Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistan Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär


15-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet sapary başlanýar.


Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda bolan mejlisinde milli Liderimiz ýokary derejedäki türkmen-katar gatnaşyklarynyň wajypdygyny nygtap, ýurdumyzyň mundan beýläk-de uly kuwwata eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz nobatdaky ýokary derejedäki duşuşygyň Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda aýratyn ähmiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berjekdigine hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyna ynam bildirdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň oktýabrynda Katar Döwletine bolan birinji resmi sapary hem-de Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň bir ýyl mundan ozal - 2016-njy ýylyň martynda Türkmenistana bolan birinji resmi sapary deňhukuklylyk, birek-birege ynanyşmak hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan türkmen-katar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm tapgyrlary boldy.


Bu gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda - iri halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk hereketiniň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde pugtalandyrylmagy Türkmenistanyň arap dünýäsiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşýän ýagdaýynda amala aşyrylýar. Şol ýurtlar bilen dostluk hem-de hyzmatdaşlyk köprüleriniň ýola goýulmagy döwletimiziň daşary syýasat doktrinasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.


Türkmenistanyň we Kataryň möhüm halkara meseleleri boýunça köp babatda garaýyşlary laýyk gelýär we olar daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary giňeldip, oňyn syýasy gepleşikleriň dowam etdirilmegi ugrunda çykyş edýärler.


Katar Döwleti ýurdumyzyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny, şol sanda, BMG-niň Baş Assambleýasynda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça beýan eden başlangyçlaryny ilerletmekde hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Mälim bolşy ýaly, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ösdürmek türkmen tarapynyň köp şahaly ulag düzümini döretmek boýunça öňe sürýän taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Gürrüň, hususan-da, Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda özboluşly köprä öwrüljek hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Katar bilen ysnyşykly ykdysady gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri açjak “Demirgazyk-Günorta” transkontinental demir ýol barada barýar.


Türkmen-katar hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Onuň netijeli işlemegi netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.


Ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň hem-de Kataryň hyzmatdaşlygynyň uly geljegini nazara almak bilen, nebitgaz, nebiti gaýtadan gaýtadan işleýän ulgamlarda, himiýa senagatynda özara gatnaşyklar öňümizdäki gepleşikleriň esasy meseleleriniň biri bolar. Söwda, ulag we aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, maliýe ulgamy we maýa goýumlary, bilim, syýahatçylyk hem-de gurluşyk, ilkinji nobatda bolsa, sport maksatly iri desgalaryň gurluşygy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.


Şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň taýýarlyk görýän Türkmenistan 2006-njy ýylda Dohada üstünlikli geçirilen XV Aziýa oýunlaryny guramakda uly tejribe toplan we häzirki wagtda 2022-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatyna taýýarlyk görýän Katar Döwleti bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär.


Halklaryň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasynda özara düşünişmek ýagdaýyny çuňlaşdyrmagyň, medeniýetleriň özara baýlaşmagynyň hem-de dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem uly üns berler.


Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň Katara saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini aýratyn bellemek gerek. Bu çäre ýurdumyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna hem-de medeniýet we sungat ulgamynda gazananlaryna uly gyzyklanma döretdi.


Döredijilik çäresiniň maksatnamasy özüne sungat ussatlarynyň konsertini, amaly-haşam sugatynyň eserleriniň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň, Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň dürli ulgamlarynda gazananlaryna hem-de Aşgabatda geçiriljek Aziada-2017-ä bagyşlanan neşir önümleriniň sergisi, iki ýurduň medeniýet işgärleriniň duşuşyklary girizildi.


Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyna gabatlanylan Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Medeniýet günleri iki dostlukly ýurduň gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökünde türkmen-katar ynsanperwer gatnaşyklarynyň ähmiýetini nygtap, bütin dünýäde türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny wagyz etmek işinde nobatdaky möhüm ädim boldy.


Garaşylyşy ýaly, Dohada ýokary derejede geçiriljek duşuşygyň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ýardam etjek ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekiler.