Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

“Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnama biragyzdan kabul edildi


Dünýä bileleşigi Şweýsariýadan gelip gowşan hoş habara ýokary baha berýär, bu ýurduň Ženewa şäherinde şu günler Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça 36-njy maslahaty geçirilýär. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça Türkmenistanyň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnama biragyzdan kabul edildi, soňra oňa Braziliýa hem goşuldy.


BMG-niň agzy döwletleriniň 29-sy bu resminamanyň awtordaşlary hökmünde çykyş etdiler, olaryň hatarynda Owganystan, Azerbaýjan, Argentina, Belarus, Braziliýa, Hytaý, Çili, Kolumbiýa, Kosta-Rika, Ekwador, Gonduras, Fransiýa, Gruziýa, Ýaponiýa, Gazagysatan, Gyrgyzystan, Marokko, Panama, Peru, Rumyniýa, Sudan, Günorta Koreýa, Siriýa, Täjigistan, ABŞ, Urugwaý, Özbegistan we beýlekiler bar.


Jarnama laýyklykda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň agza ýurtlary bosgunlaryň hem-de bosgunlaryň toparlarynyň iri halkara sport çärelerine gatnaşmagyny goldaýarlar, olar ilkinji gezek Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde 2016-njy ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna, 2017-nji ýylyň 4-13-nji awgusty aralygynda Londonda geçirilen ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna, indi bolsa Türkmenistanda düýn dabaraly ýagdaýda açylan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşdylar.


Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy derejesinde aýratyn uly ähmiýetli Jarnamany kabul etmek baradaky başlangyjy öňe sürendigi ýurdumyzyň häzirki döwrüň ählumumy ynsanperwer meseleleriniň çözülmeginde barha uly orny eýeleýändigini dünýä bileleşigine ýene bir gezek aýdyň görkezdi.


Türkmen Lideri “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli gutlag sözünde Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek bosgunlaryň sport toparynyň gatnaşýandygynyň aýratyn buýsançly wakadygyny belledi. “Biz sporta, halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga bolan hukugyň hemmelerde, şol sanda emele gelen ýagdaýlar sebäpli, öz milli baýdaklary astynda çykyş edip bilmeýän türgenlerde hem bolmalydygyna ynanýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


Bu barada dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň ynsanperwer resminamasy köpsanly daşary ýurtlaryň hökümet we adam hukuklary ulgamynda halkara bilermenleri tarapyndan giň goldaw tapdy.


Olimpiýa geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah Aziada-2017-niň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Aziýanyň Aziýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek bosgun-türgenleriň toparlarynyň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, onuň ýokary ähmiýetini nygtady.


BMG-niň Sport boýunça müdiriýetiniň Bosgunlaryň işi baradaky utgaşdyryjysy Klaude Marşal ýurdumyzyň başlangyjyny “örän täsirli” diýip atlandyrdy hem-de beýleki döwletleri bu göreldä eýermäge çagyrdy.


BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynda döwletimiziň eýeleýän ornuna ýokary baha bermek bilen, türkmen tarapynyň sporta durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde garaýandygyny goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Ýelena Panowanyň makalasynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigi nygtalýar.


BMG-niň ýurdumyzdaky missiýasynyň baştutany bosgunlaryň toparynyň oýunlara gatnaşmaga çagyrylandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, bu çözgüdiň durmuşyň ähli ulgamlarynda deň derejeli mümkinçilikleriň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, munuň 2030-njy ýylyň Gün tertibiniň “hiç kim unudylmaly däldir” diýen baş ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegini aňladýandygyny belledi.


Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, daşary ýurtlaryň, şol sanda amerikan tarapynyň wekilleriniň hem bosgunlara adam hukuklary ulgamynda öz mümkinçilikleriniň, şeýle hem olara ynamy artdyrmak maksady bilen iri sport çärelerine gatnaşmaga döredilen şert üçin hoşallyklaryny beýan edendigini bellemek gerek.


Elbetde, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisinde “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamanyň kabul edilmegi sebit hem-de dünýä ösüşiniň möhüm wezipeleriniň, şol sanda ynsanperwer we durmuş meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýän Watanymyzyň belent halkara abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.


* * *


Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde
Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň gymmatly 
goşandyny höweslendirmek hakynda 
Bilelikdäki Beýannama


BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 36-njy mejlisi, Umumy pikir alyşmalar, Gün tertibiniň 3-nji meselesi
(2017-nji ýylyň 15-nji sentýabry, Şweýsariýa, Ženewa)


Biz kemsitmeleriň ähli görnüşlerine garşy göreşmegiň hem-de hemmeler üçin durmuş şertlerini döretmegiň serişdeleri hökmünde hormat, mertebe, köpdürlülik, deňlik, sabyrlylyk we adalatlylyk ýaly gymmatlyklary höweslendirmekde sportuň mümkinçiliklerini ykrar edýäris.


Şunuň bilen baglylykda, biz bosgunlaryň hem-de bosgunlar toparlarynyň iri halkara sport çärelerine gatnaşmagyny goldaýarys, olar ilkinji gezek 2016-njy ýylda Rioda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna, soňra bolsa 4-13-nji awgustda Londan şäherinde guralan 2017-nji ýylyň ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatlaryna, şeýle hem 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabrynda Aşgabatda, Türkmenistanda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.


Bosgunlar toparynyň sport çärelerine gatnaşmagy tutuş dünýäde umyt-arzuwyň nyşany bolmak bilen, bosgunlaryň häzirki çylşyrymly ýagdaýynyň gerimine dünýä bileleşiginiň ünsüni çekip hem-de bu meseleleri çözmegiň zerurdygy barada habardarlygy artldyryp biler.


Şu Beýannamany goldaýan ýurtlar bosgunlar toparynyň kemsitmeleriň ähli görnüşlerine garşy göreşmegiň hem-de parahatçylyga, durnukly ösüşe we adam hukuklaryna ýardam etmegiň serişdeleri hökmünde iri sport çärelerine gatnaşmagyny goldaýar.


Biz bosgunlaryň şeýle wakalara halklaryň we milletleriň arasynda ynanyşmagy we hormat goýmagy höweslendirmegiň usuly hökmünde goşulmagyny goldaýarys hem-de olaryň adam hukuklaryny amala aşyryp bilmegi üçin has oňaýly şertleri döretmek bilen, bosgunlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam edýäris.


Biz Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň hem-de beýleki degişli halkara we hökümete degişli däl guramalaryň bosgunlar toparlaryny hödürlemek boýunça tagallalaryna ýokary baha berýäris.


Biz BMG-niň ähli agza-döwletlerini birek-birege hormat goýmagyň we dostlugyň ruhunda bosgunlar toparlarynyň iri halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy boýunça başlangyçlary goldamaga, şol bir wagtda olara amala aşyrmakda kabul edýän ýurtlary höweslendirmäge çagyrýarys.


 


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň
maglumatlarynyň esasynda taýýarlanyldy