Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi


Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine seredildi.


Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda ýurdumyzda her ýyl giňden we dabaraly bellenýän Ýeňiş gününiň ýetip gelýändigini belledi. Taryhda iň pajygaly uruşlaryň biri bolan 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watany gorap, söweş meýdanlarynda türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesi deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlyk we gahrymançylyk görkezdiler. Biziň gahrymanlarymyzyň şol söweşlerde görkezen mertligi we edermenligi ölmez-ýitmezdir. Tylda galan watandaşlarymyz hem janaýaman zähmet çekip, gazanylan Beýik Ýeňşe uly goşant goşdular. Biz eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy, ýagty geljegimizi gorap, wepat bolan gahrymanlarymyzyň hatyrasyny, uruşdan ýeňiş bilen gaýdyp gelen gerçeklerimiziň, tylda gijesini gündiz edip, merdanalyk bilen zähmet çeken ildeşlerimiziň mertebesini hemişe belent tutarys diýip, milli Liderimiz nygtady.


Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen tutuş halkymyzy, merdana uruş weteranlarymyzy, tylda yhlas bilen zähmet çeken ildeşlerimizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, asuda, abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ilatynyň Ýeňiş gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 7-nji maýdaky dynç gününi 8-nji maýa- duşenbe gününe geçirmek barada karara gelendigini aýtdy we degişli Permana gol çekdi.


Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň esasy maksatlaryny we wezipelerini nazara almak bilen ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri, şeýle hem 16-njy maýda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy - ösüşiň hukuk binýady» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.


Maslahatyň işi dört bölümden ybarat bolup, olary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda we Konstitusiýa binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.


Döwletiň we jemgyýetiň demokratik ýörelgelerini anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga, Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, aýry-aýry ugurlary has-da ösdürmäge ýardam edýän kanunlaryň we kararlaryň birnäçesini ara alyp maslahatlaşmak boýunça Mejlisiň deputatlarynyň alyp barýan işleri barada hem aýdyldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi häzirki taryhy döwrümiziň möhüm talaby bolup durýandygyny belläp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, hereket edýän milli kanunçylyga ornaşdyrmak maksady bilen, dünýäniň iň gowy kanunçykaryjylyk tejribesini öwrenmegiň we seljermegiň möhümdigini nygtady.


Milli Liderimiz kabul edilýän kanunlary hem-de beýleki kanunçylyk namalaryny düşündirmegiň, dünýä bileleşigi üçin uly gyzyklanma döredýän Türkmenistanyň döwlet gurluşynda toplan ägirt uly oňyn tejribesini giňden wagyz etmegiň möhümdigi barada aýdyp, Konstitusiýanyň sazlaşykly ösýän döwletimiziň mizemez hukuk binýadydygyny belledi. Esasy Kanunda adamyň, jemgyýetiň we döwletiň ýokary gymmatlygy bolup durýandygy kesgitlendi.


2016-njy ýylyň sentýabrynda Esasy Kanunyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda täze taryhy döwrüň başlanmagyny alamatlandyrdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanan maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu hepdede Owganystan Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.


Goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda doganlyk ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine gönükdirilen giň möçberli çäreler görülýär. Şol çäreleriň hatarynda ähli ugurdaş düzümi bilen TOPH gaz geçirijisiniň we Türkmenistandan Owganystana demir ýoluň gurluşygyny, ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilmegini, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda goldaw berilmegini hem-de Owganystanyň halkyna yzygiderli ynsanperwerlik kömeginiň berilmegini görkezmek bolar.


Kabula iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Ol goňşy döwletiň doganlyk Türkmenistan bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny nygtady. Owgan Lideri öz ýurdunyň halkynyň adyndan hemişe uly kömek berýändigi, Owganystan üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan möhüm düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işleri amala aşyrýandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.


Şeýle hem Kabulda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň başga-da birnäçesi, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasynyň maliýe ministri, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-owgan hökümetara toparynyň owgan tarapyndan başlygy Eklil Hakimi hem-de Owganystanyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy Abdulla Abdulla bilen duşuşyklar geçirildi.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen mundan beýläk hem Owganystan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürjekdigini, doganlyk ýurduň parahatçylyk ýoly arkaly dikeldilmegine, onuň ykdysady we durmuş düzüminiň berkidilmegine, häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna yzygiderli goşulyşmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini nygtady.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň parahatçylyga we ylalaşyklylyga, durnuklylyga hem-de abadan durmuşa ymtylmalarynda owgan halky bilen raýdaşlygyny belledi. Häzirki döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhy hil taýdan täze tapgyry başdan geçirýär. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bilelikdäki iri düzümleýin taslamalaryň hatarynda Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de geçen ýylyň noýabrynda ulanmaga berlen Atamyrat - Ymamnazar - Akina demir ýoly- Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň birinji tapgyry bar. Bu energetika we ulag-kommunikasiýa ýollary taslama gatnaşýan ýurtlaryň halklarynyň, tutuş sebitiň abadançylygynyň we rowaçlygynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.


Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly ýol, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýändigini ýene-de bir gezek nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine däp bolan türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga degişli anyk tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow 11-nji maýda Aşgabat şäherinde Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 7-nji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýer öňümizdäki duşuşygyň gün tertibine söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleriniň girizilendigini hem-de mejlisiň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, nemes kompaniýalarynyň energetika, daşky gurşawy goramak, oba hojalygy, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, arheologiýa, döwrebap ulag-aragatnaşyk düzümini döretmek, maliýe ulgamlarynda Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garalar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýurdumyzyň esasy işewür hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi. Bu döwlet bilen gatnaşyklar özara ynanyşmak, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine hem-de iki halkyň dostlugyna esaslanýar. Döwletara hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi toplanyldy hem-de dürli ulgamlarda bilelikde işlemegiň ýokary netijeleri gazanyldy. Aşgabatda geçiriljek şu duşuşyk hem, öňküleri ýaly, biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklara täze itergi berer we däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, uzak möhletleýin hem-de özara bähbitlilik esasynda guralýan köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň has oňaýly ýollaryny we gurallaryny kesgitlemäge ýardam eder. Döwlet Baştutanymyz Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gaz geçirijiniň türkmen bölegini çekmek işleri bellenilen tertibe laýyklykda alnyp barylýar.


Şu ýylyň ýanwarynda Aşgabatda “TAPI Pipeline Company Limited” hem-de “ILF Beratende Ingenieure GmbH” (GFR) kompaniýalarynyň arasynda gaz geçirijiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň çägine düşýän bölegi boýunça Başlangyç tehniki taslamany işläp taýýarlamak hem-de Taslamany dolandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada şertnama baglaşyldy. Şol döwletleriň çäklerinde ýerine ýetiriljek tehniki işlere badalga berildi.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, TOPH taslamasyny amala aşyrmagyň meselelerine ünsi çekip, ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny döretmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda täze energetika ulgamynyň halkara ähmiýetiniň uludygyny belledi.


Milli Liderimiz Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna tebigy gazy uzak möhletleýin akdyrjak TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagynyň sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berip, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge, parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmäge ýardam etjekdigini belledi.


Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu iri energetika taslamasyny has-da ilerletmek bilen bagly bolan işleriň depginlerini artdyrmak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Soňra wise-premýer türkmen nebitçileriniň zähmet üstünligi barada hoş habary aýtdy. Hazarýaka sebitinde ýerleşen Uzynada meýdanynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň hünärmenleri çuňlugy 7 müň 150 metre deň bolan guýynyň buraw işlerini tamamladylar.


Geçirilen geofiziki barlaglaryň we guýudan alnan maglumatlaryň netijesinde, bu guýuda 6689-6695 metr aralyk özleşdirilende gaz kondensat akymy alyndy. Hünärmenleriň deslapky hasaplamalaryna görä, häzirki wagtda guýynyň önüm berijiligi gije-gündizde 500 müň kub metr tebigy gaza we 150 tonna gaz kondensatyna barabardyr.


Umuman, munuň özi Hazaryň kenarýaka zolagynyň we ýalpaklygynyň ägirt uly kuwwatyny tassyklap, ýurdumyzyň ýerastynda nebitiň we gazyň uly gorlarynyň bardygyna şaýatlyk edýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, nebitçileri täze zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, çykarylýan nebitiň we gazyň möçberini artdyrmak hem-de pudagyň çig mal binýadyny berkitmek eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam edýän ýangyç-energetika toplumynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hataryna girýär.


Hazarýaka sebitinde geljegi uly täze ýatagyň açylmagy - Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup, bu strategiýa dünýäniň esasy energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod serişdelerini toplumlaýyn we netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň «Sarahs-Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy barada hasabat berdi.


Wise-premýer şekiller arkaly häzirki wagtda köprüde abadanlaşdyryş işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny, arassalaýyş işleriniň dowam etdirilýändigini aýtdy. Häzirki wagtda ýoluň uzynlygy 500 metre barabar bolan türkmen bölegine asfalt düşemek hem-de awtomobil köprüsine barýan uzynlygy 105 kilometr bolan Tejen - Sarahs awtomobil ýoluny düýpli abatlamak işleri tamamlandy, ýoluň ýakalaryny timarlamak işleri alnyp barylýar.


Döwlet Baştutanymyza uzynlygy 242 kilometre barabar bolan Türkmenbaşy - Garabogaz - Gazagystanyň serhedi awtomobil ýoluny gurmak boýunça hem alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag-logistiki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan taslamalaryň möhümdigine ünsi çekip, umumy ykrar edilen dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap awtomobil ýollarynyň, köprüleriň we okgunly ösýän ulag-kommunikasiýa düzüminiň beýleki möhüm desgalarynyň gurluşygyna mundan beýläk-de aýratyn üns berilmelidigini belledi. Türkmenistanyň hem-de onuň ýakyn goňşulary bolan Eýranyň we Gazagystanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi bilelikdäki özara bähbitli taslamalarda hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegini, täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşmagyny talap edýär. Şol geçelgeler bolsa Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň hem-de goňşy sebitleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär.


Milli Liderimiz ýokary tizlikli Aşgabat - Türkmenbaşy multimodal ýolunyň dowamy boljak Türkmenbaşy - Garabogaz - Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy bilen bagly meseläni içgin öwrenmek barada degişli tabşyryklary berdi. Munuň özi goňşy ýurtlaryň arasynda ulag gatnawlaryny artdyrmaga hem-de haryt dolanyşygynyň möçberlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.


Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmegi D.Amangeldiýewiň üstüne ýükleýändigini aýdyp, degişli Karara gol çekdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa 3-nji maýda Aşgabat şäherinde geçirilen Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak toparynyň dokuzynjy mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.


Wise-premýeriň habar berşi ýaly, duşuşygyň gün tertibine döwletara ylalaşyklary, Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler girizildi. Söwda-ykdysady ulgamda, ulag we telekommunikasiýalar, oba hojalygy, ýangyç-energetika hem-de beýleki birnäçe pudaklarda gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi.


Duşuşyga gatnaşyjylar ynsanperwer gatnaşyklary, daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek barada bir pikire geldiler.


Bilelikdäki Türkmen-gazak hökümetara toparynyň işiniň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda täze anyk mazmuna eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, ähli ugurlarda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şol mümkinçilikleri netijeli amala aşyrmak wajyp mesele bolup durýar.


Döwlet Baştutanymyz halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň we täze mümkinçilikleri öwrenmegiň möhümdigini belläp, iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Hazar deňziniň kenarýakasynda topragy arassalamak boýunça teklip edilýän taslama barada hasabat berdi. Bu işi “Gazyk” hususy kärhanasyndan, “Hazar Balyk” açyk paýdarlar jemgyýetinden hem-de Beýik Britaniýanyň “Global Ecological Ventures” kompaniýasyndan ybarat konsorsium ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär.


Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň 10-njy iýunyndan 10-njy sentýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilýän «EKSPO-2017» halkara ýöriteleşdirilen sergä taýýarlyk görmegiň barşy hakynda hasabat berdi. 29-njy iýunda serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününi geçirmek göz öňünde tutulýar.


Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada, hususan-da, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler hakynda hasabat berdi.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Hazarýaka sebitiniň täsin ekologiýa ulgamyna eýedigini belledi. Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsi aýawly çemeleşmegi talap edýär. Türkmenistan bu ugurda öz üstüne alan borçnamalary takyk berjaý edýär hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy, Hazaryň ekologiýa maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy we beýleki halkara guramalary we gaznalary bilen bilelikde tebigaty goramak boýunça iri taslamalary durmuşa geçirýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.


Hormatly Prezidentimiz Hazaryň tebigy gurşawynyň ekologiýa abadançylygyny hojalyk işiniň we tehnogen ýagdaýlaryň ýaramaz täsirinden goramak üçin anyk çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda teklip edilýän taslamanyň amala aşyrylmagynyň oňyn netijeleri berjekdigini aýtdy. Milli Liderimiz wise-premýeriň beýan eden teklibini makullap, oňa birnäçe görkezmeleri berdi.


Milli Liderimiz Türkmenistanyň halkara sergisine gatnaşmagynyň esasy maksadynyň diňe forumyň esasy mowzugy - “Geljegiň energiýasy” diýen mowzugy şöhlelendirmek däl-de, eýsem, “EKSPO-2017”-de Türkmenistanyň aýdyň, täsirli keşbini döretmekden ybaratdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz serginiň türkmen böleginiň şygary hökmünde “Tebigat - energiýanyň tükeniksiz çeşmesi” diýen şygary hem-de nyşanlaryň görnüşleriniň birini makullady. Döwlet Baştutanymyz bu çärä ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.


Milli Liderimiz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işi barada durup geçmek bilen, bu düzümiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň önümlerini has işjeň ýerlemek maksady bilen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem-de dünýä bazarlarynda maglumat-marketing işi boýunça biržanyň netijeli işlemegini ýola goýmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda anyk çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew 20-21-nji iýulda Aşgabat şäherinde gestasion süýjüli diabet boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin maslahatyny geçirmek hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitinde gyzzyrma keseliniň gaýtadan ýaýramagynyň öňüni almak boýunça Aşgabat Jarnamasyna gol çekmek, Türkmenistanyň zehinli ýaşlaryny daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine okuwa ugratmak barada hasabat berdi.


Häzirki wagtda Türkmenistan iri halkara guramalary hem-de abraýly sebit düzümleri bilen häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleler boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Şu hyzmatdaşlygyň çäklerinde gestasion süýji diabetiniň öňüni almak boýunça bejeriş-öňüni alyş çärelerini guramak babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Enelere we çagalara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy netijesinde ene süýdi bilen iýmitlendirmek düzgünlerini üstünlikli ornaşdyrylan saglygy bejeriş, öňüni alyş edaralarynyň ählisi diýen ýaly, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri tarapyndan tassyklanan “Çagalara mähirli garaýyş hassahanasy” diýen ýokary derejä eýe boldular.


Mälim bolşy ýaly, Ýewropa sebitinde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2013-nji ýylyň 3-4-nji dekabrynda geçirilen Ýewropa sebitiniň ministrler maslahatynda Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Ol ýurdumyzyň bu kesellere garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmek ýörelgesine ygrarlydygyny tassyklady.


Şunuň bilen baglylykda, 20-21-nji iýulda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda gestasion süýjüli diabet boýunça sebit maslahatyny geçirmek teklip edilýär. Şeýle forumyň geçirilmegi daşary ýurtly myhmanlary milli lukmançylykda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmaga hem-de süýjüli diabetli göwreli aýallarda diabetiň öňüni almak meseleleri boýunça tejribe alyşmaga mümkinçilik berer.


Wise-premýer şeýle hem geçen ýylyň iýul aýynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitinde gyzzyrma keseliniň gaýtadan ýaýramagynyň öňüni almak boýunça geçirilen ýokary derejeli forumyň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasyna türkmen tarapyndan gol çekilmegine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli buýrugynyň taslamasyny taýýarlamaga döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowdan ygtyýar bermegini sorady.


Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylda Türkmenistan gyzzyrmadan azat ýurt hökmünde ykrar edildi. Munuň özi BSGG-niň ýörite güwänamasy bilen resmi taýdan tassyklanyldy. Biziň ýurdumyzyň gyzzyrma keseliniň öňüni almaga gönükdirilen giň möçberli çäreleriň birnäçesini üstünlikli durmuşa geçirip, sebitde ýaýran beýleki keselleriň köpüsiniň öňüni almaga döwlet derejesinde çemeleşýändigini dünýä bileleşigine görkezendigini bellemelidiris. Munuň üçin ýurdumyz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň degişli halkara güwänamalaryna mynasyp boldy.


Soňra wise-premýer türkmen talyplaryny daşary ýurtlara okuwa ugratmak bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, hökümetara ylalaşyklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ýaşlary daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberilýär we türkmen talyplarynyň sany ýylsaýyn artýar.


Wise-premýer ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýokary hünärli işgärlere bolan islegleriniň öwrenilendigini, dürli okuw maksatnamalary boýunça okuwlar, hünärleri seçip almak hem-de okuw orunlarynyň sany bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde işlenilendigini habar berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gestasion süýjüli diabet meseleleri boýunça sebit maslahatyny geçirmäge hem-de Ýewropa sebitinde gyzzyrma keseliniň gaýtadan ýaýramagynyň öňüni almak boýunça Aşgabat Jarnamasyna gol çekmäge rugsat berip, saglygy goraýşyň halkara ülňülerini üpjün etmek we epidemiologiýa gözegçiligini güýçlendirmek, sanjym işlerini geçirmek boýunça mundan beýläk-de netijeli işleriň alnyp barylmagynyň wajypdygyny nygtady.


Döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselesine degip geçip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm wezipelerini çözmek boýunça öňde durýan işleriň geriminiň uludygyny nazara almak bilen, bu meselä aýratyn üns bermegi tabşyrdy.


Şeýle hem wise-premýere ilatyň saglygyny berkitmek hem-de raýatlara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň çäklerinde Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň çäklerinde döwrebap şypahanalary gurmak tabşyryldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milletiň saglygynyň ýurdumyzyň baş baýlygydygyny, döwletimiziň gülläp ösmeginiň esasydygyny aýdyp, Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarylandygyny belledi. Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň, Türkmenistanyň şypahana gulluklaryny ösdürmek boýunça milli maksatnamanyň we beýleki möhüm ähmiýetli maksatnamalaryň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça keselleri bejeriş-öňüni alyş edaralary gurulýar, «Baýramaly», «Mollagara», «Arçman», şeýle hem «Ýylysuw» we «Farap» ýaly meşhur şypahanalaryň durky täzelenýär hem-de döwrebaplaşdyrylýar. Munuň özi bu şypahanalaryň ildeşlerimiziň saglygyny dikeltmek boýunça döwrebap hem-de kaşaň merkezlere öwrülmegini üpjün etdi. Bu şypahanalar häzirki döwürde ýokary tehnologiýaly hyzmatlary boýunça dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär.


Şeýlelikde, ýurdumyzda döredilýän şypahana bejeriş ulgamy ilatyň saglygyny berkitmegiň umumy düzgüniň bir bölegi bolup, özüne ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň iň gowy tejribelerini birleşdirýär. Ýurdumyzyň ajaýyp tebigy şertleri, melhemlik mineral suwlary we beýleki bejeriş serişdeleri köp kesellerden saplanmaga, ilatymyzyň saglygyny has-da berkitmäge ýardam edýär.


Mundan başga-da, Köýtendagyň gözelligi bilen tapawutlanýan ajaýyp ýerleri diňe syýahatçylaryň däl-de, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinden bolan alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Şol ýerleriň hatarynda dinozawryň aýak yzlary, Kyrkgyz gowagy, Umbar jülgesindäki Gatakar, Gaýnarbaba melhem suwunyň çeşmesi, karst kölleri we gowaklary, pisse jeňňellikleri, şeýle hem haýwanlaryň we guşlaryň seýrek duş gelýän görnüşleri bar. Häzirki wagtda Köýtendagyň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanyşdyrmak hem-de bu sebitde döwrebap, ýokary derejeli we bäsleşige ukyply halkara syýahatçylyk toplumyny döretmek maksadynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ol güneşli ülkämiziň tebigatyny aýawly saklamak we dünýä ýaýmak, syýahatçylygy ösdürmek babatda aýratyn gyzyklanma döredýär.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew 12—14-nji maýda Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň Eýran Yslam Respublikasynda ýerleşýän aramgähine zyýaraty guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Şu ýyl zyýarat etmek üçin jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden, döredijilik işgärlerinden, alymlardan, bilim we habar beriş serişdeleri ulgamynyň işgärlerinden, hormatly ýaşululardan ybarat bolan wekiliýeti dostlukly ýurda ibermek meýilleşdirilýär. 12-nji maýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýine baryp görmek, 13-nji maýda Eýran Yslam Respublikasynda beýik akyldar şahyrlaryň aramgähine baryp, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, aýat-töwir okamak göz öňünde tutulýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, däbe öwrülen zyýaratyň türkmen halkynyň öz beýik ogullaryna - ynsanperwer şahyrlaryna, Watanyň wepaly ogullaryna, milli ruhy beýan edijilere çuňňur hormatyň nyşanydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen-eýran ynsanperwer gatnaşyklarynyň iki döwletiň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmegiň, türkmen nusgawy şahyrlarynyň döredijiligini, iki halkyň özboluşly taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, aýawly saklamak we giňden wagyz etmek işinde olaryň ornuny berkitmegiň aýrylmaz şerti hökmünde ähmiýetini belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere halkara çärelerini ýokary derejede guramagy, zyýarat etmek üçin ähli şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.


Milli Liderimiz şeýle hem wise-premýere Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli beýik şahyryň dogduk mekany Magtymguly etrabynda giň möçberli baýramçylyk dabaralaryny - beýik söz ussadynyň hormatyna edebi okaýyşlar, bäsleşikler, sergiler, konsertler we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat bermek bilen, ýurdumyz boýunça jemi 545 müň gektar meýdanda gowaça ekişiniň geçirilendigini aýtdy. Gowaça ekilen ýerleriň 304 müň gektardan gowragynda endigan gögeriş alnyp, degişli agrotehniki işler geçirilýär.


Şunuň bilen birlikde, güýzlük bugdaý ideg işleri dowam edip, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de haşal otlara garşy göreşmek çäreleri alnyp barylýar. Hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamak boýunça galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri utgaşykly geçirilýär. Möwsümde täze tehnikalar - “John Deere W540” kysymly däne ýygnaýjy kombaýnlar işlediler, olaryň birinji tapgyry, 50-ä golaýy ýurdumyza getirildi.


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şu ýyl Daşoguz we Lebap welaýatlarynda 18 müň 300 gektar meýdanda şaly ekmek meýilleşdirilip, häzirki wagtda demirgazyk welaýatda şaly ekişine guramaçylykly girişildi.


Wise-premýer ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň tejribeli hünärmenleriniň, alymlaryň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleri çaltlandyrmak boýunça degişli teklipler taýýarlanylýar.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny has-da ösdürmek, ýurdumyzda dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça wezipeleriň möhümdigini belledi.


Döwlet Baştutanymyz wise-premýere möwsümleýin meýdan işlerini geçirmek bilen bagly birnäçe anyk tabşyryklary berip, galla oragynda işlediljek kombaýnlara tehniki taýdan hyzmat etmek, ýygnalan hasyly ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak, gallaçylar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek baradaky meselelere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda uly üstünlikleri arzuw etdi.