Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EKSPO-2017-de Türkmenistanyň sergi merkezini açdy


2017-nji ýylyň 10-njy iýunynda Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ylmy edaralarynyň hem-de önümçilik kärhanalarynyň birleşdirilen iri möçberli sergisiniň ýaýbaňlandyrylan EKSPO-2017 sergiler toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamin garşylady.


Biziň sergi merkezimiziň ýöriteleşdirilen halkara sergisinde ilkinji bolup açylyp, oňa gatnaşýan dürli ýurtlardan bolan žurnalistleriň, ilçileriň we diplomatlaryň, myhmanlaryň we sergä gelenleriň esasy üns merkezine öwrülendigini bellemek gerek.


Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara gutlag bilen ýüzlendi.Döwlet Baştutanymyz «Astana EKSPO–2017» halkara ýöriteleşdirilen sergisiniň başlamagy hem-de Türkmenistanyň Milli sergi merkeziniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de bu ägirt uly çäräniň guramaçylaryna we gatnaşyjylaryna üstünlikli işlemegi arzuw edip, bu Sergä gatnaşmaga çagyrandyklary üçin, Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.


Bu halkara sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy, biziň döwletimiziň we bu ähmiýetli çärä gatnaşýan ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri açýar hem-de oňat şertleri döredýär diýip, milli Liderimiz belledi.


Serginiň «Geljegiň energiýasy» atly şygary oňa gatnaşýan döwletleriň her biri üçin möhümdir. Bu şygar energiýany sarp etmek, energiýa howpsuzlygy hem-de energiýanyň tygşytlanmagy bilen bagly döreýän meseleler babatda halkara bileleşiginiň ynjalyksyzlanma bildirýändigini görkezýär. Bu meseleleriň çözülmegi kontinentde geosyýasy durnuklylyga, makroykdysady ýagdaýlaryň häsiýetine we mazmunyna gönüden-göni täsirini ýetirýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.


Şoňa görä-de, Serginiň baş maksady biziň, ýagny adamlaryň tebigata ýetirilýän zyýanyny azaldyp, dünýäde energiýanyň sarp edilişini meýilleşdirmegi hem-de oňa gözegçilik etmegi öwrenmegimiz üçin jogapkärçilige çagyryşdyr we bu ugurda bilimleri emele getirmekdir.


Şu şygar bilen Türkmenistanyň «Tebigat–energiýanyň egsilmez çeşmesi» atly milli ekspozisiýasynyň şygary doly utgaşyp gidýär. Şeýle şygar astynda biz öz tejribämizi hem-de «EKSPO–2017» sergisiniň tematikasynda yglan edilen anyk teklipleri ählumumy derejede seretmek üçin hödürleýäris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. Bu köptaraply işiň çäklerinde ýurdumyz tebigy serişdeleriň işjeň özleşdirilişini, aýawly ulanylyşyny, daşky gurşawy goramak we onuň howpsuzlygy baradaky aladasyny beýan edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýa ýaly energetika howpsuzlygynyň meseleleri boýunça möhüm halkara başlangyçlarymyzy durmuşa geçirýäris.


Ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglylykda, kontinentara söwda-ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan üçin energiýa howpsuzlygy we energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmek strategik ähmiýetli hem-de örän derwaýys bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady we şu ugurda häzirki zaman, diwersifikasiýalaşdyrylan, köp görnüşli energetika üpjünçilik ulgamlaryny döretmegiň örän möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. Sebitara we kontinentara gatnaşyklarynyň durnukly hem-de sazlaşykly bolmagy bu ulgamlaryň netijeli işlemegine köp babatda baglydyr.


Türkmenistanyň energetika syýasaty ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energiýa ulgamyna çalt goşulmagyna gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň öňe sürýän iri üpjünçilik ulgamlary boýunça taslamalarynyň ähmiýetini belläp geçdi. Şolaryň hatarynda häzir hereket edýän, türkmen «mawy ýangyjyny» goňşy ýurtlaryň çäkleriniň üsti bilen Hytaýa eltýän transmilli gazgeçirijisi bar.


Şonuň bilen bir hatarda Türkmenistandan Eýrana barýan gaz geçiriji hem hereket edýär. Şeýle hem, «Türkmenistan–Owganystan – Pakistan –Hindistan» gazgeçirijisiniň gurluşygy iş ýüzünde amala aşyrylyp başlandy. Bu gazgeçiriji sebiti ykdysady taýdan ösdürmäge, möhüm durmuş meselelerini çözmäge güýçli itergi berer. Sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam eder.


Ýangyç-energetika pudagy bilen birlikde, Türkmenistanyň elektrik energetikasy senagaty ýokary depginler bilen durnukly ösýär we dünýä bazarlaryna iberýän elektrik energiýasynyň möçberleri artýar. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gysga möhletlerde kuwwatly gazturbinaly elektrik stansiýalary hem-de täze elektrik geçiriji ulgamlar gurlup, pudagyň kuwwaty köp esse artdy. Şonuň netijesinde, diňe bir ýurdumyzyň sarp edijilerini doly üpjün etmäge däl, eýsem elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermäge hem mümkinçilik döredi.


Muňa pudakda ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar, şeýle hem ýurdumyzyň känlerindäki ägirt uly tebigy gaz gorlary ýardam berýär. Tebigy gaz bolsa, häzirki döwürde elektrik stansiýalary üçin iň netijeli hem-de ekologiýa taýdan howpsuz ýangyç bolup durýar.


Umuman, ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatynyň artdyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň eksportuny, ilki bilen, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmaga ýardam eder. Bu dostlukly ýurtda degişli üpjünçilik ulgamlarynyň döredilmegi bolsa, täze iş orunlaryny açmaga mümkinçilik berer, parahatçylykly gurluşyga we ýagdaýy durnuklaşdyrmaga goşant bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


Elektrik energiýasyny ibermegiň geljegi uly bolan beýleki ugurlary hem barha anyk ýüze çykýar. Hususan-da, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» transmilli gazgeçirijisiniň gapdaly bilen kuwwatly elektrik geçiriji ulgamy gurmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, gazgeçirijiniň ähli desgalaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da, ony Owganystanyň üsti bilen Päkistana hem-de Günorta–Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ibermäge hem mümkinçilik berer.


Biz bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Merkezi Aziýada we serhetdeş sebitlerde ösüşiň, umumy ýagdaýyň häsiýetine hem-de ugruna düýpli durnuklaşdyryjy täsirini ýetirmäge ukyply bolan örän möhüm geosyýasy şert bolup durýandygyna ynanýarys diýip, milli Liderimiz belledi.


Döwlet Baştutanymyz Türkmenistandan dürli taraplara uzap gidýän täze energiýa ugurlarynyň işe girizilmeginiň sebitiň beýleki döwletlerine uly goldaw bolýandygyny ýene-de bir gezek bellemek bilen, olar üçin halkara energetika ulgamyna goşulyşmaga şert döredýändigini, energiýa üpjünçiligi we energiýa howpsuzlygy üçin goşmaça mümkinçilikleri berýändigini nygtady.


Energiýa serişdelerine toplumlaýyn çemeleşmek, şol sanda olary öndürmek, ibermek we şu işleriň netijesinde sarp etmek Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» demir ýolunyň açylmagy barada durlup geçildi. Bu ýol Demirgazyk–Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolup durýar. Geljekde bu ulag geçelgesini beýleki bir Gündogar-Günbatar ulag geçelgesi bilen birleşdirmek göz öňünde tutulýar diýip, milli Liderimiz belledi.


Täze ulag geçelgesiniň emele gelmegi köptaraply söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýan Ýewraziýa kontinentiniň ähli ýurtlary üçin düýpli oňyn täzelikdir.


Energetika Hartiýasynyň Konferensiýanyň geçen ýylyň noýabrynda Tokio şäherinde geçirilen 27-nji mejlisinde biziň ýurdumyz 2017-nji ýylda bu iri halkara guramasynyň Konferensiýana başlyklyga saýlandy. Bu bolsa, Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyna, şeýle hem dünýä möçberinde energetika syýasatynyň meselelerini çözmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň ähmiýetiniň barha artýandygyna ýene-de bir gezek şaýatlyk etdi.


Maý aýynyň ahyrynda Halkara Energetika Hartiýasynyň «Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýolda» atly şygar bilen Aşgabat forumy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda belleýşi ýaly, bu duşuşyk Durnukly Ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň aýrylmaz şerti bolup durýan ählumumy energiýa howpsuzlygynyň täze binýadyny emele getirmek ýaly strategik ugurda ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň netijeli gepleşikleriniň dowamyna öwrüldi.


Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat forumynyň gün tertibinde energetika hyzmatdaşlygynyň düýbünden täze nusgalaryny işläp taýýarlamak meselelerine seredildi. Bu bolsa, dünýä ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwrülip biler. Onuň esasynda gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitleriniň deňligi, tebigy serişdelere, ekologiýa taraplaryna jogapkärli we aýawly garamak, energiýa çeşmeleriniň we olary sarp etmegiň bähbitlerini adalatly paýlamaga gönükdirilen giň jemgyýetçilik garaýyşlaryny hasaba almak durýar.


Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna özüniň başlyklyk etmegine taýýarlyk görmegiň barşynda işläp taýýarlan hemmetaraplaýyn konsepsiýasy ýurdumyzyň beýleki halkara başlangyçlaryna hem laýyk gelýär. Energiýa barha artýan ählumumy talaplary kanagatlandyrmak we Energetika Hartiýasyna agza döwletlerde maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, onuň düzümine täze ýurtlary çekmek maksady bilen, maýa goýumlaryny höweslendirmäge hem uly ähmiýet berilýär.


Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk edýän döwründe Nigeriýa, Burkina-Faso, Keniýa we Mali ýaly döwletler bu guramanyň agzasy boldular diýip, milli Liderimiz belledi.


Maý aýynda geçirilen forum Aşgabatda guralan ilkinji resmi çäre bolup durýar. Ýylyň dowamynda birnäçe beýleki çäreler hem geçiriler. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 2017-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçiriljek 28-nji mejlisi bolsa, Türkmenistanyň bu Gurama başlyklyk etmegindäki soňky çäre bolar.


Ählumumy ýagdaýlaryň ösüş depgini biziň öňümizde uly hem-de çylşyrymly wezipeleri goýýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Dünýä häzir özgerýär, özi hem çalt özgerýär. Täze, makroykdysady ýagdaýy dürli derejede bolan sebitler emele gelýär. Olar diňe geografiýa taýdan däl, eýsem öz dünýägaraýyşlary, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, ýörelgeleri we ölçegleri arkaly birleşýärler.


Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň gözümiziň alnynda ählumumy ykdysady giňişligiň täze görnüşleri döreýär. Täze iri bazarlar, ulag-üstaşyr geçiriş merkezleri we geçelgeleri peýda bolýar. Bu bolsa, ösüş üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Şol bir wagtda oýlanmagy, dünýä maliýe-ykdysady ulgamynda ýüze çykýan häzirki zaman wehimlerine dogry we barabar jogap çäreleriniň görülmegini hem talap edýär.


Türkmenistanyň milli ekspozisiýasy biziň özygtyýarly ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmakda gazanan üstünliklerimizi görkezýändigi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz onuň durnukly ösýändigini, döwürleriň özara baglanyşygyny we dünýäniň esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde kemala geliş ýagdaýyny aýdyň beýan edýändigini belledi.


Biz hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini aýdyň görýäris. Hyzmatdaşlarymyz bilen özara hormat goýmaga esaslanýan depginli gatnaşyklaryň möhümdigine anyk düşünýäris diýip, milli Liderimiz belledi hem-de energiýa howpsuzlygy babatdaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagy, Energiýa serişdelerini ibermek meselelerini syýasylaşdyrmakdan el çekmegi, Ýer togalagy diýlip atlandyrylýan umumy öýde ýaşaýan döwletleriň we halklaryň öňe gitmeginiň hem-de abadançylygynyň, geljekki nesillerimiziň bähbidine adalatly, deňhukukly we aç-açan hyzmatdaşlygy ýola goýmagy ündedi.


Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sergi merkeziniň girelgesinde toý bagyny kesdi hem-de içine girip, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklary bilen tanyşdyrylýan giňişleýin sergini synlady.