Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň ykdysady geljegine oňyn baha berdi


2017-nji ýylyň 6-17-nji marty aralygynda Aşgabatda bolan jenap Martin Sommeriň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýetiniň iş saparynyň jemleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan giň gerimli özgertmeleriniň üstünliklere beslenmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Dünýäniň bu esasy maliýe guramasynyň wekilleri türkmen paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň käbir ministrliklerinde we edaralarynda, banklarynda, Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyklary geçirdiler.


HPG-niň ýörite taýýarlan maglumat habarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti daşarky amatsyz ýagdaýlaryň täsirine uýgunlaşmagyny dowam edýär. Senagaty ösdürmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler, türkmen gazynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberiniň artmagy ýurdumyzyň durnukly ösmegine ýardam edýär.


Wekiliýetiň hasabatynda ýakyn geljekde ykdysady syýasatyň esasy wezipesiniň daşarky ýagdaýlaryň täsirini azaltmak boýunça çäreleriň toplumyny gaýtadan geçirmekde jemlenýändigi bellenilýär. Hususan-da, maýa goýum maksatnamalarynda döwletiň maýasynyň möçberini kem-kemden azaltmak göz öňünde tutulýar. Täze önümçilikleri-eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliklerini döretmegiň hasabyna jemi içerki önümiň pudaklaýyn düzümini özgertmegiň, döwlet kärhanalaryny netijeli özgertmegi we hususylaşdyrmagy üpjün etmegiň, ähli pudaklary hem-de sebitleri sazlaşykly ösdürmek, kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawyny bermegiň, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň uzakmöhletleýin durmuş-ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenendi.


HPG-niň wekilleri Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň esasy ugurlarynyň häzirki wagtda işlenip taýýarlanylýan 2017-2023-nji ýyllar üçin degişli konsepsiýada öz beýanyny tapjakdygyny kanagatlanma bilen belleýärler. Bu esasy maliýe düzüminiň bilermenleriniň pikirine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän toplumlaýyn çäreleri daşary ýurt maýalaryny çekmäge ýardam edýär hem-de dünýäniň maliýe bazarlaryna çykmaga ýol açýar.


HPG ykdysady syýasata hem-de kuwwatlylygy artdyrmaga degişli maslahatlary, şol sanda statistika we çaklamalar, pul-karz amallary we býujet syýasaty ulgamlarynda goldaw bermegiň esasynda uzakmöhletleýin durnukly ösüşi üpjün etmek üçin makroykdysady dolandyryşy kämilleşdirmek, hususy ulgamyň işini giňeltmek maksady bilen Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleri goldamaga taýýardygyny beýan edýär.