Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

YHG-nyň Sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika meseleleri boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazaryny beýan etdi


Yslamabatda geçýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara derejesinde ibermegi ählumumy ykdysadyýetiň iň bir çeýe bölekleriniň biri hökmünde ykrar edýär diýip, aýtdy. Biziň ýurdumyz degişli başlangyç bilen çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň goldawyna daýanyp, bu başlangyjy yzygerli durmuşa geçirýär.


Türkmenistanyň ýene-de bir iri başlangyçlarynyň biri ygtybarly energiýa üpjünçiligini halkara-hukuk binýadyny döretmek bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Aasambleýasynyň 2008-nji 19-njy dekabrynda “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Rezolýusiýany biragyzdan kabul etmegi bu başlanygyjy netijesindir. Şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi dünýäniň energiýa üpjünçiliginiň, has dogrusy onuň energiýa hopsuzlygynyň halkara-hukuk binýadyny döretmegiň ýolunda ilkinji ädimleriň biridir.


Türkmenistanyň energetika strategiýasy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň energetika akymlarynyň köp görnüşli kadalaryna esaslanýandygyny, onuň geografiýasynyň giňelmegine, halkara energiýa işlerine gatnaşmaga gyzyklanýan barha köpsanly ýurtlaryň çekilmegine daýanýandygyny belledi.


Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý we Türkmenistan –Eýran ugurlary boýunça gaz geçirileri guruldy. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijirsiniň gurluşygyna girişildi. Bu taslamalar Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýär.


 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabatda Pakistan Yslam Respubikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif bilen duşuşdy.


Dostlukly ýurduň hökümet baştutany milli Liderimiz bilen mähirli salamlaşyp, ony ýakynda geçen prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi hem-de ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, bagt hem-de döwlet ösüşiniň ägirt uly maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.


Birek-birege ynanyşmak esasynda geçen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň dürli derejede geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň çäklerinde, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň mart aýynda Pakistana bolan resmi saparynyň jemleri boýunça gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň netijesinde sazlaşykly ösdürilýän işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge bolan gyzyklanmalary mälim edildi.


Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara we sebitara guramalarynyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen, Pakistany Günorta Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmekde möhüm hyzmatdaş hökmünde görýär.


Söhbetdeşler netijeli döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşe eýedigini kanagatlanma bilen belläp, köpýyllyk gatnaşyklaryň birek-birege bolan ynanyşmak häsiýetiniň Türkmenistana hem-de Pakistana diňe bir bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmäge däl, eýsem, özara peýdaly gatnaşyklaryň täze ugurlaryny işjeň özleşdirmäge mümkinçilik berýändigini nygtadylar. Häzirki döwürde iki ýurduň arasynda dürli ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, oba hojalygy ýaly pudaklar boýunça hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.


Mahammad Nawaz Şarif Yslamabatda gurama gatnaşyjy ýurtlaryň wekilçilikli toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bu gezekki YHG-niň Sammitiniň gün tertibi barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üçünji müňýyllykda dünýäniň durnukly ösüşiniň möhüm binýadynyň döredilmegine gönükdirilen wajyp halkara başlangyçlarynyň örän möhümdigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň umumadamzat ähmiýetli meseleleriň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşmeleriň zerurdygy bilen baglanyşykly netijeli teklipleri dünýä bileleşigi tarapyndan ýyl-ýyldan has uly goldawa mynasyp bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we abadançylygyň bähbidine amala aşyrýan tagallalaryna berilýän ýokary bahadyr.


Milli Liderimiz goldaw üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ykdysady Hyzmatdalyk Guramasyna agza döwletler, ilkinji nobatda bolsa, Pakistan bilen özara gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Türkmenistan bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda giň möçberli bilelikdäki taslamalary, ozaly bilen bolsa, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan iri halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça gatnaşyklary ösdürýär. Bu taslamanyň ýerine ýetirilmegi tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine ýardam berer.


Mohammad Nawaz Şarif Türkmenistanyň halkara we sebitara hyzmatdaşlygyny, şol sanda YHG-niň çäklerindäki gatnaşyklary ösdürmek meselelerine bolan oňyn çemeleşmelerini belläp, ýurdumyzyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de häzirkizaman ulag-aragatanaşyk ulgamyny döretmek başlangyçlaryny ilerletmek we durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.


Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sammitde eden çykyşy ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edildi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde şeýle gatnaşyklar energetika we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň, beýleki düzümleýin taslamalaryň, şol sanda täze elektrik geçiriji ulgamlaryň hem-de aragatnaşyk ugurlarynyň döremegini üpjün eder. Şeýlelikde, 2015-nji ýylyň dekabrynda elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda gol çekilen üçtaraplaýyn resminama laýyklykda, Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektrik energiýasyny ugratmak üçin zerur düzümiň gurluşygy göz öňünde tutuldy. Häzirki döwürde bu ugur boýunça optiki-süýümli ulgamyny geçirmek taslamasy boýunça zerur işler alnyp barylýar.


Pakistanyň Premýer-ministri milli Liderimiziň Guramanyň işine täzeçil çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň zerurdygy, bilelikdäiki iş boýunça şu ýyllaryň dowamynda ägirt uly tejribäniň toplanandygy barada forumyň belent münberinden öňe süren başlangyçlaryny goldap, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýän döwletleriň hyzmatdaşlygynyň esasy guraly hökmünde ykdysady ugurdan daşlaşmaly däldigini nygtaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bir pikirdedigini aýtdy.


Duşuşygyň dowamynda dünýä hem-de sebit syýasatynyň häzirki ýagdaýyna iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygy, olaryň häzirki döwrüň meseleleriniň giň ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýändigi hem-de munuň sebitiň ösdürilmeginde, gadymy döwürlerden bäri taryhy baglanyşygy bolan halklaryň birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak gatnaşyklarynyň berkidilmeginde goňşy döwletleriň syýasy hem-de ykdysady hyzmatdaşlygynyň netijeli ösdürilmegini şertlendirýändigi bellenildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik we wekilçilikli forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin dostlukly ýurduň hökümet baştutanyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň öňe sürýän we parahatçylyk, durnuklylyk, ählumumy abadançylyk esaslarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýändigi hem-de olary goldaýandygy üçin ýene bir ýola minnetdarlyk bildirdi.


Hormatly Prezidentimiz hem-de Pakistanyň Premýer-ministri iki ýurduň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny, syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini tassyklap, soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ýakyn wagtda täze giň möçberli bilelikdäki taslamalaryň hasabyna üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.


 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Yslamabatda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.


Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ýüzbe-ýüz duşuşykda ikitaraplaýyn bolşy ýaly, abraýly sebitara we halkara guramalaryň, şol sanda YHG-niň çäklerinde sazlaşykly ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.


Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijesinde möhüm häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, bozulmaz dostluk gatnaşyklarynyň we iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan taryhy-medeni hem-de ruhy umumylyklaryň häzirki döwürde netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine pugta binýat bolup durýandygyny aýtdylar.


Söhbetdeşler ikitaraplaýyn ylalaşyklary hem-de bar bolan köpugurly mümkinçilikleri amala aşyrmagyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alşyp, ikitaraplaýyn bähbitlere bolşy ýaly, sebit hem-de ählumumy derejedäki abadançylyk maksatlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy barada nygtadylar.


Söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklary, gurluşyk senagaty hem-de beýleki birnäçe ulgamlar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalary we iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmäge bolan ýokary gyzyklanmalary mälim edildi. Netijeli gatnaşyklaryň köpugurly esasda ösdürilmeginde türkmen-türk Hökümetara toparyna we bilelikdäki Işewür geňeşine hem-de yzygiderli guralýan işewürler maslahatlaryna we pudaklaýyn sergilere möhüm orun degişlidir.


Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýandygy, netijeli hyzmatdaşlyk boýunça ägirt uly tejribe toplanandygy hem-de ony has-da baýlaşdyrmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.


Taraplar sebitleýin we ählumumy derejedäki birnäçe möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň häzirki zamanyň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, dünýä giňişliginde işjeň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler babatda garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da doly gabat gelýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň ýurdumyzyň amala aşyrýan oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýändigi we milli Liderimiziň döredijilikli halkara başlangyçlaryny, şol sanda YHG-niň bu gezekki sammitinde öňe süren tekliplerini doly goldaýandygy bellenildi.


Hususan-da, ulag ulgamy ýaly möhüm ugurdaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türkmenistan Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi babatdaky iri taslamalary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary yzygiderli amala aşyrýar. Olaryň hatarynda häzirki zaman halkara multimodal ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrüljek Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe halkara geçelgesini döretmek taslamasy bar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bu ulgamda öňe sürýän taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşyjy ýurtlaryň we tutuş YHG agza döwletleriň bähbidine laýyk gelýär. Ol hem Ýewraziýa giňişliginde özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin oňyn mümkinçilikleri açýar.


Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň dostluk, giň möçberli özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar hem-de birek-birege jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.