Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi


2017-nji ýylyň 12-nji iýunynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň barşyna garaldy, Aziada-2017-ä taýýarlyk görlüşiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Hormatly Prezidentimiz ilki bilen wise-premýer S.Toýlyýewiň ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän çäreler, şol sanda dünýäniň 30 ýurtdan alymlar gatnaşmagyndaky “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty baradaky hasabatyny diňledi. Bellenilişi ýaly, ylym we tehnologiýalar dünýä ykdysadyýetiniň, şol sanda eziz Watanymyzyň umumy ösüşiniň esasyny düzýär. Şu nukdaýnazardan, Ylymlar gününe bagyşlanan çäreleriň, şol sanda bu ylmy halkara ylmy maslahatynyň hem ýurdumyzyň jemgyýetçiliginde möhüm ähmiýeti bolar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli türkmenistanlylara her ýyl 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan etdi.


Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ylmy ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Alymlaryň ylmy-barlaglary alyp barmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Çünki her bir ýurduň geljegi ylmyň ösüşi bilen berk baglydyr.


Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri iň täze enjamlar bilen üpjün edildi. Ylymlar akade miýasynyň düzüminde Tehnologiýalar merkezi üstünlikli işleýär. Ylmy we tehnologiýalary ösdürmegiň esasy maksatlary hem-de ugurlary anyk kesgitlenildi. Zehinli ýaşlaryň ylma höweslendirilmegine, ýokary derejeli ylmy işgärleriň we hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýyl ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçrilýär. Öňdebaryjy tejribäni, innowasiýalary we ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça köp işler alnyp barylýar. Döwletimiz ylmy ösdürmek barada geljekde hem uly alada eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.


Milli Liderimiz ildeşlerimizi hem-de ylmy jemgyýetçiligi Berkarar Watanymyzda dabaraly bellenýän Ylymlar güni bilen ýene-de bir gezek gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýar durmuş, türkmen alymlaryna bolsa döredijilik üstünliklerini hem-de täze ylmy açyşlary arzuw etdi. 


Milli Liderimiz Ylymlar gününde bagyşlanan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çagyryldy. Häkim paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, desgalardaky gurluşyklaryň depginleri hem-de olaryň öz wagtynda ýokary hil derejesinde ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, şäheri abadanlaşdyrmak, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary we myhmanlary kabul etmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň düzümlerini has-da kämilleşdirmäge, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, ýaşamak üçin has amatly şäher gurşawyny döretmäge gönükdirilip, paýtagtymyhzda amala aşyrylýan işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekip, häkime birnäçe tabşyryklary berdi hem-de paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna, onuň arassalygynyň saklanylmagyna hemişe gözegçilik edilmeginiň wajypdygyny hem belledi.


Milli Liderimiz şäheri Aziada-2017-ä taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berip, ähli ölçegler boýunça zerur derejedäki düzgün-tertibiň üpjün edilmelidigini belledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň ulag ulgamynyň kämilleşdirilmegine, şol sanda şäher gulluklarynyň bildirilýän talaplara laýyk işlemegini ýola goýmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy hem-de bu wezipeleriň berjaý edilmegi üçin häkime anyk tabşyryklary berdi.


Soňra wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, orak möwsüminiň barşy, gowaça ideg etmek boýunça geçirilýän agrotehniki işler, şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde bina edilýän desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýitgisiz ýygnap almak, oba hojalyk tehnikalaryny, şol sanda däne orujy kombaýnlary netijeli ulanmak, kärendeçi gallaçylar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda bökdençsiz geçirmek meselelerine häkimiň ünsüni çekdi.


Döwlet Baştutanymyz gowaça ideg etmek, hususan-da, suwy rejeli peýdalanmak, gowaçalara ösüş suwuny tutmak, olary mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek, hatarara bejergi işlerini talaba laýyk geçirmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.


Milli Liderimiz ilatyň ýokary durmuş ölçeglerini üpjün edýän Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde gurulýan desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň möhletine we hiline eýermegiň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýdyp, bu işleriň berk gözegçilikde saklamak barada welaýatyň häkimine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow bugdaý oragynyň barşy barada hasabat berip, möwsüme gatnaşýan düzümleriň ählisiniň, şol sanda kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň sazlaşykly işleýändigi barada aýtdy.


Mundan başga-da, häkim deňizýaka sebitini durmuş-ýykdysady taýdan ösdürmek, iri desgalaryň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Obalary özgertmek boýunça milli maksatnama laýyklykda, welaýatda dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylýandygy habar berildi. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň bugdaýly meýdanlarynda alnyp barylýan galla oragy baradaky ieselä degip geçip, kärendeçi daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ösdüriş etişdirilen berketli guşgursak ak bugdaýy isripsiz ýygnap almagyň ýokary hilli we bellenilen möhletinde geçirilmegi üçin hemme tagallalary etmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagyny, kärendeçiler bilen öz wagtynda hasaplaşmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.


Welaýatda ähli oba hojalyk işlerini, şol sanda ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak baradaky işlerini ylmy esasda alyp barmak boýunça anyk tabşyryklar berildi.


Döwlet Baştutanymyz şeýle hem günbatar sebitde bina edilýän dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşyklaryny öz wagtynda tamamlamak, Hazaryň kenarýakalarynyň ekologiýa abadançylygyny ýokary derejede saklamak, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek boýunça işleri berk gözegçilikde saklamak barada häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew demirgazyk sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, galla oragyna guramaçylykly girişmek maksady bilen geçirilýän taýýarlyk işleri, gowaçalara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda göwnejaý ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem Oba milli maksatnamasynda welaýaty durmuş-medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmegi nazarlaýan dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň depginleri hakynda hasabat berdi.


Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda galla oragyna badalga berilmegine oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlygy bilen gyzyklanyp, gallaçylary we mehanizatorlary, bugdaý oragyna gatnaşýanlaryň ählisini meýdan işlerini ýokary hil derejesinde geçirmek maksady bilen, zerur serişdeler bilen üpjün etmek, gallaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek barada tabşyryk berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklamak hem-de gowaçalara ideg etmegi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ylmy esasda geçirmek barada häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Mundan başga-da, häkime Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatynda birnäçe tabşyryklar berildi.


Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew galla oragynyň barşy hakynda hasabat berip, kombaýnlaryň we oba hojalyk tehnikalarynyň, däne daşamakda ulaglaryň bökdençsiz işlemegini guramak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki işleriň çäklerinde ösüş suwuny tutmak, iýmitlendirmek we hatarara bejergi işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatyň iri gurluşyklarynda işleriň barşy hakynda habar berildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynda ähli düzümleriň işini talaba laýyk ýola goýmak, şeýlelikde, ýokary hilli däne taýýarlamak, şeýle hem kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek işine sazlaşykly we jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belledi.


Döwlet Baştutanymyz häkime ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagy, ähli oba hojalyk işlerini, ekinleriň, şol sanda gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda welaýatyň biolaboratriýalarynda we kärhanalarynda oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy ulanylýan serişdeleri öndürmek boýunça işleri guramaga ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri has işjeň ornaşdyrmagy tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz sebitiň önümçilik kuwwatyny we ilatyň durmuş derejesini has ýokarlandyrmak maksady bilen toplumlaýyn çäreleri kabul etmegiň möhümdigine ünsi çekip, häkime gurulýan desgalaryň iş depginlerini we bildirilýän talaplaryň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde işleriň ýagdaýy, oba hojalyk işleriniň geçirilişi, şol sanda galla oragynyň barşy hem-de gowaçalara ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bugdaý hasylyny ýygnamakda oragy has amatly agrotehniki möhletlerde geçirmäge mümkinçilik berjek kombaýnlar hem-de beýleki oba hojalyk tehnikalar işjeň ulanylýar. Şeýle hem sebitiň dürli künjeklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi.


Döwlet Baştutanymyza Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli çäreleriň hem-de bu waka gabatlanyp “Aziada dünýä metbugatynda” atly halkara media-forumynyň geçirilendigi barada habar berildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häkime orak möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň öndürijilikli işlemegini, ulanylýan tehnikalara hyzmatlaryň dessin amala aşyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz ýer eýeleriniň we mehanizatorlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekimegi üçin şertleriň döredilmegine, kärendeçi gallaçylar bilen hasaplaşylaryň öz wagtynda geçirilmegine aýratyn üns bermelidigini belledi.


Şular bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz beýleki oba hojalyk işlerine, aýratyn-da, gowaça meýdanlaryndaky işlere-de ünsi güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.


Milli Liderimiz serişdelerden rejeli peýdalanmagyň hem-de hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtap, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmegi hem-de gowaçalara ýokary hilli ideg edilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Döwlet Baştutanymyz ilatyň durmuşynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilýän desgalarda ýerine ýetirilýän işleriň hiline berk gözegçilik etmek barada görkezme berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara mediýa-forumy hem-de Aziýada-2017-niň ýaryşlaryna başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli çäreler baradaky meselä degip geçip, ýurdumyzy dünýäde sportuň ösdürilmegine örän uly üns berilýän döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilen bu iri sport ýaryşlaryna düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady.


Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, onuň dowamynda aýdylan bellikleriň ählisini seljermegi, degişli netijeleri çykarmagy hem-de ýerlerde işleri zerur derejede ýola goýmagy tabşyrdy.