Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady


2017-nji ýylyň 23-nji maýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andreas Friganasdan ynanç hatyny kabul etdi.


Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili ýurdumyzyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan giň halkara hyzmatdaşlyk şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.


Ilçä milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň barşy hem-de dürli ulgamlarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylýan milli we halkara ähmiýetli taslamalar barada hem gürrüň berildi.


Iki dostlukly döwletiň ykdysady taýdan gülläp ösmegine hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga ýardam etjek hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Gresiýanyň ilçisi öz ýurdunyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.


Mejlisiň kanunçykaryjylyk işi barada hem aýratyn durlup geçildi. Şol iş bolsa ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda döwlet gurluşynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, demokratik özgertmeleri üstünlikli ilerletmäge gönükdirilendir.


Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we parlamentara gatnaşyklary giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara türkmen-grek gatnaşyklaryny ýola goýmagyň maksadalaýyklylygy bellenildi.