Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň ýolbaşçylary bilen möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyny ara alyp maslahatlaşdy


2017-nji ýylyň 27-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna degişli wezipelere, şeýle hem guramaçylyk meseleleri bilen baglanyşykly resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew göni aragatnaşyga çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol içerki bazarlary ter gök önümler we azyk harytlary üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, kärendeçileriň yhlasly zähmetleriniň netijeleri hem-de bu ugurda öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek boýunça ýaýbaňlanlyrylan çäreler barada habar berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda gowaça ekişine girişilýän döwrüň başlanýandygyny aýdyp, bu işlere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz tomus paslynyň golaýlap gelýändigini nazara alyp, welaýatda ulularyň we çagalaryň sagaldyş-dynç alyş mekrezlerinde taýýarlyk işlerini geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.


Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz mart aýynda bellenilýän baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmegi, şeýle hem köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmeklige taýýarlyk işleriniň talabalaýyk guralmalydygyny tabşyrdy.


Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk pudagynda ýerine ýetirilýän işler, dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini guramaçylykly tamamlamak boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde meýilleşdirilen işler, ekerançylaryň, ýer eýeleriniň bu babatda alyp barýan işleri önümçiligiň möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Mundan başga-da, hasabatyň çäklerinde mart aýynda belleniljek şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.


Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň möhümdigine ünsi çekip, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk pudagyna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak, bu toplumda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri durmuşa geçirmegiň depginlerini güçlendirmek boýunça häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Şeýle hem döwlet Baştutanymyz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda we beýleki ýerlerde dynç alyş-sagaldyş merkezlerini möwsüme taýýarlamak işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz mart aýynda belleniljek şanly seneler mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryna taýýarlyk göremgiň zerurdygyna ünsi çekdi.


Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişi möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, hasabatyň barşynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy, ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýdyldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň oba hojalyk toplumynyň ähli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmegiň we işleri talabalaýyk derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gowaça ekişine guramaçylykly girişmegiň zerurdygyny belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.


Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomus paslynyň golaýlap gelýändigini aýdyp, welaýatyň çäklerinde bar bolan sagaldyş-dynç alyş merkezlerini möwsüme taýýarlamak işlerine girişmegiň möhümdigini tabşyrdy.


Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew öz gezeginde welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri ekiş möwsüme taýýarlamak, bu ugra ylmy taýdan esaslandyrylan täzeçil usullary ornaşdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ähli ulgamlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


Şeýle hem häkim welaýatyň çäginde geçiriljek möhüm ähmiýetli çäreler barada aýdyp, welaýatyň ähli etraplarynda öňde boljak şanly senelere we dabaralara taýýarlyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygy barada aýdyldy.


Hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny, munuň üçin bolsa ähli degişli düzümleriň utgaşykly hereketiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek, welaýatyň senagat taýdan ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan täze desgalaryň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda taýýarlanylmalydygyny aýtdy.


Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli bolan şanly senelere göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýratyn belledi. Welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyryp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerlerde köpçülikleýin bag ekmek çäresine, aýratyn-da, gowaça ekişine ykjam taýýarlyk görülmelidigini aýtdy.


Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow şu günler welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny geljekki möwsüme taýýarlamak boýunça görülýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreleriň meýilnamasy hakynda aýdyldy. Mart aýynda boljak şanly dabaralara görülýän taýýarlyk işleri hasabatyň esasyny düzdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda möhüm möwsüm hasaplanylýan gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk dabaralaryna we mart aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryna taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.


Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda G.Atajanowany özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Garagum etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak we bu wezipä A.Orazsähedowany bellemek baradaky resminamalara gol çekdi.


Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki döwürde şäheri ösdürmegiň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň şäher düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmalydygyny, munuň Aziada-2017-ä taýýarlygyň çäklerinde has-da möhümdigini belledi we bu işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagyny üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.


Şeýle hem döwlet Baştutanymyz tomus paslynyň golaýlap gelýändigini nazara alyp, ähli görnüşli sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny, bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny we Halkara zenanlar baýramyny guramaçylykly geçirmek ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýratyn belledi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, maldarçylyk hojalyklaryndaky durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ähli ýerlerde gowaça ekişine guramaçylykly girişmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler hasabatyň özenini düzdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamlarynyň biri bolan obasenagat toplumynyň sazlaşykly ösdürilmegi, pudaga öňdebaryjy tejribeleriň, ylmyň ýokary gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.


Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamak bilen baglylykda sebitleri ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary babatynda, hususan-da, däneçiligi, pagtaçylygy, gök ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, gaýtadan işleýän pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak barada wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.


Şeýle hem milli Liderimiz geljekki bol hasylyň şu günlerki alnyp barylýan agrotehiki çärelere baglydygyny belläp, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny gowaça ekişine taýýarlamak, bu işde täzeçil usullary we öňdebaryjy tejribeleri işjeň ulanmak hem-de gowaça ekişine ýokary guramaçylyk ýagdaýynda girişmek bilen baglanyşykly wezipeleriň örän möhümdigine ünsi çekdi.


Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň wajyp ähmiýetiniň bardygyny belläp, ýurdumyzda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň ahyrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba hojalyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, önümçilik pudaklaryna täzeçil tehnologiýalary, ösen tejribeleri işjeň ornaşdyrmak, iň esasy bolsa halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üsünlikler arzuw etdi.