Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň energetika, senagat we mineral serişdeler ministrini kabul etdi


2017-nji ýylyň 26-njy Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň energetika, senagat we mineral serişdeler ministri Halid Bin Abdulaziz Al-Falihi kabul etdi.


Duşuşygyň barşynda ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösýändigi bellenildi. Şunda hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň maý aýynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.


Nebitgaz ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmek söhbetdeşligiň aýratyn meseleleriniň biri boldy. Döwlet Baştutanymyz energetika syýasatyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalary hem-de ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny, dünýäniň esasy kompaniýalaryny hem-de daşary ýurt maýalaryny çekmäge uly üns berýändigini nygtap, Saud Arabystanyndaky hyzmatdaşlara iki ýurduň milli ykdysadyýetleri üçin esasy ulgamlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak mümkinçiligine garamagy teklip etdi.


Şeýle hem döwlet hem-de hususy düzümleriň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän işewür duşuşyklary hem-de işewürler maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň maksada laýykdygy nygtaldy.


Duşuşyga Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halid Bin Faýsal Al-Sahli gatnaşdy.