Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Petko Draganow Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň BMG-na agza bolmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady


 “BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň adyndan we hut öz adamdyn Size hem-de ähli türkmen halkyna Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna girmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň.


Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürildi. Türkmen tarapynyň teklibi boýunça Baş Assambleýa tutuş dünýä bileleşigi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyçlary giň seslenmä eýe boldy. Milletler Bileleşiginiň hormatly we jogapkär agzasy hökmünde Türkmenistanyň abraýy ýylsaýyn artýar.


Döwletliligi pugtalandyrmak işinde, milli ykdysadyýeti özgertmekde, Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmekde BMG bilen özara gatnaşyklaryň oňyn orun eýeleýädigini kanagatlanma bilen belleýärin. Gazanylan üstünlikleriň demokratiýa, ösüş hem-de halkara giňişliginde abraýyny pugtalandyrmak ýoly boýunça Siziň ýurduňyziň mundan beýläk-de ynamly öňe gitmeginiň girewi bolup durýandygyna ynanýaryn.


Şeýle hem, pursatdan peýdalanyp, hormatly jenap Prezident, Size biziň bilelikdäki işimiziň on ýylynyň dowamynda Sebit merkeziniň işine goldaw berýändigiňiz üçin hoşallyk bildirmek isleýärin. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnşayklaryň mundan beýläk-de Merkezi Aziýada parahatçylygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn”.