Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Aşgabatda Ylymlar gününe bagyşlanan halkara maslahat açyldy


2017-nji ýylyň 12-nji iýunynda Aşgabatda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat açyldy. Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän bu foruma türkmen alymlary bilen bir hatarda dünýäniň onlarça ýurtlaryndan mugallymlar, ýaş ylmy işgärler gatnaşdylar.


Maslahatyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirildi. Umumy mejlisde Ýewropanyň we Aziýanyň belli ylmy merkezlerinden ylymlaryň doktorlary we professorlar: Andrea Walpersdorf (Grenobl uniwersiteti, Fransiýa), Hanno Şaumburg (Gamburg tehniki uniwersiteti, Germaniýa), Seong Min Hong, Gündogar-Günbatar ylmy-barlag ykdysadyýet we jemgyýet institutynyň prezidenti (Koreýa Respublikasy), Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň Ylmy işgärleri taýýarlaýan institutynyň rektory Igor Gançerenok, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti Georgiý Kwesitadze, akademik, Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Isa Akper ogly Gabibbeýli, Gazagystan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň akademigi Urişbaý Çomanow we beýlekiler çykyş etdiler.


Olar çykyşlarda bilim ulgamynyň dürli pudaklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degip geçdiler, özleriniň ylmy-barlag işleriniň netijelerini paýlaşdylar, hyzmatdaşlyk etmek we bilelikde işlemek üçin ýollara bolan garaýyşlaryny beýan etdiler. Çykyş edenler innowasion ykdysadyýetiň mazmuny boýunça ähli ykdysady işleriň we ýagdaýlaryň hil taýdan üznüksiz täzelenilmegine maýa goýmak bolup durýandygyny bellediler.


Halkara ylmy maslahatynyň umumy mejlisiniň barşynda türkmen alymlarynyň uly toparyna lukmançylyk, ykdysady, himiýa, tehniki, oba hojalyk, taryh, filologiýa, pedagogika, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktorlyk we kandidatlyk derejeleriniň diplomlary gowşuryldy.


Maslahata gatnaşyjylar Ylymlar gününe bagyşlanyp geçirilýän çärelere – ýaş türkmen alymlarynyň ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hem-de sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertine gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.


Ertir, maslahat bölümler boýunça işini dowam eder.