Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Döwlet Baştutanymyz we russiýaly wise-premýer ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sergeý Prihodkony kabul etdi.


Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň baştutany Dmitriý Medwedewiň milli Liderimize we onuň üsti bilen tutuş türkmen halkyna parahatçylyk hem-de abadançylyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny we salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Russiýada Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha we döwletara hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.


Hormatly Prezidentimiz öz gezeginde Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, oňyn we deňhukuklylyk esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.


Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda gatnaşyklaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwatyň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-russiýa hökümetara toparynyň netijeli işi bellenildi. 
Milli Liderimiz we myhman ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň ýokary derejesiniň mundan beýläk hem döwletara gatnaşyklarynyň giňeldilmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. Munuň özi asyrlaryň dowamynda taryhy gatnaşyklar bilen baglanyşykly iki halkyň uzakmöhletleýin bähbitlerine kybap gelýär. 
Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, ähli türkmen halkyna 17-27-nji sentýabrda Aşgabatda Ýapyk binalarda hem-de söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi we bu sport forumynyň Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde halkara abraýynyň has-da artmagyna ýardam etjekdigini belledi.


Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Sergeý Prihodko iki ýurduň däp bolan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak hem-de we iki tarapyň hem bähbitlerine kybap derejede guralýan hyzmatdaşlygyň geljekde ilerledilmegine ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklap, doganlyk türkmen we Russiýanyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. 
Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin hem gatnaşdy.


Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary S.Prihodko Daşary işler ministrliginde kabul edildi, ol ýerde döwletara gatnaşyklarynyň ösüşlerine gönükdirilen iki taraplaýyn pikir alyşmalar boldy.


 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň
maglumatlarynyň esasynda taýýarlanyldy.