Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň arasynda gepleşikler geçiriler


13-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we iş sapary bilen paýtagtymyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda gepleşikler geçiriler.


1992-nji ýylda BMG-niň agzasy bolan Türkmenistan1995-nji ýylda dünýä döwletleriniň 185-siniň goldamagy bilen Bitaraplyk derejesiniň berilmegine mynasyp boldy.


Türkmenistanyň birnäçe gezek BMG-niň Bas Assambleýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagy, bu abraýly guramanyň möhüm düzümlerine girmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy halkara giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.


Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bas Assambleýasynyň maslahatlarynda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary BMG-niň yglan eden 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda gün tertibiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.


BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy şu saparyň maksatnamasynyň esasy bölegi bolup durýar. Ol strategiki hyzmatdaşlygyň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim bolar.