­mä­ge yg­rar­ly­dy­rys” di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.


“Biz öz sö­zü­miz, ja­ny­myz-te­ni­miz we şöh­rat­ly iş­le­ri­miz bi­len, aja­ýyp gel­je­gi­miz üçin Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­za, mäh­ri­ban hal­ky­my­za ýü­rek­den hyz­mat et­me­li­di­ris. Bi­ziň hä­zir­ki we gel­jek­dä­ki üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň gi­re­wi, ine, şun­da jem­le­nen­dir” di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra berk jan sag­lyk, uzak ömür, bag­ty­ýar dur­muş we asu­da as­man, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň ha­ty­ra­sy­na alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.


“Goý, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň we ag­zy­bir hal­ky­my­zyň at-ab­ra­ýy we şan-şöh­ra­ty älem-ja­ha­na ýaň sal­syn! Goý, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gyň röw­şen ýo­ly bi­len ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ynam­ly bar­ýan eziz Di­ýa­ry­myz mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­sün! Goý, Türk­men döw­le­ti­niň hal­ka­ra ab­ra­ýy Ýer ýü­zü­ne dol­sun! Ýa­şa­syn, eziz Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan! Ýa­şa­syn, ba­ky sars­maz Türk­men döw­le­ti! Ýa­şa­syn, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­ri! Ýa­şa­syn, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan!” di­ýen ru­hu­be­lent­lik­li söz­ler bi­len çy­ky­şy­ny ta­mam­la­dy.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şy uly üns bi­len diň­le­nil­di we do­wam­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­lan­dy.


Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz umu­my­mil­li fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga gi­riş­me­gi tek­lip et­di we mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra söz ber­di.


Il­ki bi­len Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ar­ça­bil et­ra­by­nyň ýa­şaý­jy­sy, hor­mat­ly dynç alyş­da­ky Şa­ber­di Aman­sa­pa­row mil­li Li­de­ri­mi­zi we bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ry ýa­kyn­la­şyp gel­ýän Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy we “Now­ruz ýaý­la­sy­nyň Ak öýün­de” ge­çi­ril­ýän bu mej­li­siň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň il­ki Ma­ry we­la­ýa­tyn­da, soň­ra bol­sa Ahal we­la­ýa­tyn­da şu­nuň ýa­ly bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy ha­kyn­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­nyň türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly pe­der­le­ri­niň ru­hy kök­le­ri­ne da­ýan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem ol şu­nuň ýa­ly aja­ýyp bi­na­ny gur­du­ran­dy­gy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.


Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, pe­der­le­ri­mi­ziň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­mek bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hal­kyň aba­dan­çy­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len äh­li mak­sat­na­ma­la­ryň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýa­şu­lu­lar bi­len mas­la­hat­laş­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň şu gün­ki çy­ky­şy­nyň çuň­ňur ma­na eýe­di­gi­ni we ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­läp, Ş.Aman­sa­pa­row äh­li ýa­şu­lu­la­ryň adyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tä­ze baş­lan­gyç­la­ry­ny we Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri­ni do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Mas­la­ha­tyň mej­li­si­ne ila­tyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gy ýur­du­myz­da halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.


Ýa­şu­ly nes­liň we­ki­li­niň bel­leý­şi ýa­ly, gül­läp ös­ýän Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly köp san­ly des­ga­lar gu­rul­ýar we ulan­ma­ga be­ril­ýär. Bu bol­sa adam­la­ryň dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär.


Ýa­şu­lu­la­ryň döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň mil­li baý­lyk­la­ry­my­zy ne­ti­je­li we aýaw­ly peý­da­lan­mak, ozal ýe­ňil­lik­li şert­ler­de be­ril­ýän te­bi­gy ga­za, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na, aras­sa agyz su­wu­na, azyk­lyk du­za do­ly tö­le­gi gi­riz­mek, şeý­le hem jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry, ara­gat­na­şyk we je­ma­gat hyz­mat­la­ry­nyň tö­leg­le­ri­ne tä­ze­den se­ret­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly tek­lip­le­ri­ni do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny nyg­ta­dy. Ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na ge­çil­ýän dö­wür­de mu­nuň özi ila­tyň aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­niň ýo­ka­ry­ly­gy bi­len dü­şün­di­ril­ýär.


Mun­dan baş­ga-da, Ş.Aman­sa­pa­row ýur­du­my­zyň dür­li de­re­je­dä­ki döw­let eda­ra­la­ry­nyň gul­luk­çy­la­ry üçin göz öňün­de tu­tu­lan ýe­ňil­lik­le­re tä­ze­den se­ret­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Bu bol­sa tyg­şyt­la­ny­lan se­riş­de­le­ri ra­ýat­la­ryň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça beý­le­ki mö­hüm we­zi­pe­le­riň çöz­gü­di­ne gö­nük­di­ril­me­gi­ne ýar­dam be­rer. Jem­gy­ýet­çi­lik ula­gy­nyň, ara­gat­na­şy­gyň we je­ma­gat ho­ja­ly­gy­nyň hyz­mat­la­ry­na goý­lan ba­ha­la­ra tä­ze­den se­re­dil­me­gi bu pu­dak­la­ryň yk­dy­sa­dy ýag­da­ýy­nyň pug­ta­lan­ma­gy­ny şert­len­di­rer. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ol hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu tek­li­bi gol­da­mak ba­ra­da­ky ha­ýyş bi­len ýüz tut­dy.


Soň­ra ol türk­men hal­ky­nyň mil­li Li­de­ri­mi­ziň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry­ny do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýaş­la­ryň be­den taý­dan sag­dyn, ru­hy taý­dan kä­mil we bi­lim­li bol­mak­la­ry, ola­ra zäh­met hem-de wa­tan­sö­ýü­ji­lik ter­bi­ýe­si­niň be­ril­me­gi ug­run­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýär. Ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň uly üs­tün­lik­le­re eýe bol­ma­gy, türk­men tür­gen­le­ri­niň aja­ýyp ýe­ňiş­le­ri ga­zan­ma­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň giň möç­ber­li ta­gal­la­sy­nyň anyk ne­ti­je­si­dir.


Ýur­du­my­zyň ýaş ne­sil­le­ri ha­kyn­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýän mil­li Li­de­ri­mi­ze çuň­ňur ho­şal­lyk bil­dir­ýän ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ama­la aşyr­ýan dö­re­di­ji­lik sy­ýa­sa­ty­nyň, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň giň­den wa­gyz edil­me­gi we ola­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ug­run­da mun­dan beý­läk-de äh­li ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­maz­lar di­ýip, Ş.Aman­sa­pa­row bel­le­di.


Çy­kyş ede­niň nyg­taý­şy ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz adam­la­ryň aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len ägirt uly iş­le­ri ama­la aşyr­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de eziz Di­ýa­ry­my­zyň keş­bi ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di. Bi­ziň äh­li­miz Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de ösen kuw­wat­ly we aba­dan döw­let hök­mün­de bü­tin dün­ýä­de meş­hur­ly­ga eýe bol­ýan­dy­gy­nyň şa­ýat­la­ry bol­ýa­rys.


Ş.Aman­sa­pa­row bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, ýa­şu­lu­la­ryň adyn­dan Ga­raş­syz we Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny mun­dan beý­läk-de art­dyr­mak bo­ýun­ça bi­ti­ren hyz­mat­la­ry hem-de ägirt uly iş­le­ri üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ikin­ji ge­zek Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny di­ýen be­lent ady dak­mak ha­kyn­da­ky tek­li­bi be­ýan et­di we ony gol­da­mak ha­ýy­şy bi­len ýyg­na­nan­la­ra ýüz­len­di.


Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, hor­mat­ly ýa­şu­ly mil­li Li­de­ri­mi­ze iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy we çy­ky­şy­ny Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ze ba­gyş­la­nan joş­gun­ly şy­gyr se­tir­le­ri bi­len ta­mam­la­dy.


Soň­ra «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni­niň Türk­me­na­bat­da­ky S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky hi­mi­ýa za­wo­dy­nyň baş hü­när­me­ni Ber­di­my­rat Ju­ma­ýe­we söz be­ril­di. Ol fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­niň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň maz­mu­ny bo­ýun­ça hal­ky­my­zyň bäh­bi­di­ne ýug­ru­lan çuň ma­ny­ly çy­ky­şy­ny ru­hu­be­lent­lik bi­len diň­län­dik­le­ri­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möç­ber­li öz­gert­me­ler stra­te­gi­ýa­sy­nyň, şeý­le hem ýur­du­my­zy 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň do­ly gol­da­nyl­ýan­dy­gy be­ýan edil­di.


Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ka­bul edi­len top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­la­ryň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de ös­me­gi­ni şert­len­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze za­wod­la­ryň we fab­rik­le­riň, beý­le­ki önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na aý­ra­tyn üns ber­ýär. Mu­nuň özi ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň has-da ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si eziz Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­dy. Hi­mi­ýa pu­da­gy­nyň iş­gär­le­ri mu­ňa tüýs ýü­rek­den buý­san­ýar­lar.


Çy­kyş eden yk­dy­sa­dy­ýet­de yl­myň mö­hüm or­ny ba­ra­da aý­dyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan­da se­na­gat ul­ga­myn­da, şol san­da hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da yl­my kuw­wa­tyň or­nu­nyň art­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.


Içer­ki is­leg­le­ri ka­na­gat­lan­dyr­mak hem-de da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän önüm­le­riň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, mi­ne­ral dö­kün­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri­ni çy­kar­ýan, iň tä­ze en­jam­lar we öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­len döw­re­bap kär­ha­na­la­ry gur­mak hem-de ulan­ma­ga ber­mek pu­da­gy ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si ýur­du­my­zyň önüm­le­ri­niň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ola­ryň ýer­le­nil­ýän ba­zar­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer hem-de özyg­ty­ýar­ly döw­le­ti­mi­ziň iň tä­ze ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lar.


Pu­da­gyň iş­gär­le­ri­niň Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­tyn­da öňe sür­len äh­li tek­lip­le­ri do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny aý­dyp, B.Ju­ma­ýew kär­deş­le­ri­niň adyn­dan öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy.


Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň iş­gä­ri Hal­bi­bi Täç­ja­no­wa söz be­ril­ýär. Ol yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň adyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­zi we fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ni Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.


Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, dur­muş ugur­ly mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň dur­muş-ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň» dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de oba­la­ry­myz­da şä­her­dä­ki ýa­ly oňaý­ly şert­ler dö­re­dil­ýär we ola­ryň keş­bi düýp­li öz­ger­ýär. Türk­men hal­ky bu aja­ýyp hem-de bag­ty­ýar dur­muş üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za çäk­siz ho­şal­lyk bil­dir­ýär di­ýip, H.Täç­ja­no­wa aýt­dy.


Mil­li Li­de­ri­mi­ziň mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şyn­da anyk tek­lip­le­riň en­çe­me­si­niň öňe sür­len­di­gi­ni bel­läp, çy­kyş eden “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny” do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Bu mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi tä­ze sep­git­le­re çy­ka­rar.


Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da iş­jeň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne her ýyl ägirt uly se­riş­de­ler goý­be­ril­ýär. Zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy we içer­ki kuw­wa­tyň art­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de sak­lan­ýar.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­ga­ry yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­me­gi äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ok­gun­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi hem-de türk­me­nis­tan­ly­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny şert­len­dir­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­ni ös­dür­mä­ge uly üns ber­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Hu­su­san-da, 2018-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň çyk­da­jy bö­le­gi­niň 70 gö­te­rim­den gow­ra­gy ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­me­gi ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir, Türk­me­nis­ta­nyň her bir et­ra­byn­da we şä­he­rin­de ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, şol san­da köp ça­ga­ly maş­ga­la­lar hem-de ýaş hü­när­men­ler üçin ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gur­mak üçin se­riş­de­ler göz öňün­de tu­tu­lan­dyr.


Çy­ky­şyň do­wa­myn­da H.Täç­ja­no­wa ra­ýat­la­ryň Wa­ta­ny­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny re­je­li ulan­ma­ga jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne geç­mek şert­le­rin­de türk­men yk­dy­sa­dy­ýet­çi­le­ri­niň umu­my­mil­li fo­rum­da ila­ta be­ril­ýän dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri ul­ga­my­na we je­ma­gat hyz­mat­la­ry­nyň hem-de ne­bit önüm­le­ri­niň de­giş­li ba­ha­la­ry­na tä­ze­den ga­ra­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi­ni do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry nyg­tal­dy. Bu çä­re­ler ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de döw­let se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­re­der.


Çy­kyş eden­le­riň bel­leý­şi ýa­ly, yk­dy­sa­dy ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny, şeý­le hem Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň şu gün­ki mej­li­sin­de öňe sür­len tek­lip­le­riň äh­li­si­ni do­ly gol­da­ýar­lar we ma­kul­la­ýar­lar.


H.Täç­ja­no­wa çy­ky­şy­ny ta­mam­lap, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň işi eziz Wa­ta­ny­my­zyň we hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da ba­gyş­la­nan­dyr.


Soň­ra Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň baş me­ha­ni­gi­niň orun­ba­sa­ry Al­la­my­rat Täç­my­ra­do­wa söz be­ril­di. Ol Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­lyn­da, eziz Wa­ta­ny­my­zyň şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän bu mö­hüm fo­rum­da çy­kyş et­mä­ge dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin örän şat­dy­gy­ny aýt­dy.


Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň we­ki­li­niň nyg­taý­şy ýa­ly, şu gün ýur­du­my­zyň ta­ry­hyn­da tä­ze bag­ty­ýar eý­ýa­my dö­re­di­ji hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ikin­ji ge­zek Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny di­ýen be­lent ady dak­mak ha­kyn­da­ky tek­lip öňe sü­rül­di. Bu tek­li­bi ne­bit­gaz top­lu­my­nyň äh­li iş­gär­le­ri tüýs ýü­rek­den gol­da­ýar­lar hem-de il­deş­le­ri­mi­ziň äh­li­si­ni ony gol­da­ma­ga ça­gyr­ýar­lar.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýan­gyç-ener­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň ok­gun­ly ös­me­gi­ne uly üns ber­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bu ul­ga­ma ägirt uly ma­ýa se­riş­de­le­ri goý­be­ril­ýär. Türk­men ne­bit­çi­le­ri iň tä­ze teh­ni­ka­lar we en­jam­lar bi­len üp­jün edil­ýär. Şu­nuň ne­ti­je­sin­de sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gyn­da tä­ze ýer­ler üs­tün­lik­li öz­leş­di­ril­ýär we he­re­ket ed­ýän ne­bit­gaz ýa­tak­la­ry­nyň dur­ky tä­ze­len­ýär. Şeý­le­lik­de , “ga­ra al­ty­nyň” hem-de “ma­wy ýan­gy­jyň” çy­ka­ry­ly­şy art­dy­ryl­ýar we bi­ziň ýur­du­myz dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka döw­let­le­ri­niň ha­ta­ryn­da go­şul­ýar di­ýip, A.Täç­my­ra­dow nyg­ta­dy.


Ýur­du­myz­da çig ne­bi­tiň çy­ka­ry­ly­şy­nyň, onuň gaý­ta­dan iş­len­ýän möç­ber­le­ri­niň, ne­bit önüm­le­ri­niň eks­por­tu­nyň art­dy­ryl­ma­gy Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň mun­dan beý­läk-de gi­ňel­dil­me­gi­ni, ýo­ka­ry hil­li önüm­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri­niň çy­ka­ryl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän iň döw­re­bap se­na­gat des­ga­la­ry­ny ulan­ma­ga ber­me­giň ha­sa­by­na onuň dü­zü­mi­niň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öň­den gö­rü­ji­lik­li ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de iç­ki hem-de dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan ha­ryt­la­ry ön­dür­mek we ýer­le­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar.


Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň ýo­ka­ry dep­gin­de gu­rul­ma­gy, Bag­ty­ýar­lyk şert­na­ma­la­ýyn çäk­de ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wo­dyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi mil­li Li­de­ri­mi­ziň ama­la aşyr­ýan giň möç­ber­li iş­le­ri­niň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Ägirt uly Gal­ky­nyş gaz oja­gyn­da ha­ryt­lyk ga­zy ön­dür­ýän za­wo­dyň düý­bi tu­tul­dy, Ahal we­la­ýa­tyn­da “ma­wy ýan­gy­jy” gaý­ta­dan iş­le­mek ar­ka­ly ben­zin ön­dür­ýän za­wo­dyň gur­lu­şy­gy güýç­li dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz pu­da­gy­ny tä­ze be­lent­lik­le­re alyp bar­ýar, Türk­me­nis­ta­nyň se­na­gat taý­dan ösen döw­le­te öw­rül­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­ýar.


Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň pu­dak­la­ýyn dü­zü­mi­ni mun­dan beý­läk-de yzy­gi­der­li ös­dür­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li çä­re­ler gö­rül­ýär. Hä­zir­ki wagt­da şeý­le hem Türk­me­nis­tan —Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­nuň özi döw­let­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.


A.Täç­my­ra­do­wyň bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­myz ägirt uly te­bi­gy baý­lyk­la­ra eýe­dir. Ýö­ne, ba­zar gat­na­şyk­la­ry şert­le­rin­de yk­dy­sa­dy ösüş di­ňe şu ýag­da­ýa bag­ly bol­ma­ly däl­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň we­ki­li öz kär­deş­le­ri­niň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň çy­ky­şyn­da ila­ta be­ril­ýän dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri­ne gaý­ta­dan ga­ra­mak, de­giş­li nyrh­lar bel­le­nen­de hal­ky­my­zyň we döw­le­ti­mi­ziň bäh­bit­le­ri­niň na­za­ra alyn­ma­gy ba­ra­da be­ýan edi­len tek­li­bi do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.


Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, çy­kyş eden türk­men ne­bit­çi­le­ri­niň adyn­dan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hal­ky­myz ba­ra­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da ed­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za berk jan sag­lyk, uzak ömür we eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan ägirt uly iş­le­rin­de tä­ze aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.


Soň­ra çy­kyş eden Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ha­laç et­ra­by­nyň ýa­şaý­jy­sy, pen­sio­ner Ogul­sa­par Ça­ry­ýe­wa Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de döw­le­ti­mi­ziň hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da et­me­gi ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan­da hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi hem-de göw­ne­jaý dynç al­mak­la­ry üçin äh­li şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Ýa­şu­ly nes­liň döw­let dur­mu­şy­na iş­jeň gat­naş­ma­gy, onuň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len ne­ti­je­li çä­re­ler gö­rül­ýär.


Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da jem­gy­ýet­de ag­zy­bir­li­gi we yla­la­şyk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ýaş­la­ry wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mä­ge my­na­syp go­şant goş­ýan ýa­şu­lu­la­ra sar­pa goý­mak ba­ra­da­ky ga­dym­dan gel­ýän mil­li däp­ler üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. We­la­ýat­lar bo­ýun­ça ama­la aşyr­ýan iş sa­par­la­ry­nyň bar­şyn­da mil­li Li­de­ri­miz öz iş­le­rin­de hem-de äh­li baş­lan­gyç­la­ryn­da hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar bi­len he­mi­şe mas­la­hat­laş­ýar di­ýip, çy­kyş eden bel­le­di we şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.


Ýa­şu­ly nes­liň we­ki­li Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň şu gün­ki mej­li­sin­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­lip öňe sür­len tek­lip­le­riň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, kü­müş saç­ly ene­le­ri­mi­ziň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sür­ýän dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň äh­li­si­ni gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny nyg­ta­dy.


Umu­my­mil­li fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek we Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi­ni gol­dap, ila­tyň dür­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň umu­my­mil­li fo­ru­ma gat­naş­ma­gy­nyň mil­li Li­de­ri­mi­ziň türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän de­mok­ra­tik däp­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­nyň no­bat­da­ky aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Halk Mas­la­ha­tyn­da döw­let dur­mu­şy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar.


Çy­kyş eden şeý­le hem ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri­niň ila­tyň ara­syn­da te­bi­gy ga­zy, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny we beý­le­ki mil­li baý­lyk­la­ry aýaw­ly ulan­ma­gyň ze­rur­ly­gy ba­ra­da­ky dü­şün­di­riş iş­le­ri­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge iş­jeň gat­naş­jak­dy­gy­na ynan­dyr­dy.


Döw­le­ti­mi­ziň ed­ýän ýa­daw­syz ala­da­sy­na jo­gap edip, kü­müş saç­ly ene­ler hem-de ýa­şu­lu­lar ýaş nes­li ha­ky­ky wa­tan­çy­lyk hem-de zäh­met­sö­ýer­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mä­ge, hä­zir­ki dö­wür­de hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk däp­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­ma­ga we do­wam et­dir­mä­ge my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Ze­nan­la­ra hor­mat goý­mak, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň wes­ýet­le­ri­ne we­pa­ly bol­mak şol däp­le­riň ara­syn­da aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär.


Çy­ky­şyň ahy­ryn­da O.Ça­ry­ýe­wa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny di­ýen be­lent ady ikin­ji ge­zek ber­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi gol­dap, mil­li Li­de­ri­mi­zi ýur­du­my­zyň ýe­tip gel­ýän baş baý­ra­my bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy we berk jan sag­lyk, uzak ömür hem-de alyp bar­ýan asyl­ly iş­le­rin­de tä­ze aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.


Soň­ra Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­by­nyň «Pa­ra­hat» daý­han bir­le­şi­gi­niň kä­ren­de­çi­si Il­my­rat Ab­dy­low çy­kyş edip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi hem-de türk­men tür­gen­le­ri­niň ga­za­nan ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri bi­len gut­la­dy.


Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň pa­ra­sat­ly we öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ugur­la­ryn­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.


Ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy hem ok­gun­ly ös­ýär. Daý­han­lar üçin ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­lar, gu­ral­lar, ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, dö­kün­ler we beý­le­ki ze­rur zat­lar alyn­ýar. Pu­da­ga yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny hem-de tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ýa­kyn­da kuw­wat­ly gal­la oru­jy hem-de pag­ta ýy­gy­jy kom­baýn­la­ryň, trak­tor­la­ryň köp san­ly­sy­nyň ge­lip go­wuş­ma­gy hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.


Oba zäh­met­keş­le­ri­niň äh­li­si­niň adyn­dan I.Ab­dy­low mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­ry­hy çy­ky­şyn­da “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny” ka­bul et­mek ba­ra­da be­ýan edi­len tek­li­bi do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Daý­han­lar mun­dan beý­läk hem oba ho­ja­ly­gyn­da tä­ze sep­git­le­re ýet­mek, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça öz öň­le­rin­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry eder di­ýip, kä­ren­de­çi aýt­dy.


Fo­ru­ma gat­na­şy­jy çy­ky­şy­ny do­wam edip, hä­zir­ki wagt­da oba ho­ja­ly­gyn­da hu­su­sy bö­lü­miň pa­ýy­nyň art­ýan­dy­gy­nyň, ýe­ri uzak­möh­let­li kä­ren­de­si­ne ber­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Mu­nuň özi bol­sa daý­han­la­ryň has-da tu­tan­ýer­li zäh­met çek­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär, iri daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nyň ýüz­ler­çe­si peý­da bol­ýar. Şeý­le­lik­de, ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ge­çil­me­gi gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri ber­ýär.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz top­ra­gyň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, su­wy re­je­li ulan­mak, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­na aýaw­ly ga­ra­mak me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­ýär di­ýip, I.Ab­dy­low nyg­ta­dy. Türk­men eke­ran­çy­la­ry bu ala­da ýo­ka­ry ba­ha ber­mek bi­len, ho­ja­ly­gy ýö­ret­me­giň dür­li usul­la­ry­ny ulan­ýar­lar, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ön­dü­ri­ji­li­gi­ni art­dyr­ýar­lar, eke­ran­çy­la­ryň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar­lar. Daý­han­lar sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gyn­dan bol ha­syl al­ýar­lar.


Döw­le­ti­mi­ziň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy dö­re­dil­ýär, ila­ty­myz eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­ler bi­len üp­jün edil­ýär. Oba ýa­şaý­jy­la­ry­nyň dur­muş şert­le­ri yzy­gi­der­li go­wu­lan­ýar, we­la­ýat­la­ryň äh­li­sin­de tä­ze döw­re­bap oba­lar gu­rul­ýar, şä­her­ler we et­rap­lar aba­dan­laş­dy­ryl­ýar.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türk­men hal­ky­ny ýe­tip gel­ýän baý­ram — mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gyň 26 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lap, I.Ab­dy­low oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň äh­li iş­gär­le­ri­niň adyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­ze daý­han­la­ryň ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi üçin dö­re­di­len giň müm­kin­çi­lik­le­ri üçin ho­şal­lyk bil­dir­di. Çy­ky­şyň ahy­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za al­kyş söz­ler aý­dyl­dy.


Soň­ra Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň We­kil­ba­zar et­ra­byn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy Toý­ly Ça­ry­ýe­we söz be­ril­di. Te­le­ke­çi­niň bel­leý­şi ýa­ly, Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň paý­has­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­tan tä­ze sep­git­le­ri eýe­le­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Döw­let adam üçin­dir!” şy­ga­ry­ny esa­sy ugur edin­ýän we dur­muş ul­ga­my­na gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sa­ty­nyň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň beý­le­ki pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­lik ul­ga­my saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na düş­di. Hu­su­sy te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi onuň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­gy­ny şert­len­dir­di.


Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­me­gi ne­ti­je­sin­de türk­men te­le­ke­çi­le­ri gys­ga döw­rüň için­de oba ho­ja­ly­gyn­da, se­na­gat­da, gur­lu­şyk­da we hyz­mat­lar ul­ga­myn­da uly üs­tün­lik­le­re eýe bol­dy. De­giş­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi, hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­re döw­let ta­ra­pyn­dan ýe­ňil­lik­li karz se­riş­de­le­ri­niň, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek üçin ýer bö­lek­le­ri­niň be­ril­me­gi ne­ti­je­li iş üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­dy.


Türk­me­nis­ta­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan öz­gert­me­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne iş­jeň gat­na­şyp, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na öz go­şan­dy­ny goş­ýar­lar di­ýip, T.Ça­ry­ýew bel­le­di. Olar hä­zir­ki­za­man şä­her­le­ri­ni, oba­la­ry, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, köp­san­ly dur­muş-me­de­ni mak­sat­ly des­ga­la­ry gur­ýar­lar. Paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýän des­ga­lar mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.


Te­le­ke­çi­niň aý­dy­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­gi ös­dür­mek bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­de go­ýan we­zi­pe­le­rin­den ruh­la­nyp, hu­su­sy te­le­ke­çi­ler soň­ky ýyl­lar­da oba­se­na­gat top­lu­myn­da has-da iş­jeň­lik gör­kez­ýär­ler. Mi­we önüm­le­ri­niň we ir-iý­miş­le­riň bol­çu­ly­gy üp­jün edil­ýär. Yl­myň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­nyň giň­den ula­nyl­ma­gy, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň öw­re­nil­me­gi we ýo­ka­ry hil­li ekiş se­riş­de­le­ri­niň ula­nyl­ma­gy özü­niň oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Ila­ty tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da gök we bak­ja önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek ug­run­da eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len bir ha­tar­da ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­lyk­la­ry ös­dü­ril­ýär we oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň sak­lan­ma­gy­na hem-de gaý­ta­dan iş­len­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär.


Şeý­le hem T.Ça­ry­ýew öz çy­ky­şyn­da suw­dan re­je­li peý­da­lan­mak ba­ra­da­ky mö­hüm me­se­lä de­gip geç­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu mak­sat bi­len te­le­ke­çi­ler hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny öz­leş­dir­ýär­ler. Ola­ry öz iş­le­rin­de, şol san­da eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­ny su­war­mak­da iş­jeň ulan­ýar­lar.


Te­le­ke­çi mil­li Li­de­ri­mi­zi we Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­la­ry Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň ýur­du­myz­da azyk howp­suz­ly­gy­ny ber­kit­mek, ba­zar­la­ry özü­miz­de ön­dü­ri­len ýo­ka­ry hil­li önüm­ler bi­len üp­jün et­mek ug­run­da äh­li ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy.


T.Ça­ry­ýew oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na de­giş­li şan­ly se­ne­le­ri bir Ha­syl baý­ram­çy­ly­gy­na bi­rik­dir­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny tek­lip edip, şun­luk­da, bu se­nä­niň äh­mi­ýe­ti­niň art­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­ni “ýur­duň al­tyn gaz­na­sy” di­ýip at­lan­dyr­ma­gy bi­len ola­ra ynam bil­dir­ýän­di­gi ba­ra­da aý­dyp, je­mi içer­ki önü­miň çäk­le­rin­de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň önüm­çi­lik möç­ber­le­ri­ni 70 gö­te­ri­me ýe­tir­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ber­jaý et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy.


Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň adyn­dan T.Ça­ry­ýew döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri­ni we “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2018—2024-nji ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­ny” do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny aý­dyp, ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň oňyn ösü­şin­dä­ki bar­ha ýo­kar­lan­ýan or­nu­ny na­za­ra al­mak bi­len, ola­ryň bu mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy.


Çy­kyş ede­niň bel­leý­şi ýa­ly, türk­men te­le­ke­çi­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny, Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň şu ge­zek­ki mej­li­sin­de ka­bul eden çöz­güt­le­ri­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ýar­lar.


Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň döw­le­te da­hyl­ly bol­ma­dyk pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri­niň adyn­dan T.Ça­ry­ýew umu­my­mil­li fo­ru­myň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny di­ýen de­re­jä­ni ikin­ji ge­zek ber­mek ha­kyn­da­ky baş­lan­gy­jy do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Onuň bel­leý­şi ýa­ly, bu ýo­ka­ry sy­lag mil­li Li­de­ri­mi­ziň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň se­bit­de we äh­lu­mu­my möç­ber­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni we bi­te­wü­li­gi­ni ber­kit­mek, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag we beý­le­ki pu­dak­lar­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da alyp bar­ýan ägirt uly iş­le­ri­ne ber­len ba­ha­dy­gy­ny nyg­ta­dy.


T.Ça­ry­ýew çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň äh­li ag­za­la­ry­nyň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy bi­len gut­la­dy we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy.


Soň­ra Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­niň mü­di­ri­niň okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry Al­ma­gül Na­za­ro­wa söz be­ril­di. Ol Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­niň we sun­ga­ty­nyň ös­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýa­daw­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de bu ul­ga­myň ok­gun­ly ösü­şi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ýur­du­my­zyň şä­her­le­rin­de we oba­la­ryn­da döw­re­bap me­de­ni­ýet mer­kez­le­ri, sun­gat mek­dep­le­ri, ki­tap­ha­na­lar açyl­dy. Şeý­le des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Ola­ryň sa­ny ýyl-ýyl­dan art­ýar. Me­de­ni ojak­la­ryň her bi­ri ila­ty­myz üçin dö­re­di­ji­li­gi­ni ös­dür­mä­ge, öz ze­hi­ni­ni we uky­by­ny gör­kez­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.


Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň ru­hy-me­de­ni däp­le­ri­ni we mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy wa­gyz et­mek hem-de ola­ry art­dyr­mak bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu bol­sa her bir ada­my­ny tä­ze zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ne ruh­lan­dyr­ýar. Şu mak­sat bi­len, her ýyl­da şan­ly Ga­raş­syz­lyk baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” umu­my­mil­li bäs­le­şi­gi gu­ral­ýar.


Ol öz kär­deş­le­ri­niň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň öň­den gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de bu ul­gam­da öňe sü­rül­ýän baş­lan­gyç­la­ryň, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň be­ýik ýö­rel­ge­le­ri­niň we oňyn öz­gert­me­le­ri­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ug­run­da äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy.


Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň bu ge­zek­ki mej­li­sin­de bir­nä­çe anyk tek­lip­le­riň öňe sür­len­di­gi­ni bel­läp, A.Na­za­ro­wa şu fo­rum­da tek­lip edi­len bir­meň­zeş baý­ram­çy­lyk­la­ry bir gün­de bel­le­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy gol­da­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mas­la­ha­ta gat­naş­ýan me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň äh­li­si­niň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za kä­bir şan­ly se­ne­le­ri baý­ram et­me­gi üýt­get­mek ba­ra­da­ky tek­lip bi­len ýüz­len­di. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ni sent­ýabr aýy­nyň ahy­ry­na, Kons­ti­tu­si­ýa gü­ni bi­len Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ni ýur­du­my­zyň her ýy­lyň 27-nji iýu­nyn­da bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň gü­ni bi­len bir­leş­dir­mek tek­lip edil­ýär.


Bu iki şan­ly wa­ka­nyň bi­le­lik­de bel­le­nil­me­gi mil­li me­de­ni­ýe­tiň we Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň giň­den wa­gyz edil­me­gi­ni şert­len­di­rer we hü­när baý­ram­çy­ly­gy­ny has ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.


Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri her ýyl­da döw­let sy­lag­la­ry­na we hor­mat­ly at­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar. Mu­nuň özi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu pu­da­gyň iş­gär­le­ri­ne, ola­ryň dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­ne we dö­red­ýän eser­le­ri­ne ber­ýän ün­sü­niň aý­dyň ne­ti­je­si­dir.


Şeý­le hem ol hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik iş­jeň sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň yk­rar­na­ma­sy­na we gol­da­wy­na eýe bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de “Gö­rog­ly” epo­sy ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na go­şul­dy. Bu bol­sa türk­men hal­ky­nyň umu­my­dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şi­ne goş­ýan go­şan­dy­ny hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň yk­rar ed­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.


Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de ýa­kyn­da ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry özü­niň äh­mi­ýet­li­li­gi bi­len ta­ry­hy wa­ka­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň “Öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym — Türk­me­nis­tan” at­ly aý­dy­my me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­ny, şeý­le hem türk­men tür­gen­le­ri­ni tä­ze dö­re­di­ji­lik üs­tün­lik­le­ri­ne we sport ul­ga­myn­da­ky be­ýik ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dyr­dy. A.Na­za­ro­wa özü­niň çy­ky­şy­ny döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ba­gyş­la­ny­lan aý­dym bi­len jem­le­di we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za berk jan sag­lyk, uzak ömür, Wa­ta­ny­my­zyň we hal­ky­my­zyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan be­ýik iş­le­rin­de we baş­lan­gyç­la­ryn­da uly üs­tün­lik ar­zuw et­di.


Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň 20016 har­by bö­lü­mi­niň Hor­mat ga­ra­wul gul­lu­gy ro­ta­sy­nyň ser­ker­de­si­niň ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry Ýaz­mu­ham­met Öwez­ber­di­ýe­we söz be­ril­di. Ol mil­li Ýa­rag­ly Güýç­le­riň äh­li şah­sy dü­zü­mi­niň adyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy, go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de hem­me­le­ri Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­ly­gy we halk de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len gut­la­dy.


Bu ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň gü­ni bi­len ga­bat gel­me­gi Wa­ta­ny­my­zyň go­rag­çy­la­ry­nyň baý­ram­çy­lyk ru­hu­ny be­len­de gö­ter­di. Şeý­le hem ol har­by yl­my­ny we sun­ga­ty­ny ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly çuň­ňur ma­ny­ly sar­gyt­la­ry hem-de mas­la­hat­la­ry üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, mil­li Li­de­ri­miz äh­li har­by gul­luk­çy­lar üçin eder­men­li­giň, gaý­duw­syz­ly­gyň nus­ga­sy bol­mak bi­len, hä­zir­ki za­man ýa­rag­la­ry­na us­sat­lyk bi­len erk et­mek­de, tä­ze har­by teh­ni­ka­la­ry do­lan­dyr­mak­da, ýur­du­my­za we hal­ky­my­za we­pa­ly gul­luk et­mek­de gö­rel­de bo­lup dur­ýar.


Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň “Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär” we “Mert ýi­git­ler gaý­rat üçin do­gul­ýar” at­ly ki­tap­la­ry­nyň ýaş ne­sil­le­ri wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de ägirt uly äh­mi­ýe­ti bo­lup, olar türk­me­nis­tan­ly­la­ra, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­na aja­ýyp sow­gat­dyr.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Aş­ga­bat­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi halk­la­ryň dost­lu­gy­nyň, sag­dyn­ly­gyň we gö­zel­li­giň öz­bo­luş­ly be­ýa­ny­na öw­rül­di. Dün­ýä ýurt­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len bir ha­tar­da oýun­lar­da çy­kyş eden türk­men tür­gen­le­ri je­mi 245 me­dal­la­ra my­na­syp bo­lup, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­ny şert­len­dir­di. Umu­my ýeň­şe my­na­syp go­şant go­şan­la­ryň ha­ta­ryn­da har­by gul­luk­çy­la­ryň bol­ma­gy gu­wanç­ly ýag­daý­dyr.


Mil­li go­şu­nyň äh­li şah­sy dü­zü­mi­niň adyn­dan Ý.Oraz­ber­di­ýew Sag­dyn­lyk we ru­hu­be­lent­lik ýy­ly­nyň ba­şyn­da ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň har­by bö­lüm­le­ri­ne da­ba­ra­ly ýag­daý­da sö­weş­jeň baý­dak­la­ry gow­şu­ran­dy­gy üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ho­şal­lyk bil­dir­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yna­my­na, hor­ma­ty­na we ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bol­mak ýur­du­my­zyň har­by gul­luk­çy­la­ry üçin uly mer­te­be­di­gi bel­le­nil­di.


Ol Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gu­ral­jak da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe iş­jeň gat­naş­jak­dy­gy­na, Oguz­han, Çag­ry beg, Tog­rul beg, Alp Ars­lan, Sol­tan San­jar ýa­ly be­ýik pe­der­le­ri­mi­ziň gah­ry­man­çy­lyk­ly däp­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­dir­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy.


Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň äh­li şah­sy dü­zü­mi­niň adyn­dan umu­my­mil­li fo­ru­ma gat­na­şy­jy tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da Mil­li go­şun­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di we çy­ky­şy­ny Wa­ta­na we­pa­ly­lyk ka­sa­my bi­len ta­mam­la­dy.


Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň 5-nji ýyl ta­ly­by Me­kan To­zan­ly­ýew we Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň 2-nji ýyl ta­ly­by Ene­gül Mä­mi­ýe­wa da­gy çy­kyş et­di­ler. Olar ýur­du­my­zyň ýaş ne­sil­le­ri­niň adyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­zi we mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ry Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­ly­gy bi­len gut­la­dy­lar.


Ta­lyp­lar to­pa­ry­nyň we­kil­le­ri­niň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň paý­has­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň dur­mu­şy­nyň her bir gü­ni şat­lyk­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Hal­ky­myz se­çi­lip al­nan nu­ra­na ýol bi­len ynam­ly ga­dam ur­ýar. Tu­tuş dün­ýä­de yk­rar edi­len mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz ýyl-ýyl­dan pug­ta­lan­ýar we gö­zel­leş­ýär.


Şun­luk­da, ösüp bar­ýan ýaş ne­sil­le­riň aba­dan we my­na­syp dur­mu­şy, ola­ryň ukyp­la­ry­nyň we müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi üçin äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dy­gy bel­le­nil­di.


Bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, be­den taý­dan berk we ru­hy taý­dan sag­dyn jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ýur­du­myz­da köp san­ly döw­re­bap mek­dep­ler we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, sport top­lum­la­ry, ça­ga­lar bag­la­ry hem-de sa­gal­dyş mer­kez­le­ri gu­rul­dy. Bu ul­ga­my döw­re­bap­laş­dyr­mak iş­le­ri tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we öň­de­ba­ry­jy usul­la­ryň esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar.


Ta­lyp­lar türk­men ýaş­la­ry­nyň adyn­dan pa­ra­hat we bag­ty­ýar dur­mu­şyň üp­jün edil­me­gi­ni, ýur­du­my­zyň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len oňyn öz­gert­me­ler üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ho­şal­lyk bil­di­rip, ýaş ne­sil­le­riň döw­le­ti­mi­ziň hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da­sy­na my­na­syp jo­gap ber­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar. Hä­zir­ki za­man bi­lim­le­ri­ni we hü­när­le­ri­ni ele al­ma­ga, şöh­rat­ly pe­der­le­ri­mi­ziň oňyn däp­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­mä­ge ça­lyş­ýan okuw­çy ýaş­la­ryň hal­ka­ra bäs­le­şik­le­rin­de aja­ýyp üs­tün­lik­ler ga­za­nyp, Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­na my­na­syp go­şant goş­ýan­dyk­la­ry bel­le­nil­di.


Ta­lyp ýaş­lar çy­kyş­la­ry­nyň ahy­ryn­da ýaş ne­sil­le­riň öň­de dur­ýan jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­re do­ly dü­şü­nip, mun­dan beý­läk-de mil­li Li­de­ri­miz­den gö­rel­de alyp, edil­ýän ata­lyk ala­da ne­ti­je­li okuw, ha­lal zäh­met we Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­mak ar­ka­ly jo­gap ber­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar.


Ta­lyp ýaş­la­ryň döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň bu ta­ry­hy mej­li­sin­de öňe sü­ren äh­li tek­lip­le­ri­ni do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny nyg­tap, çy­kyş eden­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze berk jan sag­lyk, uzak ömür we ýur­du­my­zyň tu­tuş hal­ky­nyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­muş bi­len üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len äh­li mak­sat­na­ma­la­ry we tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak­da uly üs­tün­lik ar­zuw et­di­ler.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ry jem­läp, Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça çy­kyş eden­le­re we fo­ru­myň işi­ne iş­jeň gat­na­şan­la­ra min­net­dar­lyk bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz çy­kyş eden­le­riň äh­li­si­niň şu ge­zek­ki umu­my­mil­li mas­la­hat­da öňe sür­len baş­lan­gyç­la­ry gol­dan­dyk­la­ry­ny aý­dyp, be­ýan edi­len tek­lip­le­riň äh­li­si­niň hök­ma­ny su­rat­da göz öňün­de tu­tul­jak­dy­gy­ny bel­le­di.


Soň­ra bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, mil­li Li­de­ri­miz umu­my­mil­li fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň çy­kyş­la­ryn­da mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek we onuň dü­zü­mi­ni üýt­get­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­riň gi­ri­zi­len­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le tek­lip­ler ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ry­nyň ra­ýat­la­ryn­dan şu ýy­lyň do­wa­myn­da ge­lip go­wuş­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, mas­la­ha­tyň işi­ne hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar­dan baş­ga-da, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dür­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň iki müň­den gow­ra­gy gat­naş­ýar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, ar­çyn­lar, te­le­ke­çi­ler we beý­le­ki iş­gär­ler bar.


Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­ri­niň we jem­gy­ýe­tiň äh­li gat­lak­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň bu we­kil­çi­lik­li mas­la­ha­ta do­ly hu­kuk­ly ag­za bol­mak­la­ry­nyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çy­ky­şyn­da aý­dy­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­ny dö­ret­mek tek­lip edil­ýär. Şu me­se­le bo­ýun­ça mil­li par­la­ment Ka­nu­nyň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­dy. Şeý­le hem “Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da” Ka­nu­nyň ka­bul edil­me­gi­ni na­za­ra al­mak bi­len, ýur­du­my­zyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na goş­ma­ça­la­ryň gi­ri­zil­me­gi ze­rur bo­lup dur­ýar.


Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018-2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy” ha­kyn­da­ky me­se­le gi­ri­zil­di. Ony hem ara alyp mas­la­hat­laş­mak ze­rur bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da we­la­ýat­lar­dan we Aş­ga­bat şä­he­rin­den ge­len we­ki­li­ýet­le­riň Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry bi­len bi­le­lik­de öňe sür­len me­se­le­le­ri çuň­ňur we hem­me­ta­rap­la­ýyn ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gy tek­lip et­di.


Bu Ka­nun­la­ryň we Mak­sat­na­ma­nyň tas­la­ma­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dan soň, mil­li par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry öňe sür­len tek­lip­le­ri we aý­dy­lan bel­lik­le­ri na­za­ra alyp, Mej­li­siň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty­ny ge­çi­rer­ler we de­giş­li ka­rar­la­ry ka­bul eder­ler.


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ara­kes­me yg­lan ed­ýär. Mej­lis öz işi­ni er­tir, 10-njy okt­ýabr­da do­wam eder. Onuň gün ter­ti­bi­niň çäk­le­rin­de şu gün edi­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne ga­ra­lar we de­giş­li res­mi­na­ma­lar ka­bul edi­ler.