Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz bagy-bossanlyga büremegiň ýazky möwsümine badalga berdi


2017-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek çäresine badalga berildi, onuň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça 416 müňe golaý agaç nahallary oturdyldy, şeýle hem ozal bar bolan baglaryň 1 million 150 müňden gowrak düýbüne ideg edildi.


13-nji martda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiziň welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine ählihalk ýowaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek barada degişli tabşyryklary berendigini ýatladýarys. Milli Liderimiz ýurdumyzyň “ýaşyl guşagyny” giňeltmek işlerine çynlakaý, toplumlaýyn çemeleşilmeginiň zerurdygyny nygtap, agaç nahallarynyň welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bezeg we miweli görnüşlerini saýlap almaga ünsli çemeleşmegiň möhümdigini belledi we olaryň nobatdaky bag ekmek çäresiniň barşynda ekiljekdigini, şeýle hem soňra olara göwnejaý idegiň üpjün edilmelidigini belledi.


Häzirki döwürde tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli derejede we ählumumy derejede hem ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereginde ýaşyl zolaklaryň döredilmegi göz öňünde tutulýan uzakmöhletleýin bagy-bossanlyga büremek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ilatynyň ählisi diýen ýaly gatnaşýan bu giň göwrümli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň saglygyny goramagyň, olaryň doly derejeli durmuşy hem-de dynç almagy üçin möhüm şert hökmünde aýratyn üns berýär.


Türkmenistanyň Baştutanynyň dünýä derejeli forumlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän başlangyçlary daşky gurşawyň hemmetaraplaýyn goralmagyna gönükdirilendir. Olar halkara bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolup, bilelikdäki halkara ekologiýa taslamalary we maksatnamalary üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.


Häzirki wagtda bütin dünýäde adamzat üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan daşky gurşawy goramagyň örän möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmakda ýurdumyzyň uly goşandy ykrar edilýär. Munuň özi ilkinji nobatda howanyň üýtgemegi, ýer-suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreş, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny goramak we Hazar deňziniň biologiýa köpdürliligini gorap saklamak we beýleki köpsanly meseleler bilen baglanyşyklydyr.


Ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyrmak” atly halkara okuw maslahaty geçirildi, oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bilermenleri, şol sanda Russiýadan, Germaniýadan, Eýrandan, Maltadan we Gondurasdan wekiller gatnaşdylar, olar Halkara ummanlar instituty, ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýärler.


Maslahatyň işiniň çäklerinde Ählumumy ekologiýa gaznasynyň alyp barýan işine, Türkmenistanda Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ählumumy ykdysady gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy, Bütindünýä banky bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryna garaldy. Olaryň hatarynda “Türkmenistanda aýratyn goralýan tebigy çäkleri dolandyrmak ulgamynyň netijeliligini artdyrmak”, “BMG-niň biologiýa köpdürliligi boýunça Konwensiýasynyň ýerine ýetirilmegini goldamakda milli bioköpdürliligi meýilleşdirmek. 2011-2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň strategiki meýilnamasy”, “Türkmenistan: Howanyň üýtgemegi barada BMG-niň Çarçuwaly Konwensiýasy boýunça üçünji milli habary taýýarlamak”, “Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň fermer hojalygy ulgamyna töwekgelçiliklere milli we ýerli derejelerde çäreleri geçirmek” we beýleki taslamalar bar.


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet saparynyň barşynda resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Şol resminamalaryň hatarynda Biologik dürlülik we janly tebigaty goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Bu resminama türkmen tarapynyň beýleki döwletler bilen gol çeken şunuň ýaly resminamalarynyň giň hataryny artdyrdy.


Sanlyja ýylyň içinde paýtagtymyzyň we onuň töwerekleriniň, welaýat we etrap merkezleriniň tebigy görnüşleri tanalmaz derejede özgerdi. Awtomobil we demir ýollaryň ugrunda tokaý zolaklary peýda boldy. Diňe Aşgabadyň dag eteklerinde millonlarça agaç nahallary oturdyld, olar bereketli toprakda kök urup, eýýäm gür saýaly tokaýjyklara öwrüldi we tämiz howanyň hem-de ýakymly salkynlygyň çeşmesi bolup durýarlar.


Ýurdumyzyň iň täze taryhynyň binagärlik nusgasyna öwrülen paýtagtymyzyň keşbi gün-günden özgerýär. Aşgabat özüniň täsin binagärlik keşbi bilen haýran galdyrýar, onda belent binalar we giň meýdançalar, şa ýollar hem-de bagy-bossanlyga bürenen köçeler, oňaýly seýilbaglary we ýazylyp ýatan tokaý toplumlary sazlaşykly utgaşýar.Bularyň ählisi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan şähergurluşyk maksatnamasynyň miwesidir.


Paýtagtymyzyň gözelligi we tämizligi diňe bir häzirkizaman şäheriň ilatynyň ýokary durmuş derejesini alamatlandyrman, eýsem, amala aşyrylýan özgertmeleriň, halkymyzyň döredijilik we watançylyk ruhunyň alamatydyr. Biz ýaşyl begrese bürenen paýtagtymyzy buýsanç bilen myhmanlara görkezýäris, hatda tomsuň jöwzaly günleri hem paýtagtymyzyň tämizligi we gür ýaşyl zolaklary, suw çüwdürimleriniň jana şypa berýän damjalary, köpsanly gülleriň hoşboý ysy ruhuňy belende göterýär.


Baglardyr güller adam durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Olar tozany we zäherli gazlary sorup, howany kislorod bilen baýlaşdyrýar, topragyň çüýrüntgisiniň emele gelmegine gatnaşyp, onuň hasyllylygyny üpjün edýär. Orta boýly agaç 24 sagatda üç adamyň bir gije-gündizde dem almagy üçin zerur bolan kislorody dikeldýär, bu bolsa awtoulag serişdeleriniň we senagat kärhanalarynyň artmagy bilen baglylykda, aýratyn möhüm bolup durýar.


Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dürli sebitleriniň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna uýgunlaşan we has durnukly agaçlaryň saýlanyp alynmagy zerurdyr. Alymlaryň we hünärmenleriň maslahatlaryna görä, awtomobil ýollarynyň ugrunda hem-de şäherlere we beýleki ilatly ýerlere ýakyn ýerlerde, aýratyn-da, şypahanaly zolaklarda oturdylýan pürli agaçlaryň tapawutly ýeri, olaryň daşky gurşawy zyýanly gazlardan we tozandan 6-7 esse köp we çalt arassalap, adamlaryň saglygyna oňaýly täsir etmegi bolup durýar.


Çöllük ýerlerde şeýle agaçlar ilatly ýerleri gyzgyn we tozanly ýellerden, sil suwlaryndan gorap, oňaýly howa ýagdaýyny döredýär hem-de ýurdumyzyň tebigatyny gözelleşdirýär. Arça jeňňelliginiň ýa-da türkmen arçalarynyň topragy we suwy goramak, tokaýlary dikeltmek ýaly artykmaçlyklary bolup, bu işe ýurdumyzyň daglyk ýerlerinde örän uly üns berilýär.


Bag ekmek çäresiniň gerimini nazara almak bilen, ýokary hilli agaç nahallaryna artýan islegi kanagatlandyrmak maksadynda Türkmenistanda olary ýetişdirmegiň täze ösen usullary ornaşdyrylýar. Kökleri örtülen agaç nahallary, şeýle hem iri agaç nahallary ösdürilip ýetişdirilýär. Tokaý seýilgäh zolagyny döretmek işleri damjalaýyn suwarmak ýaly ösen agrotehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak bilen ugurdaş alnyp barylýar. Suwarmagyň bu usuly suwy tygşytly ulanmaga mümkinçilik döredip, zerur bolan mineral dökünleri peýdalanmak bilen, suwy niýetlenen ugruna gönükdirýär. Tokaý zolaklaryny döretmek boýunça işler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda işjeň geçirilip, olarda şu möwsümde agaç nahallarynyň 243 müňden gowragy oturdylar.


Bag ekmek çäresinden ozal uly taýýarlyk işleri geçirildi. Ony üstünlikli amala aşyrmak üçin agaç nahallary oturdylanda zerur bolan ähli çäreleri – ylmy-barlaglaryň esasynda işlenip taýýarlanan agrotehniki talaplary we ölçegleri göz öňünde tutmaly bolýar. Bu işler tokaý meýdanlary üçin ýerleri öz wagtynda arassalamak we tekizlemek, agaçlaryň dürli görnüşleri üçin hatarlary dogry bölmek hem-de agaç nahallarynyň sanyny dogry hasaplamak, çukurlary taýýarlamagyň düzgünlerini berjaý etmek, suwuň ýeterlik möçberi hem-de gurplandyrylan ýer bilen üpjün etmek ýaly çäreleri öz içine alýar.


Irden köpsanly ýowara gatnaşyjylar Aşgabadyň günorta böleginde Köpetdagyň etegine ýygnandylar. Ak mermerli paýtagtymyzyň dag etekleri şu bahar günleri gök begrese bürenip, ýakyn günlerde gülzarlyga öwrüler. Dag etegindäki boý alýan tokaýlyklar bolsa hoşboý ysly baga öwrüler. Bu ýerde, türkmen tebigatynyň gözel künjeginde günüň ilkinji şöhleleriniň görünmegi bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlanyp başlandy.


Baýramçylyk üçin taýýarlanan çadyr şu günki waka aýratyn öwüşgin çaýdy. Açyk oduň üstünde oturdylan gazanlardan we tamdyrlardan çykýan hoşboý yslar baharyň hoştap howasy bilen garyşýardy. Şu gün tutuş türkmen topragynda uly dabara –halkymyzyň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň, onuň parahatçylyk, ýagşylyk we döredijilik maksatlaryna üýtgewsiz wepalylygynyň aýdyň nyşany bolan dabara ýaýbaňlandy diýsek öte geçdigimiz bolmaz.


Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk ýowarynyň geçirilýän ýerine gelip saklanýar. Milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar mähirli garşylaýarlar. Olaryň arasynda Belarus Respublikasynyň milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç bar. Mertebeli myhman türkmen Liderini ilkinji bolup mübärekledi.


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mihail Mýasnikowiç bag ekiljek ýere geçýärler. Bu ýerde olary ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary mübärekleýärler.


Olaryň hemmesi agaç nahallarynyň getirilen ýerlerinde işe girişmäge taýýar bolup durlar.


Hormatly Prezidentimiz diplomatik wekilhanalaryň baştutanlaryna ýüzlenip, bu gadymy Nowruz baýramçylygynyň özünde jemleýän birleşdiriji güýji hem-de ýaşaýyş durmuşyň hemişelik täzelenişi barada gürrüň berdi. Biziň günlerimizde bu baýramçylyk dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilýän Halkara gününiň derejesine eýe boldy.


Bu baýramçylyk Maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizildi, ol birek-birege hormat goýmagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, zähmetsöýerligiň baýramçylygy bolup durýar.


Şu baýramçylygyň öň ýanynda nahal ekmegiň biz üçin özboluşly many-mazmuny bar. Bu iş durmuşda asylly iş bolup durýar, biz siziň bilen bu taryhy waka öz goşandymyzy goşýarys diýip, milli Liderimiz belledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki çärä işjeň gatnaşýandygy, ägirt uly taslamalary, şol sanda kaliý duzlaryny öndürýän iri dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy gurmak boýunça taslama işjeň gatnaşýandygy üçin M.Mýasnikowiçe minnetdarlyk bildirdi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň esasy döwlet maksatnamalarynyň biri bolup durýandyngyny bellemek bilen, milli Liderimiz bu senagat desgasynyň ulanmaga berilmeginiň diňe Türkmenistana we sebit boýunça goňşularymyza däl-de, eýsem, tutuş dünýä peýda getirer diýip nygtady.


Türkmenistanyň Prezidenti belarusly kärdeşi Aleksandr Lukaşenko hem-de Belarusuň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, bu ýere ýygnananlary toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.


Soňra döwlet Baştutanymyz asylly däbe eýerip, ilkinji bag nahalyny oturdyp, bag ekmek möwsümine badalga berýär. Çärä gatnaşyjylaryň hemmesi milli Liderimiziň göreldesine eýerýär.


Güneşli ülkämiziň ekologiýa taýdan arassalygyny saklamak üçin zerur bolan çärelere gatnaşmakdan hiç kim çetde galmady. Çünki türkmen halkynda bag ekmek asyrlarboýy sogap iş hasaplanyp gelipdir. Şu gün paýtagtymyzyň bu künjeginde 75 gektar meýdanda saýaly, pürli we bezeg agaçlarynyň, şeýle hem gyrymsy agaçlaryň we gülleriň dürli görnüşleriniň 30 müňüsi oturdyldy.


Täze nahallaryň müňlerçesi paýtagtymyzyň daş-töweregine bezeg berdi. asylly işiň gerimi aklyňy haýran edýär, çünki ozal ýalaňaç oturan dag eňňitlerinde we çölüň gum depelerinde bu gün gök öwüsýän tokaý zolaklary daş-töwerege bark urýar. Gerimi boýunça örän uly bolan bag ekmek maksatnamasyny amala aşyrmak – howanyň üstgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmegiň umumydünýä işine önjeýli goşant bolup durýar, çünki gök zolaklar zäherleýji täsiri güýçlendirýän kömürturşy gazyny çekip alýar.


Döwletiň aýratyn ünsüne we goldawyna eýe bolan ýurdumyzyň tokaý pudagy türkmen jemgyýetinde ekologiýa medeniýetiniň ýokary derejesini görkezýär. Her ýyl bag ekmegiň täze möwsümlerine badalga berlip, halkymyzyň arzuwyny – ene topragymyzy gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek baradaky arzuwy amal edilýär. Bag ekmek möwsümi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durup, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, wideoşekilli iş maslahatlarynda ara alnyp maslahatlaşylýar.


Ýowar tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aşpezleriň ýanyna baryp, olaryň ýagdaýlary bilen gyzyklandy we olardan bişirýän tagamlaryny nähili bişirýändiklerini sorady. Aşpezler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda döredilen bolelin durmuşyň hözirini görüp ýaşamak bilen, datly tagamlary taýýarlamakda öz ussatlyklaryny barha artdyrýandyklaryny aýtdylar. Şu işde olar özlerine hormatly Prezidentimiziň “Bereketli türkmen saçagy” diýen ajaýyp kitabynyň uly goldaw berýändigini aýtdylar. Aşpezleriň belleýşi ýaly, bu kitap halkymyzyň gadymdan gelýän milli tagamlaryny taýýarlamakda özleri üçin ýol görkezijidir. Şunuň bilen baglylykda, olar bu kitapdan ugur alyp, aşpezlik işinde öz hünär ussatlyklaryny kämilleşdirýändiklerini buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem aşpezler taýýarlaýan tagamlaryny taýýarlaýyşlary barada gürrüň berdiler.


Soňra döwlet Baştutanymyz ýowara gatnaşyjylara gyzgyn tamdyrda milli çörekleriň dürli görnüşleriniň hem-de gyzgyn çägede milli nahar bolan işlekliniň, çişde toklynyň nähili bişirilişini hem-de datly çişlikleriň we beýlekileriň bişirilişini görkezdi.


Ýowara gatnaşyjylar, ilkinji nobatda, daşary ýurtly myhmanlar gadymy türkmen aşhanasynyň täsin tagamlaryny taýýarlamagyň syrlaryna uly üns berdiler. Şol ýerde-de bu täsin tagamlary dadyp görüp, biziň milli naharlarymyzyň ajaýyp we datly tagamlydygyny aýtdylar.


Soňra milli Liderimiz çaý başynda bu ýere ýygnananlar bilen birlikde, sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi.


Döwlet Baştutanymyz diplomatik düzümiň wekilleri bilen söhbetdeşlikde olara ýurdumyzda guralýan çärelere işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, şu günki wakanyň hem sahylygyň, açyklygyň we myhmansöýerligiň baýramçylygyna öwrülip, hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň we doganlygyň gadymy ýörelgelerinde öz beýanyny tapandygyny aýtdy.