Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty


Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň bä­şin­ji ça­gy­ry­ly­şy­nyň no­bat­da­ky, ýig­ri­mi üçün­ji mas­la­ha­ty bol­dy. On­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na, Kons­ti­tu­si­ýa­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­ne, ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk hu­kuk bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da iş­le­nip taý­ýar­la­nan ka­nun­la­ryň we ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk ­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si ka­bul edil­di. Mas­la­ha­tyň işi­ne de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri ça­gy­ryl­dy.


Ýyg­na­nan­lar öz çy­kyş­la­ryn­da şu gün döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da şan­ly wa­ka öw­rü­len Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Umu­my­mil­li fo­ru­myň işi­niň bar­şyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de has ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi­niň üp­jün edil­me­gi­ne, oňyn dur­muş-yk­dy­sa­dy we de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len mö­hüm çöz­güt­ler ka­bul edil­di.


Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, de­pu­tat­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de eden mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şyn­da bel­le­nen we ile­ri tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri çöz­mek ug­run­da äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­dik­le­ri­ni aýt­dy­lar.


De­pu­tat­lar mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne la­ýyk­lyk­da, “Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na goş­ma­ça gi­riz­mek ha­kyn­da” we “Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­sion Ka­nun­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­na ga­ra­dy­lar.


Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, kons­ti­tu­sion öz­gert­me­le­riň çäk­le­rin­de iş­le­nip taý­ýar­la­nan “Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da­ky” Ka­nun döw­le­tiň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şy­ny de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­ma­gyň, halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň eda­ra­la­ry­nyň bir bi­te­wi ul­ga­my­ny dö­ret­me­giň, hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň eda­ra­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­me­giň ýo­lun­da ýe­ne bir mö­hüm ädim­dir. Ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy ul­ga­my ta­ry­hy, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, me­de­ni şert­le­re la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­di­ril­ýär we ös­dü­ril­ýär.


Bu ka­nun­çy­lyk tas­la­ma­sy mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mas­la­hat­la­ry, türk­men hal­ky­nyň döw­let gur­lu­şy ba­bat­da köpasyr­lyk ta­ry­hyn­da top­lan tej­ri­be­si­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn na­za­ra alyp, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň yg­ty­ýar­ly jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri bi­len äh­li­halk ýyg­nak­la­ry­ny ge­çi­rip, iň wa­jyp sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, har­by me­se­le­le­ri çöz­mek ba­ra­da­ky asyl­ly däp­le­rin­den ugur al­nyp iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan­dyr.


Halk Mas­la­ha­ty Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na, umu­my yk­rar edi­len de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re la­ýyk­lyk­da he­re­ket ed­ýän, ila­tyň giň gat­lak­la­ry­nyň mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çöz­güt­le­ri­niň ka­bul edil­me­gi­ne gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­dyr. “Köpasyr­lyk mil­li däp­le­ri­mi­zi di­kel­dip, biz iş ýü­zün­de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň döw­le­ti do­lan­dyr­mak me­se­le­le­rin­dä­ki ta­ry­hy tej­ri­be­le­ri­ni peý­da­lan­ýa­rys” di­ýip, de­pu­tat­lar bel­le­di­ler.


Soň­ra mas­la­hat­da “Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy we döw­let gur­lu­şy­nyň esas­la­ry ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­sion Ka­nu­ny­na üýt­get­me gi­riz­mek ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­sion Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ara alnyp mas­la­hat­la­şyl­dy.


Mas­la­hat­da “Er­kin yk­dy­sa­dy zo­lak­lar ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy­na ga­ral­ma­gy gyz­ga­laň­ly pi­kir alyş­ma­la­ry dö­ret­di. De­pu­tat­lar hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­re­bap­laş­dyr­mak we kö­pu­gur­ly ös­dür­mek, eks­port kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler. Ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz ul­ga­my­ny, oba­se­na­gat top­lu­my­ny, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg bil­di­ril­ýän bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri çy­kar­ýan ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly pu­dak­la­ry ös­dür­mä­ge, ösen ulag we mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk dü­züm­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mä­ge iri ma­ýa go­ýum­la­ry goý­be­ril­ýär. Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­ge äh­lita­rap­la­ýyn döw­let gol­da­wy be­ril­ýär.


Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de öňe sür­len “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy” hem aý­dyň şa­ýat­lyk et­di. Bu mak­sat­na­ma ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de se­na­gat­laş­dy­ryl­ma­gy­na we se­bit­le­ri­mi­ziň top­lum­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne, eks­port ha­ryt­la­ryň möç­be­ri­ni, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­ma­ga, ba­zar gat­na­şyk­la­ry­ny çuň­laş­dyr­ma­ga, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne, türk­men hal­ky­nyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir.


Bu ul­gam­lar­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ ös­dür­mek, içer­ki se­riş­de­le­riň ha­sa­by­na örän mö­hüm mil­li we hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry giň­den ma­li­ýe­leş­di­r­mek, şeý­le hem ýur­du­my­za da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek, dün­ýä­niň işe­wür to­par­la­ry bi­len uzak ­möh­let­le­ýin öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry, şol san­da in­no­wa­sion se­riş­de tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we iň tä­ze yl­my-teh­ni­ki iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry, me­nej­men­tiň we mar­ke­tin­giň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak ul­gam­la­ryn­da ýo­la goý­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­dyr.


Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de er­kin yk­dy­sa­dy zo­lak­la­ryň dö­re­dil­me­gi­niň, he­re­ket et­me­gi­niň we ýa­ty­ryl­ma­gy­nyň hu­kuk, yk­dy­sa­dy hem-de gu­ra­ma­çy­lyk esas­la­ry­ny kes­git­le­ýän bu Ka­nun aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.


Er­kin yk­dy­sa­dy zo­lak — mu­nuň özi çäk­le­rin­de aý­ra­tyn hu­kuk düz­gü­ni ýo­la go­ýul­ýan, anyk kes­git­le­nen do­lan­dy­ryş çä­gi bo­lan ýö­ri­te bö­lü­nip ber­len çäk­dir. Onuň çäk­le­rin­de ma­ýa go­ýum we te­le­ke­çi­lik işi­ni alyp bar­ma­gyň aý­ra­tyn hu­kuk düz­gün­le­ri ýo­la go­ýul­ýar. Ol sal­gyt sa­lyn­ma­gy­nyň, pul, güm­rük taý­dan düz­gün­leş­dir­me­giň ýe­ňil­lik­li ter­ti­bi­ni we şert­le­ri­ni, fi­zi­ki şahs­la­ryň gel­me­gi­niň, şol ýer­de bol­ma­gy­nyň hem-de git­me­gi­niň, zäh­met gat­na­şyk­la­ry­nyň, ma­li­ýe-karz işi­niň ýö­ne­keý­leş­di­ri­len ter­ti­bi­ni we beý­le­ki hu­kuk ka­da­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar.


Tä­ze Ka­nun mil­li ka­nun­çy­ly­gyň üs­tü­ni ýe­ti­rip, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne tä­ze dep­gin be­rer, Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum taý­dan özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni art­dyr­ma­ga, ýur­du­my­zyň dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry ul­ga­my­na üs­tün­lik­li go­şu­lyş­ma­gy­na, ahyr­ky ne­ti­je­de bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän sy­ýa­sa­ty­nyň üýt­gew­siz ile­ri tu­tul­ýan ug­ry — türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam eder.


Mas­la­hat­da de­pu­tat­lar eme­le ge­len dur­muş-yk­dy­sa­dy şert­ler esa­syn­da baý­ram­çy­lyk we ha­ty­ra gün­le­ri­niň tä­ze sa­na­wy­ny öz içi­ne al­ýan “Türk­me­nis­ta­nyň Zäh­met ko­dek­si­ne üýt­get­me gi­riz­mek ha­kyn­da­ky” Ka­nu­nyň tas­la­ma­sy­na hem-de “Ýer ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň bi­te­wi Ka­nu­ny­na üýt­get­me we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy­na ga­ra­dy­lar. “Ýer ha­kyn­da­ky” Ka­nun­da ýe­ri re­je­li ulan­ýan, on­dan ýo­ka­ry ha­syl al­ýan Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­na — kä­ren­de­çi­le­ri­ne hö­wes­len­di­riş çä­re­si hök­mün­de ýer bö­lek­le­ri­ni he­mi­şe­lik ýa-da wagt­la­ýyn ulan­mak üçin ber­me­giň hu­kuk ka­da­la­ry kes­git­le­nil­ýär. On­da er­kin yk­dy­sa­dy zo­lak­la­ra gat­na­şy­jy­la­ra ýe­ri kä­ren­de­si­ne ber­me­giň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny ber­kid­ýän hu­kuk düz­gün­le­ri be­ýan edil­ýär.


Şeý­le hem mas­la­hat­da “Sal­gyt­lar ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň bi­te­wi Ka­nu­ny­na goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da”, “Mig­ra­si­ýa ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na üýt­get­me gi­riz­mek ha­kyn­da” Ka­nun­lar ara alnyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mun­dan baş­ga-da, bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy.


Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň bä­şin­ji ça­gy­ry­ly­şy­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­tyn­da de­pu­tat­lar ga­ra­lan ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­ny bi­ra­gyz­dan ma­kul­la­dy­lar we ka­bul et­di­ler. Mil­li par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry mas­la­ha­tyň ahy­ryn­da bu mö­hüm hu­kuk res­mi­na­ma­la­ry­nyň Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň he­re­ket ed­ýän ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­nyň üs­tü­ni ýe­ti­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wa­ta­ny­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy we de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­riň ýo­lun­dan ok­gun­ly öňe git­me­gi ug­run­da öň­de go­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.