Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistan we Gazagystan häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça birmeňzeş garaýşa eýedir


Türkmenistan we Gazagystan häzirki zaman gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça birmeňzeş garaýşa eýerýär. Gazagystanda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada bu barada aýtdy.


Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde çykyş etmek bilen, milli Liderimiz türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan we geljekki ugurlary babatda bolşy ýaly, sebitara we halkara ösüşiniň meýillerinde hem doly düşünişmek esaslaryna daýanýandygyny belledi.


Ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda hem-de oňa goldaw bermekde, halkara terrorçylygyna, ekstremizme garşy durmakda, şeýle hem Owganystandaky ýagdaý parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmakda Türkmenistanyň we Gazagystanyň umumy garaýşy bardyr.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni ditýip yglan etmek hakyndaky kararnamasyna ngoldaw berendigi we oňa awtordaş bolandygy üçin gazak tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi ikitaraplaýyn bähbitlere, dünýä bileleşiginiň ählumumy howpsuzlygy berkitmek boýunça uzakmöhletleýin maksatlaryna doly laýyk gelýär.