Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

BMG-niň Baş Assambleaýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi


Birleşen milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.


Bu çözgüt Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýokary abraýynyň hem-de onuň älumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşan uly goşandynyň ählumumy ykrar edilmesi boldy. Resminamada bellenilişi ýaly, bitaraplyk milli syýasaty degişli sebitlerde hem-de ählumumy derejede parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär we parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boup biler.


Halkara Bitaraplyk gününi döretmek baradaky başlangyç hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2015-nji ýylyň dekabrynda Watanymyzyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanyp türkmen paýtagtynda geçirilen Halkara maslahatynda öňe sürüldi.


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda ýokarda agzalan Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.


Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň 7-nji fewralda geçirilen mejlisinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara Bitaraplyk güni” Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň halkyna ýüzlenme bilen çykyş etdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda ýokarda agzalan Rezolýusiýanyň kabul edilmegini aýratyn belläp, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň umumadamzat ähmiýetini ýene bir gezek nygtady.


Türkmenistan özüniň halkara – hukuk derejesine üýtgewsiz ygararly bolmak bilen, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirýär, bu dereje ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.