Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Wideoşekilli maslahatda oba hojalyk işleriniň barşyna, ýowara taýýarlyk we beýleki meselelere garaldy


2017-nji ýylyň 13-nji martynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmak, şeýle hem giňden bellenilýän şanly senelere, ählihalk ýowaryna taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wedeoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylyk we arassaçylyk derejesini häzirki döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda üpjün etmek, şäher ilatynyň durmuş düzümini kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.


Şeýle hem häkim Aşgabat şäherinde Halkara Nowruz baýramyny mynasyp derejede garşylamak, bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek ýaly möhüm wakalar, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler, olaryň taýýarlyk derejesi hakynda habar berdi.


Mundan başga-da, häkim paýtagtymyzda oturdylmagy meýilleşdirilýän LED ekranlaryň görnüşleri, olaryň goýuljak ýerleri, Aziada-2017-niň tumarynyň ýerleşdiriljek ýerleri bilen baglanyşykly meseleler hakynda ýörite şekilleriň üsti bilen hasabat berdi. Hasabadyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň köçelerinde alnyp barylýan abatlaýyş işleri barada hem durlup geçildi.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň ähli görkezijiler babatda nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekip, şäheriň arassaçylyk we abadançylyk derejesine ünsi güýçlendirmek, Aşgabatda degişli düzümleriň we jemagat hojalygy gulluklarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Halkara Nowruz baýramyna hem-de ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň ykdysady-durmuş maksatnamasynda durmuş üpjünçiliginiň ösdürilmegine ünsi çekip, paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.


Milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, yklymlaýyn ýaryşlaryň mahabat işini göwnejaý ýola goýmak bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmegine, Aziada-2017-niň tumarynyň gönükli ýerlerde oturdylmagyna örän jogapkärçiliki we hemmtaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy.


Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler, oba hojalyk tehnikalaryny we ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň barşy hem-de welaýatyň ähli künjeklerinde Halkara Nowruz baýramyny mynasyp garşylamak, ählihalk ýowaryny degişli derejede guramak boýunça geçirilýän çäreler barada habar berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ähli künjeklerinde medeni-durmuş maksaty binalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Halkara Nowruz baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, köpçülikleýin bag ekmek we ozal bar bolan baglara degişli derejede ideg etmk boýunça meýilleşdirilen ählihalk ýowarynyň guramaçylykly geçirilmegi boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.


Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda we ýyladyşhanalarda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz kärendeçileriň we ýer eýeleriniň ýurdumyzda azyk bolççulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmagy ugrunda ähli zerur şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.


Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk pudagynda ýerine ýetirilýän işler, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň berjaý edilişi barada hasabat berdi.


Şeýle hem hasabatyň çäklerinde welaýatyň ähli etraplarynda şanly seneleri mynasyp garşylamk we ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Mundan başga-da, häkim sebitiň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň, welaýatyň iri önümçilik toplumlarynyň işgärlerine niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň işlenip taýýarlanylan taslamalary hakynda hasabat berdi. 


Hormatly Prezidentimiz welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk pudagyna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak, obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri durmuşa geçirmegiň depginlerini güýçlendirmek boýunça häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýaz-meýdan işlerine örän jogapkärçilikli hem-de hemmetaraplaýyn esasda girişmegiň zeurdygyny belledi.


Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin bag ekmek we ozal ekilen baglara ideg etmek boýunça geçirilýän ählihalk ýowarynyň, Halkara Nowruz baýramy mynasybetli guralýan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz görkezilen çyzgylar we taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de Gyýanlyda gurluşygy alnyp barylýan önümçilik toplumynyň işgärleri üçin bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerini güýçlendirmek boýunça häkime birnäçe garkezmeleri berdi.


Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda ak ekinlere ideg etmek, oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, hasabatyň barşynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy, Milli bahar baýramyny garşylamaga, ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri hakynda habar berildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň oba hojalyk toplumynyň ähli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.


Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlaryny senagat taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň barşynda Daşoguz welaýatynda gurulmagy göz öňünde tutulýan senagat desgalarynyň taslamalaryny taýýarlamagy işjeňleşdirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.


Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň durmuş üpjünçiligi ulgamynyň ähli görnüşleriniň bökdençsiz işine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagyň, Halkara Nowruz baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi, köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk ýowarynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak, bu ugra ylmy taýdan esaslandyrylan täzeçil usullary ornaşdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, döwlet Baştutanymyzyň ähli ulgamlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Nowruz baýramyny, ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny, munuň üçin bolsa degişli düzümleriň utgaşykly hereketiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça häkime anyk görkezmeleri berdi.


Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli bolan şanly senelere göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýratyn belledi we köpçülikleýin bag ekmek hem-de ozal bar bolanlaryna degişli derejedäki idegi ýola goýmak boýunça geçiriljek ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.


Welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ähli zerur çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, milli Liedrimiz bu ugurda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli tagallalaryň edilmelidigigini tabşyrdy.


Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow şu günler sebitiň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Halkara Nowruz baýramyny ýokary derejede geçirmek, ählihalk ýowaryny talabalaýyk derejede guramak boýunça taýýarlanylan meýilnama hakynda aýdyldy. Mundan başga-da, häkim Maryda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň” jemlerine bagyşlanan dabaranyň maksatnamasy barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynyň häzirki ýagdaýyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň çäklerindäki ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurluşygynyň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi.


Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Nowruz baýramynyň Marydaky “Ak öý” binasynda geçirilmeginiň çuňňur mana eýedigini belläp, bu dabaralaryň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilýän medeni çäreleri bilen utgaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi. 


Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine toplumlaýyen çemeleşilmelidigine ünçi çekip, şunda durmuş ulgamyna aýratyn üns bermegiň möhümdigini, munuň döwlet syýasatynyň wajyp bölegi bolup durýandygyny belledi.


Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow çagyryldy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamagyň derejesi, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


Mundan başga-da, wise-premýer köpçülikleýin bag ekmek we ozal bar bolan baglara ideg etmek boýunça ählihalk ýowarynyň geçiriljek ýerleri, onuň dowamynda ekiljek bag nahallarynyň görnüşleri barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamlarynyň biri bolan obasenagat toplumynyň sazlaşykly ösdürilmegi, pudaga öňdebaryjy tejribeleriň, ylmyň ýokary gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Munuň özi ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, ýurdumyzda azyk bolçulygnyy üpjün etmekde aýratyn möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.


Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaz-meýdan işlerine guramaçylykly girişmek, köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak we ozal ekilen baglara ideg etmek işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy we bu ugurda meýilleşdirilen çärelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk derejede guralmagynyň halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagynda, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.


Mill Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly wezipelere ünsi çekip, täze gurlan we döwrebap derejede enjamlaşdyrylan saglyk merkezlerinde, hassahanalarda we saglyk öýlerinde arassaçylyk derejesiniň saklanylyşy boýunça alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Saglyk ulgamynda arassaçylyk kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň keselleriň ýaýramygynyň öňüni almakda örän wajypdygyny aýdyp, hormatly Prezidentiimz bu işleriň hemişe gözegçilikde saklanmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.


Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň ahyrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba hojalyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, önümçilik pudaklaryna täzeçil tehnologiýalary, ösen tejribeleri işjeň ornaşdyrmak, iň esasy bolsa halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň aýratyn möhümdigini belledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üsünlikler arzuw etdi.