Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garabogazdaky karbamid zawodynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy etrabynyň garabogaz şäherinde gurulýan karbamid önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz gurulýan kärhananyň esasy bölümlerini gözden geçirdi, taslamanyň buýrujysynyň we potratçysynyň wekilleri bilen duşuşdy, desganyň maliýeleşdirilişi, enjamlary getirmegiň hem-de gurluşyk işleriniň möhletleriniň berjaý edilişi, geljekde karbamid dökünlerini eksporta ibermek meseleleri bilen gyzyklandy.


Eýýäm häzirki wagtda öňdabaryjy kompaniýalar täze kärhanalarda öndüriljek karbamid dökünlerini satyn almaga uly gyzyklanma bildirýärler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Garabogazdaky zawodda öndüriljek karbamid dökünlerini Türkmenbaşy şäheriniň döwrebaplaşdyrylýan deňiz portunyň üsti bilen dünýäniň köp ýurtlaryny ibermek üçin oňyn mümkinçiligiň açylýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem kärhananyň guluşykçylary we hünärmenleri bilen duşuşdy.


Ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen zawodyň gurluşygyna 2014-nji ýylyň dekabr aýynda badalga berildi. Onuň gurluşygyny 2018-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak bellenildi. 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa saparynyň barşynda bu taslamany durmuşa geçirmek baradaky Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.
“Mitsubishi Corporation” we “Mitsubishi Heavy Industries” ýapon krmpaniýalary kärhananyň önümçilik bölümlerini iň täze tehnika bilen üpjün edýärler, “Gap Inşaat” kompaniýasy bolsa esasy inženerçilik hyzmatlary bilen bir hatarda gurluşyk işlerini, zerur materiallary getirmek, gurnamak hem-de goýberiş-sazlaýyş işlerini amala aşyrýarlar.
Zawod toplumyny gurmak üçin 60 gektar ýer bölünip berildi. Bu ýerde ammiak, karbamid bölümleri, suwuk ammiak we karbamid ammarlary, suw arassalaýjy enjam, gazturbinaly elektrogenerator, deňiz suwuny akdyrýan ulgam, önümleri gaplamak we ýüklemek boýunça bölüm we beýlekiler ýerleşdiriler.


Eýýäm häzirki wagtda gazhimiýa toplumynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ýaş inženerleriň ýüzlerçesi zähmet çekýär. Olaryň hatarynda Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan hünärmenler, şeýle hem bu ýerde täze önümçiligiň özleşdirilmeginde ýokary derejeli işgärler, häzirkizaman bilimlerini hem-de başarnyklary ele alan işçiler bar. Kärhanada 900-e golaý täze iş orunlary dörediler. Taslam boýunça durmuş maksatly desgalaryň birnäçesini, şol sanda 3 müň 500 amada niýetlenen ýaşaýyş toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar. Geljekde bu ýerde ähli drmuş düzümleri, mekdep, çagalar bagy we beýlekiler bolan tutuş şäherjik emele geler.


Kärhana üçin tebigy gaz başlangyç çig mal bolar, Türkmenistan gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Bu bolsa azot dök2ünleriniň,hususan-da karbamidiň önümçiligi boýunça täze kuwwatlyklaryň gurulmagy üçin uly mümkinçilikleri açýar. Zawodyň taslamasy düzülende ekologiýa abadançylygynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berildi.


Örän baý çig mal serişdelerine eýe bolmagy Türkmenistanyň iň iri ýod, brom hem-de beýleki himiýa önümleriniň köp görnüşlerini öndüriji döwletleriň hatarynda orun almaga, içerki sarp edijiler hem-de eksport üçin zerur möçberlerde mineral dökünleriň ähli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Ýakyn geljekde pudagyň ýene bir iri desgasy - kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça Garlykdaky dag - magdan baýlaşdyryjy kombinaty ulanmaga berler.