Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti YHG agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny Aşgabatda geçirmegi teklip etdi


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde eden çykyşynda häzirki zaman ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip aýtdy. 


Türkmenistanyň ulag ulgamyny ösdürmegiň milli maksatnamasy şu ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen baglydyr. Biziň ýurdumyz iri üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny öňe sürýär we olary daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde durmuşa geçirýär. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamalaryň hataryna Gazagystan-Türkmenistan –Eýran, Türkmenistan –Owganystan-Täjigistan transmilli demir ýollarynyň gurluşygyny, Özbegistan-Türkmenistan–Eýran-Oman, Owganystan-Türkmenistan–Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegini degişli diýip aýtdy.


“Demirgazyk-Günorta”, “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça beýleki ulag taslamalary barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz olaryň amala aşyrylmagynyň YHG agza ýurtlaryň bähbitlerine laýyk gelýändigini belledi. 


2014-nji we 2015-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň hyzmaty barada Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki Rezolýusiýa kabul edildi. Bu resminamalar 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulagmy boýunça ilkinji Ählumumy maslahaty geçirmek üçin hukuk esasyny döretdi. Ýokary derejeli bu maslahatyň çözgütlerini durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çagyrdy hem-de şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Aşgabatda bu Gurama agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny geçirilmegi teklip etdi.