Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşdy

 

 


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa oýunlaryna 50 günüň galmagy mynasybetli guralan köpçülikleýin çärelere gatnaşdy. Bu taryhy senäniň şanyna geçirilen köpçülikleýin welosiped ýörişi bilen başlandy.


Milli Lideimiz daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş bolup, olara ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan taryhy wakalara, şanly senelere, hususan-da, Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli guralýan dabaralara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.


Daşary ýurtly diplomatlar we halkara guramalarynyň wekilleri öz gezeginde halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan taryhy wakalara, guralýan dabaralara gatnaşmak ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Şeýle hem olar ygtybarly hyzmatdaş hem-de öz borjuny birkemsiz ýerine ýetirýän ýurt hökmünde halkara derejesine ykrar edilen Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga dünýä ýurtlarynyň işewür toparlarynyň uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.


Aýdym-sazly dabaralar özboluşly joşgun, milli baýramçylyga mahsus şatlyk bilen utgaşdy. Döwlet Baştutanymyz Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berilýän ýerine geldi. Häzirki döwürde paýtagtymyzyň sazlaşykly ösýän künjegine öwrülen Çandybil şaýolunyň ugry baýramçylyk lybasynda bezelipdir.


Arkadag Prezidentimiz şanly waka mynasybetli guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişiň başyny çekdi. Paýtagtymyzyň gözel künjeklerinde giň möçberli çärä badalga berilmegi guralýan baýramçylyklaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň asylly ýörelgeleri bilen utgaşýandygyny äşgär etdi. Dag etekleriniň tämiz howasy, säheriň mylaýym şemaly dabara gatnaşyjylaryň ruhuny göterip, olarda özboluşly joşgun, mähriban Watanymyza we hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan beýik işlere söýgi döretdi.


Welosipedli ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Aziýa oýunlary we oňa taýýarlyk mynasybetli guralýan köpçülikleýin çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi, oňa ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegi ugrunda yzygiderli tagalla etmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Aşgabat-2017-niň ýaryşlaryna taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreleriň döwrüň talabyna laýyk derejede geçirilmegi, onuň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda alnyp barylýan işler bilen utgaşmagy esasy şert bolup durýar.


Türkmenistana gelýän ähli myhmanlaryň degişli derejede garşylanmagy, olaryň milli myhmansöýerlik däpleri esasynda gurşalmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.


Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüş hasaplanylýan welosiped sporty soňky ýyllarda sazlaşykly ösüşi ýoluna düşdi. Soňky ýyllarda bu görnüş bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany yzygiderli artýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda sportuň, aýratyn-da, welosiped sportunyň ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.


Arkadag Prezidentimiz köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ýokary netijeleri höweslendirmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, ähli pudaklarda bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýaşlaryň bedenterbiýe-sport hereketi bilen işjeň meşgullanmagy ugrunda döredilýän şertler özüniň oňyn netijesini bermelidir.


Döwlet Baştutanymyz ýolugra Türkmenistanyň dünýäniň ähli ýurtlary bilen birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin açykdygyny belläp, ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.


Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň bu abraýly ýaryşlary Aşgabatda geçirmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, halkara sport hereketini ösdürmek işlerine goşýan saldamly goşandynyň we ýurdumyzyň dünýäniň sport giňişligindäki abraýynyň belende galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.


Köpçülikleýin ýörişiň dowamynda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi, ýollary we beýleki ugurdaş desgalary abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.


Döwlet münberiniň ýanynda hormatly Prezidentimizi we bu günki köpçülikleýin sport çäresine gatnaşyjylary ýaşulular, ýaşlar, köpsanly aşgabatlylar hem-de paýtagtymyzda guralan dabara gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar garşyladylar.


“Trivandi Сhanzo Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Jin Tomlin Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk çäreleri boýunça Türkmenistanda iş alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, bu ýerde netijeli işlemek ugrunda döredilen şertler we bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildiodi.


Myhman zenanyň belleýşi ýaly, ol sport çärelerini guramak boýunça dünýäniň köp döwletlerinde işläp, ýeterlik tejribe toplapdyr. Ýöne iri yklymlaýyn ýaryşlara bolan taýýarlyga Türkmenistanda örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilýändigini aýratyn belläp, Jin Tomlin bu ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine hem-de onuň çäklerinde guraljak çäreleriň örän ýatda galyjy boljakdygyna ynam bildirdi.


Soňra kompaniýanyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy guramaçylyk komitetiniň adyndan hem-de öz adyndan milli Liderimize Aziadanyň ilkinji akkreditasiýa resminamasyny we V Aziýa oýunlarynyň açylyş, ýapylyş dabaralaryna hem-de sport ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk berýän ilkinji çakylygy uly hormat bilen gowşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz hormat üçin minnetdarlyk bildirip, Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna az wagtyň galandygyny, ýöne entek etmeli işleriň köplügini belledi. Sport, munuň özi diňe bir parahatçylygyň ilçisi däl, eýsem, gözelligiň, dostlugyň, hyzmatdaşlygyň esasy nyşany bolup durýa. Yklymlaýyn ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda ähli tagallalarymyzy gaýgyrmarys.


Döwlet Baştutanymyz “Trivandi Сhanzo Limited” kompaniýasyna we onuň ýerine ýetiriji ýolbaşçysynya öz minnetdarlygyny bildirip, Türkmenistanyň Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe bolan pursatynda onuň tertipnamasynda sportuň 16 görnüşiniň bardygyny, bu gün bolsa olaryň sany 21-e ýetendigini belledi. Şeýle hem ilki başda Aziýa oýunlaryna gatnaşýan döwletleriň sany 22 bolan bolsa, oňa Okeaniýa ýurtlary hem goşulyp, onuň möçberi 64-e ýetdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.


Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde Mejlisiň Başlygynyň we hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda çaý başynda söhbetdeşlik gurady. Onuň dowamynda milli Liderimiz Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmelidigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.


Soňra döwlet Baştutanymyz bu babatda öňde durýan wezipeleri işjeň ýerine ýetirmekde maslahata gatnaşyjylara uly üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.


... Şu günki “welosiped üstündäki” baýramçylyk diňe bir ak mermerli paýtagtymyzda geçirilmän, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem ýaýbaňlandyryldy. Beden we ruhy taýdan sagdynlyk, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän raýatlarymyzTürkmenistanyň ähli künjeklerinde ýörişi amala aşyrdylar.


Diňe bir paýtagtymyzda welosipedli ýörişe 7 müň 700-den gowrak adam gatnaşdy. Şu sebäpli Aşgabat şäheriniň ähli köçelerinde 07:00-dan 19:00-a çenli ulaglaryň hereketi çäklendirildi. Ýollarda diňe welosipedlere, köpçülik we tiz kömek ulaglaryna hereket etmäge rugsat berildi.


Şu günki baýramçylyk diňe bir welosiped söýüjileriň däl-de, ähli türkmenistanlylaryň hakydasynda galar. Sebäbi halkymyzyň saglygy we abadançylygy, beden taýdan sagdyn, ruhubelent ýaşlary terbiýelemek ugrundaky alada köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär.


 


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň
maglumatlarynyň esasynda taýýarlanyldy