Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistan we Belarus hyzmatdaşlygy ösdürmegiň strategiýasyny tassykladylar


2017-nji ýylyň 30-njy martynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi.


Irden belarus Lideriniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormatly kerweniniň ugratmagynda “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde Prezident Aleksandr Lukaşenkony hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.


Iki döwletiň Baştutanlary dostlukly görşenlerinden soň, “Oguzhan” zalyna geçýärler, şol ýerde belent mertebeli myhmanyň resmi garşylanyş dabarasy boldy.


Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Belarus Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Iki ýurduň Liderleri nyzama düzülen hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň belarus kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Belent mertebeli myhman şeýle hem ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşýar. Öz gezeginde, Prezident Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Baştutanyny Belarus Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.


Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soň, türkmen Lideri belent mertebeli myhmany ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilýän zala çagyrýar, şol ýerde ikiçäk görnüşde gepleşikler geçirildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Aleksandr Lukaşenkony türkmen topragynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, belarus Lideriniň şu saparyna hem-de ýokary derejedäki duşuşyga Türkmenistanda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim hökmünde baha berilýändigini aýtdy.


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi.


Belarus Respublikasynyň türkmen paýtagtynda gurlan täze binasy hem ikitaraplaýyn dostlukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolup durýar.


Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Belarus Respublikasy köp pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk edip, özara bähbitlilik esasynda tagallalary birleşdirmegiň täze geljegi uly ugurlaryna çykýarlar.


Söwda-ykdysady ulgamda döwletara hyzmatdaşlygy uly kuwwata eýedir. Bu ulgamda özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, şol sanda işewür toparlaryň ugry boýunça ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar.


Lebap welaýatynda Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň gurluşygy boýunça bilelikdäki giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýdyň mysalydyr.


Ynsanperwer ulgam hem türkmen-belarus gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ulgamda bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny nazara almak bilen, sport ulgamynda özara gatnaşyklar hem-de tejribe alyşmak üçin hem oňat mümkinçilikler bar. Bu oýunlaryň çäklerinde sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler.


Şeýlelikde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, ýyl-ýyldan işjeňleşdirilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we döwletara gatnaşyklarynyň täze, has ýokary derejä çykjakdygyna ynam bildirdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belarus kärdeşine döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, belent mertebeli myhmana berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde üstünlikler, belarusuň halkyna bolsa abadançylyk, bagt we rowaçlyk arzuw etdi.


Prezident Aleksandr Lukaşenko mähirli kabul edendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, her sapar Türkmenistana gelende ýurduň öňe tarap ynamly hereket edýändiginiň şaýady bolýandygyna we dünýädäki ykdysady çökgünlige garamazdan, türkmen ykdysadyýetiniň üstünliklerine hem-de ösüş depginine haýran galýandygyny nygtady. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli parasatly syýasatynyň, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de toplumlaýyn senagat düzümini döretmek boýunça öz wagtynda kabul edilen çäreleriň netijesidir diýip, belent mertebeli myhman belledi.


Belarusuň Lideri Türkmenistanda gören zatlarynyň ählisiniň, şol sanda paýtagtyň ajaýyp binalarynyň haýran galdyrýandygyny aýtdy. Şol desgalaryň hatarynda Aşgabadyň täze Halkara howa menzili, Aziada-2017-niň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň desgalary bar.


Prezident Aleksandr Lukaşenko biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmäge belarusly hyzmatdaşlaryň hem goşant goşandygyna şatdygyny belledi. Garlykda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň gurulmagy baradaky bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolup durýar. Bu kärhananyň ulanylmaga berilmegi türkmen ykdysadyýetiniň täze ugrunyň ösüşiniň başlanýandygyny alamatlandyrýar.


Döwletara hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňiň dowamynda belent mertebeli myhman Belarusuň hem-de Türkmenistanyň köp ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belledi. Özara haryt dolanyşygynyň ösüşiniň ýokary depgini hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.


Prezident Aleksandr Lukaşenko milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabatda Belarus Respublikasynyň ilçihanasynyň täze ajaýyp binasynyň gurluşygyna beren goldawy üçin hoşallyk bildirdi.


Belent mertebeli myhman belarus tarapynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen köp ugurda, şol sanda hünär-tehniki bilim ulgamynda hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak babatda mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyna ynandyrdy. Türkmenistan özüniň wepaly dosty we ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde hemişe Belarusa bil baglap biler diýip, dostlukly döwletiň Baştutany nygtady.


Prezident Aleksandr Lukaşenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin amatly wagtda Belarus Respublikasyna gelip görmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.


Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň Liderleri türkmen-belarus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hem-de ynsanperwer-medeni ulgamda bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmaga taýýardygyny tassykladylar.


Taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.


Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Aleksandr Lukaşenkony hem-de wekiliýetiň ähli agzalaryny türkmen topragynda mübärekledi we belarus kärdeşine ýurdumyza gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň daşary syýasatynyň gün tertibiniň meseleleriň giň toplumyny öz içine alýandygyny belledi.


Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Belarusy hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşinde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde möhüm syýasy hyzmatdaşy hasaplaýar. Iki döwlet dünýäniň gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça doly özara düşünişýärler. Ýurtlaryň ikisi hem ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamagyň we berkitmegiň, Birleşen Milletler Guramasynyň ornunyň pugtalandyrylmagynyň, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmegiň, dünýä işlerinde deňhukuklylygy, birek-birege hormat goýmagy we adalatlylygy berkarar etmegiň tarapdarlary bolup durýar.


Bu mesele häzir dünýäniň käbir sebitlerinde bolup geçýän belli wakalar bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň olara çemeleşmeleri halkara hukugynyň kadalaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň tertipnamasyna esaslanandyr.


Biziň ýurtlarymyz ähli halkara we içerki dawalaryň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmelidir diýen pikire uýýarlar. Taraplar parahatçylyk döredijilik işlerine hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny tassykladylar.


Türkmenistan we Belarus Respublikasy abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladylar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Belarus Respublikasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edilen “Halkara Bitaraplyk güni” diýen Kararnamasynyň türkmen taslamasynyň awtordaşy hökmünde çykyş edendigini mysal getirdi. Biz özara goldaw bermek işini dowam etmegi ugur edinýändigimizi tassyklaýarys. Şunuň bilen baglylykda, dürli halkara düzümlerinde durnukly energetika we energetika howpsuzlygy, ulag, ýaragsyzlanmak meselesi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny gazanmak ýaly ugurlar boýunça iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň uly geljegini görýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ýokary Belarus wekiliýetiniň geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň işine işjeň gatnaşmagyny minnetdarlyk bilen belledi.


Türkmenistan we Belarus Respublikasy halkara terrorçylygy, neşeleriň bikanun dolanyşygy, serhetüsti jenaýatçylyk ýaly häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek maksadynda işjeň gatnaşyklary dowam ederler.


Döwlet Baştutanymyz Belarus Respublikasynyň ýurdumyzyň öňden gelýän hem-de ygtybarly söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, bu ugurdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara bähbitlere hem-de gazanylan däplere daýanýandygyny belledi. Şunda milli Liderimiz 2016-njy ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň depginlerini kanagatlanma bilen belledi. Ol 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 4,4 göterim ýokarlandy.


Şunuň bilen birlikde, özara haryt dolanyşygynyň bar bolan möçberiniň we sanawynyň özara mümkinçiliklere laýyk gelmeýändigi äşgärdir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparyna Minsk şäherinde geçiriljek nobatdaky 8-nji mejlisiniň barşynda bu ýagdaýy seljermek hem-de bu babatda anyk teklipleri bermek tabşyrylar.


Döwlet Baştutanymyz häzir haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, goşulyşmagyň geljegi uly görnüşlerini gözläp tapmaga, önüm öndürijileriň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmaga gönükdirilen täze çemeleşmeleriň gerekdigini aýdyp, iki ýurduň işewürler toparlarynyň işine uly umyt baglanýandygyny belledi.


Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň ikisinde hem özara sergi-söwda işini işjeňleşdirmegiň, işewürler maslahatlaryny geçirmegiň zerurdygy barada aýdyldy.


Türkmenistana Belarus awtomobil we traktor tehnikalaryny getirmek hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin ugry bolup durýar. Hyzmatdaşlygyň bu ugrunda gowy tejribe toplanyldy. Diňe 2010-njy ýyldan 2016-njy ýyla çenli döwürde Türkmenistana bahasy ABŞ-nyň 400 million dollaryndan gowrak bolan Minskiniň awtomobil zawodynyň tehnikalarynyň bäş ýarym müňden gowragy getirildi. Takmynan, şonça möçberdäki tehnikalary we ätiýaçlyk şaýlaryny Türkmenistana Minskiniň traktor zawody hem iberýär.


Belarus tehnikalaryna ýokary hilli we öz wagtynda hyzmat etmek maksady bilen, Aşgabatda köpugurly hyzmat ediş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Satyn alynýan tehnikalaryň öz ygtybarlylygyny, netijeliligini görkezendigini hem-de türkmen sarp edijileriniň uly islegine eýe bolandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň geljekde hem hyzmatdaşlyk etmäge, özara kabul ederlikli ugurlary hem-de özara gatnaşyklaryň görnüşlerini tapmaga taýýardygyny tassyklady.


Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde gurulýan, kuwwaty bir ýylda kaliý hloridiniň 1 million 400 müň tonnasyna deň bolan dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň türkmen-belarus ykdysady gatnaşyklarynyň kerwenbaşysy hem-de nyşany bolup durýandygyny nygtap, Prezident Aleksandr Lukaşenkony hem-de ähli belarusly hyzmatdaşlary bu ägirt uly taslamanyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady.


Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ozal hem Belarusa öz önümlerini ibermäge taýýardygyny ençeme gezek beýan edipdi. Ýurdumyz şu babatda ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Belarusa iberýän dokma we ýeňil senagatynyň önümleriniň möçberini artdyrmak mümkinçiligine eýe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belarusly hyzmatdaşlara şu mümkinçilik barada oýlanmagy teklip etdi.


Häzir halkara ulag gatnawlary babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Ýurtlaryň ikisinde hem kuwwatly ulag-üstaşyr düzüm döredilýär. Şulary, şeýle hem geografik ýagdaýyň amatlyklaryny nazara alanyňda, Gündogar we Merkezi Ýewropa, Baltika sebitine, Ýakyn Gündogaryň, Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykmak bilen Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň Ýewraziýa ulag-üstaşyr ugruna işjeň goşulmak üçin şol şertleri peýdalanmagyň zerurlygy ýüze çykýar.


Munuň üçin Türkmenistanyň ähli şertleri we degişli düzümi bar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu babatda logistika ulgamynda hem-de ulag geçelgelerini döretmekde özara gatnaşyklar meseleleriniň üstünde bilelikdäki Hökümetara topary işläp bilerdi.


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynyň has aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolýan dünýäniň ykdysady meýillerine dogry düşünmegiň esasynda bilelikdäki strategik meýilleşdirmäniň ölçeglerini kesgitlemegiň, açylýan mümkinçilikleri seljermegiň möhümdigini aýtdy.


Türkmenistan energetika ulgamynda hem belarusly hyzmatdaşlar bilen bilelikde türkmen energiýa serişdelerini ibermegi ýola goýmak üçin özara gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny we görnüşlerini işläp taýýarlamaga taýýardyr. Şunda iki ýurduň bähbitleri gabat gelýär, uzakmöhletleýin döwür üçin hyzmatdaşlygyň geljegi uludyr.


Milli Liderimiz döwletara gatnaşyklarynda türkmen we belarus halklarynyň ýakynlaşmagynda we özara düşünişmeginde däp bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamynyň uly orun eýeleýändigini nygtap, şunda hyzmatdaşlygyň öňden gelýän we mäkäm däpleriniň bolup, olaryň uly hukuk binýadyna hem-de toplanan tejribä esaslanýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamyny aýratyn görkezmek bilen, häzirki wagtda Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistandan talyplaryň 8,5 müňden gowragy bilim alýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz innowasion başlangyçlarda ykdysadyýetimizi özgertmegi nazara almak bilen, ýurdumyzda aýratyn zerur bolan hünärmenleri Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlamagyň zerurlygyny möhüm wezipe hökmünde görkezdi. Umuman, Türkmenistan Belarusy bilim ulgamynda esasy hyzmatdaşlaryň biri hasaplaýar hem-de geljekde bu hyzmatdaşlygy dowam etmegi maksat edinýär.


Ylym hyzmatdaşlygy ugry boýunça, hususan-da, iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň arasynda oňat mümkinçilikler açylýar. Şol hyzmatdaşlyk olaryň arasynda gol çekilen Ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2013-2017-nji ýyllar üçin maksatnamasyna esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekki döwür üçin täze maksatnama gol çekmegi teklip etdi.


Medeni özara gatnaşyklar babatda baý tejribe we asylly däpler toplandy. Häzirki wagtda olar anyk ikitaraplaýyn ylalaşyklar bilen berkidildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etmek, biziň ýurtlarymyzyň taryhyna, medeniýetine, sungatyna Türkmenistanyň we Belarusuň halklarynyň bar bolan özara gyzyklanmasyny höweslendirmek barada ylalaşyldy.


Milli Liderimiz sport ulgamynda hem işjeň gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň möhümdigini aýdyp, taraplaryň iki ýurtda yzygiderli geçirilýän ýaryşlara türkmen we belarus türgenleriniň gatnaşmagyna ýardam etjekdigini tassyklady. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belarusly dostlarymyzy—degişli sport guramalarynyň we edaralarynyň, Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylaryny, tälimçileri, hünärmenleri, sport žurnalistlerini, sportuň muşdaklaryny, syýahatçylary türkmen paýtagtyna gelmäge çagyrdy.


Döwlet Baştutanymyz iki halkyň ruhy baýlygynyň, ýokary intellektual mümkinçilikleriniň olaryň özara baýlaşmagy, ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek üçin çäksiz mümkinçilikleri döredýändigine ynam bildirip, bu işiň iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häsiýetini köp babatda kesgitleýän bähbitli iş bolup durýandygyny belledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan we Belarus Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary sözüň doly manysynda nusga alarlyk diýip atlandyrmak bolar. Bu gatnaşyklar birek-biregiň gadyryny bilýän we hormatlaýan hakyky dostlaryň gatnaşyklarydyr.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gatnaşyklarda Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň ägirt uly hyzmatynyň bardygyny nygtap, onuň hemişe Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns bilen garaýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.


Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda belarusly hyzmatdaşlara ýerine ýetirilen işler, netijeli çemeleşme, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli meselelerini gyzyklanma bilen ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyna minnetdarlyk bildirdi.


Soňra Belarus Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.


Belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli garşylanandygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Baştutanyna ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Belarusuň dostlukly türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine, şol sanda täze pudaklary ösdürmek babatdaky üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandygyny nygtady.


Belarus Türkmenistany Merkezi Aziýada möhüm ykdysady hyzmatdaşlaryň biri hasaplaýar diýip, belarus Lideri aýtdy we türkmen Lideriniň logistiki düzümi hem-de ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürmek baradaky başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi. Belarus Respublikasy bu ugurda hem hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär. Munuň özi Türkmenistandan önümleriň dürli görnüşleriniň iberilmegini we umuman, iki ugurda hem ýükleriň bökdençsiz daşalmagyny üpjün eder.


Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňiň dowamynda belent mertebeli myhman belarus tarapynyň ýurdumyza maşyngurluşyk önümlerini, şol sanda ýük daşaýan we oba hojalyk tehnikalaryny mundan beýläk-de ibermäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Demir ýol ulag ulgamynda hem özara gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikler bar.


Belarus Lideriniň belleýşi ýaly, bilelikdäki işiň bar bolan tejribesini nazara almak bilen, häzirki zaman maglumat tehnologiýalary (IT) ugry boýunça hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly hasaplanylýar. Belarusuň kompaniýalary bu babatda özleriniň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny paýlaşmaga taýýardyr.


Soňra belent mertebeli myhman ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň uly ähmiýete eýedigini nygtap, belarus tarapynyň ýokary bilim ulgamynda, şeýle hem hünär-tehniki we ýörite orta bilim ulgamynda däp bolan gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.


Prezident Aleksandr Lukaşenko özara bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwaty barada aýdyp, şu günki duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary okgunly ösdürmäge goşmaça kuwwat berjekdigine ynam bildirdi.


Sözüniň ahyrynda dostlukly döwletiň Prezidenti hormatly Prezidentimizi belarus tarapynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna ygrarlydygyna ynandyrdy. Lebap welaýatynda türkmen ykdysadyýetiniň täze pudagynyň kuwwatly senagat desgasynyň açylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.


Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


Jenaýatçylyga garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Medeniýet we sungat babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2017–2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Teswirnama; 2016-njy ýylyň 11-nji maýyndaky Türkmen-Belarus Söwda öýi tarapyndan Belarus Respublikasynyň çäklerine we Belarus-Türkmen Söwda öýi tarapyndan Türkmenistanyň çäklerine getirilýän harytlary goşulan baha üçin salgytlardan boşatmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga harytlaryň Sanawyny tassyklamak hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen Belarus Respublikasynyň Sport we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda 2017-2018-nji ýyllarda syýahatçylyk babatda Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen «Belarus döwlet tehnologik uniwersiteti» bilim edarasynyň arasynda ylmy-tehniki we innowasion iş hem-de ylmy işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Polosk döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Belarusuň alyjylar kooperasiýasynyň söwda-ykdysady uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen «Brest döwlet tehniki uniwersiteti» bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen «Brest döwlet tehniki uniwersiteti» bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen «A.S.Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersiteti» bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama gol çekilýär.


Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.


Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşikleriň netijelerini teswirläp, Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkony hem-de onuň wekiliýetiniň agzalarynyň ählisini ýene-de bir gezek Aşgabatda tüýs ýürekden mübärekledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şu gün netijeli we baý mazmunly gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, mundan beýläk özara hereket etmeli anyk ugurlar kesgitlenildi.


Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň gatnaşyklaryna mahsus bolan özara ynanyşmak, açyklyk we düşünişmek ýagdaýynda geçen ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistanyň Belarus Respublikasy bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy dostlugyň, özara düşünişmegiň we ýürekdeşligiň baý däpleri, esasy ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Biz bu gymmatlyklary aýawly saklamagy, ony häzirki günüň talaplaryna kybap gelýän täze mazmun bilen baýlaşdyrmagy maksat edinýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


Belarus Respublikasy halkara giňişliginde biziň möhüm hem-de ygtybarly hyzmatdaşymyzdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Biz dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işinde, dürli pudaklarda sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin oňaýly şertleri döretmekde işjeň özara hereket edýäris. Iki ýurt hem öz syýasatyny hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň özbaşdaklygyna hormat goýmak hem-de içerki işlerine goşulyşmazlyk ýörelgelerinde guraýar.


Döwlet Baştutanymyz gepleşikleriň barşynda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berlendigini aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Belarusuň halkara we sebit syýasatynyň köp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat ýa-da ýakyn gelýändigini görkezýändiklerini nygtady. Bu bolsa iki ýurduň dünýä derejesinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlygynyň girewidir.


Şu gün taraplar döwletleriň BMG-niň tutýan ornuny pugtalandyrmaga ýardam etmäge, bu hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ýygjam we netijeliligini subut eden özara gatnaşyklary dowam etmäge, dünýä jemgyýetçiliginiň hemme netijeli maksatlaryna we başlangyçlaryna goldaw bermäge ymtylýandygyny tassykladylar.


Şu günki duşuşygymyz söwda-ykdysady ulgamda depginli hyzmatdaşlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrdy. Söwdada, ýangyç-energetika toplumynda, gaýtadan işleýän we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, maşyngurluşykda, dokma we ýeňil senagatda aragatnaşyklaryň ösdürilmegi we çuňlaşdyrylmagy bu babatda özara hereketlerimiziň geljegi has uly ugurlarydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde ýyllyk kuwwaty 1 million 400 müň tonna kaliý hloridini öndürmäge barabar bolan dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurulmagy türkmen-belarus ykdysady aragatnaşyklarynyň iň uly netijesidir we nyşanydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Prezident Aleksandr Lukaşenkony hem-de onuň üsti bilen belarusly hyzmatdaşlarymyzyň ählisini bu ägirt uly taslamanyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de olaryň ählisini täze ägirt uly senagat kärhanasynyň açylyş dabarasyna çagyrdy.


Soňra döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda halkara ulag gatnawy ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Iki ýurtda-da kuwwatly ulag-üstaşyr düzümler döredilýär. Şulary hem-de geografiki taýdan amatly ýerleşilmegini nazara alyp, biz özara mümkinçiliklerimizi ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça Gündogar we Merkezi Ýewropa, Baltika sebitine, Ýakyn Gündogaryň, Günorta Aziýanyň giň bazarlaryna çykmak bilen, Ýewraziýa ulag-üstaşyr ugruna has işjeň goşulmagy üçin peýdalanmak barada ylalaşdyk diýip, milli Liderimiz belledi.


Türkmenistanyň we Belarusuň halklaryny dostlugyň, özara hormat goýmagyň hem-de sylag-sarpanyň öňden gelýän gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Biz halklarymyzyň ysnyşykly gatnaşmagyna, iki ýurduň baý medeni-taryhy mirasynyň öwrenilmegine ymtylmalary hemmetaraplaýyn goldarys, Türkmenistanyň hem-de Belarusuň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli hyzmatdaşlyk etmegine şertleri dörederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şeýle hem bilim ulgamynda köpýyllyk oňat däplere eýe bolan hyzmatdaşlygyň görnüşlerini we ugurlaryny giňeltmek barada ylalaşyldy.


Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, saparyň netijeleri boýunça mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmegiň birnäçe möhüm ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Türkmenistan hem-de Belarus Respublikasy uzak möhletli geljek üçin ýygjam we köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklara ygrarlydygyny hem-de ymtylýandygyny ýene-de bir gezek görkezdiler. Bu bolsa ýurtlarymyzyň halklarynyň düýpli bähbitlerine, döwletara gatnaşyklarynyň häzirki zaman ösüşiniň ýagdaýlaryna laýyk gelýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow açyklyk hem-de özara düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin Prezident Aleksandr Lukaşenko ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Belarusuň halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.


Öz nobatynda, Belarus Respublikasynyň Baştutany ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijelerini beýan edip, belarus wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi üçin türkmen kärdeşine hoşallyk bildirdi. Belent mertebeli myhman geçirilen gepleşikleriň özara ynanyşmak, işjeň hem-de açyk häsiýete eýe bolandygyny nygtap, Belarusda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýändiklerini belledi. Ýurduň ýolbaşçylarynyň halkyň abadançylygyna gönükdirilen döredijlikli syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli ýöredýän ugry çuňňur hormat döredýär. Içerki we daşary meseleleri çözmäge çemeleşmeleriň meňzeşdigi Belarus bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygyny kesgitledi diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko aýtdy.


Şunda ählumumy gün tertibi boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigi nygtaldy. Biz halkara forumlarda, halkara guramalarda hemişe birek-biregi goldaýarys diýip, belarus Lideri belledi.


Biziň ýurtlarymyzyň arasynda netijeli hökümetara, parlamentara, pudagara hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, munuň özi gowy netije berýär diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi.


Prezident Aleksandr Lukaşenko bilelikdäki tagallalar bilen Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyny gurmak boýunça möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde iri innowasion önümçiligiň döredilendigini nygtap, toplanan iş tejribesiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.


Belarus Respublikasynyň Baştutany köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly üns berlendigini aýtdy. Taraplar bu babatda gazanylan derejäniň bar bolan ägirt uly kuwwata laýyk gelmeýändigi barada bir pikiri aýtdylar hem-de haryt dolanyşygynyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň wajypdygyny bellediler.


Türkmenistanda, öňküsi ýaly, Belarusuň maşyngurluşyk önümleri islegden peýdalanýar we Belarus bu ýerde özi ýöreýän hem-de tirkegli oba hojalyk tehnikasyny ýerlemäge taýýardyr diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.


Döwletleriň ikisi hem ylmy ösdürmäge çalyşýarlar, biz bu ugurda hyzmatdaşlygy goldaýarys hem-de anyk işläp taýýarlamalara, şol sanda oba hojalyk, energiýa üpjünçiligi, saglygy goraýyş, biotehnologiýalar ulgamlaryndaky işläp taýýarlamalara umyt edýäris diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko belledi.


Türkmenistana şu saparymyz Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň ulanylmaga berilmegi bilen hem ähmiýetlidir diýip, belarus Lideri aýtdy. Munuň özi taraplaryň uzakmöhletli geljek üçin işlemäge meýillidiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýakynda, mundan bir ýyl ozal Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Minsk şäherindäki Ilçihanasynyň ajaýyp täze binalar toplumy açyldy. Ol Belarusuň paýtagtynyň özboluşly bezegine öwrüldi. Ine, şu gün bolsa biz şeýle desgany sahawatly türkmen topragynda açýarys diýip, belent mertebeli myhman nygtady.


Geçirilen gepleşikler biziň döwletlerimiziň strategiki hyzmatdaşlardygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Biz ýokary derejesi bilen tapawutlanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy üçin ähli tagallalary ederis. Munuň özi iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko aýtdy. Belarus Respublikasynyň Baştutany myhmansöýerlik üçin türkmen kärdeşine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti bilen Minsk şäherinde duşuşyga uly kanagatlanma duýgusy bilen garaşjakdygyny nygtady.


Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyndan döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Belarus Respublikasynyň Aşgabatda gurlan Ilçihanasynyň täze binasynyň açylýan ýerine ugrady.


Bu ýere dabara gatnaşyjylaryň köp sanlysy ýygnandy. Olaryň hatarynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.


Şu günki waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň aýdyň netijesi bolup durýar. Bu strategiýa dünýäniň dürli döwletleri bilen giň möçberli hem-de köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge, eziz Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha artmagyna ýardam edýär.


Belarus Respublikasynyň ilçihanasynyň täze binasy okgunly ösýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň uzakmöhletli häsiýete eýediginiň nyşanydyr. Bu bina türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýär.


Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň toplumynyň binagärlik keşbinde hem-de onuň otaglarynyň bezeginde häzirki zaman binagärlik usullary hem-de däp bolan belarus nagyşlarynda öz beýanyny tapan milli öwüşgin sazlaşykly utgaşýar.


Döwlet Baştutanlary ýygnananlar bilen salamlaşyp, toplumyň çägine barýarlar, şol ýerde uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi, aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar. Iki ýurduň milli lybasyndaky ýaş artistler özleriniň döredijilik sowgadyny taýýarladylar. Joşgunly belarus polkasy hem-de türkmen tansy ýerine ýetirilýär. Soňra bolsa çagalar iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyny wasp edýän köpöwüşginli aýdym-sazly we tans kompozisiýasyny ýerine ýetirýärler.


Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko çagalara minnetdarlyk bildirip, ilçihananyň edara binasynyň esasy girelgesine tarap ugraýarlar. Bu ýerde oturdylan sütünde dabaraly ýagdaýda Belarus Respublikasynyň Döwlet baýdagy galdyrylýar. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar.


Dabaraly pursat gelip ýetýär. Dabara gatnaşyjylaryň elçarpyşmalary astynda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri toý bagyny kesýärler we binanyň eýwanyna barýarlar. Bu ýerde döwlet Baştutanlaryny duz-çörek bilen garşylaýarlar. Belarusdan gelen halk saz gurallary toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp saz ýaňlanýar.


Iki ýurduň Liderleri ilçihananyň täze binasy bilen tanyşýarlar, bu ýerde diplomatlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi.


Binada diplomatik wekilhananyň işgärleriniň iş otaglary hem-de gepleşikleri geçirmek üçin niýetlenen otaglar, konsullyk bölümi, maslahatlar zaly, kitaphana ýerleşýär. Olaryň ählisi oňaýly edara mebeli we döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edildi.


Belarus Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy türkmen-belarus gatnaşyklarynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar hem-de netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam eder.


Ilki bilen Prezident Aleksandr Lukaşenko ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Belarus Lideriniň belleýşi ýaly, şu gün döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde şanly gündür. “Siziň ajaýyp şäheriňizde Belarusuň Ilçihanasynyň döwrebap binalar toplumy açylýar. Bir ýyla golaý wagt mundan ozal Minskide Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň täze binasy açyldy. Bu bina belarus paýtagtynyň binagärlik bezegine öwrüldi” diýip, Belarus Respublikasynyň Baştutany aýtdy.


Prezident Aleksandr Lukaşenko bu dabaralara iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtap, diplomatik dilde munuň köp zady aňladýandygyny aýtdy. Ilçihanalaryň binalarynyň gurulmagy hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýedigini tassyklaýar, belarus we türkmen halklarynyň döwrüň synagyndan geçen dostlugyny alamatlandyrýar. Ilçihananyň işgärleri biziň gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalandyrylmagy üçin ähli tagallalary etmelidir diýip, dostlukly ýurduň Lideri belledi.


Belarusuň Baştutany toplumyň gurluşygynyň barşynda beren hemmetaraplaýyn goldawy hem-de bu ýerde döredilen iň oňaýly şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.


Çykyşynyň ahyrynda Prezident Aleksandr Lukaşenko belarusly diplomatlaryň ilçihananyň täze binasynda ähli amatlyklardan peýdalanyp, netijeli işlejekdigine hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Goý, belarus-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlar iş ýüzünde durmuşa geçirilsin diýip, Belarusuň Baştutany aýtdy we diplomatlara bu ugurda üstünlikler arzuw etdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.


Milli Liderimiz ýygnananlary mübärekläp hem-de geçen ýylyň maýynda iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Minsk şäherinde Türkmenistanyň Ilçihanasynyň täze binasynyň dabaraly açylandygyny ýatladyp, bu wakalaryň ähmiýetini nygtady. Bu wakalar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň, olaryň geljege gönükdirilendiginiň, uzakmöhletli strategik mümkinçiliklerden ugur alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki zaman dünýäsinde halkara işlerinde diplomatiýa aýratyn orun tutmagy gönükdirilendir. Hut syýasy-diplomatik serişdeler häzirki günde ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek, dürli ýurtlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, dünýä giňişliginde deňhukuklylygy, özara hormat goýmagy, ynanyşmagy hem-de aýdyňlygy berkarar etmek işinde aýratyn möhümdir.


Türkmenistan hem-de Belarus Respublikasy jogapkärçilikli, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Olar Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny pugtalandyrmagyň, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmegiň, hyzmatdaşlykly özara gatnaşyklaryň netijeli gurallaryny döretmegiň yzygiderli tarapdarlary bolup çykyş edýärler.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi babatda diplomatiýanyň möhüm ornunyň bardygyny aýdyp, ýygjam diplomatik gatnaşyklaryň söwda, ykdysady, maýa goýum aragatnaşyklary üçin oňaýly şertleri döredýändigini, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge, bilim, ylym, medeniýet we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmäge netijeli ýardam berýändigini belledi.


Aşgabatda-da, Minskide-de Ilçihanalaryň işleri hemişe baş maksada hyzmat eder. Bu maksat iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmakdan, özara bähbitli, netijeli işewür hyzmatdaşlygy ösdürmekden, iki döwletiň raýatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary goldamakdan we ýardam bermekden ybaratdyr. Häzirki wagtda munuň üçin hemme şertler we mümkinçilikler döredildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.


Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany bu ajaýyp binany gurmaga gatnaşan adamlaryň hemmesine olaryň hünär ussatlygy hem-de çeken yhlasly zähmeti üçin minnetdarlyk bildirdi.


Milli Liderimiz belarusly dostlarymyzy, diplomatik wekilhananyň işgärlerini, bu ýere ýygnananlaryň ählisini bu ajaýyp waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk hem-de öňde duran işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Şu günki dabara mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belarusly kärdeşine ajaýyp türkmen halysyny sowgat berdi.


Soňra döwlet Baştutanlary Belarus Respublikasynyň ilçihanasynyň edara binasynyň öňündäki meýdançada agaç nahallaryny oturtmak dabarasyna gatnaşýarlar. Dostlukly ýurduň Liderleri tarapyndan oturdylan iki ýaş arça nahaly türkmen-belarus gatnaşyklarynyň geljege gönükdirilendiginiň nobatdaky özboluşly nyşanyna öwrüldi.


Bu dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belarusly kärdeşi hem-de dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.


Şol gün Belarus Respublikasynyň Prezidenti milli gahrymanlaryň – Watan goragçylarynyň hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalarynyň hakydasyny ebedileşdiren “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy we şol ýerde “Baky şöhrat” ýadygärligine gül dessesini goýdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda döwlet Baştutanlary söz sözlediler.


Agşam Belarusuň Lideri Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Türkmenabada ugrady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Türkmenabadyň howa menzilinde Prezident Aleksandr Lukaşenkony resmi adamlar garşyladylar. Asylly däbe görä, dostlukly döwletiň Baştutanyna duz-çörek hödürlenildi we gül desseleri gowşuryldy. Belent mertebeli myhman howa menzilinden özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.


Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.


Şu gün agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady.