Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi


2017-nji ýylyň 29-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmegiň möhüm ugurlary, Diýarymyzda giňden bellenilýän şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi çagyrdy. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, ýetip gelýän orak möwsümi hem-de pile öndürmek bilen bagly işleriň netijeliligini artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


Şeýle hem häkim oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler, hususan-da, ak ekinlere ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan meýdan işleri, kärendeçi gallaçylary tehniki serişdeler we beýleki hyzmatlar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Soňra Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni çäreleriň maksatnamasy boýunça görlen çäreler barada habar berildi. Olaryň hatarynda aýdym-sazly dabaralar, döredijilik duşuşyklary we çykyşlar bolup, degişli sergiler guralar.


Şeýle hem häkim sebitiň çäklerinde Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.


Welaýatyň häkimi hasabatynyň barşynda meýdanlarda, aýratyn-da, ýetip gelýän galla oragy mynasybetli ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny pugta berjaý etmek hem-de şu ýylyň güýzünde paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 gün galmagy mynasybetli guraljak dabaralar barada aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obalary özgertmek boýunça milli maksatnamany üstünlikli amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýän işleriň ähmiýetine hem-de welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda görülýän çärelere düýpli we toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz galla oragyna öz wagtynda girişmek we ony çalt hem-de ýitgisiz tamamlamak bilen bagly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.


Şeýle hem milli Liderimiz dokma senagaty üçin gymmatly çig mal, onuň ýüpek önümçiligi üçin esas bolup durýan piläni öndürmek boýunça döwlet buýurmasyny abraý bilen ýerine ýetirmegiň möhümdigini belläp hem-de welaýatyň häkimine ýüzlenip, ýerlerde ähli ugurlar boýunça ýokary netijeleri gazanmagy tabşyrdy. Halkymyzyň gadymy senetleriniň biri bolan ýüpekçilik bu gün mynasyp dowam etdirilýär we ösdürilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.


Milli Liderimiz ekin meýdanlarynyň ýeterlik derejede suw üpjünçiligine, ýangyn howpsuzlygyna, hususan-da, galla meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.


Hormatly Prezidentimiz Çagalary goramagyň halkara gününe hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmegine ünsi çekmek bilen, degişli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ösüp gelýän nesli terbiýelemegiň täze döwürde öňümizde durýan esasy wezipeleriň biridigini belledi. Hut çagalyk döwründe şahsyýetiň gylyk-häsiýetleri, ahlak garaýyşlary we gymmatlyklary, durmuşa ukyplylygy we maksada okgunlylygy taplanýar. Bularyň hemmesi ozaly bilen maşgalada kemala gelýär. Çünki çaga maşgalada söýgini we aladany duýup, özüne hem-de öz ýakynlaryna bolan jogapkärçiligi duýmagy öwrenýär, köp zat öwrenmäge çalyşýar.


Döwlet Baştutanymyz täze gurulýan desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga berilmelidigini hem-de gurluşyk işleriniň hiliniň degişli derejä kybap gelmelidigini belläp, welaýatlary ösdürmäge bolan döwrebap çemeleşmäniň adamlaryň amatly we bagtly durmuşyny döretmegi ugur edinýändigini aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna galan wagtyň azalandygyny nazara alyp, häkime Aziada—2017-ä taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Aziýa oýunlary halkara sport hereketini has-da ösdürmäge, dünýä giňişliginde milli sportuň abraýyny artdyrmaga mynasyp goşant bolar.


Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini, hususan-da, galla oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.


Häkim welaýatda pile taýýarlamak boýunça önümçilik meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň barşy hakynda habar berdi. Şeýle hem sebitiň senagat düzümini ösdürmek, Oba milli maksatnamasynda durmuş-medeni ähmiýetli desgalary gurmak “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze desgalary gurmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. Habar berlişi ýaly, obalary özgertmek boýunça milli maksatnama laýyklykda, welaýatda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şu ýyl olaryň birnäçesini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.


Häkim çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler barada habar berip, olary guramaçylykly geçirmek maksady bilen ýörite meýilnamanyň taýýarlanandygy barada aýtdy. Çäreler welaýatyň ähli künjeklerinde ýerleşen çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, mekdeplerde, konsert meýdançalarynda we seýilgählerde geçiriler.


Şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 gün galmagy mynasybetli Balkan welaýatynda guraljak dabaraly çäreleriň meýilnamasy, Balkan welaýatyny abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada habar berildi.


Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri barada aýdyp, sebitiň önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagynyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň deňizýaka sebitiniň örän uly mümkinçiliklerini amala aşyrmak bilen bagly meseleleriň oýlanyşykly çözülmegine baglydygyny belledi. Milli Liderimiz sebitde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň netijeliligini artdyrmak boýunça işleriň göwnejaý derejede ýola goýulmagyny talap etdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzyň dokma senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak üçin zerur bolan piläniň öndürilişine berilýän ünsi güýçlendirmek barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz obasenagat toplumynyň zerurlyklarynyň üpjün edilmegini, şol sanda ekin meýdanlaryny suwarmak üçin zerur bolan suw bilen üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagyň, serişdeleri rejeli peýdalanmagyň we hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi.


Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatyň çäginde bina edilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak we ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek bilen bagly bolan meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.


Milli Liderimiz yssy günleriň başlanmagy bilen baglylykda, welaýatyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da, galla oragy geçirilýän meýdanlarda ýangyn howpsuzlygy boýunça çäreleri güýçlendirmegi, ilat bilen öňüni alyş işlerini geçirmegi talap etdi.


Döwlet Baştutanymyz Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmek bilen bagly meselä degip geçip, şol günüň ýurdumyzyň körpe raýatlary üçin ýatdan çykmajak waka öwrülmegi üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Bellenilişi ýaly, bu baýramçylyk umumadamzat gymmatlyklaryny we maksatlaryny berkarar etmegiň ýolunda dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi taýdan bellenilýän seneleriniň sanawyna girizildi. Çünki ýokary durmuş şertlerini döretmek döwletimiziň esasy maksady bolup, şunda her bir adam, şol sanda aýratyn alada mätäç bolan çagalar özüni durmuş taýdan goragly duýup, birmeňzeş durmuş şertlerine eýe bolýar.


Milli Liderimiz Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek bilen bagly wezipeleriň möhümdigini belläp, degişli ugurda tagallalary güýçlendirmegiň hem-de zerur bolan ähli çäreleri görmegiň wajypdygyndan ugur alyp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.


Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew öz çykyşyny sebitdäki işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatdan başlady. Şeýle hem galla oragyna degişli guramaçylyk işleri, welaýatyň ýüpekçilik pudagynyň önümçilik görkezijileri barada habar berildi.


Şeýle-de, häkim welaýatyň çäginde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, sebitiň durmuş ulgamyny we beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdi.


Welaýat häkimi şeýle hem Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni maksatnama barada habar berdi.


Hasabatyň barşynda welaýatyň çäginde, aýratyn-da, galla meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça welaýatyň etraplarynda ýaýbaňlandyrylan guramaçylyk işleri hakynda aýdyldy. Bulardan başga-da, häkim Aziada-2017-niň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli geçiriljek dabaralara hem-de köpçülikleýin sport çärelerine taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan işleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk gelmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak barada görkezmeleri berip, häzirki zaman oba hojalyk ylmynyň gazananlarynyň esasynda ekerançylygyň medeniýetini we tejribesini kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.


Döwlet Baştutanymyz pile öndürmek boýunça tabşyryklary öz wagtynda ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýüpekçilik onda aýratyn orun eýeleýär. Häzir ýüpekçileriň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär diýip, milli Liderimiz bu önümçilige maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzda piläniň öndürilişini has-da artdyrmaga, pudagy ösdürmäge ýardam eder.


Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimleriniň üstüne galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça uly jogapkärçiligiň düşýändigini belledi.


Milli Liderimiz ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň, aýratyn-da, galla meýdanlarynda üpjün edilmeginiň möwsümiň esasy talaby bolup durýandygyny belläp, bu babatda wezipeleri takyk ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy wezipeleriniň üstünde durup geçip, sebitiň önümçilik kuwwatyny hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy hem-de häkime bina edilýän desgalaryň gurluşyk depginlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Şol desgalar ygtybarlylygyň döwrebap ölçeglerine laýyk gelmelidir.


Döwlet Baştutanymyz Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görmegiň derejesine ünsi çekip, maşgala, ene-ata, çagalar hakynda alada baradaky döwlet syýasatynyň ykdysady milli strategiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny belledi. Bu strategiýa türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, jemgyýetiň ruhy, aň-bilim, döredijilik mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilendir.


Hormatly Prezidentimiz Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek hem-de onuň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli geçiriljek çäreler baradaky meselä geçip, beden we ruhy taýdan kämil nesilleri kemala getirmegiň sport ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy maksady bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şanly senelere bagyşlanan çäreleri geçirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek, boýunça amala aşyrylýan gündelik işleriň ýagdaýy, şol sanda galla oragyna görülýän taýýarlyk we pile taýýarlamagyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


Häkim ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, hususan-da, galla oragy döwründe üpjün edilmegi baradaky meseleler barada aýdyp, bu maksat bilen ýörite çäreleriň toplumynyň taýýarlanandygyny habar berdi.


Şeýle hem gündogar welaýatynyň häkimi «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş - durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasynda» bellenilen dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy hem-de ýetip gelýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çäreleriň meýilnamasynyň taýýarlanandygy barada aýtdy.


Mundan başga-da, häkim Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna welaýat derejesinde taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan guramaçylyk işleri barada hasabat berdi. Hususan-da, welaýatda Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli dabaralary guramagyň meýilnamasy barada aýdyldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegi bilen göz öňünde tutulan ähli oba hojalyk meýilnamalarynyň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


Milli Liderimiz ýetip gelen galla oragyny guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu möhüm we jogapkärli möwsümiň çalt hem-de ýitgisiz geçirilmegini üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.


Döwlet Baştutanymyz ýüpekçilik pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýokary hilli çig mal önümçiliginiň möçberini artdyrmak maksady bilen pile öndürmek bilen baglanyşykly wezipelere hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, häkime bu wajyp pudagy ösdürmek bilen bagly görkezmeleri berdi.


Hormatly Prezidentimiz tomus möwsüminiň başlanmagy bilen baglylykda, ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berk berjaý edilmegi babatynda häkime aýratyn görkezmeleri berdi.


Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň ähmiýetine ünsi çekip, welaýatyň obalarynyň we şäherleriniň keşbini özgertmek, ilatyň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän çärelere örän jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, welaýatda gurulýan ähli desgalaryň gurluşygynyň barşyna, hususan-da, durmuş maksatly binalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime häzirki zaman “Gaýnarbaba” şypahanasynyň gurluşygyna degişli meseleleri işläp taýýarlamak boýunça anyk tabşyryklar berdi, şypahana özüniň bejeriş häsiýetli suwy bilen belli bolan çeşmeli künjekde ýerleşer. Biziň ýurdumyzdaky düzümi boýunça seýrek duş gelýän mineral suwlar hem-de beýleki bejeriş serişdeleriniň köpüsi gaýtalanmajak aýratynlygy bilen tapawutlanar, olar ilatymyzyň saglygynyň berkidilmegi üçin has doly peýdalanylmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.


Döwlet Baştutanymyz öňde boljak Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Aziada-2017-ä badalga berilmegine 100 gün galmagy mynasybetli baýramçylyk çärelerine ünsi çekip, welaýatyň obalarynda we şäherlerinde bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek barada häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, gowaça ideg etmek we galla oragyna taýýarlyk görmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Häkimiň habar berşi ýaly, welaýatda orak möwsüminde işlediljek tehnikalar doly taýýar edildi, oragy guramak we öz wagtynda geçirmek boýunça meýilnama işlenip taýýarlanyldy.


Häzir welaýatyň ýüpekçileri gyzgalaňly döwri başdan geçirýärler, olar pile taýýarlamak baradaky borçnamany doly möçberde ýerine ýetirmek maksady bilen tutanýerli işleýärler.


Döwlet Baştutanymyza “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşy hakynda habar berildi. Onuň çäklerinde, hususan-da, welaýatda dürli maksatly desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Şeýle hem Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň bökdençsiz işini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, orak möwsüminde gallaçylaryň we mehanizatorlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine, tehnikalara dessin hyzmat etmek boýunça işlere aýratyn üns bermeli. Galla oragynyň ýokary depginlerde geçirilmegi, elewatorlaryň bökdençsiz işlemegi, dänäni saklamagyň we ibermegiň şertlerini üpjün etmeli.


Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýüpekçilik ýaly geljegi uly pudagy has-da ösdürmegiň möhümdigi barada aýdyp, welaýatyň häkimine bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yssy günleriň başlanmagy bilen baglylykda, ekin meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine aýratyn üns bermegi talap etdi.


Şeýle hem häkime iýun aýynda bellenilýän baýramçylyklara, köpçülikleýin medeni çärelere, şeýle hem tomusky dynç alyş möwsümine, ozaly bilen, çagalaryň dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeler berildi.


Hormatly Prezidentimiz ilatyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen Milli oba maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna ünsi jemläp, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, gurulýan desgalarda ýerine ýetirilýän işleriň möhletine we hiline berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.


Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyny dowam edip, ýakyn wagtda 2017-nji ýylyň iri sport wakalarynyň birine öwrüljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli geçiriljek çäreler barada durup geçdi. Bu wakanyň ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alan atly ýörişiň Mary welaýatynyň çäginden geçýän wagtyna gabat gelip, onuň Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdanynda Aziada—2017-niň açylýan güni tamamlanýandygyny belledi.


Hormatly Prezidentimiz sebitiň ilatynyň gatnaşmagynda Aziada—2017-ä taýýarlyk görmegiň tamamlaýjy tapgyra gadam basandygyny alamatlandyrýan simwoliki senäni dabaraly ýagdaýda belläp geçmek barada görkezme berdi.


Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ähli welaýatlarda galla oragyna taýýarlyk işleri tamamlandy. Gowaça ideg etmek we beýleki meýdan işleri dowam edýär.


Wise-premýer şeýle hem obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmak, hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýer kadastrasyny düzmek, ekin meýdanlarynyň suwaryş suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, suw desgalaryny arassalamak, oba hojalyk pudagynyň dolandyryş düzümlerini kämilleşdirmek barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümlerini döretmek meseleleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny ýene-de bir gezek nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn belleýşi ýaly,galla oragy ählihalk işidir, her bir adam özüne ynanylan ýerde bu möhüm çärä öz goşandyny goşmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bar bolan ähli tehnikanyň gije-gündizleýin we bökdençsiz işledilmegini, gallaçylaryň göwnejaý dynç almagyny guramagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere galla oragyny üstünlikli geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz gallaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirmeginiň üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy.


Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, şäher hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça geçirilýän işler, bu ýerde durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem öňde boljak Çagalary goramagyň halkara gününe görülýän taýýarlyk barada habar berildi, bu senä gabatlanyp uly baýramçylyk maksatnamasy taýýarlanylýar. Häkim hasabatyň çäklerinde yssy howanyň gelmegi bilen baglanyşykly ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada habar berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümleriniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, amatly şäher gurşawynyň döredilmegine gönükdirilip paýtagtymyzda amala aşyrylýan ähli işleriň hiline hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň zerurdygy barada aýdyp, bu babatda häkime birnäçe degişli görkezmeleri berdi.


Milli Liderimiz paýtagtymyzda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýtmak bilen, bina edilýän desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bina edilýän desgalar ähli görkezijiler babatynda täze taryhy eýýamyň we halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň köçelerinde hem-de geçelgelerinde sürüjiler we pyýadalar üçin zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler ýol hereketiniň howpsuzlygynyň we sazlaşygynyň üpjün edilmegine ýardam bermelidir.


Paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi hem möhüm mesele bolup durýar, bu maksatnamanyň çäklerinde Aşgabadyň töwereklerinde giň tokaý zolaklary döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Tebigat hakynda alada etmek bilen biz geljekki nesilleriň abadançylygynyň binýadyny goýýarys diýip, milli Liderimiz bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işleriň guralyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi.


Döwlet Baştutanymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna badalga berilmegine 100 günden gowrak wagtyň galandygyny aýdyp, bu iri sport bäsleşiklerine ykjam taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz ähli görkezijiler boýunça degişli tertibiň üpjün edilmelidigini nygtap, bu işde Aşgabadyň ulag ulgamynyň kämilleşdirilmegine, şol sanda şäher gulluklarynyň degişli derejede işlemegine aýratyn ornuň degişlidigini aýtdy.


Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň käbir etraplarynyň ýolbaşçylarynyň işiniň bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigine nägilelik bildirip, tomus möwsümine taýýarlyk görmek, ozaly bilen bolsa ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilmegine berk gözegçiligiň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurak howanyň saklanmagy bilen ýangynyň ýüze çykmagynyň ähtimallygynyň ep-esli artýandygyny nygtap, ýangyn döremeginiň öňüni almak üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini, degişli gulluklar bilen bilelikde ýangyny öçürmegiň ilkinji serişdeleri bilen üpjün edilişine yzygiderli barlaglary geçirmegi talap etdi.


Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Çagalary goramagyň halkara gününe gabatlanyp geçiriljek çärelere taýýarlyk görülmegine ünsi çekip, ösüp gelýän nesil, onuň saglygy we abadançylygy, ruhy-ahlak terbiýesi we sazlaşykly ösmegi baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz baýramçylyk çäreleriniň many-mazmunly we gyzykly maksatnama bilen üpjün edilmegini belläp, bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.


Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, aýdan belliklerinden degişli netijeleri çykarmagy we ýerlerde işleri degişli derejede guramagy tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmegiň we onuň halkara abraýyny artdyrmagyň bähbidine giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.