Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere mynasyp goşant goşmak-biziň umumy maksadymyz


Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabyndaky 48-nji saýlaw uçastogynda Türkmenistanyň Prezidentinň saýlawlarda ses berip, häzirki döwlet Batutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar ýüzlenip, şu gün ýurdumyzyň we tutuş ürkmen halkynyň durmuşynda şanly wakanyň bolandygyny belledi.


Ýakynda Ýaşulularyň maslahatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşi kabul edildi. Onda dünýewi döwletiň. Raýatlyk jemgyýetiň demokratik ösüşi üçin möhüm bolan esasy ýagdaýdar, halkara hukugynyň ýörelgeleri öz beýanyny tapdy diýip, Prezident sözüni dowam etdi.


Täze Konstitusiýa laýyklykda Prezidentiň ygtyýarlyk möhleti 7 ýyla çenli uzaldy. Täze Konstitusiýanyň kadalaryna laýyklykda, tutuş ýurdumyzyň we halkymyzyň ykbaly kesgitlendi, her bir raýatyň hukugy we azatlyklary kepillendirildi.


Ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde syýasy partiýalardan we teklipçi raýatlar toparyndan jemi 9 dalaşgär gatnaşýar diýip bellemek bilen, döwlet Bşatutanymyz her bir dalaşgäriň maksatnamaysynyň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşine we ýagty geljegine gönükdirilendigini aýtdy.


Beýleki dalaşgärlere üstünlik arzuw edip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ähli dalaşgärleriň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere mynasyp goşant goşmak ýaly bir maksada eýerýändigini aýtdy.


Türkmenistanyň daşary syýasatynyň BMG tarapyndan ykrar edilen we onuň Kararnamasy arkaly berkidilen hemişleik bitaraplyk derejesine daýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň ýakynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi bilen hemmeleri gutlady. Ýurdumyzda durmuş-ykdysady taýdan ösüş boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.


Şeýle hem döwlet Baştutanymyz türkmen jemgyýetiniň we onuň her bir agzasynyň ruhy kämilligini, syýasy işjeňligini belläp, olaryň Konstitusiýada kepillendirilen hukugyna laýyklykda, Garaşsyz, bitarap, demokratik we dünýewi döwlet bolan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine mynasyp gören dalaşgärine ses berip bilýändigini aýtdy.


Dalaşgärler Bekmyrat Atalyýew, Ramazan Durdyýew, Meretdurdy Gurbanow, Süleýmannepes Nurnepesow öz saýlaw uçastoklarynda ses berdiler


Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan Prezidentlige dalaşgär hökmünde görkezilen “Rysgal” Paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Bekmyrat Atalyýew Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyndaky Oguzhan adyndaky inženerçilik-tehnolgiýa uniwersitetinde ýerleşýän 42-nji saýlaw uçastogyna geldi.


Saýlawlaryň öňüsyrasynda saýlawçylar bilen geçirilen duşuşyklarda ol özüniň syýasy maksatnamasynyň esasy ugurlary hökmünde bazar gatnaşyklarynyň binýadynda ykdysadyýeti köpugurly esasda ösdürmek, telekeçilige goldaw bermek, döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak ýaly ugurlary öňe sürdi.


Türkmenistanyň Prezidentine dalaşgär-Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Mejlisiň deputaty Ramazan Durdyýew şu gün Lebap welaýatynyň Seýdi şäherindäki 2-nji saýlaw uçastogynda ses berdi.


Ol özüniň maksatnamasynda ýurdumyzyň guryýerlerinde we deňiz giňişliginde tebigy känlerini özleşdirmek, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň geljekki usullaryny we ugurlaryny kesgitlemek, turbageçirijiler ulgamynyň düzümini, dürli desgalary we nebitgaz toplumynyň aragatnaşk ulgamyny kämilleşdirmek ýaly ugurlary öňe sürdi.


Ýokary döwlet wezipesine dalaşgär, Daşoguz wlaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary Meretdurdy Gurbanow, welaýatyň Daşoguz şäherindäki N.Andalyp adanydaky Döwlet sazly drama teatrynda ýerleşýän 24-nji saýlaw uçastogynda ses berdi.


Ol saýlawlaryň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň barşynda saýlawçylaryň ünsüni önüm öndürijileri höwesledirmek, şol sanda oba adamlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak arkaly obasenagat toplumynyň özgerdilmegine çekdi.


Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow Garabogaz şäheriniň Medeniýet öýünde ýerleşýän 35-nji saýlaw uçastogynda ses berdi.


Döwlet Baştutany wezipesine dalaşgäriň maksatnamasynda ýangyç-energetika toplumyny yzygiderli ösdürmek, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini netijeli özleşdirmek, ýurdumyzyň ýeňil senagatyny ýokary hilli ýerli çig mallar bilen üpjün etmek, maýa goum ýagdaýyny gowulandyrmak ýaly ugurlar möhüm orun eýeleýär.


Ahalda Prezidentlige dalaşgär Maksat Annanepesow we Serdar Jelilow ses berdiler


Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Maksat Annanepesow Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Gämi obasyndaky Medeniýet öýünde ýerleşýän 4-nji saýlaw uçastogynda ses berdi.


Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, täze döwrebap senagat kärhanalaryny döretmek, oba hojalyk önümçiligini kämilleşdirmek, durmuş üpjünçiliginde, ulag we aragatnaşyk, nebitgaz we beýleki pudaklarda özgertmeleri has-da çuňlaşdyrmak ýaly ugurlar Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary, dalaşgär Maksat Annanepesowyň maksatnamasynyň esasy ugurlary boldy.


Akbugdaý etrabynyň çäginde, Änew şäheriniň Medeniýet öýünde ýerleşýän 59-njy saýlaw uçastogynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Serdar Jelilow ses berdi.


Serdar Jelilow öz maksatnamasynda ykdysady ösüş syýsatyna, serişdeleriň netijeli peýdalanmagyna, ulag we aragatnaşyk ulgamynda özgertmeleriň işjeňleşdirilmegine, milli medeniýetiň we halk döredijiliginiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berdi.


Maryda Prezidentlige dalaşgärler Jumanazar Annaýew we Durdygylyç Orazow ses berdiler


Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Jumanazar Annaýew Mary şäheriniň 13-nji saýlaw uçastogynda ses berdi. Bu çäre Marynyň Kemine adyndaky welaýat drama teatrynda geçirildi.


Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew dalaşgär hökmünde obasenagat, ýangyç-energetika toplumlarynda, ulag ulgamynda, bilim, saglygy goraýyş, pensiýa üpjünçiligi, şeýle hem telekeçiligi ösdürmek babatda özgertmeleriň geçirilmegine meýillidigini nygtady.


Mary şäherindäki 14-nji saýlaw uçastogynda dalaşgär Durdygylyç Orazow ses berdi.


Agrar patiýadan gögörkezilen dalaşgär-Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow özüniň saýlawlaryň öňüsrasnydaky maksatnamasynda welaýatlary senagatlaşdyrmak, senagat düzümini we oba hojalygyny köpugurly esasda ösdürmek, daýhan birleşiklerine we ýer eýelerine goldaw bermek ýaly wezipederi öňe sürýändigini nygtady.