Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna garaldy


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şeýle hem içeri syýasatyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Döwlet Baştutanymyz ilki bilen mejlise çagyrylan maliýe ministri G.Myradowa söz berdi. Ol gözegçilik edýän ministrliginiň işi hem-de 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.


Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň täze ýyl üçin Döwlet býujeti düzülende, öňküsi ýaly, durmuş ulgamyna aýratyn üns beriljekdigini belledi. Döwlet býujetiniň taslamasy taýýarlananda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen karz serişdeleriniň möçberini artdyrmaga hem uly üns bermeli. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kiçi önümçilikleri höweslendirmek hem-de ýola goýmak we ösdürmek boýunça çäreleri göz öňünde tutmagyň wajypdygyny belledi.


Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna esaslanmalydygyny nygtady. Döwletimiz telekeçiligi döwlet tarapyndan höweslendirmegi hem-de goldamagy, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermegi dowam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy we maliýe ministrine bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy we bu ulgamlary ösdürmäge 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda meýilleşdirilen maliýe serişdeleri barada hasabat berdi. Bilim, saglygy goraýyş we sport ýaly ileri tutulýan ulgamlar boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegini artdyrmak göz öňünde tutulýar.


Milli Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek meselesi barada durup geçip, bu ulgama hojalyk hasaplaşygyny netijeli ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we ony iş ýüzünde işjeň ornaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu resminama döwlet Baştutanymyzyň beren görkezmeleri hem-de milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynda kesgitlenen ilkinji nobatdaky wezipeler, "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy", şeýle hem beýleki milli, döwlet, sebit we pudak maksatnamalary nazara alnyp düzüldi.


Esasy maliýe meýilnamasynyň taslamasy bilen bir hatarda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň deslapky taslamalary hem-de öňümizdäki ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Wise-premýer halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklaryny ösdürmäge gönükdiriljek maliýe serişdeleriniň meýilleşdirilýän möçberleri barada hem hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ähli pudaklaryň ösüşine yzygiderli esasda seljerme geçirmegiň hem-de gözegçilik edýän düzümleriniň işini has-da kämilleşdirmek boýunça anyk çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri artdyrmak hem-de önümleri daşary ýurtlara ibermegiň möçberlerini köpeltmek ileri tutulýan wezipedir diýip, döwlet Baştutanymyzy sözüni dowam etdi. Ilat hem-de kiçi we orta telekeçilik üçin maliýe hyzmatlarynyň elýeterlilik derejesini ýokarlandyrmak esasy ugurlaryň hatarynda durýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew nebitgaz ulgamynyň düzüm bölümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de geljek ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamagyň çäklerinde ýangyç-energetika toplumynda geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi. Şol wezipeleriň hatarynda nebit we gazhimiýa önümleriniň giň görnüşleriniň önümçiliginiň, onuň dünýä bazarlaryna eksport edilişiniň möçberleriniň artdyrylmagyna möhüm orun berilýär.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy hem-de ykdysady toplumyň senagat ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy enjamlar we täze tehnologiýalar görnüşinde bu ulgama daşary ýurt serişdelerini çekmegiň möhümdigine ünsi jemläp, ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin strategiki ähmiýeti bolan milli senagat taslamalaryny çalt özleşdirmegiň zerurdygyny belledi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk toplumynda durmuşa geçirilýän işler hem-de 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynyň jemi içerki önümiň ösüşine hem-de döwlet we ýerli býujetleriň girdejilerine uly goşant goşýandygyny nygtady.


Ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň, köprüleriň, ýolaýrytlarynyň gurluşyklary güýçli depginler bilen amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz biziň esasy wezipämiziň anyk ykdysady bähbitleri nazarda tutup, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ekologiýa taýdan amatly usullardan netijeli peýdalanmagyň döwrüň talabydygyna ünsi çekip, demir ýollary elektrikleşdirmäge girişmegiň zerurdygyny aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň üstünde durup geçip, wise-premýere garamagyndaky düzümleriň ählisiniň işine berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy. Şol düzümleriň toplumlaýyn ösdürilmegi üçin döwletimiz hemme zerur şertleri döredýär. Milli Liderimiz Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk ulgamyny ýokary derejä çykarmak maksady bilen, onuň işini has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýerden degişli meseleleriň çözülmegine uly üns bermegi talap etdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gurluşyk, energetika ulgamlaryna hem-de jemagat hojalygyna degişli edaralaryň alyp barýan işleri hem-de gözegçilik edýän ministrikleri we pudak edaralary boýunça 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.


Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýetiň bu pudaklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýakyn geljekde tutuş paýtagtymyzda we welaýatlarda gurluşyk işleriniň giň gerime eýe boljakdygyny aýdyp, ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda işleýän kärhanalary goldamaga ägirt uly maýa goýumlarynyň gönükdirilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işe soňky ýyllarda uly tejribe toplan ýerli kompaniýalary giňden çekmegiň möhümdigini aýdyp, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini giňeltmek barada görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalyk toplumynyň edaralary we kärhanalary boýunça 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň göz öňünde tutulýan görkezijileri barada hasabat bilen çykyş etdi.


Obasenagat toplumyna goýberilýän serişdeleri esasan önümçilik maksatly desgalaryň, şol sanda ýurdumyzyň suw hojalygyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşygyna, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirmek göz öňünde tutulýar.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudagyň düşewüntliligini has-da artdyrmaga we tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmaga, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagy bäsdeşlige ukyply oba hojalyk senagatyny döretmegiň möhüm şertidigini belledi.


Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, suw gorlaryny rejeli peýdalanmak boýunça işleriň möhümdigine ünsi çekdi. Umuman, bularyň hemmesi ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek babatda wezipeleri çözmäge ýardam etmelidir.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda medeniýet ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen maliýe serişdeleriniň netijeli özleşdirilmegini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Geljek ýyl üçin ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasynda medeniýet ulgamyny ösdürmäge ep-esli maýa serişdelerini gönükdirmek göz öňünde tutulýar.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň medeniýet ulgamyny hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmäge ägirt uly serişdeleri goýberýändigini belläp, býujet serişdeleriniň sarp edilişine hem-de olaryň maksada laýyk ulanylmagyna gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp düzmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýeli goňşuçylyk hem-de “açyk gapylar” syýasatyna ygrarlydygyny belläp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hem-de abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.


Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleriň hem-de ägirt uly kuwwatyň bardygyny aýtdy. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanmak bolsa umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere, daşary işler ministrine bu meselä hemişe aýratyn üns bermegi tabşyrdy.


Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça milli parlamentiň deputatlarynyň degişli ministrlikler, pudak edaralary we häkimlikler bilen bilelikde alyp barýan işleri hakynda habar berdi.


Esasy maliýe resminamasyny taýýarlamakda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzy ösdürmegiň döwlet maksatnamalary, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileri göz öňünde tutuldy.


2018-nji ýylda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy strategik maksatlaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanylan taslamada önümçilikleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, bäsdeşligi artdyrmak, ýurdumyzyň ösüşiniň ykdysady depginlerini saklamak, maýa goýumlaryny işjeňleşdirmegi yzygiderli üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň durmuş goraglylygyny berkitmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar.


Welaýatlaryň ösüşini nazara almak bilen, ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişine seljerme geçirildi. 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamagyň barşynda 2016-njy ýyl üçin maliýe-hojalyk görkezijileriniň seljermesine aýratyn ähmiýet berildi, şeýle hem 2017-nji ýylyň jemleri boýunça garaşylýan netijelere seljerme geçirildi.


Milli Liderimiz 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetini hemmetaraplaýyn we oýlanyşykly taýýarlamagyň möhümdigini belläp, döwlet çykdajylarynyň netijeli ulgamyny döretmek maksady bilen kabul edilýän bu möhüm we esasy maliýe resminamasynyň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge, döwletimiziň durmuş we beýleki ulgamlarynda özgertmeleri ilerletmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidigini belledi.


Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.