Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanda Döwlet baýdagynyň güni dabaraly bellenildi


Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň özbaşdaklygynyň, jemgyýetimiziň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň nyşany bolan Döwlet baýdagynyň gününi belleýär. Ählihalk baýramçylygyna bagyşlanan esasy çäreler paýtagtymyzda geçirildi. Bu ýerde ýola goýlan däbe görä, ýurdumyzyň Baş baýdagynyň etegine gül goýmak dabarasy boldy.


Bu günki gün milli senenamamyzda aýratyn senedir-çärýek asyr mundan ozal, ýagny, 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy tassyklanyldy. Şanly senäniň öz mukaddesliklerine çuňňur sarpa goýýan halkymyz üçin örän uly ähmiýeti bar. Ýigrimi bäş ýylyň dowamynda ýurdumyz ýaşyl Tugy astynda özüniň iň täze taryhyny döredýär, abadançylygyň hem-de ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe baryp, barha has ýokary sepgitlere ýetmek bilen, dünýäde garaşsyz ösüşiň täsin nusgasy bolan döwlet hökmünde berkarar bolýar.


Şu ýyl baýramçylyk ýurdumyzyň durmuşynda möhüm sahypany alamatlandyrýan ýene-de bir ähmiýetli waka bilen gabat geldi. Şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen ählihalk saýlawlarynyň barşynda döwlet Baştutanlygyna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täzeden saýlanyldy. Resmi taýdan wezipä girişmek dabarasynyň gününde hormatly Prezidentimiz gadymy däplerimize eýerip, Watanymyza we halkymyza wepaly bolmak barada Kasam etdi hem-de ýurdumyzyň Döwlet baýdagyna tagzym etdi.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asuda asmanymyzda buýsanç bilen pasyrdaýan Watanymyzyň ýaşyl Tugy türkmenleriň döwletlilik barada asyrlardan bäri edip gelen arzuwynyň hasyl bolmagydyr, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özbaşdaklygynyň esaslarynyň mizemezdiginiň, jebis halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, yesanperwerlik we hoşniýetlilik maksatlaryna hemişe ygrarlydygynyň alamatydyr.


Dünýäde iň beýikleriň bir bolan 133 metrlik baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlaýan paýtagtymyzyň günorta böleginde baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança dabaralaryň esasy geçýän ýeri boldy. Bu ýerde Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gül goýmak dabarasy boldy. Dabara hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi we paýtagtymyzyň etraplarynyň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly işewürler hem-de köpsanly aşgabatlylar gatnaşdylar.


Dabaraly pursat gelip ýetýär. Ir ertir bilen Türkmenistanyň Döwlet senasynyň joşgunly owazy astynda milli Tugumyz belentde pasyrdap, dabara gatnaşyjylaryň ýüreklerine gülläp ösýän söýgüli Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny paýlaýar. Ýurdumyzyň ýaşyl Tugy Köpetdagyň eteginde öz ähli belentligi bilen ýaýlyp, hakyky watançylyk we Watana bolan çäksiz söýgi, halkymyzyň beýik dörediji ruhy ýaly egsilmez gymmatlyklary alamatlandyrýar.


Türkmenler öz baýdagyna hemişe aýawly garapdyrlar. Milli taryhymyzda çuňňur köklere eýe bolan mukaddes Tug halkyň özygtyýarly, özbaşdak döwlet ösüşine, syýasy taýdan öz-özüňi kesgitlemäge hem-de öz durmuş-ykdysady nusgasyna bolan hukugyny alamatlandyrýar.


Döwlet nyşany milli äheňleri hem-de ruhy gymmatlyklary umumadamzat gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyryp, çuňňur mana eýedir we türkmenlere olaryň geljeginiň neneňsi ýagdaýda görünýändigini beýan edýär. Ýaşyl Tugda türkmen halysynyň gölleri, doganlygy hem-de agzybirligi, täzelenişi we ýaşaýşy alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý ýerleşdirildi.


Baýdak halkyň maksatlaryny hem-de garaýyşlaryny äşgär edip, türkmenistanlylarda milli buýsanjy terbiýelemäge, olary jebisleşdirmäge hem-de adam mümkinçiliklerini doly açmak üçin döredijilik güýjüne beslemäge gönükdirilendir. Bularyň amal edilmegi bolsa üstünlik gazanylmagyna hem-de umummilli maksatlara ýetilmegine atarýar. Şoňa görä-de, döwletliligiň bu nyşany döwürdeşlerimiziň aňynda aýratyn orun tutup, taryhy kökleriň hem-de parahatçylygy, gülläp ösüşi we rowaçlygy döredýän Watanymyzyň beýik geljeginiň mizemez arabaglanyşygyny alamatlandyrýar.


Ýurdumyzyň 1995-nji ýylda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy bilen, ýaşyl Tugumyzy halkymyzyň köpasyrlyk parahatçylyksöýüjilik däplerini alamatlandyrýan zeýtun pudagynyň iki şahajygy hemişelik bezedi. Bu waka Tugumyza, Watanymyza buýsanmagymyz üçin ýene-de bir sebäp boldy. Bu gün ýurdumyzyň ynsanperwerlik we parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň keşbine öwrülen Döwlet tugymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş edarasynyň binasynyň öňünde hem-de beýleki iri halkara guramalarynda, dünýäniň ençeme döwletlerinde, şeýle hem türkmen şäherleriniň we obalarynyň ähli ýerlerinde buýsançly parlaýar.


Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda esas goýujy ýörelgesi “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda beýan edilen syýasaty durmuşa geçirmek bilen, ykdysady kuwwatyň artdyrylmagyna, durmuş syýasatynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň netijesinde Türkmenistan parahatçylyk döredijiligiň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde Halkara Bitaraplyk gününi tassyklamak hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna berlen ýokary bahanyň hem-de onuň hemmetaraplaýyn goldanylýandygynyň subutnamasy boldy. Bu waka türkmen halkynyň ruhuny öňküden-de berkitdi hem-de Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjymyzy artdyrdy.


Türkmenistanyň baş Baýdagynyň belentde parlaýan beýik baýdak sütüniniň etegine dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül dessesi goýuldy. Soňra bu ýere ýygnananlaryň ählisi gül desselerini goýdular.


Şu gün tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Olar türkmen halkymyzyň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň, onuň şöhratly ata-babalarymyzyň parasatly öwüt-ündewlerine wepalylygynyň, bagtyýar şu gününiň we ýagty geljeginiň, Watanymyzyň saýlap alan döredijilik ýoly bilen gülläp ösüşiň we rowaçlyklaryň täze belentliklerine tarap, täze ajaýyp üstünliklere we zähmet ýeňişlerine tarap yzygiderli hereketiniň nyşanyna öwrüldi!